17:13 Emir Teýmiriň başdan geçirmeleri: Daşkendiň alnyşy | |
DAŞKENDIŇ ALNYŞY
Taryhy makalalar
Eger-de meniň başdan geçirmelerimiň gündekisiniň hemmesini doly ýazmaly bolsa oňa wagtam ýetmezdi. Şonuň üçinem bu başdan geçirmelerimiň köp ýerlerini gysgaldyp gürrüň berýärin. Men 760-njy hijri ýylyndan söweşe başlanymdan 11 ýylyň dowamynda, ýagny 771-nji hijri ýylyna çenli (1369 milady) Mawerannahry we Horezmi öz golastyma gecirdim. Indi meniň hökümim Deştden başlap, tä Sibire çenli, beýleki tarapy bolsa, Hazar deňzine çenli aralykda ýöreýärdi. Şol 11 ýylyň dowamynda bolan söweşleriň ulularynyň biri-de Daşkent söweşidir. Ol söweşde men çep aýagymdan ýaraly boldum. Şondan bärem men çep aýakdan agsaýaryn. Men söweşip Daşkendi basyp alanymdan soň, oňa el-Jati Muhammet Gulugy hakim edip goýdum. Asyl ol meni Daşkendi gaýtadan basyp almaga mejbur eder öýdüp pikirem etmeýärdim. Ilkinji söweşden iki ýyl geçenden soň, hakim Muhammet Gulug baýap, meniň garşyma goşun toplapdyr. Muny eşidip, 768-nji hijri ýylynyň baýram aýynda 70 müň goşun bilen Daşkende ugradym. Barşyma daşynda haýaty bolan bu şäheri gabadym. Soňra galanyň içine ýaýyň okuna baglap, birnäçe ýerden hat ugratdym. Ol hatlarda el-Jatiniň garşysyna turup, ony öldürmegini şäheriň ýaşaýjylaryna sargadym. Emma olardan hiç hili hereket bolmady. Men olaryň bizi goldamaýandygyna düşündim. Daşkendiň erk galasyndan gaçmak üçin, gizlin ötügiň ýokdugyny bilýärdim. Onsoň men Daşkendiň ileri hem gaýra tarapyndan ýer asty nagym gazmaga buýruk berdim. Olar biziň nagym gazyp barýandygymyzy bilýärdiler. Sebäbi ýeri diňleseň, gijelerine piliň we küdüňiň sesleri eşidilýärdi. Daşkendiň häkimi bu işe päsgel berer ýaly birnäçe serbaz iberipdir. Biz olary ýaý oky bilen urup aldyk. Aýyň 18-ne çenli nagymçylar iki tarapdanam diwaryň aşagyna çenli nagym gazyp bardylar. Men serkerdelere ertir ir bilen şähere hüjüm etmäge taýýar bolmagy tabşyrdym.Şol günüň ertesi daň saz berip ugranda, 4 çuwal därini ikisini ileri we ikisini gaýra tarapdan diwaryň aşagyna goýdurdym. Oňa pelte baglap gaýtdyk. Pelteler nagymyň daşyna çenli uzaýardy. Pelteleriň gaýra çetindäkisini özüm, ileri cetdäkini ynamdar serkerdäm şir Bahadura otlatdyrdym. Otly pelteler därä ýetende şeýle bir ses çykdy, göýä ýer titräp, dünýä harap bolana meňzedi. Diwar ýykyldy. Ýöne ol ýykylan ýerden atly geçip bolmaýardy. Serbazlar pyýada gitdiler. Olara içinden derwezeleri açmagy tabşyrdym. Goşunyma bolsa Muhammet Gulug bilen onuň serkerdelerini gaçyrmazlygy sargadym. Ol häkim, meniň ynanan adamym dönüklik edip, soňam elime düşse, derisini diriligine soýdurýandygymy gowy bilýärdi. Eger derisini diriligine soýduranymda hem ölmese, soň ony gaýnap duran ýaga okladýardym. Ol öz serbazlary bilen maňa garşylyk görkezdi. Men söweşip ýörkäm yzymdan arkaýyn, diňe öňümi gözleýärdim. Şol söweşip barşymyza meniň çep gapdalymdaky serbazym heläk boldy. Onuň ýerine geçip, başga bir serbaz doldurýança, meniň çep aýagyma palta degdi. Şeýle bir gaty degdi welin, çep aýagym düýbünden ýolundymyka diýdim. Ol ýeri serbaz gelip doldurandan soň men arkaýyn boldum. Ýöne şol wagt ýaraly bolandygymy bildirmedim. Sebäbi gygyrmadym, iňlemedim. Bir wagtdan bir serbazym görüp: — Eý, emir! Siz çep aýagyňyzdan ýaraly bolupsyňyz — diýdi. Men onuň sözüne üns bermedim. Sebäbi olaryň arasynda bile söweşenimde olar hyjuwly söweşýärdiler. Eger men durup galsam, onda olaryň şol söweş hyjuwlary kemeljekdi. Daşkendiň häkimini diri tutup bilmedim. Ol söweşde öldi. Onuň ýanynda bile baş göteren meniň ynanyp ýörenlerimden üç adamy diri tutduk. Jellatlara olary diri soýmagy buýurdym. Olar heniz derisini soýup durkalar ölüpdirler. Daşkendiň ýasaýjylaryny hat iberenimde-de meni goldamandyklary üçin, gylyçdan geçirmäge perman berdim. Diňe ýaş oglan-gyzlaryny, aýal maşgalalaryny ýesir almagy tabşyrdym. Olary bolsa serkerdelerime we serbazlaryma paýladym. Şeýlelikde, Baýram aýynyň 19-na Daşkendi gaýtadan basyp aldym. Ondan soňra çep aýagymyň ýarasyna garasam, asyl atdan düşüp bilmedim. Şäherden daşary çykyp, çadyra baranymyzda serbazlarym meni atdan göterip düşürdiler. Eşigimi çykardylar. Onýança goşunyň tebibi geldi. Aýagymyň ýarasyny görüp, çep aýagymyň süňküniň erbet döwlendigini habar berdi. Ol: — Eý, emir hezretleri! Tä sunk bitýänçä gymyldaman ýatmaly — diýdi. Men: — Eger ýatmasam, name bolar? — diýip soradym. Tebip: — Ýatmasaňyz, süňküň oýnap, garalaýmagy mümkin. Eger garalmadyk ýagdaýynda-da onuň gyşyk bitmegi ahmal. Netijede, bir ömür agsap gezmeli bolarsyňyz — diýdi. Men bir gije-gündizden aňry karar tapmadym. Tagtyma mündürip şähere alyp gitmeklerini emr etdim. Şähere baranymda meniň serbazlarymyň şäher ilatyny edil aýdyşym ýaly edendiklerini gördüm. Ölüleriň arasynda ölüp ýatan aýallaram bardy. Aýtmaklaryna görä olaram garşylyk görkezipdirler. Olary dönüklik edendikleri üçin, indiki dönüklik etjeklere göz hem ybrat bolmagy üçin gyrdyrdym. Elbetde, dile gelenine görä, munam aýdaýyn. Men duşmanlarymyň ganyny dökenimde, edil şeraphoruň şerap içip serhoş bolşy ýaly, mes bolardym. Duşmanyň kellesini öz elim bilen kesenimde onuň göwresinden depä çüwdürilýän gany görsem, lezzet alardym. Eger kimde-kim meniň permanymdan çyksa ýa boýun gaçyrsa, olary jellatlara tabşyrýardym. 3 müň sany jelladym bardy. Olara bu işi üçin hak töleýärdim. Meniň bu ornaşdyran tertibim boýunça adam adama azar berip bilmezdi. Bir tabak altyny bir ýaş oglanyň depesine göterdip goýberseň, meniň ýurdumyň ähli çagine aýlanyp gelende-de, şol altyndan ýeke däne hem kememezdi. Men soltanlyga ýetenimden soňra ýekeje-de ogrynyň kişi mülküne degendigi barada eşiden däldirler. Men şeýle bir kanun ýöretdim. Şeýle kanuny menden soňam ýöretseler, hiç kim horluk ýüzüni görmez. Ogrynyň, ogrudan bile-göre ogurlyk maly alan bolsa, ikisiniňem elini kesdirerdim. Meniň ýurdumda gedaý ýokdy. Gedaýlaryň hemmesine gedaýlyk etmezlikleri üçin pul töleýärdim. Gedaýlyk eli-aýagy ýa bir synasy kem bolana ýaraşýar. Emma jany sag adam işlemän, dilegçilik edip ýörse, ilki duýduryş berlerdi. Şonda-da gaýtalap gedaýlyk etse, ony öldürerdim. Işlemek üçin iş ýeterlikdi. Ýardam puly hakyky synasy kem bolan gedaýlara tölenýärdi. Dilegçilige öwrenen adamyň hakyna kaýyl bolup oturmajagyny bilýärdim. Şonuň üçinem olara hak tölänimden soňam, gedaýçylyk etseler, jezasynyň ölüm boljakdygyny duýdurýardym. Olaryň arasynda bu duýduryşa pitiwa etmän, ölüme duçar bolanlary hem boldy. Men ýurdumda ýaşaýan Pygamberimiz Muhammediň ymmatyndan musulmanlaryň durmuşynda kemçilik duýman ýaşandyklaryny buýsanç bilen aýdyp bilerin. Meniň döwrüme çenli okuw okajak çagalar gedaýçylyk edipdiler. Meniň döwrümde bolsa, olara gedaýçylyk edip ýörmez ýaly, ýetik derejede şerigat kanuny esasynda hüşür-zekaty berýärdim. Meniň bir serkerdäm ýa-da serbazym öz wezipesinden peýdalanyp, ýönekeý raýata azar beräýse, onuňam jezasy ölümdi. Eý, menden soňra soltan boljak oglum! Ýurtda hökümdarlygy adalatly alyp barjak bolsaň, ilki bilen ýol kesýän ogrulary, olar bilen şärikleri we hiç hili sebäpsiz gedaýçylyk edýänleri ýok etmelidir. Eger şolary aýyrmasaň, ýurduň dargamagyna sebäp bolar. Mundan başga-da yslam ulama-alymlaryna, şahyrlara, senetkärlere hormat goýmalydyr. Aýal-erkek hiç haýsy ýurtda arak-şerap içmeli däldirler… Men Daşkentden alnan oljalary Samarkanda ugradyp, şäheriň daşky diwaryny ýykmagy buýurdym. Daşkendi alanymdan soň tutus Mawerannahr meniň ygtyýarymdady. Indi bu jelegaýda baş galdyryp biljek emeldar ýokdy. Ondan soňra men ömrümiň 7 ýylyny ýurdy abadanlaşdyrmak işine bagyşladym. Samarkantda metjitler saldyrdym. Buharany, Daşkendi dikeltdim. Ol şäherleriň ilaty bol-telki ýaşar ýaly, müňlerçe ýyllardan bäri küpürsäp ýatan topraga Jeýhun hem Seýhun derýalaryndan kanallar çekip, suw getirip berdim. Ol ýerlere bugdaý ekilip, şeýle bir hasyl berdi. Halk dänäni guýmaga ýer tapmaz ýaly derejä ýetdi. Bolçulyk boldy. Halk, millet baýady. Bu ýagdaý 770-nji hijri ýylyndan 777-nji hijri ýylyna çenli dowam etdi. Bu bolçulyk meniň ýene-de aýala bolan höwesimi oýardy. Şol wagta çenli iki aýalym bardy. Men ýene iki aýal aldym. Ýene höwes etdim. Ýöne yslam şerigatynda dört aýaldan artygyna rugsat berilmeýärdi. Meni bu 7 ýylda iýip-içip ýatyşyma ep-esli togalanyp, ýaltaçylyk basyp başlady. Ýöne bu döwürde söweşmesem-de, tutuş Mawerannahry suwly edip, ýurdy gowy abadanlaşdyrdym. Niräňe seretseň, bugdaýly meýdan bolup durdy. Emma şol ömrümiň iň gowy ýyllary bolan 34 ýaşdan 41-e çenli 7 ýyl dine iýip ýatanymy ýatlasam, häzirlerem şol günlerden biynjalyk bolýaryn. Eý, meniň başdan geçirmelerimi okaýan kişi! Şol 7 ýylda ýumşak düşekde owadan aýallar bilen ýatyp, iň gowy tagamlardan iýip, elimegylyç almadym, ok-ýaý atmadym, naýza-da urmadym. Bedenime gowuşgynsyzlyk aralaşdy. Ýöne Hudaýa şükür edýän zadym, namazymy welin geçirmedim. Orazamy hem tutdum. Hiç mahal daň atanda näpäk bolup ýerimden turmadym. Onda-da şu 7 ýylda nebsimiň diýenini edip gezenime heniz-henizlerem ökünýärin. Eger şol 7 ýylda bir güýçli duşman meniň üstüme goşun çeken bolanda, men ýeňilerdim. Men alym. Köp kitaplary okadym. Şolarda aýdylyşyna görä, dünýäniň iň uly soltan-patyşalary aýala meşgul bolup, ýurduny hem patyşalygyny elinden gideripdirler. Hut şu sebäpli, aýala meşgyl bolup, wagtyny hoş geçirip, nebsiň arzuwlaryna berilip, duşmanlaryndan ýeňildiler. Ýalta bolman, hemişe at uştünde, goşunyna dyngysyz tälim berip gezen soltanlar hiç wagt ýeňilmändirler. Meniň ogullarym we agtyklarym! Soltanlygy elden gidermezlik üçin aýal ugruna ätiýaçly boluň! Ýedi ýyldan soňra men gylyjymy getirdip, gynyndan çykardym. Ol gylyjymyň agramy 6 kilograma barabardy. Gylyjy salgadym welin, elime agyrlyk etdi. Çep elime geçirip oýnatdym. Bu gaýta sag eldenem beter agyr duýuldy. Emma 7 ýyl öň bu gylyçlar meniň elimde ýeňiljek agaç ýalydy. Ertirden agşama söweşip gezýärdim. Meni ejizleden, ýalta eden zat hoş geçiren wagtymdy. Owadan, näzik, hoşboý ysly zenanlar bilen ýaşamaklyk erkek adama apatdyr. Meni ýaltalygyň basmagyna sebäp bolan ikinji bir zat hem çep aýagymdan ýaraly bolmagymdy. Men ýatmaly boldum. Ol gün gylyjym ellerime agyrlyk edende, men özüme: — Eý, nebsiniň raýyna giden adam! Aýagyň agsady, dogry, öňki çalasynlygyň ýok. Ýöne elleriň sag, olarda aýyp ýok. Näme üçin gylyç oýnaňok, ok ataňok, türgenleşigi terk etdiň?! Eý, Teýmir! Seniň eliňe düşen bu ýerler we mülkler, olaryň eýeleri hem şeýle bolup, ýerlerini, mülklerini we janlaryny berendirler. Seniň ýaşýyşda bar hümmetiň şumudy? Haýwan ýaly iýip-içip ýatmakmydy? Sen öz ata-babalaryňdan bolan Çingiziň bitiren işleriniň ondan birini-de bitirmediň. Hany ol ýaşlykda edýän arzüw-umytlaryň? Hany beren wadalaryň? “Jahany alaryn, ýer ýüzünde diňe bir görnüşli pul, bir kanun ýöreýäň bolsa, şol hem meniňki bolmalydyr” diýen ähtleriň nirede? —diýdim. Men şeýle bir puşmana geldim. Edil şol sagadyň özünde özüme rahat ýaşaýyşdan el çekmegi äht etdim. Derhal atymy getirmeklerini buýurdym. Samarkandyň 6 farsah golaýynda, sährada çadyr gurdurdym. Şol çadyr gurlup durka iki elimi asmana galdyryp: “Ýa bar Hudaýa! Şaýat bol, men şu günden başlap, aýallar bilen aýşy-eşretden ýüz öwürjekdigime, özümi ýaltaçylyga bermejekdigime, her günümi türgenleşmän geçirmejekdigime, az wagtlyk zerurlyk bolmasa, şäherdäki köşkde bolman, sährada ýaşajakdygyma äht edýärin” diýdim. Indem şol günden bäri geçen 30 ýyly sährada, söweşlerde, at üstünde geçirdim. Şol eden ähdimde durdum. Häzirem ony bozamok. Bir gün sährada ýatyrkam, ir bilen turanymda, tutuş sähranyň ak gara bürenip oturandygyny gördüm. Men goşundaky Gurhan okaýanlary we serkerdelerimi ýanyma çagyrdym. Jübimden bir penje altyn zikge çykaryp, olara görkezdim. Soňam: — Maňa kimde-kim Gurhany Kerimde gar bilen bagly ýatlanylan we zikr edilen ýerini tapyp berse, men şoňa şu altynlary berjek. — diýdim. Olaryň hemmesi öz çadyrlaryna girip, gar hakdaky aýaty tapjak bolup, Gurhanlaryny okap, yzarlap ugradylar. Emma men özüm kary. Gurhany Kerimi başdan-aýaga ýatdan bilýärin. Ýöne Allatagala kelamynda gar hakynda hiç zat sözlemändir. Sebäbi Arabystan diýen ýurtda hiç wagt gar ýagýan däldir. Men olaryň bilim derejesiniň agramyny biljek boldum. Olary öýländen soň çagyryp, soragymyň jogabyny isledim. Ilki bilen özüm olara: — Gurhanda gar hakynda ýatlamanyň ýokdugyny bilýäňizmi? — diýip aýtdym. Şonda olaryň içinden biri: — Eý, hormatly emir! Ýöne Gurhany Kerimde öl-gury zatlaryň ählisiniň belgilenendigi hem aýdylýar ahyry — diýdi. Men oňa düşündirdim. — Hawa, bu dogry. Şonuň üçinem Gurhan aýatlary iki hili syry özünde saklaýarlar. Olaryň birisi bize aýan bolan syrlar bolsa, beýlekisi welin pynhan bolan syrlardyr. Emma pynhan syrlaryň manysyna ýetmek üçin, onuň çözgüdini ylym ýolundan gözlemeli we Gurhanda edil gar diýlip agzalmasa-da, onda öl-gury zatlar hakynda aýdylmadyk zat ýokdur. Sebäbi bu keramatly kitap ýagty kitapdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |