10:29 Emir Teýmiriň başdan geçirmeleri: Teýmiriň ýaşlygy we Şyh Şemsetdin | |
TEÝMIRIŇ ÝAŞLYGY WE ŞYH ŞEMSETDIN
Taryhy makalalar
(öz eli bilen ýazan ýatlamalary) Dädemiň adyna Targaýy diýerdiler. Ol pukara adam bolsa-da, halallygy bilen il içinde sylag-hormatlydy. Biz Samarkandyň golaýynda Keş obasynda ýaşaýardyk. Hojalygymyz garypdy. Men heniz dünýä inmänkäm dädem bir düýş görüpdir. Düýşünde bir ýagşyzada gelip, onuň eline bir gylyç beripdir. Meniň dädem ol gylyjy alyp, ony dört tarapa salgap hereketlendiripdir. Ondan soňra ukudan oýanypdyr. Ertesi dädem öýle namazyny okamak üçin metjide baranda, şol metjidiň şyhy Zeýdetdin atly ymamy bilen jemagat namazyny okapdyrlar. Namaz okap bolanlaryndan soňra, dädem şyh Zeýdetdiniň ýanyna baryp, oňa geçen agşamky gören düýşüni aýdyp beripdir. Şyh; “Bu düýşi gijäniň haýsy wagtynda gördüň?” diýip sorapdyr. Dädem: “Ertir azan çekilmeziniň öň ýany gördüm” diýipdir. Onda şyh aýdypdyr: “Bu düýşüň ýorgudy şeýledir. Alla saňa bir ogul berjekdir. Ol gylyç bilen dünýäni eýeläp, yslam dininiň çygryny giňeltjekdir. Emma şol oglanyň terbiýe meselesini haýal tutma. Ol çaga dünýä gelende ony okatmaly, Gurhany Kerimiň sowadyny bermeli” diýipdir. Bir ýyldan men dünýä inenimde dädem şol ymamyň ýanyna baryp, maňa nähili at goýjagyny maslahat salypdyr. Ymam: — Sen ogluň adyna Demir diýip goý! — diýipdir. Dädemiň aýtmagyna görä, ol şu at meselesi bilen ymamyň ýanyna baranda, ymam Gurhanyň 67-nji süresini okap duran ekeni. Edil dädem gapydan giren mahaly ymam bu süräniň şu aýadynyň “Alla ýeri seniň aýagyň aşagynda ýazyp titretse, ondan gorkmaýarmyň?” diýen ýerine gelip saklanypdyr. ”Titreder” diýen söz Gurhanda arapça “Temru” diýen söz bolýar. Şol söze ýakyn bolansoň ymam meniň adyma Demir goýdurypdyr. Soň-soň şiwe gepleşiginiň täsiri esasynda meniň adym Teýmir bolupdyr. Meniň ýaşlygymda ilkinji ýadymda galan zat, ejemiň dädeme aýdan şu sözleri boldy. Ol şonda: — Dädesi, bu ogluň çepbekeý, çep eli bilen işleýär — diýdi. Emma tizden ýagdaý başgaça boldy. Men çep elim bilenem, sag elim bilenem işläp başladym. Soň mugallymyň ýanyna baryp, hat-sowat okamaga başlanymda iki elim bilenem ýazyp bilýärdim. Ýetginjeklik ýaşlaryma ýetiberenimde gylyjy hem iki elimde-de işletmegi başarýardym. Ok-ýaýy-da iki tarapdanam göni atýardym. Şu mahal ömrümden ýetmiş ýyla golaý geçip barýanam bolsa, maňa henizem çep-sagyň tapawudy bildirmeýär. Ol gün men medresä baranymda juda kiçijikdim. Hatda öňümdäki hat ýazylýan hatdat tagtasynyň üstüne mumy hem ýazyp bilmeýärdim. Şol döwürde Mawerannahryň ähli medreselerinde tagta bilen mum esasy ýazuw serişdesidi. Tagtanyň ýüzüne mum bilen ýazylyp, ýanyňda göterilip, alnyp gidilýärdi. Bu her bir şägirde berilip, soň galam bilen mumuň üstüne hat ýazylýardy. Bu şol döwürde kagyzyň gytlygy hem ony tygşytlamak üçin edilýärdi. Her gezek hat ýazyp bolanymyzdan soň, mumy ýygnap, eredip, täzeden tagtanyň ýüzüna ýazyp, indiki ýazuwy ýazmaga taýýarlanmalydy, Muny maňa öýde ejem taýýarlap bererdi. Meniň ilkinji mugallymymyň ady molla Alybekdi. Onuň mekdephanasy obamyzyň metjididi. Ol bizi öýläne çenli okadyp, soňra öýe goýbererdi. Soň olar metjitde namaz okardylar. Men şeýle kiçijikdim, ejem yzymdan gelip alyp giderdi. Bolmasa öýe-de gidip bilmeýärdim. Ahyrynda meni öýümiziň ýanyndan meniň bilen bile okaýan ekabyrrak bir oglana tabşyrdylar. Ol okuw gutarandan soň meni köçelerde hyň berýän at-eşek, düýeleriň arasy bilen elimden tutup geçirýärdi. Men soň Soltanlyga ýeten wagtym, şol kömek eden oglanjygy belent derejelere ýetirdim. Ol şu wagtam diri. Mugallymymyz molla Alybegiň agzynda dişi ýokdy. Şonuň üçinem ol harplary dogry aýdyp bilmeýärdi. Şol sebäpli onuň mekdebinde okaýan oglanlaryň birentegi harplary ýalňyş öwrendiler. Molla Alybek bolsa “Sapak öwretmegiň iň gowy usuly çybykdyr” öýdüp pikir edýärdi. Ol çybygyň zory bilen harplary çagalaryň beýnisine ýerleşdirýärdi. Onuň elinden çybyk iýmedik ýekeje şägirdi bardy — olam mendim. Sebäbi ol her name diýse, men ony dessine kemissiz aýdyp hem ýazyp bererdim. Ol: ”Näme üçin beýleki çagalar seniňki ýaly çalt öwrenip, ýazyp bilenoklar” diýip, haýran galardy. Soňra molla Alybek bir gün dädemi çagyryp, şeýle diýdi: — Sen bu oglanyň gadyryny bil. Bu oglan zehininiň, ýatkeşliginiň daşyndan iki eli bilen ýazmaga-da ukyply. Eger her kim iki eli bilen ýazsa, onda onuň hökümi Gündogara-da, Günbatara-da ýörär. Şägirtler hat ýazmaga zor bilen gynanyp çemeleşseler, men welin hat ýazmakdan lezzet alýardym. Men ýedi ýaşyma gidenimde elipbiý öwredýän molla Alybegiň mekdebini terk etdim. Soňra men başga şyh Şemsetdin atly mugallymyň mekdebine gitdim. Şyh Şemsetdin mekdebinde esasy Gurhany Kerimi okadardy. Onuň bir adaty bardy. Ol Gurhany Kerimi 91-nji süreden “Şems” süresinden başlardy. Sebäbi onuň öz ady Şemsdi. Bu sure 15 aýatdan ybaratdy. Ol:”Weşşemsu wazzuha” diýen aýat bilen başlanyp, ”Welä ýuhas akabaha” aýaty bilen tamamlanýar. Men munuň 15 aýatynam şyh Şemsetdin aýdyp berende birinji günde ýatladym. Onsoň şyh meniň dädemi mekdebe çagyrdy. Ol: — Men ömrümde seniň ogluň ýaly zehinli şägirt göremok. Sebäbi ol şu gün mekdebe gelen gününden “Şems” süräni ýatlady — diýdi. Soňam maňa garap: — Hany şol süräni ýatdan oka! — diýip, tabşyryk berdi. Men ol süräni dädeme ýatdan okap berdim. Şonda dädem iki elinem göge galdyryp: — Eý, Hudaýa! Meniň şu çagamy bela-beterlerden, gyzamyk, garamyk ýaly kesellerden aman sakla, Teýmiriň ýaşyny uzak et! — diýip, dileg etdi. Ondan soňra elini jübüsine sokup, bir bölejik zikge altyn çykaryp, şyh Şemsetdine berdi. Ol: — Bu meniň ogluma şu süräni ýatladanyň üçin minnetdarlygym — diýdi. Bir gün şyh Şemsetdin şägirtlerinden: — Iň gowy oturmak haýsydyr? — diýip sorady. Şägirtleriň her haýsy birhili jogap berdi. Men bolsa: — Iki dyzyň üstünde oturmakdyr — diýdim. Şyh: — Haýsy delil bilen?—diýdi. — Möminler namaz okanda iki dyzynyň üstünde oturýarlar. Allanyň huzurynda oturylýan bu görnüşi ähli oturmaklardan ýagşydyr — diýip jogap berdim. Şyh Şemsetdin belent owaz bilen: — Berekella! Berekella! Berekella! — diýip, üç gezek gaýtalady. Şyh Şemsetdin men “Şems” süresini bir günde ýatlanymdan soňra, ders synaglaryndan gowy geçip biljekdigime gözi ýetip, beýleki süreleri, Pygamberimiz Muhammede Mekgede inen süreleri-de öwredip başlady. Özem men ýadamaz ýaly gysga sürelerden öwredip ugrady. Şyh her süräni bir gezek okap geçende, men eýýäm ony okap bilerdim. Ol gaýtalamaga mejbur bolmazdy. Meniň sapaklaryma bolan yhlasym, Gurhana göwün baglaýşym, ussadymda-da höwes döretdi. Ol bir gün maňa “Ýasin” süresini öwretmegi niýet edindi. — Eý, Teýmir! “Ýasin” Gurhanyň 36-njy süresi, bu Pygamberimize Mekgede hasyl bolup, 83 aýatdan ybaratdyr. Men muny bir gezek okap berjek, üns berip diňle! Soň sen ony maňa okap ber, ýalňyşan ýeriň bolsa, düzedip öwrederin — diýdi. Şyh süräni okap başlady we başyndan “Wel Kuranyl hekim” diýip: — Sen Yasiniň manysyny bilýärmiň? — diýdi. Men ussadyma: — Diňe “Ýa” harpynyň manysyny bilýärin. Eger birini çagyrjak ýa-da ýüz tutjak bolsaň “Ýa” diýlip ulanylýar. Emma “Siniň” manysyny bilemok — diýdim. — “Sin” diýmegiň manysy ýekelikde ýüzlenilýän “Eý, ynsan!” diýmekdir. Ol umumy ynsana ýüzlenmek däl-de, dine bir ynsana ýüzlenmegi aňladýar. Men ýene-de ussadyma ýüzlenip: — Arap elipbiniň bir harpy bolan “Siniň” ynsan manysyny aňladýandygyna gabat gelmedim — diýdim. Ýogsam ussadym muny maňa gysga manyda düşündirjek bolupdy. Emma men entek ol derejede kämil däldim. Şyh Şemsetdin has giňişleýin düşündirmäge başlady: — “Sin” diýmek araby dilde “Gül-reýhan” diýmegi aňladýar. Allatagala öz söýgüli Pygamberi Myhammede şeýle ýüzlenipdir. Şonuň üçin bu ýerde mertebeli ynsana söýgi hem hormat bilen ýüzlenmegi aňladýar. Şondan soňra Şyh “Ýasini” okady. Men ony ünsli diňledim, soňra kitaby elime alyp, ýüzünden okap başladym. Birnäçe gezek gaýtalanymdan soň ol süräni ýatladym. Şol wagtlar meniň ýaşaýyş düzgünim şeýledi. Irden naharlanyp mekdebe giderdim. Öýle namazyna çenli dersleri okap, öýle namazyny hem ymama uýan şägirtler bilen jemagat içinde okardyk. Talyplar öýli-öýüne gaýdardy. Men welin öýe-de gaýtman, sähra giderdim. Dädem Targaýy maňa şeýle aýdardy: — Biziň aslymyz mertebeli, merdana, söweşiji nesil bolupdyr. Ata-babalarymyzyň bu däbini dowam edip, senem ýaşlygyňdan söweş tälimlerini öwrenmelisiň. Obamyzyň gapdalynda ekilmän ýatan boş meýdan bardy. Onda gylýallar süri-süri bolup, otlaşyp ýörerdiler. Biziňem bir kiçiräk sürimiz bardy. Men mekdepden çykanymdan soň şol meýdanda at münerdim. Kiçijik mahallarym biri ýanymda bile gidip, maňa at münmegi öwrederdi. Ol ýerdäki ýylkylar ýarym ýabanydy. Ýanymdaky maňa ol ýylkylaryň öňünden hem yzyndan barmaly däldigini sargap, ”Öňünden barsaň gapar, yzyndan barsaň deper” diýerdi. Olaryň sag ýa-da çep gapdalyndan ýakynlaşmalydy. Olar ürküp hereket edýärler. Ýalyndan berk ýapyşmaly. Olaryň maksady üstüne münen adamy ýykmakdyr. Ol adam maňa ýalyndan ýapyşandan soňra, bu ýabany ýylkylaryň ylgawynyň iň soňky derejesine ýetmänkä, çaltlyk bilen üstüne münmegi we ýalyny goýbermeli däldigini öwretdi. Atyň üstüne müneniňde, iki dyzyňy gysyp, deňagramlylygyňy saklar ýaly bolmaly. Haçan-da iki dyzyň bilen deňagramlylygyňy birleşdireniňden soňra onuň ýalyny hem goýbermeli. At seni ýykyp bilmejegini bilse ýuwaşar. Meniň her gezek sataşan atym güýçli garşylyk görkezerdi. Ylgap-ylgap ýykyp bilmänden soň durup, öň aýaklaryny galdyryp ýa-da yzky aýaklary bilen jyrtlap, meni ýykjak bolardy. Bu pirimi hem başa barmandan soň at ýuwaşardy. Men ony ýeňerdim. Men meýdanda diňe at münmek bilen däl-de, ok-ýaý atmaga hem türgenleşerdim. Ilki belli bir nyşanalary urardym. Soň şu ugurdan ussadymyň kömegi bilen hasda kämilleşdim. At çapyp barýarkam, ýaý oky bilen öňde-yzda, çepde-sagda goýlan nyşanalary laýyk urardym. Diňe elimiň güýjüniň kemligi üçin atan oklarym nyşanadan aňry gitmezdi. Harby ussadym: — Sen häli oglan bolýarsyň, ulalanyňdan soň eliň kuwwaty artar. Gynanma, sen okuňy has uzaklara atyp bilersiň — diýip, göwünlik bererdi. Öňki aýdyşym ýaly, irden naharlanyp mekdebe, mekdepden soň meýdana gidip, ondan gelenimde agşam naharyny edinip, namazymy okap ýatýardym. Şeýlelikde şyh Şemsetdiniň mekdebinde okan üç ýylymyň içinde Gurhany Kerimi doly ýatladym. Bir gün şyh Şemsetdin obanyň ýaşulularyny, hormatly adamlaryny, ulama-pirlerini medresä myhmançylyga çagyrdy. Olaryň içinde dädemem bardy. Şonda şyh Şemsetdin ulamalardan meni synagdan geçirip görmegini haýyş etdi. Şol ulamalardan üç sanysy Gurhany Kerimiň käbir sürelerini aýdyp, şolary okamagymy islediler. Men olaryň adyny tutan süreleriniň hemmesini ýatdan aýdyp berdim. Soňra ol ulamalar belent owaz bilen: — Berekella! Berekella! Berekella! — diýip, minnetdarlyk bildirdiler. Şol dabara gatnaşýan ulamalar we beýleki adamlar maňa pata berip, ”kary” adyny goýdular. Şol dabara sowlup, heniz myhmanlar dargamanka, şyh Şemsetdin dädemi ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: — Men öz bilýän zatlarymy seniň ogluňa öwretdim. Indi meniň başga öwretjek zadym ýok. Bu oglana başga bir ussat gözle, goý, ol muňa Allanyň hikmet ylmyndan öwredip, ony ylym syrlarynyň has çuňluklaryna aralaşdyrsyn. Men mekdepden gaýtmaly bolanymda dädem Şyha minnetdarlyk bildirip, bir at bilen bir baýtal berdi. Ondan soňra dädem meni Abdylla Gotbuň mekdebine alyp bardy. Abdylla Gotb aryfdy, danyşmentdi, aňrybaş takwady. Onuň mekdebinde han-begleriň, barly adamlaryň çagalary okaýardylar. Men özümiň çalt ösüp, gün geldigiçe barha owadanlaşýandymy-da aýtmaly bolýaryn. Her ýylyň geçmegi meni barha owadan keşbe getirip barýardy. Men on dört ýaşyma ýetenimde il-günüň aýtmagyna görä, Mawerannahryň iň owadan oglanlarynyň biri boldum. Şol mahal biziň aramyzda şäheriň çetinde ýaşaýan türklerden bolan Ýuwlaş atly bir oglan okaýardy. Meniň pikir edişime görä, şäherimiziň günbatar tarapynda ýaşaýan türkleriň şol topary zat görmedik adamlar ýalydy. Meniň Ýuwlaş atly oglan bilen tanyşlygym, ol oglanyň bolşy, meniň bu duýgumyň dogrudygyny doly subut etdi. Sebabi sapaklarymyz gutaryp, mekdepden çykanymyzda, ol oglan meniň ýanyma gelerdi. Onuň maňa aýdýan zatlaryny men aýtmaga utanardym. Yslam dininde, şerigat kadalarynda, onuň menden isleýän bet işiniň jezasy öz kellesinden aýra düşmekdi, ölümdi. Men muny bilýärdim. Şonuň üçin Ýuwlaşa bu niýetinden el çekmelidigini, onuň bu diýýän zatlarynyň şerigat kadasy boýunça jezasynyň ölüme barabardygyny ençeme gezek ýatlatdym. Emma meniň aýdanlarym oňa täsir etmedi. Onuň bu niýetini beýleki bile okaýan ýoldaşlary-da duýýardylar. Bir gün sapakdan soň Ýuwlaş beyleki oglanlardan saýlanyp, meniň ýanyma geldi. Ol meniň sapakdan soňra sähra gidýändigimi bilýärdi. Şol ýylky sürüleriniň gezýän meýdanynda bir ammarymyz bardy. Men türgenleşikden soň, ok-ýaýymy, gylyjymy şol ýerde goýup gaýdýardym.Men baryp, ol ýerdäki ýaraglarymy alyp, atyma tarap ugradym. Şol wagt Ýuwlaş: — Eý, Teýmir! Sen name üçin meniň diýenlerime üns bereňok? Meniň seni nähili gowy görýändigimi bileňokmy? Şonça oglanyň içinden seni saýlanyma sen begenmeli. Meniň ýaly uly hanyň oglunyň islegi seniň üçin hoşwagtlyk bolmaly… Ýuwlaş sözüni gutarmanka men oky ýaýa saldym. Meniň çekip goýberen okum, onuň göni gursagyndan çümdi. Ýuwlaş arkan ýykyldy. Birnäçe minutdanam onuň jany çykdy. Şeýdibem Ýuwlaş bu dünýäde meniň ilkinji öldüren adamym boldy. Men onuň ölüp ýatan jesedine seredip duranymda, mende hiç hili gorky ýa gynanmak, eden işime ökünmek duýgusy döremedi. Sebäbi onuň niýetiniň jezasy ölümdi. Bu şeýle-de boldy. Men bu ýagdaýy dädeme aýtmaly boldum. — Men Ýuwlaşy öldürdim. Dädem aňk-taňk boldy: — Biderek iş edipsiň. Sebäbi onuň atasy oglunyň ganyny bizden sorap, aýak üstüne galar. Men: — Eger Mawerannahryň çetinde ýaşaýan bir türküň seniň ogluňa erbetlik bilen çemelşmegine sen razy bolarmydyň? — diýdim. — Ýok, razy bolmazdym. Ýöne sen muny öň aýdan bolsaň, men onuň dädesi bilen gürleşip, temmi berdirerdim. Boljak iş boldy. Indi diňe geljege garaşmaly. — Bile okaýan oglanlarymyzyň köpüsi Ýuwlaşyň niýetini bilýärdiler. Olar “Bu biedebiň name üçin jezasyny bereňok?” diýýärdiler. Muny eşidenden soň dädem: — Eger indi şol oglanlar Ýuwlaşyň bet niýetine şaýat bolup, güwälik berseler, onda Ýuwlaş günäkär bolup, onuň tarapyndakylar bizden gan algyly bolup bilmezler — diýip, biraz ynjaldy. Ýuwlaşyň ölüminiň netijesini derňeýän, öz mugallymymyz, ymam Abdylla Gotbdy. Ol meni ýanyna çagyryp, nähili we name sebäpli öldürenligimi sorady. Men oňa hakykaty bolşy ýaly aýtdym. — Men oňa näçe gezek duýdurdym. Eger onun bu bet niýetini başga biri eşitse, ony bireýýäm öldürerdi. Emma ol meniň duýduryşlaryma gulak asmady. Mugallym: — Bu işden, onuň bet niýetinden habarly oglanlar barmy? — diýip sorady. Men olaryň käbirleriniň atlaryny tutdum. Olaram bu bet niýet üçin maňa, meniň tarapymda güwälik berdiler. Şeýdibem mugallym şerigat boýunça “meni günäkär däl” diýip netije çykardy. Mugallymdan soňra, şäheriň kazysy bu işe seredip, saýatlaryň güwälik bermegi bilen Ýuwlaşy günäkär diýip yglan etdi. Ahyrky netijede Ýuwlaşyň tarapdarlary onuň günäkärdigi üçin, bizden gan algyly bolup bilmediler. Emma Ýuwlaşyň dädesi maňa duşmanlyk gözi bilen seredýärdi. Onuň bir amatly pursat agtarýandygyny duýýardym. Ýöne beýle pursat oňa nesip etmedi. Gaýta men gün-günden güýçlenip, has dogumlanyp barýardym. Men özümde başga adamlarda ýok gudratlary duýýardym. Dowamy bar... | |
|