18:29 Emir Temiriň başdan geçirmeleri: Emir Ýahmagyň ölümi | |
EMIR ÝAHMAGYŇ ÖLÜMI
Taryhy makalalar
756-njy hijri ýylynda (1355-nji milady ýyly) men 20 ýaşa ýetipdim. Özümden has uly 30 ýa 40 ýaşyndaky adamlar bilenem göreşip, söweşip, ýeňip bilerin diýen ynamym bardy. Meniň penjelerim güýçlüdi, hiç kim meniň bilen gol güýjüni gollaşyp bilmezdi. Emir Ýahmagyň serkerdeleri we serbazlary menden gorkardylar, olar maňa boýun boluşlary ýaly, emir Ýahmagyň özündenem çekinmezdiler. Men hepdäniň diňe juma gününden başgasyny serbazlaryň türgenleşik işleri bilen geçirýärdim. Olaryň namazlaryny jemagat bilen okadardym. Öň belleýşim ýaly, emir Ýahmagyň perzendi ýokdy. Diňe doganynyň bir ogly bardy. Onuňam özüni öldürmeginden çekinerdi. Men onuň hyzmatyna girenimde emir Ýahmagyň öz doganynyň oglundan näme üçin gorkýandygyny bilmeýärdim. Soň görüp otursam,dogany öleninden soň emir Ýahmak onuň bar mal-dünýäsini özüne geçirip, ogluna hiç zat bermän ekeni. Şol sebäpli doganynyň ogly Arslan agasyndan kineli bolup, ony öldürmegi ýüregine düwüp gezipdir. Men goşuna gelip, goşuny tertip-düzgüne getirdim. Şeýdibem özümiň nämä ukyplydygymy, başarnygymy görkezdim. Emma Arslan maňa bahylçylyk edýärdi. Onuň birnäçe gezek emiriň ýanyna baryp, meni goşundan aýyrmagy, bolmasa goşunyň meniň tarapyma geçjekdigigni aýdandygyny eşitdim. Emir Ýahmagyň süýji keseli bardy. Ol 756-njy hijri ýylynda Rabbi owal aýynda dünýäden ötdi. Onuň doganynyň ogly Arslan şerigat boýunça-da oňa mirasdüşerdi. Heniz agasynyň jesedi ýere gömülmänkä ol goşun serkerdeleriniň we serbazlarynyň ýanynda maňa ýüzlenip: — Eý, Teýmir Targaýy! Şu günden başlap, saňa şu goşunyň içinde orun ýok — diýdi. Eger Arslan meni köpçülikden gyra çekip bu gürrüňi aýdan bolanda, men oňa garşylyk görkezmezdim. Bu wakany göwnümede almazdym. Sebäbi agasy ölenden sonra şerigat kanuny boýunça ol emir Arslan bolup, agasynyň goşunyny almaklyga, islän adamsyny oňa başlyk goýmaklyga haky bardy. Ýöne ol serkerdeleriň we serbazlaryň öňünde meniň mertebämi ýere çaldy. Onuň eden bu işi maňa gaty agyr degdi. Gygyrdym: — Eý, Arslan! Sen ululygyň resmini — adatyny bileňok. Ol: — Men emir Arslandyryn — diýdi. — Eger emir bolup, emirlik adatyndan bir zat bilýän bolsaň, goşunbaşyny serkerdeleriniň we serbazlarynyň ýanynda kiçeltmezdiň. Emir Arslan serkerdelere we serbazlara bakyp: — Şu betgylyk oglany daşaryk çykaryň! — diýip sögündi. Men ol sögünç sözi eşidenimde özümi saklap bilmän, gylyjymy gynyndan çykaryp, Arslana tarap topuldym. Serkerdelerden heniz meni doly tanamaýan birnäçesi meniň ýolumy bagladylar. Olar meniň güýjümi we gylyç urmak ussatlygymy bilmeýärdiler. Eger bilen bolsalar, meniň ýolumy baglap, öz ganlaryny gylyjymdan dökmezdiler. Meniň ilkinji uran gylyjym olaryň biriniň elini kesdi we gylyjy elinden gaçdy. Men ol gylyjam elime alyp, dessine hüjüme geçdim. Olaryň üç-dördüsini parçalanymdan soňra Arslan gaçdy. Men oňa gygyrdym: — Eger sen emir Arslan bolsaň, gel, meniň bilen söweş! Ýöne şondan sonra men ony yzarlamadym. Oňa derek serbaz-serkerdelere garap: — Aýdyň, men emirmi ýa-da şol syçan ýaly bolup gaçyp giden emirmi? — diýdim. —Eger siz mert bolsaňyz, ol gaçyp giden adamy öz hökümdarlygyňyza kabul etmersiňiz. Men siziň goşunbaşyňyz bolup, aýlyk-günlügiňizi öňküňiz ýaly tölärin. Olar gygyryşdylar: — Biz hökümdar hökmünde seni kabul edýäris. Biziň hakymyzy özüň töle! Men şol günden başlap diňe bir goşunbaşy däl-de, emir Ýahmagyň ähli ýurt işlerini öz boýnuma aldym. Emir Arslan gorkusyna meniň ýanyma gelip bilmedi. Emma men öz ululygymy, adaty ondan köp bilýändigimi bildirer ýaly, oňa agasynyň malynyň ýarysyny berdim. Galan ýarysyny özüm aldym. Ol goşun çykdajylaryny ödemäge gerekdi. Aslynda şerigat boýunça-da Arslan yslam dinini bilmeýärdi. Ol kapyr hökmünde meniň ýaly musulman bilen söweşip ýeňildi. Şonuň üçin şerigata esaslansaň, onuň maly olja hökmünde maňa degişli bolýardy. Men onuň agasy bilen dostlugymyň hormatyny sakladym. Soň men has güýçli bolanymda-da onuň malyna, janyna degmedim. Ol maňa “Sen meniň günämi bagyşla! Dost bolaly” diýip, hat ýazypdyr. Men oňa “Seni bagyşladym, ýöne seniň ýüzüňi göresim gelenok. “Tyg ýarasy biter, dil ýarasy ýakar” diýlişi ýaly, seniň şol goşunyň öňündäki kemsidiji, ajy sözüň ýadymdan çykanok” diýip, jogap ýazdym. Eý, meniň başdan geçirmelerimi okaýan kişi! Ýaşlygymdan yslam dinine höwesli bolmagym bilen hiç wagt namazymy kaza goýan däldirin, dine söweş pursatlarynda bolaýmasa. Men dodagymy araga degirmedim, humar oýnamadym. Elmydama alymlara hormat goýup, her işimde olara sala salýardym. Meniň özümem şerigat kadasy boýunça ýüze çykýan her hili soraglary çözüp bilýärdim. Alymlar bilen mejlis guranymda Gurhany Kerimiň aýatlaryny özüm okaýardym. Gurhany ýatdan bilýän karydym. Her bir aýadyň inmeginiň sebäplerine çenli aýdyň bilýärdim. Men güýçli mahalym maňa agaçdan öý, metjit ýasamagy, ony islän mahalyň söküp, alyp gidip, täzeden gurup bolar ýaly etmegi tabşyrdym. Birtopar agaç ussalary ol metjidi agaçdan bejerdiler. Men ol metjitde iki sany — biri gök reňkli, beýlekisi gyzyl reňkli bolan minaralaryň bolmagyny hem tabşyrdym. Ol gök reňk asmany, Allatagalanyň gudratyna, gyzyl reňk bolsa ýerde onuň bendesine beren gudratyna delildir. Ol metjidi 25 araba ýükläp göçürerdim. Eger araba ýöremeýän ýerlere gabat gelenimizde ony 400 at ýa-da gatyr götererdi. Her ýere baranymda ol metjidi gurdurardym, azançy azan çekerdi, men onuň içinde namaz okardym. Häzir şu ýatlamalarymy ýazýarkam, Hytaýa goşun çekip, ýöriş etmek, onuň buthanalaryny metjide öwürmek niýetim bar. Meniň bilen söweşlerde bolup, ölen serbazlarymyň şehitlik derejesine ýetendigini duýýaryn. Sebäbi men yslam üçin söweşdim. Meniň serbazlarym Alla ýolundaa söweşenlerdir. *** Meniň şeýle gudrata ýetmegime sebäp bolan bir waka aw bilen baglydyr. 757-nji ýylyň güýz aýlarynda, heniz 20 ýaşymdakam bir gezek awa gitdik. Men serbazlarymy awlary ürküzip, dag jülgesine kowmak üçin iberdim. Özümem birnäçe serkerdeler bilen geçelgäni saklamaga başladym. Meniň şol awa diýip baran ýerimde bir taýpa ýaşaýan ekeni. Dogrusy, ondan habarym ýokdy. Ol taýpanyň ady Görültaýy ekeni. Biz ol ýerde aw awlap bolanymyzdan sonra, olaryň adamlarynyň birnäçesi gelip, bize: — Siziň bu ýerde aw awlamaga hakyňyz ýok — diýdiler. Men olardan: — Näme üçin? — diýip soradym. Olar: — Bu ýeri bize degişli — diýdiler. Men daş-töweregime nazar aýlap, ol ýerde belli bir eýelik belgi, nyşana görmedim. Ýa bir oba, ýa bir ekinzarlyk ýokdy. — Eger bu ýer siziňki bolsa, bir eýelik nyşana görkeziň. Bolmanda, şu ýerde ekin-tikin eden bolsaňyz, ýa bir öý salan bolsaňyz, onda bu ýeriň siziňkidigine ynanardym. Emma men hiç hili nyşana göremok. Bu bir giden sähra. Sähra bolsa Allanyňkydyr. Hatda sizin bu ýere eýelikeder ýaly, göçüp-gonup ýören çadyrlaryňyzam ýok. Siz nähili ýagdaýda biziňki diýip, talap edip bilýärsiňiz? Olar meniň sözümi kabul etmediler. Gaýta: — Her kim şu ýere aw awlamaga gelse, öz ölüminiň üstüne geldigidir. Eger diri galjak bolsa, onda eden awy üçin öwez salgyt tölemeli bolar — diýdiler. Biz ol ýerde jemi ýedi adamdyk. Emma olaryň sany 50 adamdan geçýärdi. Meniň serbazlarym gözýetimden daşdadylar. Ýanymdaky alty sany serkerdäm meniň olardan gorkmaýandygyma, gerek bolsa ýeke özümiň olar bilen söweşip biljekdigime ynanýardylar. Men bolsa aramyzdaky bu gürrüňiň soňunyň söweşe barmagyny islemeýärdim. Içimden: ”Belki, bular dogry aýdýandyrlar, belli bir nyşanasy bolmasa-da olaryň ata-babalarynyň ýaşan ýurdy bolmagy mümkin” diýip pikir edýärdim. Men: — Biz awlan awumyzy size bereli, siz bizden razy boluň! —diýdim. Olar: — Siziň awuňyzyň bize geregi ýok, siz rugsatsyz aw awlanyňyz üçin 1000 zikge altyn tölemeli bolarsyňyz —diýdiler. Men: — Biz bu ýere aw awlamaga geldik. Ýanymyzda onça pul bolar ýaly söwda etmäge gelmändik — diýdim. Olar: — Onuň ýaly bolsa, biz siziň eliňizi arkaňyza daňyp, ýaşaýan ýerimize alyp gideris. Siziň tarapyňyzdan 1000 zikge altyn gelenden soň azat ederis, bolmasa-da, şol ýerde ölmeli bolarsyňyz — diýdiler. Men bu gepi eşidip ýanymdakylara söweşe taýýarlanmagy buýurdym. Aw bahanasy bilen şol wagt atdan-da düşüpdik. Söweş esbabyndan diňe ok-ýaý bilen gylyç bardy. Ok-ýaýam aw üçin alypdym. Men ýoldaşlaryma buýruk berenimden çalasynlyk bilen ata böküp mündüm. Ýaýy elime alyp birnäçe oky dişim bilen sakladym. Emma meniň ýoldaşlarym çalasynlyk bilen ata münüp bilmediler. Görültaýlylar olary ata mündürmejek bolup, üstüne topuldylar. Şol wagt meniň ilkinji okum ýaýdan sypdy. Baryp olaryň biriniň arkasyndan girdi. Ikinji okum ýene birini ýykdy. Ok degenler ahy-nala bilen ýere ýazyldylar. Görültaýlylar göz açyp ýumasy salymda iki kişisini atanymdan soňra barysy maňa tarap gaýtdylar. Şeýdibem meniň ýoldaşlarym ata münüp ýetişdiler. Meniň ok atmakda çalasynlygym ýokarydy, bir adam iki sapar göz açyp ýumýança iki oky goýberip ýetişýärdim. Ýaşlyk güýji, hyjuwy bilen men ýaýy ýakyn aralykdan gysga gerimde-de doly çekip bilýardim. Görültaýlylar maňa ýetmänkäler men olaryň ýene dördüsini urup ýetişdim. Üçüsi atdan ýykyldy, biri eýere ýaplandy. Indi ok atmaga pursat ýokdy. Soňky eýere ýaplanan ýaralynyň aty gapdalymdan geçeninde, men onuň gyljyny gynyndan soguryp aldym. Atyň uýanyny agzyma dişledim. Sebäbi men söweşde atyň uýanyny agzym bilen çepe-saga ugrukdyrýardym. Iki gylyç bilen söweşe başladym. Garşydaşlarymda ok-ýaý ýokdy. Olar gylyç bilen söweşýärdiler. Meniň atymyň tohumy Horezm atlarynyň tohumyndandy. Atşynaslar bilýändirler, Horezm atlary beýik atlar bolýarlar. Meniň atymyň bir ädimi olaryň atlarynyň iki ädimi bilen deňdi. Öňem ýatlaýşym ýaly, gylyç urmakda öz güýjüme, gaýratyma ynamym zordy. Bu söweş meniň gylyç urmak ukybymyň beýlekilerden ýokarydygyny ýene bir gezek subut etdi. Men iki gylyç bilen söweşe girenimde, göýä, bu söweş 20 ýaşly ýigidiň ýedi ýaşly oglanlar bilen gylyçlaşýan oýnuna meňzeýärdi. Olaryň söweş tejribesi ýok ekeni. Meniň her salan gylyjym olary ýykýardy ýa-da söweşip bilmez ýaly ýaralaýardy. Söweş gyzan mahaly meniň gylyjym olaryň biriniň kellesini kesip goýberdi. Onuň damarlaryndan göge çüwdürilen gan ýene meniň ünsümi özüne çekdi. Bu başdan geçirmelerimi okaýan adam! Bilip goý! Allatagalanyň her kime berýän hünärini türgenleşdirip, kämilleşdirip durmaly. Allatagala bu hünäri — iki el bilen gylyç urmagy, ok atmagy maňa berdi. Men ony hemişe türgenleşdirip durmasam, meniň beýleki adamlardan parhym bolmazdy. Biz ýedi adam bolsagam, olaryň sanynyň 50 adam bolmagyna garamazdan, söweşde olardan gorkmaýandygymy, olary ýeňjekdigimi duýýardym. Her başda bir ölüm bardyr. Şuny bek belle, hiç wagt ölüme garşy gorkup hereket etmeli däldir. Ölümi hemişe batyrgaý garşy almalydyr. Ölümden gorkýanda gaýrat bolmaz. Men bir özüm olaryň arasynda gylyç bilen söweşýärkäm, ýoldaşlarym olary daşdan ok bilen urýardylar. Ýoldaşlarymyň gylyç bilen uruşmakdan gorkýandyklaryny duýýardym. Onda-da olaryň ok bilen atmagy maňa kömek edýärdi. Barha duşmanyň sany kemelýärdi. Şeýlelikde, indi görültaýlylaryň gözlerinde gorky dörändigini gördüm. Olar ýüregi elden berdiler. Gaçdylar. Ýöne men olary kowalamadym. Sebäbi olar öz taýpalaryna barsalar, köplük boljakdylar. Netijede, olardan 22 adam ölüp, agyr ýaraly bolup, söweş meýdanynda galdy. Biz olaryň ýaraglaryny we atlaryny olja edip aldyk. Şol gün men Allatagalanyň maňa söweş paýyny berip, meni hökümdar bolmak üçin ýaradandygyna ynandym. Eger men şu berlen hünäre ikilik etsem, onda Allanyň maňa beren ukybynyň gadyryny bilmedigim bolardy. Men özüme: ”Eý, Teýmir! Saňa Allatagala bu gaýraty hem hünäri beripdir. Sen emir Ýahmakdan galan bu kiçijik goşun bilen kanagat etme!” diýdim. Eger men bu kiçijik goşun bilen kanagat edip, güýmenip ýörsem, ol Allatagalanyň maňa beren paýyny doly göz öňüne getirip bilmedigim bolardy. Onda Saady şahyryň:”Genç hazynasy doly, emma özi aç” diýeni bolýar. Meniň aňryma galtaşykly Çingizde mendäki ukybyň ýarysy bolmasa-da, uly häkimlige eýe bolupdyr. Şonuň üçin men özüme: ”Sen näme üçin ondanam ýokary derejä çykmak barada pikir etmeli däl? Şunça gujur-gaýratyň bilen sen näme üçin Mawerannahryň hökümdary bolmaly däl? Ondan başga-da jahanyň Gündogardan Günbataryna çenli hökümiň ýöremeli dälmi?” diýdim. Men şol gün awdan gelenimden soňra başga adama öwrüldim. Onsuzam Samarkandyň ilaty maňa uly hormat goýýardylar. Ýöne men şol pursatda Allatagalanyň meni hökümdar bolmak üçin ýaradandygyny duýdum. Men bu nygmatlardan haýyrlanyp, ýokary derejelere ýetmeli. Üstesine-de, şol awdan gelsem, meniň oglum doglan ekeni. Men ol aw söweşinde ýeňenimi ýagşylyga ýordum. Özüme: “Allatagala saňa ýagşy niýetiňe ýetjekdigiňe duýduryş berýär” diýip, yrym edip, oglumyň adyna Jahangir diýip at goýdum. Bu at meniň içki niýetimi äşgär edýärdi. Şonluk bilen men şol wagty Samarkantda ähmiýetli bolsa-da, bu iki müň adamlyk goşun bilen daşky tireleriň, ýurtlaryň güýçli goşunlaryna garşy söweşip bilmejekdigime göz ýetirdim. Goşuny güýçlendirmek üçin sim-u-zer gerekdi. Şeýlelikde, emir Ýahmakdan galan baýlygy altyn-kümşe öwrüp, ony goşun üçin harç etmegi ýüregime düwdüm. Eger-de başga biri bolanda, onda ol iki müň goşun bilen Samarkandyň daşynda çapawulçylyk edip, halky talap, öz malyna degmän, goşuny güýçlendirjek bolardy. Ýa-da Samarkandyň öz halkynyň elinden malyny alardy. Emma men musulman bolanymsoň, beýle etmegiň şerigata ters gelýändigi üçin ondan özümi sakladym. Emir Ýahmakdan galan ýer-mülk Samarkandyň iň gowy saýlama ýer-mülküdi. Men “Ol ýerleri satjak” diýip, jar çekdirenimde, Samarkandyň halkynyň köpüsi “Bu öz ajy derini siňdirmedik baýlygynyň gadyryny bilmän, bize arzan satar” diýen pikir bilen gelipdi. Netijede, ol mülkden maňa 40 müň altyn zikge nesip etdi. Men ol pullaryň hasabyna goşundaky serbazlaryň sanyny artdyrdym. Alan serbazlarymyňam ählisi diýen ýaly 20-25 ýaş aralygyndaky ýaşlardy. Meniň emir Ýahmagyň goşuny bilen bolanymda gazanan tejribäm şeýledi. Serbaza tälim bermek üçin iň gowy ýaş 20-25 ýaş aralygydyr. Dowamy bar | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |