17:17 Emir Teýmiriň başdan geçirmeleri: Nişapura ýöriş | |
NIŞAPURA ÝÖRIŞ
Taryhy makalalar
Şeýle diýdi söweş eşigi: Tejribe alansyň ençe jeňlerden, Berk dur her iş başa gelen mahaly, Her işde bagt bolar ýaly seň bilen. Ferdöwsi Ferdöwsiniň şu aýdan sözleri aňymda ýaňlanyp duran ýalydy. Rahat ýatmagy başarmaýardym. Gylyjy we söweş eşigini bir gyrada goýup, 7 ýyl iýip-içip ýatdym. Emma indi wagt geldi. Söweş eşigini geýip, gylyjymy elime aldym. Ferdöwsiniň bu sözi mundan 350 ýyl öň aýdan ýerine gitmäge hyýallandym. Elbetde, bu umytlara ýetjek bolsaň, aýaga galmaly, gadam urmaly. Dünýäni özüňe boýun egdirjek bolsaň, ilki bilen Horasandan başlamaly. Horasanyň müşki-atyr ysly ýurtdugy barada eşidipdim. Ol ýerlerde zagpyran güli köp ekilýärdi. Ol ýurt şahyrlara, alymlara, ýagty pikirli adamlara baý ýurtdy. Edil Samarkandyň süýji gawuna baý bolşy ýaly, Horasanam ylymda, edepde ýokary ýurtdy. Ol şahyrlaryň biri-de Ferdöwsidir. Men Horasanyň merdanlary bilen güýç synanyşyp görmek isleýärdim. Şonuň üçin goşun bilen söweş türgenleşigini geçirip ugradym. Serbazlaryň bedenine aralaşan gowuşgynsyzlyk aýrylar ýaly, ertirden agşama gylyç urup, ok atyp, naýza zyňyp, türgenleşýärdik. Men şonda 40 ýaşa ýetipdim. Mukaddes Gurhanda aýdylyşy ýaly, her bir ynsan 40 ýaşa baranda akyly doluşyp, bedeni berkeýändir. Şonuň üçin Musa pygamber 40 ýaşynda pygamber bolup, Tur dagynda Allatagala bilen gürleşipdir. Iki jahan serweri eziz pygamberimiz Muhammet Mustapa 40 ýaşynda Hyra dagynyň gowagynda Jebraýyl alaýhyssalam pygamberlik habaryny getiripdir. Şol sebäpli men hem 40 ýaşa gelenimde, bu gowşaklygy bir gyrada goýup, aýşy-eşretlerden daşlaşyp, Horasana goşun çekmegi niýet edindim. Şeýlelik bilen 777-nji hijri ýylynda meniň işim irden-agşama çenli jeň türgenleşigini geçirmek boldy. Söweşlerde käbir pursatlar bolýar, ýagny serbazlaryň ýekme-ýek söweşmeli ýagdaýlary ýüze çykýar. Ol pursatda bagt emel bilen güýjüňkidir. Serkerdeler bilen serbazlar edil göwün diýen derejäme soň, 778-nji hijri ýylynyň ýaz aýynda, baýtallaryň emjekleri süýtden dolanda, gymyzyň bolçulyk bolan wagtynda goşuna hereket etmek barada perman berdim. Goşunyň öňünden iki süri baýtaly Horasanyň çäklerine çenli ugratdym. Goşuny hem şol çage çenli öz maýdalyna alyp gitdim. Onadan aňry bolsa söweş hereketine girizdim. Eşidişime görä şol wagt Horasanyň iň baý şäheri Nişapurdy. Ol şahere her günde azyndan 200 kerwen gelip, ugraýardy. Gündogara Hytaýa, Günbatara Ruma çenli gidýän kerwenler bu şäheriň üstünden geçýärdiler. Ol ýerde tütjar söwdegärler söwda edenlerinde zer pullary sanaman, terezide çekýän ekenler. Sebäbi olaryň söwdalary şeýle uly hem giň gerimli bolupdyr. Maňa aýtmaklaryna görä, Nişapuruň söwda ammarlarynda ýüpek parçalar bol bolup, olary ýere ýazsaň Nişapurdan Samarkanda çenli ýeter diýdiler. Nişapur dünýäde ýüpek söwdasynyň merkezidi. Horasanyň Nişapurdanam başga uly şäherleri bardy. Sebzewar, Beşrewiýe... Maňa hatda Sebzewaryň bir haly fabriginde 300 müň halyçynyň haly dokaýandygyny aýdypdylar. Ol dünýäde iň uly haly dokalýan fabrikdi. Men bu gürrüňlere birbada ynanyp bilmeýärdim. Haçan-da olary gözüm bilen görenimde haýran galdym. Beşrewiýe diýen şäheriniň 7 ýaşardan 70 ýaşaryna çenli ylymdan habarsyzynyň ýokdugyny hem eşidipdim. Men Horasany ele geçirmek üçin ol ýurdy gapyllykda basmagy niýetledim. Munuň üçin meniň Horasana goşun çekendigimi gizlin sakalamalydy. Şol sebäplem men tutuş goşuna Arşakabada ýöriş edýändigim barada jar çekdirdim. (Arşakabat diýleni häzirki Eýranyň serhediniň golaýynda ýerleşen Aşgabatdyr). Ýöne ýolda men Arşakabada barmadym. Sebäbi Arşakabatdan Nişapura gitsem, ýolum daglyga gabat gelýärdi. Goşun daglyk ýerde göwnümdäki ýaly hereket edip biljek däldi. Şonlukda men Merwe baryp, 4 sany ýolbelet aldym. Ol ýolbeletler Merw bilen Nişapuruň arasynda gatnap ýören adamlardy. Olara meni Nişapura jülgeden alyp barmaklaryny tabşyrdym. Olar: “Nişapura golaýlanymyzda bir dag bar” diýdiler. Men ol dagyň geçelgesiniň nähilidigini, ýene-de şol dagyň üstünde ýa-da golaýynda obalaryň bar-ýoguny soradym. Olar dagyň üstünde birnäçe obanyň bardygyny aýtdylar. Üstesine-de geçelgäniň darlygy goşunyň geçmeginde päsgelçilik döretjekdi. Onsoň men ol dagyň daşyndan aýlanyp geçmegi dogry hasap etdim. Goşunyň hereketi bökdelmez ýaly, atyň üstünde iýip-içmegi tabşyrdym. Diňe ol atdan beýleki ata münýänçä säginmek bolýardy. Atlara-da ýolda bede ýa ýorunja berdirmän, arpa unundan edilen logala berdirýärdim. Men Mawerannahryň ýaz aýlaryndaky tebigatyny dünýäde iň owadan ýer diýip, hasap edýärdim. Emma Horasanyň tebigatyny, daglaryň eteginde baýyrlarda biten güllerini, şaglap inýän çeşmelerini görenimde, olar ynsanyň ünsüni şeýle bir özüne çekýärdi welin, Mawerannahryň ýazy göz öňümde gurak bolup göründi. Meniň goşunym şeýle bir çalt ýöreýärdi. Ony görenler onuň deňinden geçip, öňe habar berip ýetişip biljek däldiler. Men Nişapuryň golaýynda juma güni geçip barýarkam bir metjit gördüm. Ýöne ol metjitde adam görmedim we haýran galdym. Şol ýeriň ýaşaýjylarynyň birinden: — Bu obada alym ýokmy? — diýip soradym. Olar bolsa “Bar” diýip, şol metjidiň ymamy bir ýaşuly adamy getirdiler. Men ol ýaşulydan bularyň haýsy dindedigini soradym. Ol bolsa musulmandygyny aýtdy. — Musulman bolsalar, juma güni name üçin bu metjitde adam ýok? — Adamlar namazlaryny öýlerinde okaýarlar. — Juma namazyny okamaýarsyňyzmy? — Juma namazlaryny-da öýlerinde okaýarlar. Men: — Onda siz kapyr bolmaly—diýdim. Ol ýaşuly haýran galyp, sorag berdi; — Näme üçin? — Allatagala Gurhany Kerimde: “Juma namazyny hökman jemagat bilen okamaly” diýip aýdypdyr. Soňra ýaşulydan soradym: — Sen Gurhan okaýarmyň? Ol: — Hawa, okaýaryn — diýdi. Men: — Sen ýa aldaýaň, ýa-da Gurhany okap, onuň manysyna düşünmeýärsiň — diýdim. — Sebäbi juma namazy babatda “Juma” süresinde üç aýatda tabşyryk bardyr. Sen şol aýatlaryň manysyny bilýärmiň? Men soň şol aýatlary okap berdim. Ol: — Ýok bilmeýärin — diýdi. Men bir alymyň Gurhanyň görnüp duran manysyny bilemok diýenine haýran galdym. Ondan: — Sen şu obada name iş edýärsiň? — diýip soradym. — Men şu obaň ymamy. — Sen Gurhandan hiç zat bilmän, nädip ymam bolup bilýäň? — Öň dädem ymamdy, şondan soň men ymam boldum. — Eý, nadan adam! Allatagala “Juma” süresiniň iň soňky aýadynda: “Eý, musulmanlar! Juma güni azanyň sesini eşideniňizde, her hili işiňiz bolsa-da, ony taşlap, juma namazyny okaň!” diýipdir — diýip,goşunyň azançysyna azan çekmegi tabşyrdym. Serbazlara täret aldyryp, şol ýerde özüm ymamlyk edip, juma namazyny okadyk. Ol adamyň bolsa, bir sada, nadan adamdygy üçin ony öldürmedim. Men ol ýerden ugrap, dagyň daşyndan aýlanyp başladym. Öýlän bir jülgä girdik. Nişapur meniň gündogar tarapymda galdy. Mundan beýläk goşuny gizläp boljak däldi. Sebäbi ol jülgäniň ugry dege-dege obalykdy. Ekerançylyk gowy bitipdir. Ýollarynda gatnawy kändi. Olaryň birentegi meniň goşunymy görüp, atlaryna atlanyp, Nişapura habar bermäge ugradylar. Olaryň birentegini serbazlarym ok-ýaý bilen urup ýykanam bolsa, birnäçesi şähere gaçyp bardylar. Jülgäniň ugry bolsa, gözüň ýetýäň yerine çenli ekerançylykdy. Ýeke garyş-da boş ýer ýokdy. Men Samarkantda, Buharada ekerançylyk köpmükä diýýärdim. Emma Nişapuryň ekerançylygyny görüp, haýran galdym. Samarkant bilen Buharada Jeýhun hem Seýhun atly iki derýa akyp ýatyr. Emma bu ýerde akyp ýatan derýa-da görmedim. Soňra olaryň suwy uly-uly guýulardan alýandygyny bildim. Nişapuryň 4200 sany obasy bar ekeni. Olarda 12 müň sany guýy bardy. Ol guýularyň suwy daglaryň düýbünden gelýärdi. Emma Mawerannahrda beýik-beýik daglar ýokdy. Men Nişapura gije baryp ýetdim. Gala derwezeleri ýapylypdyr. Olary döwüp boljak-bolmajagyny anyklamak üçin birnäçe serbazlary iberdim. Serbazlar galadakylaryň derwezeleriň aňyrsyna daş örendiklerini aýtdylar. Şäheri gapyllykda basandygyma gözüm ýetýärdi. Çakym çak bolsa, olary basym açlyk belasy basmalydy. Ýöna onuň daşynda obalar kändi. Olaryň baş götermezligi üçin, galany gabaýşyma, şol gije olary-da basyp aldym. Nişapuruň diwary Çingiz hanyň döwründe-de bir gezek weýran edilipdi. Çingiz hanyň özi gelmändi, diyne bir ogly bilen iki serkerdesini ugradypdy. Olar Nişapury basyp alanlaryndan soňra, onuň diwaryny hem ýykypdylar. Ol döwürdäki Nişapuruň diwary eýlenen palçykdandy. Ondan soňra Nişapuruň halky bu diwary daşdan galdyrdylar. Men ol obalary basyp alanymdan soňra, obalylardan Nişapuruň diwary hakynda soradym. Olar: — Diwaryň ýerasty çuňlugy 1O metre golaý bardyr — diýdiler. Men olaryň gepine ynanmadym. Onça aşak gazyp, diwar örüp çykaýmak aňsat iş däldir. Ýöne diwaryň daşyndaky depeleriň şol gazylan çukurlaryň gumundan emele gejendigini soň bilip galdym. Nişapuruň galasynyň diwarynyň daşynda suw goýberilen gorag hendegi, garymy ýokdy. Bu hem diwary ýykmakda biziň peýdamyzady. Ýöne ol diwaryň 1O metre golaý aşakdan örülip gaýdylmagy, ony däri bilen partlatmaga başartjak däldi. Onuň iki ýoly bardy. Biri merdiwan bilen diwaryň üstünden aşmakdy, beýlekisi galadakylar tä açlygyndan amana gelýänçä gabap ýatmakdy. Soň men bu ýere suw berýan guýularyň özara akaba ýollarynyň bardygyny, hatda ol ýerlere adamyň hem girip, gidip bilýändigini gördüm. Şonuň üçinem galanyň golaý daşyndaky guýulary gömdürdim. Muny ol ýerleri basyp alanymdan 3 gün geçenden soň etdirdim. Soňra obaly adamlary sürüp getirip, uly-uly çynarlary kesdirmäge başladym. Agaç ussalaryny ýygnap, agaçlardan galanyň içi görnüp durar ýaly birnäçe diňleri ýasatdyrdym. Olar ýöne bir garawul diňleri ýaly kiçijik däldiler. Hersi bir kiçiräk öýi ýada salýardy. Olaryň her haýsynyň içine ep-esli serbazlar sygýardy. Soň şol diňleri belent merdiwan agaçlaryň üsti bilen diwara tarap süýşürýärdiler. Haçan-da onuň çeti galanyň depesi bilen gabatlaşanda serbazlar onuň gapysyny açyp, çozup gidýärdiler. Soň olary ýene-de aşak düşürip, serbazlary ýükläp, täzeden galdyryp bolýardy. Bu işe Tusdan agaç ussalara çenli getirtdim. Men goşunyň, atlaryň, işleýänleriň iýmek-içmegini basyp alan ýerlerimden gelýän harajatyň hasabyna alyp barýardym. Meniň serbazlarymyň bir bölegi uzak günbataryň Çeten (Çita) diýen ýerindendi. Olar edil biziň goýun hem ýylky saklap, olaryň etini iýip, süýdüni içişimiz ýaly, Çetenliler hem itiň etini, özem bişmedik görnüsinde iýýärdiler. Men olara itiň etini iýmegi gadagan etdim. Diňe olaryň bişmedik eti iýmegine garşy cykmadym. Sebäbi olar goýnuň etini iýip bilmeýärdiler. Goýnuň ýagy olary biynjalyk edýärdi. Emma ýylkynyň etini bişirmän iýýärdiler. Olar söweşde goşundaky gyrylýan atlaryň etlerini iýerdiler. Etleri owunjak dograp, eýeriň gaşyndan gysdyryp, kakadyp, ýol ugruna iýip giderdiler. Özem şol etleri atyň keçesiniň aşagyndan sallap goýýardylar. Netijede atyň bedeniniň ýylylygy şol etleri porsap, zaýalanmakdan goraýardy. Men olary musulman edenem bolsam, ýöne namazy arap dilinde okadyp bilmedim. Olaryň dilleri arapça öwrülmeýärdi. Men özüm müfti bolanymdan soň, olara namazy öz dillerinde okamaga pata berdim. Bu çeten serbazlary hiç zatdan gorkmaýardylar. Olar diňe açlykdan gorkýardylar. Ýöne olary aç galdyrmaýardym. Olaryň gujur-gaýraty güýçlüdi, oňa derek akyllary kemdi. Şonuň üçinem olar bu babatda sada çagalara meňzeýärdiler. Men olara şol diňlerden galanyň diwaryndan aşyp, içeri girip, derwezeleri açmagy buýurdym. Ýene bir bölek serbazlara ýaý-oky bilen, hem sapanlary bilen olara kömek etmegi tabşyrdym. Men özüm bolsa şol diňleriň birine çykyp, söweşi synlap durdum. Ilkibada berk diwarlaryň aňyrsyndaky goraýjylara garşy kiçijik küýzelere däri guýup, ýarylan wagty pytrar ýaly üstüni daşlardan dolduryp, pelte baglap, sapan bilen atmagy hem meýilleşdirdim. Ýöne muny Nişapurda amala aşyryp bilmedim. Emma şu usuly Enguriýa goşun çekenimde ulanyp, galany basyp alypdym. Şol wagt Horasanyň beýleki uly galalarynyň Tusuň, Sebzewaryň, Isfraýnyň halky Nişapuruň gabalandygyny bilselerem, oňa kömege gelmediler. Söweş başlanyndan soňra, Nişapuruň häkiminiň gowşak, nalajedeýinligine göz ýetirdim. Ol hatda garşylyk görkezmeklik üçin ýekeje manjanyk (daş atýan gural) hem ulanmak barada pikirem etmedi. Ýogsa ol işi kynlaşdyrardy, uly-uly diňleri zaýalardy. Ýa bolmasa ol köne esgileri ýaga bulap, otlap, zyňyberende, diňleri ýakyp bilerdi. Sebäbi diňiň üstündäkiler ody söndürip biljek däldiler. Emma hakim bu hakda-da pikir etmeýärdi. Çeten serbazlary diwardan aşyp gala girdiler. Olaryň hemmesine demirden söweş eşiklerini hem geýdiripdim. Nişapurlylar diwaryň iç ýüzünde güýçli garşylyk görkezdiler. Çeten serbazlarynyň bir bolegi olar bilen söweşse, galan bölegi derwezäni açmaga howlukdylar. Ol çeten serbazlary bilen meniň oglum Jahangirem gidipdi. Onuň beýle söweşe ilkinji gezek gatnaşyşydy. Ýüreginden gorkusy aýrylsyn hem tejribe toplasyn diýip, ony çetenli serbazlaryň arasyna goşupdym. Ikinji bir tarapdan niýetim, meniň ýanymda meniň oglumyň jany bilen ýönekeý serbazymyň janynyň deňdigini goşunym bilsin hem-de serbazlaryň gowy söweşmegine ýardam bolsun diýip, şeýle etdim. Ýogsa galanyň içinde güýçli goşun ýatyrka, onuň üstüne barmak ýöne-möne iş däldi. Onuň üçin batyr ýürek gerekdi. Diňleriň üsti bilen gala girmek söweşi öýleden soňbaşlandy. Oglum Jahangir çeten serbazlaryna ýolbasçylyk edip, galanyň içine girdi. Ýerden bolsa olary ýaý oky, sapanlar bilen goldadylar. Dogrusy, diwaryň üstunde hem iç ýüzünde güýçli söweş turdy. Olar diwaryň üstündäki serbazlary ýok etmek üçin, çynlakaý garşylyk görkezdiler. Barybir olaryň garşylygy syndy. Ýaý oklarynyň, sapanlaryň goldawyna daýanan çeten serbazlary olary dyza çökerdiler. Sebäbi şol pursatda diňleriň kömegi arkaly ikinji we üçünji bölekleri hem kömege ugratdym. Üstesine-de içerki goşun aljyraňňylyga düşüp, güýjüni bir ýere jemlemez ýaly, galanyň dürli ýerlerinden içine hüjüm etdik. Eýýäm içerdäki çagalaryň ahy-nala sesleri eşidilip ugrady. Söweş başlanandan ikindine çenli ymykly diwaryň iç ýüzüne girdik. Men diňde duran ýerimden öz serbazlarymyň köp ýitgi çekenini gördüm. Bir bölek çeten serbazlarynyň küdün bilen derwezäni açjak bolup durandyklaryny görenimde, olara kömek üçin daşyndan hem derwezä hüjüm etmeklerini buýurdym. Şeýdibem gündogar tarapdaky derwezäni açdyk. Goşun açylan derwezeden içeri girdi. Men garşylyk görkezeni öldürmegi buýurdym. Şol wagt ýene bir bölek goşuny Günbatar derwezä ugtratdym. Nişapurlylar derweze açylmanka ölenini-ýitenini bilmän garşylyk görkezýärdiler. Emma derweze açylandan soň olara gorky hem umytsyzlyk aralaşdy. Agşam garaňky düşeninden soňra, goşunyň serbazlary ellerinde otly kesindileri ýakdylar. Gije bolsa-da,garşydaşlarymyza dynç bermezlik üçin, söweşi dowam etdirdik. Söweş daň atýança dowam etdi. Jahangir ýeňil ýaraly boldy. Men söweş hünärini ähli hünärlerden ýokary tutýaryn. Şonuň üçin ogullarymy-da özüm ýaly edip ýetişdirdim. Biz Nişapury daň atanda doly eýeledik. Nişapuruň häkimi emir Hüseýini tutup, alyp geldiler. Ol maňa: — Eý, emir Teýmir! Sen ýeňdiň. Nişapur seniňki boldy. Allatagalanyň bendelerine rehim et! Ýaşaýjylary gyrmaklygy sakla — diýdi . Men: — Olar garşylyk görkezdiler. Garşylyk görkezenleriň jezasy ölümdir — diýdim. Emir: — Eý, jahanyň emiri! Olar meniň buýrugym bilen garşylyk görkezdiler. Muňa men günäkär, meni öldür. Ýaşaýjylary öldürmekden saklan — diýdi. Men ondan: — Näçe ýaşyňda? — diýip soradym. — 60 ýaşymda. — Ogluň barmy? — Iki oglum bardy, şu söweşde öldüler. — Eý, emir Hüseýin! Eger sen meniň ýerime ýeňen bolsaň, meniň serbazlaryma rehim edermidiň? — Ata-babalarymyz söweşde rehimsiz söweşmelidir, emma ýeňeniňden soň rehim etmelidir diýerdiler. Men: — Meniň söweş düzgünim boýunça garşylyk görkezen halky öldürmeli. Eger men bu kanuny üýtgetsem, men söweşip bilmezdim, dünýäni hem alyp bilmerin. Goý, jahanyň bar halky maňa garşylyk görkezse, jezasynyň ölümdigini bilsin — diýdim. Soňra jellada emir Hüseýiniň kellesini kesmegi buýurdym. Öýläne çenli söweş ýatdy. Nişapuruň söwda ammarlaryny açanymyzda ondaky bar zatlary alyp gitmegiň aňsat düşmejegine düşündim. Baýlyk juda köpdi. Şonuň üçin töwerekdäki bar bolan ýük urup boljak haýwanlaryň baryny ýygnatdyrdym. Ýöne munça ýüki birbada ýüklemäge olaram ýeterlik bolmady. Öňki düzgünim boýunça bu ýeriň ulama-alymlaryny, şahyrlaryny, senetkärlerini öldürmedim. Şerigatyň kanunyna esaslanyp, oljanyň musulman üçin halaldygy sebäpli, ýaş zenanlaryny serbazlaryma paýladym. Hazynadaky zatlary Mawerannahra ugratmak, galanyň diwaryny ýykmak işleri meni bir aý ýaly egledi. Şondan soňra galanyň galan diwaryny ýykmagy oglum Jahangire tabşyryp, özüm Tus şäherine tarap ýöriş etdim. Ol ýere etip baranymda Tus şäheriniň halky bize garşylyk görkezmedi. Bu ýeriň ýaşaýjylary hem Nişapuruň ýaşaýjylary ýaly, kellelerine selle oraýardylar. Bu kadanyň Horasanyň şäherlerinden Mawerannahra çenli ýaýrandygyny eşidipdim. Üstesine-de olar arap dilini ulanýardylar. Oglum Şyh Omar menden sorady: — Bular selle oranyp, arapça gepleýärler. Bu ýeri Hyjazmy? Men: — Hyjazda selle oraýan däldirler, eger şeýle bolsa, olaram Horasanlylardan öwrenendirler — diýdim. — Emma arapça gürlemekleri Arabystanyň araplary Horasany basyp alanynda şolardan galandyr. Tusa baranymda bir danyşment meniň ýanyma geldi. Men ondan: — Sen namaz okaýarmyň? — diýip, soradym. —Hawa, okaýan. — Namazda “Alham” süresini okamalydygyňy bilýärmiň? — Ony okamak Allatagala bergiňi bermekdir.— “Alham” sürede “Maliki ýowmiddin” diýip, Allatagalanyň bir sypaty aýdylypdyr. Şonuň manysyny düşündirip ber. — Bu din gününiň eýesi diýmekdir. — Giňişleýin düşündiriň. Ol: — Onuň manysy “Alham” süresinde aýan bolup durandyr. Ony giňişleýin düşündirip oturmagyň geregi ýok — diýdi. Men ýene: — Men düşünemok, düşündirip ber — diýip, talap etdim. Emma ol aýdyp bilmedi. Onsoň men oňa: — Ol aýadyň manysy din diýmek, din-jeza, ýagny Allatagala ol jeza gününiň eýesidir diýmekdir. Jeza güni diýmek, ýagny Magşar meýdanynda her kim eden ýagşylygynyň sylagyny alyp, eden ýamanlyklarynyň, günäleriniň azabyny aljak güni diýmekdir. “Ýowmut” diýmek, zaman diýmek, ýagny bir günüň daň atandan gün batýança zamany däl, ol jeza gününiň zamanyny aýdýar. Ol günde Gün dogmazam, batmazam. Ol günüň haçan geljegini diňe Allanyň özi bilýär — diýdim. Ol alym haýran galyp: — Eý, Emir Teýmir! Sen bu ylymy nireden aldyň? Haýsy ussatlar seni beýle ýetişdirdi? — diýip sorady. — Meniň ussatlarym Mawerannahrda. Uly ussadym maňa Gurhany Kerimi öwreden ussadymdyr. Men Gurhany Kerimi öwrenenimde her süräniň, her aýadynyň doly manysyny öwrenip geçýärdim… Men Horasana girenimde üç zady niýet edinipdim. Nişapury, Sebzewary almak, Beşrawiýe diýen şäheriň alymlaryny görmekdi. Bu şäheriň alymlary hakynda köp zat eşidipdim. Iki hepde Tusda galanymdan soňra, Sebzewara tarap ýöriş edeýin diýdim. Şol wagt birdenem şahyr Ferdöwsiniň guburynyň Tusdadygy ýadyma düşdi. Men ýaşlygymdan onuň şygyrlaryny köp okapdym. Onuň gubury ýitip gitmäge golaýlan ekeni. Onsoň ol gabyr näbelli bolup galmaz ýaly başynda daş goýdurdym. Şol wagt Samarkantdan ýüzi-gözi çaň basan bir çapar geldi. Onuň getiren habaryny şyh Bahadur ýazypdyr. Ol Kawkaz patyşasy Togtamyşyň uly goşun çekip, Samarkanda gelýändigini, şonuň üçin meniň ol ýere gelmelidigimi habar berýärdi. Men muňa çenli Togtamyşyň adyny eşitmändim. Ol tarapda ýurtlar kändi. Meniň onuň haýsy ýurduň patyşasydygyndan habarym ýokdy. Çapardan: — Togtamyş kim? — diýip soradym. Ol bilmeýändigini aýtdy. Men şol günüň özünde Mawerannahra ugramak kararyna geldim. Ýöne agyr goşun bilen olaryň aýdyşy ýaly çalt ýöräp bilmeýärdim. Onsoň üç müň sany gujurly serbazlary saýlap, hersine ýene bir artykmaç at berip, öňe çykyp ugradym. Goşuna yzymdan barybermegi tabşyrdym. Men özüm baryp ýetsem, bolany, Mawerannahryň özünde-de goşunym bardy. Men gije-gündiz ýol ýöredim. Diňe atlar ýadanynda goşuny saklap, olary çalyşardym. Her üç gije-gündizden soň atlary agynar ýaly bir sagat boşadardym. At agynanda ýadawlygy çykýar. Men bir hepdede Mara geldim. Mara gelenimde Togtamyşyň Mawerannahra barandygyny eşitdim. Togtamyşyň Orsyýetiň günortasynda ýerleşen Kermişe diýen ýurduň patyşasydygyny bildim. Ýöne ol şir Bahaduryň goşunynyň görkezen güýçli garşylygyndan çekinip, yzyna öwrülipdir. Men onuň goşunynyň yzyny yzarlajak bolmadym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |