15:27 Emir Temiriň başdan geçirmeleri: Buhara ýöriş | |
BUHARA ÝÖRIŞ
Taryhy makalalar
Şeýle aýdyşym ýaly goşunyma ýaş serbazlary alyp, olara özüm tälim berip başladym. Her bir işe ýagşy niýet bilen ugruna çyksaň, şol iş başa barar. Meniň tälim berşim serbazlaryň içindäki nadanlary ylymly, ýaltalary çalasyn etdi. Dana bolmak üçin ylym gerekdir, bedeni berkitmak üçin türgenleşik. Men serbazlaryma hem ylym öwretdim, hem türgenleşdirdim. Meniň pikirimçe, yklymyň iki çetine at salyp gitjek adam haýsy ýere ýa nokada baranda-da, pikirini bir yere jemläp bilmegi başarmalydyr. Meniň hökümdarlyk edýän ýerim näçe giň bolsa-da, meniň ýöredýän kanunlarym ähli yerde edil özüm ýanynda duran ýaly ýöreýärdi. Bir kerwen Mekgeden Samarkanda ýa Samarkantdan Mekgä çenli durşuna gyzyl ýükli ugranam bolsa, ony bir adamam alyp gidip bilýärdi. Sebäbi oňa ýekeje garakçy ýa bigäne zyýan ýetirip bilmezdi. Çingiz han her işi edende zora daýanyp, güýjüne buýsanyp edipdir. Men bolsa her işi edenimde yslam şerigatyna daýandym. Hatda öz serbazlarym hem yslam şerigatyna laýyk gelmeýän bir iş etjek bolsalar, özlerine jeza garaşýandygyny duýýardylar. Tertip boýunça günde guşluk hem-de şam mahaly iki gezek serbazlarymy naharlaýardym. Olary şäheriň daşynda sährada saklaýardym. Ertir namazyndan guşluga çenli söweş tälimini berýärdim. Guşlukdan öýle namazyna çenli dynç alyp, arassaçylyk işlerine serenjam bererdiler. Öýleden soň ýene türgenleşik ikindä çenli dowam ederdi. Tomsuň yssy günlerinde ikindi namazyndan ýassy namazyna çenli tälim bererdim. Bu meniň ömürboýy öz goşunyma girizen üýtgewsiz düzgünim boldy. Ilki bilen serbazyň kämil derejä ýetmegi, göterilmegi üçin onuň ýolbaşçysynyň has kämil we gujurly bolmagy gerekdir. Serbaz şubabatda öz ýolbaşçysynyň güýjüne, gaýratyna ynanmalydyr. 758-nji hijri ýylynda 22 ýaşymdakam Buhara emiriniň birnäçe serbazlary meniň 6 sany serbazyma sährada sataşyp, olaryň altysynam öldüripdirler. Öňki aýdyşym ýaly, bir kişi birini bilmezlikden öldürse,şerigat boýunça 100 düýe, bilip öldürse 300 düýe hun tölegini tölemelidi. Men Buhara emirine hat ýazdym. Ol hatda: “Siziň serbazlaryňyz meniň 6 sany serbazymy sähradan ötüp barýarkalar öldüripdirler. Çopanlaryň we beýleki görenleriň şaýatlyk etmeklerine görä, siziň serbazlaryňyzyň sany 50 adam töweregi ekeni. Eý, Buhara emiri! Ol ölenleriň hun tölegi hökmünde her serbaza 3000 mysgal altyn tölemelisiň. Jemi 18 müň mysgal bolýar. Ýa bolmasa şol kast eden 50 serbazy maňa beriň. Men şerigat kanuny boýunça olaryň başyny aljak” diýip ýazdym. Buhara emiri: “Seniň serbazlaryň günäkär bolandygy üçin ölendirler” diýip, jogap berdi. Buhara emiri beýle diýmek bilen ýalan sözleýärdi. Sebäbi men oňa hat ýazmankam bu işiň anygyna ýetýänçäm anyklap yzarladym. Soň emire hat ýazdym. Men töhmetiň uly günädigini bilýärin. Şonuň üçinem men başga birine töhmet atmaryn. Men ýene-de Buhara emiriniň serbazlary öz emirini aldaýan bolaýmasyn diýibem oýlandym. Eger-de öz serbazlary emiri aldamadyk bolsa, onda bu hat boýunça emiriň özüniň ýalan sözledigi bolýar. Eger emir şol derejesi bilen ýalan sözleýän bolsa, ol şerigat kanuny boýunça Allanyň duşmany bolýar. Edil şonuň ýaly-da ogry bilen kast edýänem onuň bilen deňdir. Men Buhara emirine ikinji hatymy ýazdym. Ol bu hatymy jogapsyz goýdy. Şondan soňra Buhara goşun çekmegi ýüregime düwdüm. Oraz aýy geçenden soňra, 758-nji hijri ýylynyň boş aýynyň üçüne meniň goşunym Buhara tarap ýola düşdi. Meniň goşunymyň hemmesi atly goşundy. Her serbazymyň idegde-de bir aty bardy. Atlar ýadamaz ýaly edipdik. Aty çalşyp ýol ýöräňde, iki günlük ýoly bir günde geçip bolýardy. Men Buhara emirini gapyllykda basmak üçin şeýle bir tizlik bilen ýöredim. Buhara şäheriniň daşynda belent haýaty bardy. Eger ol goşun çekip, üstüne gelýändigimi aňsa, onda derwezeleri ýapyp, haýadyň üstünden garşylyk görkezip, kynçylyk döretjekdi. Men şonuň üçin oňa gije barmagy niýetledim. Gündiz onuň diňdäki gözegçileri goşuny uzakdan görjekdiler. Men Samarkantdan ugran mahalym, serbazlaryň her birine guran sünbüle otuny berdim. Olar golaýlanda atlar kişňemez ýaly şol otlary atlaryň burnuna tutup ysgatmalydylar. Ýogsam uzak ýoly geçen atyň kişňemek häsiýeti bardyr. Dogry gijesine derwezeler ýapylýardy. Emma ol derwezeleri “goç kelle” bilen açmaklygyň az wagtlyk işi bolýardy. Goç kelle — başy tommarçakly gaty, uzyn hem agyr agaçdy. Bu agaçlara tebrizi diýerdiler. Ol agajy 40 ýa 50 serbaz göterip, bat bilen iki-üç gezek uranlarynda derweze döwülýärdi. Meniň Buhara baranymy hiç kim duýmady, atlaram kişňemedi. Men goç kelle bilen derwezeleri döwmäge buýruk berdim. Birnäçe serbazlarym bolsa merdiwan bilen haýadyň üstüne çykdylar. Şeýdibem duýdansyz Buhara şäherine girdik. Bize garşylyk görkezen bolmady. Diňe içerik girenimizde turan gopgundan Buhara emiri habar tapdy. Emir özüniň bolýan erk galasynyň derwezesini baglatdy. Meniň goşunym erk galanyň daşyny gabady. Erk galanyň içinden daşary çykylýan ýollaryň bolýandygyndan habarym bardy. Olar öz janlaryny gutarmak üçin şondan gaçmalydylar. Eger erk galanyň içinden gaçmak üçin ýerasty ýoly bolmasa, onda ol emiriň söweşden başynyň çykmaýanlygydyr. Beýle emiriň eline gylyç däl-de, pil ýaraşar. Men munuň çäresini öňünden görüp, galanyň has daşlarynda hem serbazlary garawul goýupdym. Olar gaçjak bolýanlary tutmalydylar ýa-da öldürmelidiler. Men Buhara emiri ertire çenli galasynda galyp, ertir meniň goşunymyň möçberini görüp, ýeňiljekdigini bilse, ondan soňra gaçar diýip pikir edýärdim. Oýlaýşym ýaly hem boldy. Emir daň atanda erk galanyň üstünden meniň goşunymy gördi. Ol şol ýerden maňa gygyrdy: — Näme maksat bilen geldiň, name isleýäň? — Size alty serbazymyň hununy isläp hat ýazdym. Sen onuň hununy tölemekden boýun gaçyrdyň. Meni goşun çekmäge mejbur etdiň. Henizem alty serbazyň hununyň üstüne goşun harajaty üçin 500 müň mysgal altyn töleseň, yzyma dolanýaryn. Eger onça altynyň bolmasa, öwezine laýyk bolar ýaly mal ber. Buhara emiri: — Men bu maly tölemesem, sen name edersiň? — diýip gygyrdy. — Alty serbazymyň ölümi üçin seniň başyňy alaryn. — Men seniň serbazlaryňy öldürmedim. — Sen öldürmeseň, seniň serbazlaryň öldürdi. Sen olary penaladyň, goradyň. Şonuň üçinem kast edenlere şärik bolýarsyň. Seni öldürip, mallaryňy olja edip alyp, Buharanyň häkimliginem özüme aljak. Ol: — Eger sen meni öldürip bilseň, alarsyň — diýip, diňden aşak düşüp gitdi. Iki sagatdan soňra galanyň daşynda bir galmagal turdy. Serbazlarym ol ýerden birnäçe adamy tutup, meniň ýanyma getirdiler. Men ol tutulanlaryň içinden Buhara emirini tanadym. Ol gizlin ýol bilen gaçmak isläp, meniň serbazlarymyň eline düşüpdir. Buhara emiri: — Men saňa 500 müň altyn bermäge taýýar, ýöne siz Buharadan gidiň! — diýdi. Men: — Şu gün irden serbazlaryň huny bilen 500 müň mysgal altyn bolan goşun harajatyny, öz janyň we malyň erki eliňdekä beren bolanyňda, men gidýärdim. Indi bolsa seniň janyň we malyň ygtyýary meniň elimde. Ony näme etmelidigini özüm çözerin — diýdim. Soňam birnäçe serkerdelerimiň ýanyma gelmegini buýurdym. Olar gelenden soň Buhara emiriniň ýanyndaky serkerdelerini ýere ýatyrmaga emr etdim. Gylyjymy gynyndan çykardym-da, şobada Buhara emiriniň kellesini kesdim. Bu işi bu wakany görüp duran Buharalylaryň meniň hökümdardygymy bilmekleri we boýun bolmaklary üçin, hemmeleriň gözüniň alnynda etdim. Emiriň kellesini kesenimde şeýle bir görnüş emele geldi. Onuň gany bir metr çemesi ýokaryk atyldy. Men şol mahal bir güldüm. Buhara emiri ölenden soň, onuň malyny aldym we ibermeli zatlaryň hemmesini Samarkanda ugratdym. Soňra Buhara emiriniň serbazlary bilen Buharanyň ýaşaýjylaryna şäheriň daşyndaky haýady ýykmaklygy buýurdym. Muny soň haýadyň içinde durup, garşylyk görkezip bilmezlikleri üçin etdim. Men her şäheri basyp alanymda onuň daşky haýadyny ýykdyrýardym. Soň şol şäherde özüme kynçylyk döremez ýaly ederdym. Şeýlelik bilen Buhara emirlik etmegi öz ynanýan serkerdelerimiň birine tabşyrdym. Men oňa: — Şu şäherde yslam dininiň şerigat kanuny doly ýöremelidir. Her hili kynçylyk ýüze çyksa, başyňa iş düşse, ilki bilen maňa habar ýetirmelidir — diýip sargadym. Ondan soňra Buharadan çykyp, Samarkanda geldim. Samarkantda bir düýş gördüm. Düýşümde bir merdiwan gördüm. Onuň iki aýagy ýerde, ýone hiç zada söýegsiz dik durdy. Men haýran galyp şeýle diýdim: “Bu nähili merdiwan hiç zada söýenmän, ýykylman dik dur”. Şol ýerden bir ses geldi: “Eý, Teýmir! Şu merdiwana çyk!” Men: “Bu merdiwanyň söýenýän zady ýok, mundan-a depä çykyp bolmaz, ýykylar” diýdim. Ol ses ýene ýaňlandy: “Göreňokmy, hiç zada söýenmän dur, seniň çykanyň bilenem ýykylmaz”. Men oýlanyp durdum. Ol sesiň eýesi ýene dillendi. “Eý, Teýmir! Gorkýaňmy?” Men:“Akyla boýun bolmak gorkmaklyk däldir. Gaýratym bolsa-da, ýanjagymy bilsem, özümi ýanyp duran oda oklamaryn” diýdim. Ol ses buýryk beriji äheňde aýtdy: “Merdiwan bilen ýokaryk çyk, ýykylmarsyň!” Men aýagymy onuň birinji basgançagyna basanymda, onuň düýbüniň berk — gaýymdygyny duýdum. Ýykylmak gorkusy menden aýryldy. Ýuwaş-ýuwaşdan basgançakdan basgançaga depä galyp ugradym. Birnäçe basgançak geçenimden soň, meniň çep aýagym diýenimi etmedi. Dogry çep aýagymda agyry duýmadym. Ýöne ondan peýdalanyp bilmeýärdim. Ol ses ýene sorady: “Näme üçin durduň?”. Men: “Çep aýagym diýenimi edenok” diýdim. Ol ses ýene: “Çep aýagyň diýeniňi etmäni bilen, bu saňa saklanmaga sebäp däldir. Ýokaryk çyk!” diýdi. Men onuň aýdyşy ýaly çep aýagymy süýräp ýokaryk çykyp ugradym. Ýene birnäçe basgançak galanymdan soň, sag elim diýenimi etmedi. Ýöne sag elim düýbünden däl-de, ýarym işden galdy. Şonda-da merdiwanyň söýesinden tutup bilýärdim. Diňe barmaklarym öňki ýaly hereket edip bilmeýärdi. Gowşaksydy. Netijede iň ýokaryk çykdym. Indi basgançaklar gutarypdy. Ol ses: “Näçe basgançak ýokaryk çykanyňy bilýärmiň?” diýdi. Men: “Bilemok” diýdim. Ol ses: “Şony bilmedigiň gowy. Sebäbi bu basgançaklar seniň ömrüňdir. Eý, Teýmir, sen diri wagtyň diňe ýokary galjaksyň, aşak düşmersiň. Emma elmydama ulamalaryň, şahyrlaryň, senetkärleriň hormatyny saklarsyň. Eger seniň garşyňa çyksalaram, olara ezýet bermersiň. Hatda olar yslam dinini kabul etmeselerem, olara degmegin” diýdi. Men şu nesihatlary eşidenimden soň oýandym. Şol düýşi görenime 48 ýyl geçenden soň, şu günem şol düýşüň ýorgudynyň bu dünýäde oraşan bolandygyny aýratyn belläýin. Men diňe ýokary gitdim. Dünýäniň näçe-näçe ýogyn boýunlary meniň alnymda egilmeli boldy. Şunça döwrüň içinde meniň malyma bereket berlip, güýjüme güýç goşuldy. Indem meniň Hytaýa goşun çekmek niýetim bar. Ol gören düýşümde çep aýagymyň diýenimi etmediginiň ýorgudy şeýledi. Jeňleriň birinde meniň çep aýagym agyr ýaraly boldy. Şondan bärem çep aýagym agsaýar. Sag elimiň diýenimi etmän galmagynyň ýorgudy — Kawkazyň emiri Togtamyş bilen söweşenimde, sag elden ýaraty boldum. Şondan bäri sag elimiň barmaklary göwün diýenim ýaly hereketlenmeýär. Gowuşgynsyz bolup galdy. Şu mahalam şu başdan geçirmelerimi çep elim bilen ýazýaryn. Dogry, sag elim bilen hat ýazyp bilmesem-de, onuň aýasy bilen tutup gylyç urup bilýärin. Şol düýşi görelim bäri geçen 48 ýylyň içinde başdan geçiren jeňlerimde 172 ýerimden ýaraly boldum. Emma her näçe güýçli ýara düşeni bilenem, henize çenli ýaranyň yzasyndan nala çekmedim, ýeke gezegem iňlemedim. Her wagt ýaraly bolanymda iňlemezlik üçin dişlerimi berk gysýardym. Şol düýşde sargyt edilişi ýaly, men hiç wagtda haýsy dinde bolmagyna garamazdan, ulamalara, şahyrlara, senetkärlere azar bermedim. Men soltanlyga ýetmänkämem Samarkant dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridi. Menem ony dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürdim. Ol ýerde 200 sany metjit saldyryp, her metjidiň gümmezini zerden guýdurdym. Eger Samarkandyň ýanyndaky depä çykyp seretseň, bu şäheri jennetdäki baglaryň içinde ýaly görersiň. Men her bir ýurdy basyp alanymda, şol ýerdäki ulamalary, şahyrlary, senetkärleri Samarkanda alyp gaýdýardym. Ýöne bu hem olaryň öz islegine baglydy. Diňe senetkär ussalaryndan peýdalanardym. Ulamalara bolan hormatym hasam uludy. Nahiçewanda mesihi alymy meniň ýanyma gelende ony uly hormat we mähir bilen kabul etdim. Ony ýanymda oturtdym we iýmek-içmek bilen hezzetledim. Ol bolsa nahar iýip bolandan soň, maňa minnetdarlyk bildirmegiň ýerine gaýta ykarat etdi. — Eý, emir Teýmir! Sen özüň “Men musulman, Hudaýa ynanýan” diýýäň, name üçin munça gan döküp, Allanyň bendelerini öldürýäň? Men: — Ol adamlary öldürýärin we öldürerin. Olar yslam dinine girip, ýene ondan dändiler. Ikiýüzlileriň jezasy ölümdir —diýdim. — Sen Ermenistandaky köp mesihileri öldürdiň, name olaram musulman bolup, dininden dänipmidiler? — Olar harby kapyrlardyr. Özlerem garşylyk görkezýärler. Olar musulmanlar bilen söweş etmäge bahana gözleýärler. Şonuň üçinem söweşmäge bahana agtaryp, yrsaraýanlaryň jezasy hem ölümdir. Eý, mesihi! Sen özüň ulamalaryň hataryndadygyňa şükür et! Meniň ýaly patyşa ykarat etmegiň jezasynyň nämedigini görkezerdim. Eger sen ulama ýa alym bolmadyk bolsaň, gözümiň alnynda deriňi sypyrdardym. Sen ulama alym bolanyňdan soň, ganyňy geçýärin. Şu sözümden soň ol menden ötünç sorady. Men onuň ötünjini kabul etdim, ony Samarkanda ýolladym. Ol ençe wagt ol ýerde bolanyndan soňra, men ony ilçi edip, Pereň patyşasynyň ýanyna ugratdym. Şol döwürde Buharadan Samarkanda gelenimde ýene bir düýş gördüm. Düýşümde Buhara emiriniň dostlary bolan Mawerannahryň bäş sany uly emirleri agyz birikdirip, meniň garşyma çykmaga äht edýärdiler. Olar 100 müň serbaz bilen Samarkanda goşun çekip, meni öldürjek bolýarlar. Men bu düýşi görmänkäm özüme göwnüm ýetip, özümi gujurly hem gaýratly adam hasaplaýardym. Düýşi görenimden soň, Allatagalanyň meniň arkamda durandygyna, söweş meýdanlarynda maňa kömek etjekdigine berk ynandym. Onda-da men ätiýajy elden bermeýärdim. Allatagalanyň ýardamyna mynasyp bolýan adam hiç wagt ätiýajy elden bermeli däldir. Ol biakyl, ýeňilkelle bolmaly däldir. Ol hemişe Allany ýatlap durmalydyr. Meniň paýhasym şu ýerde olaryň agzy birleşip, üstüme goşun çekmänkä, olaryň üstüne goşun çekip, ýeke-ýekeden dargatmagymy ündedi. Şonluk bilen Samarkandyň emirligini öz ynamly serkerdäm Şir Bahadur hana tabşyryp, özüm göşun bilen ýola düşdüm. Şol gidişimeJeýhun derýanyň kenaryndaky Termez diýen ýurda bardym. Jeýhun derýasyndan goşuny geçirmekçi boldum. Emma suw ýüzünde gezip ýören gämi ýa gaýyk gözüme ilmedi. Eger şol wagt Jeýhun derýasynyň daşyp durmadyk wagty bolanda biz ondan urup geçerdik. Bu wagt ondan at-a beýle-de dursun, pilem geçip bilmeýär. Şonda Mawerannahrda uly derýalaryň bardygy üçin, goşuna olardan geçmäge gaýyklaryň gerekdigine düşündim. Özem şony goşunyň ýanynda göterip alyp gider ýaly edip gurnamalydy. Men şol ýerden Şir Bahadura: “Dessine gaýyk ýasaň, özem şol gaýyklary at araba bilen alyp gider ýaly bolsun!” diýip, hat ýazdym. Bu ýerde ol gaýyklaryň ýasaljagyna garaşsam, kän wagtym gitjekdi. Men serbazlarymy derýa boýunda gaýyk bar bolsa, baryny alyp gelmek üçin dürli taraplara ugratdym. Basym serbazlar belli bir mukdarda gaýyklary ýygnadylar. Men ol gaýyklar bilen goşunymy Jeýhun derýasyndan geçirdim. Bu bir gün wagtymy aldy. Ondan soň, düýşümde görnen bäsiň biri emir Gazanperiň ýurduna tarap çaltlyk bilen süýşüp ugradym. Men onuň ülkesine baramda emir duýup, öňünden gaçyp gitdi. Onuň ähli atlaryny we mallaryny olja edip aldym. Emma halka azar bermedim. Sebäbi olar garşylyk görkezmediler. Ondan soň şol bäşleriň ikinjisi emir Lektütüniň ýurduna ugradym. Ýöne olar yslam dininde däldi. Emir Lektütüniň 4 müň adamlyk goşuny bardy. Ýöne meniň her serbazym iki atlydy. Şonuň üçinem meniňgoşunym ýoly çalt ýöreýärdi. Şeýdip ýol ýöremegi Çingiz hanyň ýörişleriniň taryhyndan öwrendim. Men bu emel bilen köp jeňlerde gowy netije gazandym. Sebäbi çalt ýöremek köplenç duşmany gapyl basmaga ýardam ederdi. Bir gezek Horasanyň merkezi şäheri Sebzewary basyp alanymda, Buharadan Sebzewara 20 günde baryp ýetdim. Bu ýerliler üçin garaşylmadyk ýagdaýdy. Şäheriň ýaşaýjylary ýygnanybam ýetişmändi. Men Sebzewary alanymdan soň, olaryň garşylyk görkezendiklerine gahar edip, her serbazyma getiren kellesini bir dinara satyn aljakdygymy aýtdym. Meniň bu işim hem şerigat kanunyna daýanýardy. Sebäbi ol ýeriň adamlary mürtetdi (ýagny dinden dönen öwrülenlerdi). Şoňuň üçinem olaryň jezasy ölüm bolmalydy. Şeýlelikde, serbazlarymdan 15 müň dinara 150 müň kelläni satyn aldym. Soň ol kesilen 150 müň kelleden ýüzüni kybla öwrüp, bir minara salmagy buýurdym. Ýüzlerini Käbä tarap öwürdenimiň sebäbi, meniň Alla ýolunda söweşýändigimi bildirmek we bu işi Käbäniň hudaýynyň razylygy üçin edendigimi aýan etmekdi. Minaranyň beýikligi 30 metr boldy. Şondan soň öňki adatym boýunça şäheriň haýatyny ýykdyrdym we goşunymy ýola saldym. Sebzewaryň birentek ýaşayjylarynyň dag daşlarynyň arasynda gizlenip galandygyny bilýärdim. Meniň goşunymy ýola salmakdan maksadym, olary gizlenip ýatan ýerindaen çykarmakdy. Çaklamam dogry çykdy. Olar gizlenip ýatan ýerinden çykdylar. Men ýene yzyma öwrülip, olaryň galanlaryny hem gyrdym… 759-njy hijri ýylynyň Gurban aýynyň ýedisine meniň goşunym bilen emir Lektütüniň goşuny söweşdi. Söweş başlanmanka 200 sany serbazymy söweş meýdanynyň ýeňsesindäki tirkelen atlary saklamaga goýdum. 3800 serbaz bilenem Lektütüniň goşunynyň üstüne hüjüm etdim. Söweşýän ýerimiz giň jülge bolansoň, ol ýerde atly goşuna päsgelçilik ýokdy. Men goşunymy göwnümiň isleýşi ýaly ugrukdyryp bilýärdim. Öz aýal doganymyň äri Hüseýine 500 sany serbaz bilen duşman goşunynyň öňünden gaçmagy tabşyrdym. Garşydaş goşuny ikä bölmek üçin şeýtdim. Soňam oňa şol gaçyp barşyna birdenem yzyna öwrülip, ýaý okuna tutmagy buýurdym. Beýleki serkerdelerime söweşde ilki bilen naýzaly hüjüm edip, duşman serbazlarynyň atyny ýaralamagy, şeýdibem serbazlary atdan düşürmegiň möhümdigini aýtdym. Atly bilen söweşeniňden pyýada bilen söweşmek juda ýeňil düşjekdi. Ýöne beýleýagdaýda duşmany ýeňenimden soň, at oljasyndan zyýana galjakdym. Emma her söweşde oljadan öňünçä duşmany ýeňmegiň pikirini etmeli. Söweş başlandy. Meniň körekenim aýdyşym ýaly edip, duşmanyň öňünden gaçdy. Men 200 ýa 300 adamdan kän onuň yzyndan kowmaz öýdýärdim. Emma onuň yzyna düşen kowguçylaryň sany 1000-denem geçip gitdi. Söweşde duşmanyň garşysyna her hili hile, mekirlik gurmak, namartlyk däl-de, gaýta ol özbaşyna bir hünärdir. Esasy maksat duşmany ýeňmekdir. Söweşde serbazlarym duşman goşunynyň köp atlaryny öldürip, köp goşuny pyýada goýdular. Özümiň Nusratly atly serkerdäme 500 atly berip, pyýada galan duşmanlary gyrmagy buýurdym. Ýarym sagatdan soň Nusratly öz serbazlary bilen şeýle bir gazaply hüjüm etdi welin, olar pyýada galan goşuny garynja öldüren ýaly edip gyrýardylar. Lektütüniň serbazlary nähili garşylyk görkezjekdiklerini bilmän, gorky bilen gygyryp, aljyrap gaçýardylar. Bu söweş ýene bir gezek ýeňşiň goşunyň baştutanynyň gujur-gaýratyna baglydygyny görkezdi. Men şol gün hiç mahal duşmanyň adyndan ýa-da uly dabarasyndan gorkmaly däldigine göz ýetirdim. Sebäbi emir Lektütün Mawerannahrda atly, uly emirleriň biridi. Her wagt ol ata atlanjak bolanda, dokuz sany sygryň guýrugy asylan baýdagy gabat garşysynda galdyrardylar. Emir Lektütün özüni türk kowmunyň iň gadymy hem asyl urugyndan hasaplaýardy. Ol öz urugyny hiç bir urug bilen deňeşdirmeýärdi. Ýöne özüni şeýle tekepbir tutsa-da, onda gaýrat ýokdy. Ol öz serbazlaryna jeň tälimini berip bilmändir. Ol gün onuň serbazlarynyň meniň atlylarymyň öňünde ibir-zibir bolup gaçmagy hem muny subut edýär. Eger olar düzgünli bolanda, bir hatara düzülip, naýza bilen garşydaşlaryny garşylamalydylar. Emma olar tersine awçydan sypjak bolýan towşan ýaly, başly-barat gaçýardylar. Men onuň serbazlarynyň gaçyşyny görenimde ýeňşiň biziň tarapymyzdadygyna göz ýetirdim. Eý, meniň başdangeçirmelerimi okaýan kişi! Şu hakykata öz gözüň bilen gören ýaly ynan. Söweş meýdanynda serbaz nalajedeýin, gorkak bolsa, bu onuň goşun serdarynyň hem gorkakdygynyň, nalajedeýindiginiň nyşanydyr. Goşun baştutanynyň näjüre adamdygyny onuň serbazyny göreňde, edil aýnada gören ýaly bilip bolýar. Edermen goşunbaşyň gorkak serbazy bolmaýar. Emir Lektütünem wagtyny diňe iýip-içmek bilen geçirmän, goşuny hakda pikir edip, üstünde azajyk işlän bolanda onuň serbazlaram beýle bolmazdy. Meniň serbazlarymyň her gün ir bilen söweş türgenleşigine başlamanka, bilelikde gygyryp aýdýan şygary bardy. “Meniň gözlerim söweş täliminden başga zady görmesin. Jamdaky meý janyma haramdyr”. Söweşde giýewim Hüseýin söweş öwrümini aýdyşymdanam gowy edip, ýerine ýetirdi. Eger men emir Lektütüniň goşunynyň beýle gowuşgynsyz, gowşakdygyny öňünden bilenimde, onda Hüseýine bu söweş öwrümini etdirmegiň geregi-de bolmazdy. Şeýlelik bilen Hüseýin duşman goşunynyň yzyndan öwrülip, bize gelip goşuldy. Hüseýin gelenden soň, duşman goşunynyň ýagdaýy hasam erbetleşdi. Şol wagt emir Lektütün goşunyny taşlap, gaçmakçy boldy. Emma Hüseýin onuň ýoluny baglap ýetişdi. Onuň goragçylary bilen bolan söweşde Hüseýin öldi. Emma oňa gaçmaga ýol bermedi. Men Hüseýiniň jesedini keçä dolap, söweş meýdanyndan çykaryp, Samarkanda äkidip, jaýlamagy buýurdym. Eger körekenim Hüseýin onuň ýoluny baglamadyk bolanda ol gaçyp sypardy. Emir Lektütün çen bilen 40 ýaşlaryndaky gara ýüzli adamdy. Ol şol gün doly söweş geýmindedi. Meniňem söweş donum bardy, ýöne baş gabym ýokdy. Ýanymda birnäçe serkerdelerim we serbazlarym bardy. Emir Lektütüniň ýanyna golaýlaşdym. Ol türki dilde gygyryp, menden sorady: — Eý, juwan, sen kimsiň? Men parsy dilde: — Men seniň ölümiň — diýip, jogap berdim. Emir Lektütün ýene-de türki dilde: — Seniň näme diýýäniňe düşünmeýärin — diýdi. Men indi türki dilde şol aýdanymy gaýtaladym: — Men seniň ajalyňdyryn. Şeýle diýip, atyň uýanyny dişim bilen dişläp, iki gylyç bilen hüjüme geçdim. Onuň goragçylary öňüme çykdylar. Olary badyma atdan agdaryp, badyma emiriň ýanyna ýetdim. Ol maňa tarap, birnäçe sapar kement oklady. Meniň gylyçlarym onuň kementlerini howada heniz ýetmänkä kesip taşlaýardy. Emir Lektütün öz serabazlary ýaly ýeke eli bilen gylyç urýan ekeni. Ony öldürmegiň aňsatdygyny bilýärdim. Sebäbi çep elimdäki gylyç bilen onuň gylyjynyň öňüni saklap, sag elimdäki gylyç bilen urýardym. Diňe onuň demirden bolan söweş eşigi ony çalt ölmekden azajyk wagtlyk goraýardy. Men ahyry sag elimdäki gylyç bilen onuň aýagyny kesdim. Ikinji gezek uranymda onuň çep elini kesdim. Ol şondan soň, garşylyk görkezmäge ýaramady. Men ýanymdakylara onuň kellesini kesip, naýza ildirip, emiriň goşunyna görkezip: “Emiriňiz öldi, boýunboluň!” diýip, gygyrmagy buýurdym. Olar aýdyşym ýaly etdiler. Emiriň ölenini eşiden serbazlary boýun egdiler. Şeýdibem öýle namazyndan öňünçä onuň goşunyny doly ýeňdik. Onuň ähli ýaşaýjylary bilen ogul-gyzlaryny ýesir aldym. Şondan soň atdan düşüp, suw getirdip, täret alyp, öýle namazymy okadym. Bu söweşde ýeňiji bolanym üçin beýik Allatagala şükürler etdim. 5100 sany aýal-gyz ýesir düşdi. Men olary keniz hökmünde serbazlaryma paýladym. Olar bolsa öz ýesirlerini Samarkandyň gul bazarynda satdylar. Bu söweşde meniň goşunymdan 525 adam we körekenim Hüseýin wepat boldy. Emma öwezine Mawerannahryň atly hökümdarlarynyň biri bolan Lektütüni aradan aýyrdym. Söweşden dolanyp gelenimde Samarkanda iki sany mysapyr alymyň gelendigini habar berdiler. Olaryň aslyny sorasam, Dymyşk şäherindendigini aýtdylar. Soň anyklap otursam, olaryň biri Dymyşkly bolup, beýlekisi Halap şäherinden ekeni. Öňem aýdyşym ýaly, ynsan öz öňündäki boljagy bilýän däldir. Men ol mysapyr alymlar Samarkanda geleninde, soň-soňlar olaryň nesilleriniň men hakda kitap ýazjakdygy barada pikirem edemokdym. Bu gün bolsa meniň ömrümden 70 ýyl geçip barýar. Gysgaldyp bir sözde aýtsam, şol mysapyrlaryň biriniň ady Kemaletdindi. Ondan bir ogul boldy. Onuň ady Nyzametdin Şamydy. Ol men hakda “Zafarnama” atly bir kitap ýazdy. Beýleki mysapyryň ady Arapşady. Onuň perzendiniň adam ibn Arapşa bolup, olam şu mahal men hakda bir kitap ýazyp ýör. Ol heniz ýazyp gutarmasa-da, kitabynyň mazmunyny maňa beýan etdi. Onuň kitabynyň ady “Teýmiriň başyndan geçen geň we geň galdyryjy wakalardy”. Ol mysapyrlar 765-nji hijri ýylynyň dört tirkeşiginiň üçünji aýynda Samarkanda gelipdiler. Men olary ýanyma çagyryp, hormat bilen kabul etdim. Duz-tagam bilen hezzetledim. Soňra olaryň bilim derejeleriniň nähili derejededigini bilmek üçin käbir soraglary berdim. Ilki bilenNuhuň tupany baradaky sowal bilen Kemaletdine ýüzlendim. Onuň beren jogabyndan göwnüm bitdi. Onsoň Dymyşkly alym Arapşa ýüzlenip, ondan diri öwlüýäleriň 360 sany bolup, olaryň sanynyň artyp-kemelmeýäniniň hakykatyny soradym. Eger solar aýrylsa, dünýäniň dargajakdygy baradaky pikiriň näderejede delillidigini aýtmagyny isledim. Ol: — Bu dünýä Allatagalanyň gizlin ybadat edip duran dostlarynyň hormatyna saklanyp durandyr — diýip jogap berdi. Sorag-jogaplardan bu gelen alymlaryň bilim gorunyň ýetikdigine gözüm ýetdi. Birnäçe wagt myhman bolup, gitjek mahallary hoşlaşmaga geldiler. Men olaryň hersine bir at bilen 500 dinar sowgat berdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |