11:48 Ene dilim - eýe dilim | |
Annamuhammet Allagulyýewiñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Anna, 26.04.2024 ý. Garaşsyz Bitarap Berkarar döwletimizde ata-babalarymyzyň gürlän diliniň döwlet dili bolmagy guwandyrýar. Arza, häsiýetnama, terjimahal we şuňa meňzeş resminamalary esasan, rus dilinde ýazmaly bolýanlygymyz ýaşuly nesliň ýadynda bolsa gerek. Çagalarymyzy rus dilinde okadylýan mekdeplere berip, şahsy kitaphanalarymyzy bolsa diňe rus dilinde ýazylan kitaplardan dolduryp orslaşmaga ymtyldyk. Hatda Magtymguly, Mollanepes, Şabende ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň kitaplaryny käbirlerimiziň kitap tekjelerimizde görüp bolanokdy. Segseninji ýyllarda bolup geçen bir wakany ýatlasym gelýär. Şol gezek 8-nji mart baýramçylygynda mugallymlar bolup, zenan kärdeşlerimize gül çemenini we Magtymguly Pyragynyň kitabyny sowgat berdik. Şonda kärdeşlerimiň käbirleri «düşünemizok” bahanasy bilen sowgat beren kitaplarymyzy yzyna gaýtardy. Bile işleşip ýören ýaşuly kärdeşimiziň biri sowgady yzyna gaýtaranlara bu hereketleriniň gelşiksizdigini, türkmenleriň öz Magtymgulysyny orslaryň Puşkini söýşi ýaly belki ondan hem artygrak söýýändiklerini aýtdy. Şeýle hem öz şahsy kitaphanasynda türkmen dilindäki edebiýatlardan başga-da Puşkiniň, Lermontowyň we beýleki rus şahyrlarynyň, ýazyjylarynyň kitaplarynyň-da bardygyny aýdyp, olaryň bu hereketlerni ýazgardy. Sowgady almadyklar şondan soňra ötünç sorap kitaby aldylar. Şol döwürler rus dilinde okadylýan mekdeplerde türkmen dili sapagyny öwrenmäge ujypsyz wagt berilýärdi, düýbünden okadylmaýan ýerlerine hem gabat gelmek bolýardy. Şeýle ünsden düşürmeler bolsa, ýokardaky ýaly «düşünmezlikleriň» ýüze çykmagyna getirdi. Bu zatlary ýatlamak bilen, bir milleti beýleki bir milletden ýokary goýmak, başga milletleri kemsitmek maksadymyz ýok. Öňler çagalaryny rus dilinde (okadylýan mekdeplerde okatmaga isleg bildirýänler köp bolsa, häzirki wagtda) türkmen dilinde okadylýan mekdeplerde beýleki milletlerden bolan çagalaryň okaýandygy guwandyryjy ýagdýadyr. Kitap dükanlarynda türkmençe ýazylan kitaplaryň başga milletleriň wekilleri tarapyndan satyn alynýandygyny görmek bolýar. Arada ors milletinden bolan tanşymyň öýünde myhmançylykda bolanymda onuň şahsy kitaphanasyndaky uly rusça-türkmençe sözlüge we beýleki çeper kitaplara gözüm düşende bir gez beýgelen ýaly boldum. Näme üçindir käbirimiz hiç dilden pesde durmaýan öz ene dilimiz barka özge dilde gürleşmäge çalyşýarys. Beýik Pyragy «Neýleýin ol arap zyban – asyl zybanym bar meniň» diýmek bilen öz dilimiziň hiç bir dilden kem däldigini nygtap gidipdir. Nemes akyldary Gýote «Özge dillerden baş çykarmaýan kesiň, öz dili barasyndaky düşünjesi ýabygorludyr» diýýär. Özge dilleri hem öwrenmeli, ýöne bilýän diliňi öz ýerinde, zerur halatynda ulanmak medeniýetliligiň nyşanymyka diýýärin. Döwlet özüniň dili bilen beýleki döwletlerden tapawutlanmaly. Nemes ýazyjysy we dramaturgy Laube Genrihiň (1806-1884) aýdyşy ýaly, “Halkyň dilini aldygyň onuň ýüregini aldygyňdyr”. Dil halkyň ýüregi hasaplanypdyr. Häzirki döwürde öz milli – ene dilimizde – döwlet dilimizde saýtlaryň köpelmegi, halkyň internetden peýdalanmak mümkinçilikleriniň elýeterli bolmagy, hususan-da "Türkmen edebiýaty" kitapcy.ru edebi saýtynyň türkmen dilinde alyp barýan köpugurly işi bizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Özümize gerekli bolan materiallary özge dillerde däl-de, hut öz türkmen dilimizde kitapcy.ru saýtyndan gözläp tapyp bilýäris. Milli dilimizdäki sifrleýin maglumatlaryň (informasiýalaryň) örüsi barha we barha giňeýär, şeýle-de döwlet boýunça ilata hödürlenýän elektron hyzmatlar gün-günden artýar, muňa biziň begenjimiziň çägi ýok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||