08:59 Tankydy pikirlenme we pedagogyň kompotentligi | |
TANKYDY PIKIRLENME WE PEDAGOGYŇ KOMPETENTLIGI
Ylym we tehnologiýa
• Tankydy pikirlenme Alnan önüm tankydy barlanmasa we onuň hili bahalandyrylmasa (ýörite testden geçirilmese) döredijilik hasylly bolmaz. Döredijilik pikirlenmesi – bu pikirlenmäniň netijesi haýsy-da bolsa bir meseläniň prinsipial täze ýa-da kämilleşdirilen çözüwidir. Döredijilik pikirlenmesi täze ideýalary döretmäge gönükdirilendir, tankydy pikirlenme bolsa şol ideýalaryň ýetmezçiliklerini aýan edýär. Olaryň aýratynlykda ulanylýandyklaryna garamazdan meseläni netijeli çözmek üçin iki pikirlenme hem zerurdyr. Peýdaly we netijeli çözgütleri tapawutlandyrmak üçin döredijilik pikirlenmesiniň tankydy pikirlenme bilen üsti ýetirilmelidir. Mekdep ýetginjegi durmuşa, zähmete taýýarlamalydyr, onuň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine we ösüşine hemaýat etmelidir. Mugallym okuwçynyň dürli bilimleri özleşdirmek we döredijilikli pikirlenmek endiklerini ösdürmekde ýadawsyz iş alyp barmalydyr. Pedagogikada “Nämäni öwretmeli?”, “Näme üçin öwretmeli?”, “Nädip öwretmeli?” şeýle-de, “Nädip netijeli öwretmeli?” diýen soraglar goýulýar. Häzirkizaman jemgyýetiniň ösüşi okuw işini guramagyň täze çemeleşmelerini talap edýär we ähli görnüşdäki okuw mekdepleriniň, şonuň bilen birlikde orta mekdebiň öňünde: zerur bolan bilimleri özbaşdak almak bilen, olary ýüze çykýan dürli meseleleri çözmekde ulanmaga; özbaşdak tankydy pikirlenmäge, ýüze çykýan meseleleri görmäge we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, olary çözmegiň ýollaryny gözlemege; alnan bilimleri dogry ulanmaga; täze ideýalary hödürläp, döredijilikli pikirlenmege; informasiýalary sowatly işlemäge (kesgitli meseläni çözmek üçin gerekli maglumatlary ýygnamagy, olary seljermegi, umumylaşdyrmagy, ony başga çözüwler bilen deňeşdirmegi, netije çykarmagy we ş.m.); toparlarda dürli ugurlar boýunça işlenende gapma-garşylykly ýagdaýlardan baş alyp çykmaga; ahlaklylyk, akyl ýetirijilik (intellektlilik), medeniýetlilik derejelerini ösdürmegiň üstünde işlemäge ukyply uçurymlary taýýarlamak wezipesini goýýar. Doly bahaly toplumlaýyn bilim almakda informasion tehnologiýalardan (IT) ezber baş çykarmak zerur bolup durýar. Ýokary synp okuwçylarynyň informasion tehnologiýalardan peýdalanyp, çylşyrymly meseleleri çözüp bilmegi üçin olaryň informatika dersinden ýeterlik bilim başarnyklary bolmalydyr. Häzirki zaman informasion tehnologiýalary okuwçylarda tankydy pikirlenmäni kemala getirmekde esasy serişdeleriň biri bolup durýar. Tehniki serişdeler we internet tehnologiýasy Informasion tehnologiýany emele getirýärler. Informasion tehnologiýanyň tehniki serişdelerine kompýuter (öwrediji programmalar bilen işlemek; matematiki hasaplamalary ýerine ýetirmek; informasiýalary gözlemek; dürli işleri modelleşdirmek) we multimedia (kompýuter programmalary, öwrediji wideofaýllar, prezentasiýalar, global Internet torundan materiallary ulanmak) serişdeleri degişlidir. Bilim informasion tehnologiýasyna (Internet tehnologiýasyna esaslanýan) elektron kitaphanalar, webinarlar, elektron gündelik we žurnal ulgamlary degişlidir. Tankydy pikirlenmäni kemala getirmekde informasion tehnologiýanyň dürli mümkinçilikleri ulanylyp bilner. Informatikany okatmak işinde programmalaşdyrma endikleriniň öwredilmegi okuwçylarda (geljekki hünärmenlerde) zerur bolan algoritmik we operasion pikirlenme usulynyň kemala gelmegine getirýär. Soňky döwürde okatmagyň nazaryýetini öz içine alýan, okuwçynyň şahsyýetiniň ösmegine gönükdirilen programma serişdelerini işläp taýýarlamak we olardan netijeli peýdalanmak ileri tutulýan ýörelgeleriň birine öwrüldi. Aýratyn hem şahsyýetiň ösmeginde, onda tankydy pikirlenmäniň kemala gelmeginde bilim bermegiň täze serişdeleri: modelleşdirme sistemasy, işewürlik oýunlary, wirtual dünýäler, synag sistemalary, multimedia we elektron maglumathanalary (sprawoçnikler), ensiklopediýalar möhüm orun tutýar. Amerikaly alym D.H.Jonassen multimedia serişdelerini, synag sistemalaryny, maglumatlar bazasyny we tablisa prosessoryny tankydy pikirlenmäni ösdürýän okuw serişdeleriniň hataryna degişli edýär. Ýokary synp okuwçylarynyň informatika sapagynda informasion tehnologiýalara esaslanýan tankydy pikirlenmesini kemala getirmeklige gönükdirilen okuw-öwrenijilik işini netijeli gurnamagyň aýratynlyklaryna seredeliň: 1. Informasion tehnologiýalaryň artykmaçlyklarynyň biri hem onuň okatmagyň konstruktiw modelini amala aşyrmaga mümkinçilik berýänligidir, onda okuwçy işjeň hereket edýär, öz bilimini konstruirleýär we dünýäni özüçe kabul edýär. Konstruktiwistik gurşaw ylmy çaklamalary (gipotezalary) barlamak maksady bilen synaglary (eksperimentleri) geçirmek, alnan netijeleri seljermek, algoritmleri işläp taýýarlamak, kanunalaýyklygy derňemek, alnan maglumatlary mazmun taýdan düşündirmek üçin hyzmat edýär. Şeýle işler amala aşyrylanda tankydy pikirlenmeler ýüze çykýar. Tankydy pikirlenmeler real ýagdaýlary, işleri we hadysalary modelleşdirmekde netijeli gurallar bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, tankydy pikirlenme analitiki, grafiki, obýektiw modelleri gurmaga olara üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmäge, dürli parametrler bilen modelleriň wariantlaryny seljermäge, deňeşdirmäge, hödürlenýän çözüwi barlamaga we olardan iň gowusyny saýlamaga mümkinçilik berýär. 2. Informasion tehnologiýa wizuallaşdyrmagyň (kompýuter grafikasyny ulanmak bilen görkezip okatmak) didaktiki prinsiplerini öz içine alýar we gelejekde olaryň ösmegine ýardam berýär. Wizuallaşdyrma dürli wariantlarda okuw işini dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa olaryň tankydy pikirlenmesiniň ösmegine oňaýly täsirini ýetirýär. 3. Informasion tehnologiýalary ulanyp meseläni çözmegiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak mümkin. Bu mümkinçiliklere tablisa prosessorynda üýtgeýän parametrleriň bahalaryny seçip almak bilen barlanýan ululygyň netijesini kesgitlemekde ýerine ýetirilýän örän uly hasaplamalary mysal getirmek bolar. Şu amallar çaklamany öňe sürmekde we barlamakda, modelleri gurmakda we seljermekde, tankydy pikirlenmäniň barlag we refleksiw başarnyklaryny (öz-özüňi barlamak, alnan netijäni seljermek we ony meseläniň şerti bilen deňeşdirmek) kemala getirmekde, anyk netijäni kesgitlemekde ýerine ýetirilýär. Tablisa prosessorynda tankydy pikirlenmäniň informasion başarnyklaryny kemala getirmäge ýardam berýän gurallaryň toplumy (ulanyja gerek bolan maglumatlary gözlemek we tapmak, umumylaşdyrmak, olary kesgitli nyşanlary boýunça tertipleşdirmek) peýdalanylýar. 4. Informasion tehnologiýa tankydy pikirlenmede refleksiw başarnyklary ösdürmegiň serişdesi bolup durýar. Informasion tehnologiýalar materialyň özleşdirilişiniň netijeliligini barlamakda möhüm orny tutýar. Informasion tehnologiýa pikirlenişi işjeňleşdirýär, ýerine ýetirilen işde öz goýberen ýalňyşlaryňy özbaşdak tapmaga we ony düzetmäge mümkinçilik berýär. Mugallym okuwçynyň diňe bir bilimleri toplamagyny nazarda tutman, eýsem okuwçynyň informasion tehnologiýany ulanyp, alan bilimlerini özbaşdak tankydy bahalandyrmagyny gazanmalydyr. Tankydy pikirlenýän adam durmuşda gabat gelýän meseleleri (müşgüllikleri) netijeli çözmegiň hötdesinden gelýär. B.Bolotow tankydy pikirlenme ters pikir ýöretme ýa-da tankytlamak bolman, öz garaýyşyňy, pikiriňi, bahalandyrmaňy kemala getirmek üçin çemeleşmeleriň dürlüligine paýhasly garamakdyr diýip belleýär. Okuwçylaryň döredijilikli işlemekleri üçin olaryň okuwynda kompýuter öz ornuny tapmalydyr. Kompýuter şol bir bir wagtda birnäçe okuwçy bilen işlemeklige mümkinçilik berýär we kompýuter programmalary okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde amatly serişdeleriň biridir. Kompýuter programmalary sesi, suraty, hereketi (animasiýany), wideony we teksti dürli usullar bilen birikdirip, temany (wakany) has-da ynandyryjy, täsirli we düşnükli beýan etmäge mümkinçilik berýär. Ösen tehnologiýany ýerlikli peýdalanmak okuwçylaryň özbaşdak bilim almaklaryna, öz bilim derejelerini ösdürmeklerine we tankydy pikirlenmelerine oňaýly täsir edýär. Okuwçylaryň işjeňligini we okuwyň netijesini ýokarlandyrmakda mugallymlaryň öňünde aşakdaky wezipeler durýar: • okuwçylarda okuwa bolan höwesi (gyzyklanmalary) oýarmak; • sapak döwründe okuwçylara okuwuň mazmuny we görnüşi boýunça iň bir ähmiýetlilerini saýlamaga mümkinçilik berýän didaktiki materiallary ulanmak; • okuwçynyň gazanýan üstünliklerini yzygiderlikde bahalandyryp durmak; • okuwçylaryň iş usullaryny seljermek we olaryň iň gowularyny saýlamak; • sapakda her okuwçynyň özbaşdak, döredijilikli işlemegine mümkinçilik berýän pedagogik ýagdaýy döretmek. Sapakda tankydy pikirlenmäni ösdürmek tehnologiýasyny ulanmagyň maksady diňe bilimi özleşdirmek däl-de, bilimiň seljermä, bahalandyrma we refleksiýa esas bolup hyzmat etmegini gazanmakdan ybaratdyr. D.Kluster tankydy pikirlenmä aşakdaky düşündirişleri berýär. 1. Tankydy pikirlenmek özbaşdak pikirlenmekdir. Okuwçylar erkinlikde pikirlenip iň bir çylşyrymly soraglara hem özleri jogap tapmalydyr. Tankydy pikirlenmäniň orginal bolmadyk ýagdaýynda-da mugallym ony kabul etmelidir. Özbaşdaklyk tankydy pikirlenmäniň esasy häsiýetleriniň iň möhümidir. 2. Informasiýa we bilim tankydy pikirlenmäniň başlangyç nokatlarydyr. Bilim esaslanmany (delili) döredýär. Ol bolmasa adam tankydy pikirlenip bilmez. Okuwçylaryň öwrenijilik işlerindäki her bir täzelik (fakt) olary tankydy pikirlenmä sezewar edýär. Tankydy pikirlenmäniň esasynda adaty akyl ýetiriş özbaşdaklyk häsiýetine eýe bolup, ol oýlanyşykly, erkin we netijeli bolýar. 3.Tankydy pikirlenme soraglary goýmakdan we çözmeli meseläni aýdyňlaşdyrmakdan başlanýar. 4. Tankydy pikirlenmede ynandyryjy argumentler gözlenilýär. Tankydy pikirlenýän adam paýhasly we esaslandyrylan delilleri getirmek bilen meseläni öz usulynda çözmegi başarýar. Ol öz netijesiniň takyklygyny we dogrulygyny subut etmäge çalyşýar. 5. Tankydy pikirlenme – sosial (durmuşy) pikirlenme. Islendik pikir başgalar bilen paýlaşylanda synagdan geçýär we baýlaşýar (kämilleşýär). Okanymyzda, pikir alşanymyzda, özara maslahatlaşanymyzda garaýyşlarymyzy berkidýäris we çuňlaşdyrýarys. Şeýlelikde okuw ulgamy okuwçynyň bilim standartyny özleşdirmegini we okuwyň ýokary derejede bolmagy kepillendirýär. Okuwçy öz derejesini kesgitlemäge mümkinçilik alýar, bu bolsa onuň okuwa imrinmegine getirýär. Pikirlenmäni ösdürmek – pikirleniş başarnygyny ösdürmekdir, ol çagada şahsyýet hökmünde aşakdaky görkezijileri kemala getirmelidir we ösdürmelidir. • Tankydy pikirlenmäniň ösüş tehnologiýasynyň aýratynlyklary: 1. Tankydy pikirlenmäniň ösüş tehnologiýasy söhbetdeşlikde şeýle hem bilimi özleşdirmekde deň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny göz öňünde tutýar. 2. Tankydy pikirlenmäniň ösüş tehnologiýasy kadasynda işlemek bilen mugallym informasiýanyň esasy çeşmesi bolmaklygyny bes edýär we tehnologiýanyň tärlerini ulanyp okamagy bilelikdäki gyzykly gözlege öwürýär. Informasiýa bilen işlemeklik okatmagyň esasy mazmunydyr, bu bolsa dürli kysymly, gapma-garşylyklaýyn maglumatly islendik informasiýa bilen işlemegiň reproduktiw bolmadyk özbaşdak tankydy pikirlenme endiklerini talap edýär. Ilkinji nobatda bu internetde işlemekligi özleşdirmeklige we uly möçberdäki informasiýalar bilen işlemeklige gönükdirilendir. Esasy maksat okuwçylaryň internetden özlerine gerekli informasiýalary gözläp tapmagy däl-de, olaryň, internetiň maglumat resurslaryny tankydy nukdaýnazardan peýdalanmagy başaryp bilmegidir. Pikirlenme özbaşdak bolan ýagdaýynda, tankydy pikirlenme bolup biler. Okuwçy kyn meseleleri hem özbaşdak çözmäge çalyşmalydyr. Özbaşdak işlenende okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan informasiýalary internetden gözlemeli bolýarlar. Okuwçylar gözlegiň umumy tehnologiýasyny bilmelidirler: • soragy gysga we düşnükli görnüşde anyklap, gözlegiň temasyny kesgitlemegi; • gözlegde çäklendirmeleri görkezip, esasy möhüm zatlary tapawutlandyrmagy; • gözlegiň netijesinde alnan materialy doly gözden geçirip, soňra berlen tema has golaý salgylara ýüzlenmegi. Şeýle hem olar alnan informasiýanyň hilini kesgitläp ony bahalandyrmagy başarmalydyr. Okuw işini tankydy pikirlenmäniň ösüş tehnologiýasy esasynda gurnamak, gelejekde işjeňligi az bolan adaty okadyş ulgamyny çalşyrmagy örän ähtimaldyr. Bu okadyş ulgamynda merkezde mugallym däl-de okuwçy durmalydyr. Okatmagyň dürli tärleri diňe ussatlyk bilen ulanylanda okuwçylarda netijeli bilim almaga şertleri döredip biler. “Tankydy pikirlenme” (TP) konsepti 1990-njy ýylyň ikinji ýarymyndan esasan hem bilim gurşawynda ýörgünli bolup başlaýar. TP testleşdirmek pudagy ABŞ-da ýörgünli we ýokary derejede ösendir. Birnäçe uniwersitetler we kollejler TP testlerini ähli hünär ugurlary boýunça bilim işiniň derejesini kesgitlemegiň esasy guraly hökmünde ulanýarlar. Bahalandyrma merkezleri (iňl. assessment center) we hususy kompaniýalar TP testleşdirmesi boýunça öz hyzmatlaryny hödürleýärler. TP testleri bilim ulgamynda, işgärleri saýlap almakda telekeçilikde, saglygy saklaýyşda, goşun gullugynda giňden ulanylýar. ABŞ-da islendik söwda mekdebine giriş synaglary diňe TP testlerinden ybarat bolup ony tabşyrmaklyga üç sagat wagt berilýär. Rus alymy Ý.F.Guşin dürli ýaşly çagalar üçin tankydy pikirlenmä degişli testleri taýýarlaýar (testler 12-19 ýumuşdan ybarat). Bu testler birnäçe başarnyklary we tankydy pikirleniş derejesini (başlangyç, orta, ýokary) kesgitlemäge mümkinçilik beripdir. Başarnyklara mysal: “ýetmeýän informasiýany tapmak”, “logiki netije çykarmak, bahalandyrmak” (7-nji synplar üçin), “hadysanyň üze çykmasyny seljermek we netije çykarmak”, “informasiýalaryň içinden iň wajybyny ýüze çykarmak” (9-njy synp üçin) . Ý.F.Guşiniň 7-nji, 9-njy synplar üçin düzen test ýumuşlarynda dogry jogaplary saýlamak bilen birlikde gysgaça düşündiriş hem talap edilýär. Bu bolsa testiň netijesini awtomatiki işlemek mümkinçiligini aýyrýar. Kompýuterden peýdalanyp alnan TP-niň netijesini synagdan geçirilýäniň TP-siniň derejesini kesgitlemekde bölekleýin maglumat hökmünde seretmek bolar. Takyk we hemmetaraplaýyn TP-niň derejesini bahalandyrmak üçin synag bahalandyrmalaryny ulanmak bilen tärleriň kesgitli toplumy talap edilýär. Ý.F.Guşiniň 7-nji, 9-njy synplar üçin düzen testlerinden käbir ýumuşlara seredeliň. Ýumuşlar çözülende jogaplaryny esaslandyrmaly: 1. Kemal Sapardan garaýagyzyrak, Saparyň ýaşy Batyryňkydan kiçi, Batyryň boýy Kemalyňkydan kiçiräk. Kemalyň ýaşy Batyryňkydan uly. Batyr Sapardan akýagyzyrak, Saparyň boýy Kemalyňkydan uzynyrak. Kim iň akýagyz, oglanlaryň ulusy kim, kim iň uzyn boýly? 2. Iki sany pikir ýöretme we bir netije berlen: 1) hapa suwy içmek bolmaýar; 2) bu suwuklygy içmek bolmaýar; 3) Diýmek (Netije): Bu suwuklyk hapa suw. Şu netije mümkin bolan ýeke-täk netijemi (hawa, ýok)? 3. Iki gyz we bir oglan synp tagtasyndan göçürenlerinde ýalňyş goýberipdir. Birinji gyz ikinji partada oturýardy, ol ünssüz bolup, gapdalyndakylar bilen gürleşdi, şeýle-de dürs ýazuw düzgünini bilmeýärdi. Ikinji gyz iň soňky partada oturýardy, ol gapdalyndakylar bilen gürleşdi, äýnek dakynýardy, dürs ýazuw düzgünini bilmeýärdi. Oglan birinji partada oturýardy, ol gapdalyndakylar bilen gürleşdi, äýnek dakynýardy, dürs ýazuw düzgünini bilmeýärdi. Sorag. Okuwçylaryň ýalňyş goýbermekleriniň iň bir esasy ähtimallykly sebäbi näme? 4. Stoluň üstünde alma, nar, şetdaly goýlupdyr. Almanyň sany şetdalynyň sanyndan 4 san köp, nardan bolsa 8 san köp. Stoluň üstünde näçe alma, nar, şetdaly bardygyny kesgitlemek üçin ýene-de näme belli bolmaly? 5. Aýna, Kümüş, Sona iki sany jaýyň we bir gülüň suratyny çekdiler. Eger Kümüş we Sona, Aýna we Kümüş dürli obýektleriň suratyny çeken bolsalar. Gyzlaryň her biri aýratynlykda nämäniň suratyny çekipdir? Tankydy pikirlenme barada Rossiýanyň alymy Ý.N.Wolkow “…но путей дозревания до высокоразвитого общества помимо КМ не существует. Можно без всяких оговорок утверждать, что без принятия критического мышления как обязательной цели образования и нормы профессиональной квалификации Россия никогда не станет сильным государством с сильным и здоровым обществом” diýip belleýär. • Pedagogyň kompetentligi "Häzirki zaman jemgyýetiň hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär” (Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk” kitabyndan). Biz bu bölümde bilimi we kompetensiýalary (lat. Competere – laýyk gelmek) kesgitlemegiň meseleleri barada hem gürrüň ederis. Kompetentlige tälim berilýäniň kesgitli ýaýlada (oblastda) üstünlikli işlemäge, bilimini, başarnygyny we şahsy taýýarlygynyň görkezijilerini ulanmaga ymtylmasy hökmünde garamak mümkin. Kompetensiýa bilime garanyňda has giň we köp manylydyr. Bilimde täzeligiň biri-de kompetent çemeleşmedir. Ol bilimiň hiline bildirilýän täze talaplaryň netijesinde ýüze çykdy. Häzirki döwürde “kompetentlik”, “competence” adalgalaryna umumy kabul edilen düşündiriş ýoklugyna garamazdan olar giňden ulanylýar. Kompetensiýa şahsyýetiň özara baglanyşykly esasy tapawutlanýan häsiýetleriniň toplumy bolup, ol onuň önümçilik işinde bilimini, başarnygyny we endiklerini ulanyp biliş derejesini aňladýar. Bu ýerde esasan häzirki zaman zähmet bazarynyň talap edýän hünäri boýunça zerur bilimiň, başarnygyň we endigiň aktuallygy öňe sürülýär. Kompetensiýa umumy manysynda wezipäni ýerine ýetirýän adamyň kesgitli çözgüdi taýýarlamakdaky şahsy mümkinçiliklerine, onuň hünärine (bilimine, tejribesine) ýa-da özüniň şahsy kesgitli bilimine, başarnyklaryna daýanyp meseläni çözüp bilmek mümkinçiliklerine düşünilýär. Öňden bar bolan birnäçe hünärler häzirki zaman informasion jemgyýetinde düýpli üýtgäp, olar bilen bir hatarda täze hünärler kemala gelýär. Şeýlelikde saýlanan potensial iş ýeri anyk kompetensiýany kemala getirmegiň özboluşly ugur kesgitleýjisi bolup çykyş edýär. Pedagogyň professional kompetentligi düşünjesi pedagogik işi amala aşyrmak üçin onuň nazary we amaly taýýarlygyny aňladýar we professionallygyny häsiýetlendirýär. Mugallym şol bir wagtda özgerdiji we dolandyryjydyr. Ol her bir okuwçynyň ykbaly üçin jogapkärdir. Jemgyýetimiziň gelejegi mugallymyň işiniň netijesine baglydyr. Beýleki hünärlere garanyňda mugallymyň işi her bir adamyň we bütin halkyň ykbaly bilen berk baglanyşyklydyr. Mugallym ideal, döwrebap, kompetent we professional pedagog bolmalydyr. Ideal pedagog professionallygyň nusgasy bolmalydyr. W.Hutorskoý: “Kompetensiýa – mugallymyň professional taýýarlygyna bolan normatiw talaplar, kompetentlik onuň eýýäm eýe bolan ýagdaýynyň hil derejesi” diýip, belleýär. Professional kompetentlik bu mugallymyň professionallygy we ussatlygydyr. Mugallymyň ussatlygy – bu kompetentlikdir. Professional kompetentligiň düzümini kesgitlemekde barlagçylaryň ýeke-täk pikiri ýok. Şeýle-de bolsa öz kärini söýýän pedagoglar elmydama özleriniň professionallygynyň, kompetentliginiň üstünde işleýänligi aýdyňdyr. Mugallymyň professional kompetentligi diýip, pedagogik işini üstünlikli amala aşyrmagy üçin onuň professionallyk we şahsyýet hökmündäki hil görkezijileriniň jemine düşünilýär. Pedagogik işini ýeterlik ýokary derejede ýerine ýetirýän, okuwçylary okatmakda we terbiýelemekde durnukly ýokary netijeleri gazanýan mugallymy professional kompetent hasaplamak bolar. Ösen professional kompetentlik – şahsyýet döredijililiginiň ösmegi, pedagogik innowasiýalary çalt kabul etmeklik, üýtgeýän pedagogik gurşawa çalt uýgunlaşmakdyr. Pedagogyň professional derejesi bilen jemgyýetiň durmuş-ykdysady we ruhy taýdan ösüşi baglanyşyklydyr. Çalt üýtgäp durýan häzirki zaman dünýäsinde ýokary hünär taýýarlykly, döredijilikli pikirlenýän şahsyýeti terbiýelemekde mugallymyň hünär ussatlygyny (professional kompetentligini) ýokarlandyrmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Döwrüň talaplaryna görä pedagogyň professional kompetentligini ösdürmegiň esasy ugurlaryna aşakdakylary görkezmek bolar: • usuly birleşmelerde, döredijilik toparlarynda işlemek; • barlag-gözleg işlerini geçirmek; • innowasion işleri, täze pedagogik tehnologiýalary özleşdirmek; • pedagogik bäsleşiklere işjeň gatnaşmak; • öz pedagogik tejribeleriňi ýaýratmak; • IKT-ni (informasion-kommunikasion tehnologiýalary) we innowasiýalary ulanmak. Öz pedagogik tejribäňi seljermek pedagogyň professional özbaşdak ösüşini işjeňleşdirýär, netijede barlag-gözleg endikleri ösýär, olar bolsa soňra onuň pedagogik işinde integrirlenýär. Pedagogyň mekdebiň ösüşini dolandyrmak işine gatnaşmagy onuň professionallyk derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär. Professional kompetentligi kemala getirmegiň tapgyrlary: • öz-özüňe seljerme bermek (analaiz etmek); • özüňi ösdürmegi meýilnamalaşdyrmak (maksady, meselesi, çözmegiň ýollary); • özüňi ýüze çykarmak, ugrukdyrmak. Professional kompetentligiň kemala geliş işi daşky gurşawa bagly bolup durýar, hut daşky gurşaw özbaşdak professional ösüşe goldaw bermelidir. Mekdepde pedagogik monitoringiň dürli görnüşleri (sowalnamalar, testleşdirmeler, gürrüňdeşlikler) we mekdebiň içinde tejribe alyşmak, bäsleşikler, öz hususy üstünlikleriň barada tanyşdyrmalar geçirmek we mugallymlary höweslendiriş çäreleri gurnalyp durmalydyr. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilip durmagy mugallymlarda emosional howsalalygy aýyrýar we işgärleriň arasynda oňaýly psihologik ýagdaýy döredýär. Mugallymyň işinde gazanan netijeleri (üstünlikleri) baradaky maglumatlar ýörite papkada (portfolio) ýygnalyp umumylaşdyrylan ýagdaýynda ol mugallymyň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesini çözmäge oňaýly täsirini ýetirýär. Şeýle hem mugallymyň işiniň netijeliligi, onuň professional kompetentligi barada esas bolup hyzmat edýär. • Pedagogyň professional kompetentligi we başarnyklary Pedagogyň professional kompetentligi diýip mugallymyň, terbiýeçiniň pedagogik meseleleri özbaşdak ýeterlik derejede netijeli çözmekdäki şahsy mümkinçiliklerine (professional işini amala aşyrmaga onuň nazary we amaly taýýarlygynyň bütewiligine) düşünilýär. Pedagogyň professional kompetentliginiň mazmuny (düzüjileri) onuň pedagogik başarnyklarynyň esasynda açylýar. Alymlar bu başarnyklaryň didaktiki nukdaýnazardan esasy aşakdaky üçüsini görkezýärler: • özüniň bilimini, okatmak we terbiýelemek boýunça usullaryny täze pedagogik ýagdaýa gönükdirmek; • her bir pedagogik ýagdaý üçin çözgüt tapmak; • pedagogik bilimiň täze elementlerini we kesgitli pedagogik ýagdaý üçin çözgüdiň usullaryny döretmek. Mugallymyň nazary taýýarlygynyň mazmuny umumylaşdyrylan pedagogik pikirleniş başarnyklarynda (pedagogyň analitik, taslama (düzme), öňünden kesgitlemek (prognostik) şeýle hem refleksiw başarnyklary) ýüze çykýar. Analitik başarnyklar aşakdakylardan düzülýär: • pedagogik hadysany seljermek, ýagny ony düzüji elementlere bölmek (şertler, sebäpler, höweslendirmeler, serişdeler, ýüze çykmalaryň görnüşleri we ş.m.); • her bir elementiň bütewiligine we beýleki elementler bilen baglanyşygyna düşünmek; • seredilýän hadysa laýyk gelýän pedagogik nazaryýetdäki düzgünnamalary, netijeleri, kanunalaýyklary tapmak; • esasy pedagogik wezipäni anyklamak; • ony çözmegiň iň amatly usulyny tapmak. Öňünden kesgitlemek başarnyklary bilim işini dolandyrmak bilen baglanyşykly we mugallymyň aňynda geljekki netijäni (işiniň maksadyny) öňünden kesgitlemegi aňladýar. Öňünden kesgitlemeklik pedagogik işiň esasyny we logikasyny, okuwçylaryň ýaş we şahsy ösüşleriniň kanunalaýyklaryny ygtybarly bilmeklige daýanýar. Mugallymyň öňünden kesgitlemeklik başarnyklaryny aşakdakylar düzýär: • bilimiň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek; • usullary saýlamak we ulanmak; • mümkin bolan gyşarmalary, ýüze çykaýjak islenmeýän hadysalary öňünden görmek, olaryň öňüni almak üçin mümkin bolan usullary saýlamak; • bilm işine gatnaşýanlaryň özara gatnaşyklaryny meýilnamalaşdyrmak. Taslama (düzme) başarnyklary bilim işinde taslamany işläp taýýarlamak görnüşinde amala aşyrylýar we aşakdakylary aňladýar: • bilim beriş we terbileýiş işiniň mazmunyny kesgitlemek, olary tapgyrlaýyn amala aşyrmagyň tärlerini esaslandyrmak; • bilim işine gatnaşýanlaryň talaplaryny, gyzyklanmalaryny, material bazanyň mümkinçiliklerini we öz tejribäňi nazarda tutup olaryň işiniň mazmunyny we görnüşini meýilnamalaşdyrmak; • pedagogik işiň her bir tapgyry üçin maksatlaryň we wezipeleriň tertipleşdirilen toplumyny kesgitlemek; • ukyplarynyň, döredijiliginiň we talantynyň ösüşindäki ýetmezçilikleri aýyrmak üçin okuwçylar bilen aýratynlykda işlemegi meýilnamalaşdyrmak; • pedagogik işiň görnüşlerini, usullaryny we serişdelerini amatly sazlaşykda saýlap almak; • mekdep okuwçylarynyň işjeňligini ösdürmegiň tärleriniň ulgamyny meýilnamalaşdyrmak we olaryň tertibindäki näsazlyklary düzetmek; • terbiýeçilik gurşawyny, ata-eneler we jemgyýetçilik bilen gatnaşyklary ösdürmegi meýilnamalaşdyrmak. Refleksiw başarnyklar. Refleksiýa - bu diňe bir bilim ýa-da öz pedagogik işiň barada düşünje bolman eýsem, bilim işine beýleki gatnaşyjylaryň (okuwçylaryň, kärdeşleriň, ene-atalaryň) hem mugallyma düşünmegi, şeýle hem onuň şahsy aýratynlyklary, emosional reaksiýalary, professional başarnyklary we mümkinçilikleri barada bilmelidigini aňladýar. Refleksiw başarnyklar pedagogyň özüne gönükdirilendir we ol barlag-bahalandyrma işlerini amala aşyrmak bolup, aşakdaky barlaglardan durýar: • alnan netijäni berlen nusga bilen deňeşdirmek; • ýerine ýetirilen işiň netijesini seljermek. Pedagog işini netijeli amala aşyrmak üçin öz hereketlerini, pikir ýöretmelerini obýektiw seljermegi başarmalydyr. Şonuň bilen birlikde ol işiniň ýerine ýetirilişiniň öňde goýlan maksada we ony amala aşyrmagyň şertlerine laýyk gelişini seljermäge ukyply bolmalydyr. Mugallymyň guramaçylygy okuwçynyň işjeňligini artdyrmalydyr. Mugallymyň umumypedagogik guramaçylyk başarnyklaryna gönükdirme (mobilizasiýa), informasion, ösdüriji we guramaçylyk başarnyklary degişlidir. Mugallymyň mobilizasion başarnyklary: • okuwçylaryň ünsüni okuwa çekmek we olaryň okamaga bolan höwesini ösdürmek; • okuwçylarda bilimiň zerurlygy baradaky düşünjeleri kemala getirmek; • okamak we okuw işini guramagyň ylmy tärlerini öwrenmek endiklerini kemala getirmek; • höweslendirmek we temmi bermek usullaryny paýhaslylyk bilen ulanmak. Informasion başarnyklar gönüden-göni okuw informasiýalaryny beýan etmek bilen baglanyşykly bolman, ony kabul etmegiň we täzeden işlemegiň usullary bilen hem baglanyşyklydyr. Informasion başarnyklara aşakdakylary mysal getirmek bolar: • dersiň aýratynlyklaryny, okuwçylaryň taýýarlyk derejelerini, durmuş tejribelerini we ýaş tapawutlylyklaryny nazara alyp okuw materialyny düşnükli beýan etmek; • okuw informasiýalaryny geçirmek işini dürli usullary we olaryň utgaşdyrmasyny (gürrüň, beýan etmek, söhbetdeşlik, materialy problemalaýyn, induktiw we deduktiw beýan etmek) ulanmak bilen logiki dogry gurmak; • soraglary gysga we manyly düzmek (formulirlemek); • IKT-leri (kompýuterleri, interaktiw tagtalary we beýleki elektron serişdeleri) netijeli ulanmak; • okuwçylaryň okuw materialyny özleşdiriş derejelerini kesgitletmek; • zerur bolan halatynda materialy beýan etmegiň usulyny üýtgetmek. Ösdüriji başarnyklar: • okuwçylaryň akyl ýetirijiliginiň ösmegi üçin problemalaýyn ýagdaýy we beýleki şertleri döretmek; • özbaşdak öwrenmeklige, döredijilikli pikirlenmeklige höwes; logiki (bölekleýinlikden umumylyga, görnüşden maşgala, anyklykdan abstraktlyga we ş.m.), funksional (sebäp-netije, hil-mukdar, hereket-netije we ş.m.) gatnaşyklary gurmaklyga zerurlyk döretmek; • öň özleşdirilen materiýaly ulanmagy talap edýän soraglary goýmak; • okuwçylaryň şahsy aýratynlyklarynyň ösmegine şertleri döretmek üçin olara aýratynlykda çemeleşmek; • okuwçylaryň isleglerini we mümkinçiliklerini nazara alyp, bilime we ylma, önümçilige we professional hünärlere höwes döretmek; • bilelikdäki döredijilik işini guramak. Mugallymyň professional kompetentligi we pedagogik ussatlygynyň nähili gatnaşykdadygyna seredeliň. A. S. Makarenkonyň pikirine görä başarnyga we hünär derejesine (kwalifikasiýasyna) esaslanýan pedagogik ussatlyk bu terbiýeçilik işini bilmek, ony gurmagy, herekete getirmegi başarmakdyr. Pedagogik ussatlyk pedagogik tehnikanyň başarnyklary we endikleri hökmünde hem teswirlenýär. Pedagogik tehnika diýilip aşakdaky başarnyklara we endiklere düşünilýär: • terbiýeleýänleriňe ýüzleneňde dogry usuly (täri), äheňi saýlap almak; • ünsi çekmek (jemlemek); • derejäni (depgini) duýmak; • ösen medeniýetlilik (söze erk edip bilmek, dogry diksiýa, dem alyş, mimika we el hereketleri we ş.m.); • psihiki ýagdaýyňy sazlamak (şatlanmak, geň galmak duýgysy we ş.m.); • informasiýany keşpleýin beýan etmek we ş.m. Häzirki zaman mugallymynyň IKT kompetentligi Häzirki zaman mugallymynyň IKT kompetentligi onuň işinde üstünlik gazanmagynyň möhüm şertidir, şol bir wagtda bolsa onuň professional kompetentligini ýokarlandyrmakda hem ähmiýeti uludyr. • Mugallymyň IKT kompetentligini kesgitleýän test 1. Informasion-kommunikasion tehnologiýalar düşünjesi näme? a) bilim işinde psiholog-pedagogik maksada laýyklykda görnüşleriň, usullaryň, tärleriň we terbiýeçilik serişdeleriniň ýörite toplumy; b) haýsydyr bir işi ýerine ýetirmäge gönükdirilen taýýar “görkezme”, algoritm, prosedura; c) informasiýalary gözlemek, ýygnamak, saklamak, täzeden işlemek, ýaýratmak usullary we şeýle işleri amala aşyrmagyň tärleri; d) ähli jogaplar (wariantlar) dogry. 2. Kompetensiýa – bu.. a) adamyň edýän işi boýunça gerekli başarjaňlyklarynyň bolmagy; b) Şahsyýetiň kesgitli predmetleriň we işleriň toparyna bolan gatnaşygynda we olar bilen netijeli işinde özara baglanyşykly hil taýdan tapawutlyklarynyň (bilim, başarnyk, iş usullary) jemi; c) netijä özleşdirilen informasiýanyň jemi hökmünde garalman, eýsem, netijäniň hili adamyň problemalaýyn ýagdaýlardan baş alyp çykyp bilmek ukybyna seretmek bilen kesgitlenmegi; d) jogap ýok. 3. IKT kompetentlik – bu: a) kesgitli predmetleriň we işleriň toparyna bolan gatnaşyklarda we olar bilen netijeli işinde şahsyýetiň özara baglanyşykly hil taýdan tapawutlyklarynyň (bilim, başarnyk, iş usullary) jemi; b) bilim işinde IKT-den netijeli peýdalanmak; c) toplumlaýyn düşünje, oňa tehniki bilimiň we başarnyklaryň bilim işinde netijeli ulanmagy hökmünde seredilýär; d) ähli jogaplar (wariantlar) dogry. 4. IKT kompetentligiň esasy (aspekti) näme? a) IKT boýunça ýeterlik derejede funksional sowatlylyk; b) bilim işinde IKT-den netijeli peýdalanmak; c) IKT-e düşünmek – bilimde täze pradigmanyň esasy; d) ähli jogaplar (wariantlar) dogry. 5. Mugallymyň IKT kompetentligi... amala aşyrylmagyny üpjün etmelidir. a) bilimiň maksatlaryny; b) Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegi; c) bilim işiniň mazmunyny; d) bilim işinde forumlary guramagy. 6. Ders mugallymynyň IKT kompetentligi nämäni öz içine alýar? a) sapaklary IKT-den peýdalanyp geçmegi; b) okuwçylaryň ösüşiniň monitoringini geçirmegi; c) Internetden okuw materiallaryny gözlemegi; d) IKT-ni peýdalanmak boýunça tejribäňi kärdeşleriňe öwretmegi. 7. IKT kompetentlik modeli iki derejeli düzümden durýar. Olar haýsy derejeler? a) taýýarlylyk; b) innowasiýanyň mazmunly esasy; c) durmuşa geçirmek; d) dersleýin kompýuter sowatlygy. 8. IKT bilimlilik derejesi.. a) enjamlary, programma üpjünçiligini we resurslary ulanmak üçin mugallymda bilimiň, endikleriň we başarnyklaryň ýeterlikligi bilen kesgitlenýär; b) IKT gurşawynda funksional sowatlylygyň bilim meselelerini çözmekde netijeli we yzygiderli ulanylmagy başaryşy bilen kesgitlenýär; c) interaktiw öý işlerini we okuwçylaryň özbaşdak işleri üçin türgenleşdirijileri döretmegi başaryşy bilen kesgitlenýär; d) ähli jogaplar (wariantlar) dogry. 9. Mugallymyň IKT kompetentligine näme degişli? a) programma üpjünçiligini saýlamagy we peýdalanmagy, kompýutere ulanylýan programmalary gurnamagy, proýeksion tehnikalary ulanmagy; b) tor kommunikasion taslamalaryň çarçuwasynda okuwçylaryň işini guramak, okuw işini aralykdan (distansion) goldamak; c) sifirleýin we takyk informasiýalar bilen baglanyşykly bilimleri özleşdirmek; d) Portfoliony döretmegi başarmak. 10. Multimedia sapagynyň artykmaçlygy näme? a) aýdyňlygy (görkezme esbaplylygy) güýçlendirmek; b) informasiýany düşündirmegiň ýönekeýligi; c) okuwçylaryň sapaga höwesini ýokarlandyrmak; d) jogap ýok. 11. Sosial tor hyzmatlary – bu: a) ders ugrundan ýa-da problemalaýyn professional iş alyp barýan professionallaryň formal ýa-da formal däl topary; b) torda professional işi guramagyň täze görnüşi; c) adamlary programma üpjünçiliginiň, tora birikdirilen kompýuterleriň (Internet) we dokumentler torunyň (Bütindünýä kerebi) kömegi bilen tor bileleşiginde baglanyşdyrýan wirtual meýdança; d) ähli jogaplar (wariantlar) dogry. 12. Professional tor bileleşigi ( mugallymlaryň bileleşigi) .. a) mugallymlara özara gatnaşyk etmäge, işleri boýunça maslahatlaşmaga, özleriniň professional derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär; b) adamlary programma üpjünçiliginiň, tora birikdirilen kompýuterleriň (Internet) we dokumentler torunyň (Bütindünýä kerebi) kömegi bilen tor bileleşiginde baglanyşdyrýan wirtual meýdança; c) bilelikde informasiýany gözlemek, saklamak, redaktirlemek we toparlaşdyrmak, media maglumatlaryny alyşmak; d) jogap ýok. Şeýlelikde pedagog öz amaly tejribesi, iş tehnologiýalary esasynda maksada ugrukdyrylan işleri üstünlikli alyp barmakdaky yhlasly çekilen zähmeti ony pedagogik ussatlyk derejesine ýetirip biler. ___________________________________ Публикация: Волков Е.Н. Тесты критического мышления: вводный обзор // Психологическая диагностика. 2015, № 3. — С. 5-23. 1 п.л. Annamuhammet ALLAGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |