01:06 Testiň taryhy we onuň görnüşleri | |
TESTIŇ TARYHY WE ONUŇ GÖRNÜŞLERI
Ylym we tehnologiýa
• Giriş Bu usuly gollanma taýýarlanylanda: • testleşdirmegiň taryhy öwrenildi; • daşary ýurtly barlagçylaryň testologiýadan ylmy işleri, dürli dersler (informatika, matematika) boýunça test ýygyndylary seljerildi; • informatikadan testler taýýarlandy we synagdan geçirildi; • dünýä tejribesinde bilim ulgamynda tankydy pikirlenme testleriniň taýýarlanyşy bilen tanşyldy; • häzirkizaman bilim ulgamyndaky ösüşler we mugallymyň hünär ussatlygyny, ýagny onuň professional kompetentligini ýokarlandyrmaga degişli materiallar özleşdirildi. Işiň usulyýet taýdan esaslandyrylyşy Psihologiýa-pedagogika ylmynda okatmagyň mazmunyny, görnüşini, usulyýetini şeýle-de okuwçynyň ýaş, psihologik we şahsy aýratynlyklaryny nazarda tutup, olaryň bilimleriniň netijelerini barlamak serişdelerini hemişe kämilleşdirmek esasy ýörelge bolup durýar. Testleriň bilim bermek işinde giňden ulanylýandygy mälimdir. Sebäbi ol bilimi barlamagyň beýleki usullary bilen deňeşdirilende artykmaçlyklara eýedir. Okuwçynyň ders boýunça jemleýji barlagda kesgitlenen bilim derejesi mugallymyň goýan bahasy bilen gabat gelmeýän ýagdaýlary bolýar. Test şu ýetmezçilikleri aradan aýyrmaga, bilimi barlamaga sarp edilýän harajatlary azaltmaga we bilimiň özleşdirilişiniň kemçiliklerini açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Kompýuter testleşdirmesiniň çalt depginler bilen ösmegi häzirkizaman okuw we barlag ulgamlaryny kämilleşdirmegiň zerurlygyny görkezýär. Häzirki döwürde bilimde tankydy pikirlenmä uniwersial kompetentlik (dürli meseleleri dürli baglanyşykda çözüp bilmeklik) hökmünde seredilýär. Tankydy pikirlenmede düşünmek, ýatda saklamak ýeterlik däldir, informasiýany seljermek, argumentleşdirmek we çözgüt kabul etmek wajyp bolup durýar. Başlangyç we orta bilimde okuwçynyň umumy kompetentliligini kesgitlemek üçin testleri taýýarlamak talap edilýändigi üçin, mugallym ýokary hilli test barlagyny geçirmek üçin testologik kompetentlige eýe bolmalydyr. Daşary ýurt tejribelerinde ýokary okuw mekdeplerine Test merkezlerinde taýýarlanan Ýeke-täk döwlet synagy (Testleşdirme) boýunça kabul edilýär, bu bolsa talantly, zehinli, ukyply ýaşlary seçip almaga oňaýly şertleri döredýär. • Testiň taryhy we ulanylyşy Testiň barlag, synag geçirmekde ulanylýandygyny we onuň soraglardan we jogaplaryň birnäçe wariantlaryndan ybaratdygyny bilýäris.Test (iňlisçe synag, barlag, tejribe) bu standartlaşdyrylan, gysga, wagt taýdan çäklendirilen, mukdar we hil taýdan aýratynlykda tapawutlylygy kesgitlemek üçin synagdyr. Iňlis alymy Frensisa Galton testi esaslandyryjy hasaplanýar, ol ilkinji gezek 1884-1885-nji ýyllarda öz tejribehanasyna gelýänler bilen test geçirýär. Başda test diýlende haýsy bolsa-da bir wezipe üçin dalaşgäriň geçmeli kesgitli bir synagyna düşnülipdir. Hytaýda 2000 ýyl mundan ozal hökümet işine dalaşgärleri şeýle özboluşly testleriň kömegi bilen saýlapdyrlar. Dünýäde testleşdirme uly meşhurlyga eýedir. Hatda köp ýurtlarda işgärler işe hökmany test esasynda seçilip alynýar. Testleşdirme ABŞ-da giňden ýaýrandyr olar şu usulda işe iň bir mynasyplary seçip alýarlar. Geçen ýüz ýyllygyň 20-nji 30-njy ýyllarynda testleşdirmek has-da ýörgünli bolupdyr. Testi ýatladýan dürli usullaryň ulanylyş mysallary Gadymy Müsür we Gadymy Grek taryhlarynda gabat gelýär. Gadymy Müsürde hyzmatkärlige hödürlenýän adam synagdan geçirilipdir. Seçip alma sistemasynda ilki dalaşgäriň daşky görnüşine, gepe çeperligine, bilim derejesine baha berlipdir. Soňra ölüm, ot we suw howplary bilen batyrlygyny, şeýle-de zähmet çekmek başarnyklaryny, jemleýji tapgyrynda bolsa owadan zenan bilen synagdan geçiripdirler. Pifagoryň hem şeýle synaglardan üstünlikli geçendigi mälimdir. Haçanda ol okuwyny tamamlap Gresiýa gelende öz mekdebini döredipdir we şol mekdebe diňe synaglary geçenler kabul edilipdir. Gadymy Greklerde fiziki taýdan kämillik, oýlanmak we pikir ýöretmek derejelerini kesgitlemek üçin synaglary ulanypdyrlar. Platon dürli işler ýerine ýetirilende adamlary biri-birinden tapawutlandyrýan tebigy ukyplylyga uly ähmiýet beripdir. Testleşdirmegiň taryhynda F.Galtona aýratyn orun degişlidir. Testleşdirmäniň aýratyn ugur hökmünde ösmeginde hem Galtonyň hyzmaty uludyr. Galton tarapyndan ýönekeý testleriň toplumy işlenip taýýarlanylýar. Olaryň birnäçe görnüşleri bardyr (görüş arkaly uzynlyklary tapawutlandyrmak boýunça ”Galtonyň çyzgyjy”, eşidiş duýgylaryny kesgitlemek boýunça ”Galtonyň jürlewigi”). Ony psihologik testleri ulanmakda pioner hasaplamak bolar. Galton öz işlerinde matematiki statistikany eksperimental praktikada ulanyp boljakdygyny ilkinji bolup subut edýär. Ol synag işleriniň netijesini mukdar taýdan bahalandyrýan matematiki usullaryň birnäçesini saýlap alyp synagdan geçirdi. Edebiýatda ”intellektual test” adalgasyny ilkinji amerikaly psiholog J.M.Kettell ulandy. Bu adalga Kettelliň 1890-njy ýylda «Mind» žurnalynda “Intellektual testler we ölçegler” atly makalasyndan soň meşhurlyga eýe boldy. Onuň kollejiň talyplarynyň intellektual derejelerini kesgitlemek üçin düzen testler toplumy çap edilýär. Fransiýada XX asyryň başynda psiholog Alfred Bine çagalaryň akyl taýdan ukyplaryny kesgitlemek boýunça test işläp taýýarlaýar. Ol test häzir IQ (intelligence quotient) – intellekt koeffisiýenti at bilen bellidir. Bu test az wagtyň içinde köpçülikleýin unuwersitetlerde, hususy kompaniýalarda ulanylyp başlanýar. IQ<70 bolmagy akyl taýdan yzygalaklygy aňladýar. Amerikanyň ýokary synp okuwçylarynyň ortaça IQ derejesi 115-e deň, ökde okaýan talyplarynyňky 135-140 aralygynda. Adaty ýagdaýda ýaşy 19-dan kiçi ýa-da 60-dan uly adamlar testleşdirmede pes netijeleri görkezýärler. IQ ilkinji 1916-njy ýylda (başda Bine 1903-nji ýylda) Stanford-Bineniň intellekt şkalasynda ulanylýar. Test ýumuşlarynyň ýerine ýetirilendäki üstünligiň derejesi Akyl ýaşy (mental age) diýilip atlandyrylypdyr. Ýumuşlar ýaş boýunça toparlaşdyrylypdyr. Eger ýumuşlary çözmegi 8 ýaşlylaryň köpüsi başarýan bolsa, onda bu ýumşlar 8 ýaşlylar üçin alnypdyr. Şeýle-de beýleki ýaşlar üçin hem ýumuşlar şu tertipde kesgitlenipdir. Intellektiň absolýut ölçegi hökmünde akyl ýaşy bilen hronologik ýaşyň tapawudy alnypdyr. A.Bine öz döwründe iň meşhur testleri döredipdir. Soňky intellektual testleriň döredilişi A.Bineniň işleri bilen baglanyşyklydyr. Mekdepde Bineniň ýolbaşçylygynda geçirilen synaglar (eksperimentler) durmuşyň talaby netijesinde ýüze çykypdyr. Ählumumy okuwyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen çagalaryň akyl taýdan ösüşini anyklamak wajyp bolupdyr. Sebäbi çagalaryň arasyndaky şahsy tapawut okuw işini çylşyrymlaşdyrypdyr. Şol döwre çenli testi ulanmak bilen çaganyň akyl taýdan yza galyş derejesini kesgitlemek meselesi çözülmändir. Adaty mekdepde okamaga ukyby bolmadyk, akyl taýdan kemçilikli çagalar üçin akyl taýdan ösüşi kesgitleýän şkala A.Bine we T.Simo tarapyndan 1905-nji ýylda taýýarlanylýar. Şkala çylşyrymlylygy artýan 30 test-ýumuşdan ybarat bolupdyr. Olar ösüşi kadaly we ösüşi yza galýan birnäçe çagany saýlap, test-ýumuşlaryň çylşyrymlylyk derejesini kesgitläpdirler. Bine-Simonyň şkalasyna 1908-nji ýylda täzeden düýpli seredilýär. Test-ýumuşlaryň mukdary köpeldilýär, olaryň şowuna düşmedikleri aýrylýar. Awtorlar diňe bir ösüşi kadaly we ösüşi yza galýan çagalary kesgitlemek bilen çäklenmän, ösüşi kadaly çagalaryň hem dürli derejelerini tapawutlandyrmagy – has giň meseläni öz öňlerinde goýýarlar. Test-ýumuşlar ýaş derejeleri boýunça toparlara bölünipdir. Her ýaş derejä 5-7-den az bolmadyk ýumuşlar hödürlenipdir. Bine testleriň mazmunyň känbir wajyp däldigini, olaryň sanynyň köp bolmagynyň möhümdigini belläpdir. A.Bineniň pikrine görä çaganyň dogandaky akyl-üşük derejesi onuň ulalmagy bilen üýtgemän, çözülýän meseleleriň mazmuny üýtgeýär. Doga üşükli çaga ýumuşy elmydam dogry çözmegiň hötdesinden gelip biler, ýumuşyň köplügi bolsa tötänlikden gaça durmaga kömek edýär. Ýumuşlar düzülende çaganyň bilim derejesi we tejribesi berýän jogabyna täsir etmez ýaly olary konstruirlemek kynçylyk döredipdir. Bine-Simonyň şkalasy boýunça hasaplamagyň düzgüniniň düýpli kemçiligi, dürli ýaş derejeleri üçin şol bir tapawutda akyl taýdan ösüşiň görkezijisiniň dürli bahalara eýe bolmagydyr. Nemes psihology Şterniň (Wilýam Luis Ştern(1912)) hödürlän IQ-sy bu kemçiligi açyp görkezdi. Bu kemçiligi aýyrmak üçin Ştern intellektiň absolýut ölçegini (tapawudy) kesgitlejek bolman, otnositel ölçegini – akyllylyk ýaşyny hronologik ýaşyna bölmekden alynýan netijäni kesgitleýär. Bu görkezijini ol intellektual koeffisiýent (IQ) diýip atlandyrýar. Intellektlilik koeffisiýenti IQ (Intelligence Quotient) aşakdaky formula bilen kesgitlenýär. IQ = akyl ýaşy / hronologik ýaşy × 100. A.Bineniň, W.Genriniň, T.Simonyň intellekti ölçemekde öňe süren wajyp ýörelgeleri häzirki zaman testiniň esasyny goýdy. Bine-Simonyň şkalasy köp psihologlaryň ünsüni özüne çekdi, birnäçe dillere terjime edildi we XX asyryň başlarynda giňden peýdalanyldy. Häzirki döwürde çagalaryň intellektual ösüşini ölçemekde Bine-Simonyň şkalasy iň bir amatlysy hasaplanýar. Bu ugur amerikaly alym L.Termen tarapyndan ösdürilýär. Ol Bine-Simonyň şkalasyndaky köne ýumuşlary täzeleýär we Stanford-Bine şkalasy diýilip atlandyrylýar. Stanford-Bine şkalasynyň düzümine birikdirilen testler ýaş derejeleri boýunça toparlara bölünýär. Täze girizilen ýumuşlar ukyplaryň giň araçägini (diapozonyny) kesgitlemäge gönükdirilipdir. Test geçirilmäge berilýän wagt kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynda 40 minutdan, uly ýaşly mekdep okuwçylarynda 90 minutdan köp bolmaly däldir. Pedagogiki testler ilkinji gezek 1905-nji ýylda Fransiýada ýüze çykýar. Ol testler hasaplamaga, mesele çözmäge we dürs ýazuwa degişli bolupdyr. 1925-nji ýyldan başlap hasaba, okamaklyga we ýazuwa degişli mekdep testleri yzygiderli çap edilip başlanýar. Test işleri Fransiýa garanyňda Amerikada has-da ýörgünli bolupdyr. Angliýanyň testologlary hem önjeýli işläpdirler. Fred we Elenora Şonnelleriň işinde test düzmegiň soraglaryna aýratyn üns berýärler (testiň görnüşlerine we olaryň ulanyşlaryna). Olar öz işlerinde okuwçylaryň kesgitlenen toparlarlaryna niýetlenip, ykjam düzülen testleriň okuwyň netijeliligini ýokarlandyrýandygyny barada teswirleýärler. Fred we Elenora Şonnel testiň laýyk gelmeli kriteriýalaryny (ýaramlylygy (валидность), ygtybarlylygy, obýektiwliligi, tygşytlylygy, netijeleri işläp taýýarlamagyň ýönekeýligi) kesgitleýärler. Awtorlar testleri iki görnüşe: standartlaşdyrylan we kesgitli ýaşdaky okuwçylaryň köplügi üçin düzülen; kesgitli wagt aralygynda okadylan okuwçylaryň bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny barlamak maksady bilen düzülen testlere bölýärler. Awtorlar testiň netijelerini: • okuwçylary toparlara bölmekde; • okuwçylaryň gabat gelen kynçylyklaryny anyklamakda; • maksatnamanyň düzümine üýtgeşmeler girizmekde; • okadylyş usulyna üýtgeşmeler girizmekde (“düzetmek” usuly, esasan hem yza galýan, mugallymyň kömegine mätäç okuwçylara aýratyn üns bermekde) ulanmak bolar diýip teswirleýär. Fred we Elenora Şonnelleriň bu kitaby testleşdirme boýunça nusgawy gollanma hasaplanýar. Onda testler toparlaşdyrylýar, teste goýulýan talaplar görkezilýär, testleşdirmegiň özboluşly ahlak kadalary (normalary) kesgitlenýär. P.Klaýnyň (Welikobritaniýaly) aýtmagyna görä: testi konstruirlemek – bu ylym we sungatdyr. K.Ingenkamp (Germaniýaly) okuw işiniň netijesini gowulandyrýan testler: • okuwuň netijeleri nätakyk bahalandyrylanda ony düzetmek; • okatmakdaky kemçilikleri kesgitlemek; • okatmagyň üstünlikli netijelerini esaslandyrmak; • okuw işiniň indiki tapgyrlaryny meýilleşdirmek; • okuwyň şertlerini gowulandyrmak maksatlaryna gönükdirilendir - diýip belleýär. Bilimiň hilini bahalandyrmak soňky döwürde uly ähmiýete eýe bolýar. Mekdep okuwçylarynyň ýetişikleriniň halkara deňeşdirme barlaglaryny muňa mysal getirmek bolar. Bu barlaglar ýurtlara özleriniň bilim ulgamlarynyň netijeliligini hemmetaraplaýyn anyklamaga mümkinçilik berýär. Halkara barlag IEA (Mekdep okuwçylarynyň ýetişiklerini bahalandyrmak boýunça Halkara birleşik-assosiasiýasy) tarapyndan geçirilýär. IEA barlagy kesgitli yzygiderlikde gurnalyp okuw programmalaryna esaslanýar. Her ýurtda müň okuwçy okuw programmasyna esaslanýan testlerden geçirilýär. Halkara testleşdirme meseleleri bilen ÝUNESKO (Gamburg) bilim instituty we Halkara Pedagogik barlag merkezi (Pariž) meşgullanýar. Test okuwçylaryň adaty, öwrenişilen barlag işlerinden tapawutlylykda olaryň gözleg-barlag endiklerini işjeňleşdirýär we netijede bilim derejeleriniň kämilleşmegine getirýär. Sowatly düzülen test adaty barlag işleri bilen deňeşdirilende takyk, giňişleýin maglumat beriji we barlag serişdesidir. Ol okuwçylar üçin özüne çekijidir, sebäbi testiň netijesi ”Mugallym-okuwçy” gatnaşygynyň häsiýetine bagly däldir. Şeýle bolsa-da sorag-jogap alyşmakdan ýüz döndermek bolmaz, testi amatly, maksadalaýyk ýerinde ulanmak peýdalydyr. Häzirki döwürde dalaşgärleriň orta we ýokary okuw mekdeplerine ýeke-täk giriş testi esasynda alynýandygyny dünýä tejribesinden bilýäris. Haýsy-da bolsa bir iş bilen meşgullanmagyň peýdaly ýa-da peýdasyz boljakdygyny öňünden kesgitlemekde testleşdirme usulynyň örän ygtybarlydygy barada bilermenler ynamly netije çykarýarlar. Kär (hünär) saýlananda, işe alnanda işbaşarjaňlyk ukyplary köplenç test arkaly kesgitlenýär. Häzirkizaman jemgyýetiniň, onuň senagat we ylmy potensiallarynyň ösüşi düýpli täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Öňki wagtlarda okuwça (talyba) kesgitli möçberde bilim bermeklik göz öňünde tutulýardy, häzir özbaşdak bilim almagyň usullary we ondan gelejekde döredijilikli peýdalanmak bilimiň esasy ýörelgesi bolup durýar. Okuwçy (talyp) maksada ugrukdyrylan, aňly-düşünjeli özbaşdak zähmeti (okuwy) netijesinde çuňňur we ygtybarly bilim alyp biler. Okuwçylaryň (talyplaryň) özbaşdak bilim almak işini guramakda olaryň bilimlerini barlamak esasy elementleriň biridir. Okuwçylaryň özbaşdak işleriniň netijesini barlamagyň häzirkizaman görnüşleriniň biri hem testleşdirmedir. Test öwrenilen tema ýa-da bölüm boýunça okuwçynyň (talybyň) bilim derejesini, başarnyk-ukyplaryny bahalandyrmaga mümkinçilik berýär. Test diňe bir okuwçynyň taýýarlyk derejesini anyklamaga mümkinçilik bermän, eýsem onuň okuw-terbiýeçilik we guramaçylyk taýdan ähmiýeti uludyr. Testleşdirme okuwçynyň bilim derejesini obýektiw we esasan hem mukdar taýdan kesgitlemäge, mugallymyň subýektiwligini peseltmäge mümkinçilik berýär. Testiň soraglary özara logiki baglanyşmalydyr. Test okuwçynyň biliminiň ulgamlaýynlygyny, dolulyk derejesini şeýle hem ýeterlik özleşdirilmedik bölümleri kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Testler arkaly belli bir derejede okuwçynyň pikir jemleme, düşünme, seljerme we berlen informasiýany özleşdirme başarnyklaryna hem baha bermek bolýar. Häzirki wagtda testleşdirmä mugallymyň işini ýeňilleşdirýän gural hökmünde seredilýär. Öz okadýan dersi boýunça kada laýyk test düzmek mugallymdan çynlakaý, düýpli zähmeti talap edýär. Daşary ýurt tejribelerine salgylanmak bilen şu aşakdaky mysaly getirmek bolar. Ders boýunça 500 soragdan tötänleýin 60 sorag alnyp test düzülýär. Her bir test tabşyrýan üçin gabat gelmeýän 60 soragdan ybarat toplum emele getirilýär. Soraglara çäkli wagt goýulýar, “göçürmek” mümkinçiligine berk gözegçilik edilýär. Dünýä tejribesinde ýokary mekdebiň talyplary üçin online testleşdirme hem ulanylýar.Testleşdirmäniň netijesi ylmy-usuly bilim merkeziniň serwerinde toplanýar. Test geçirilýän wagty testleşdirmä IP we WEB kameralar arkaly wideo-gözegçilik amala aşyrylýar. Şu ýagdaýda test tabşyrmaga taýýarlyk talybyň okuw materialyny netijeli özleşdirmegine uly itergi berýär. Testiň netijesi boýunça ýokary okuw mekdebinde hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini kesgitlemek mümkin. Pedagogik test – kesgitli mazmunly, çylşyrymlylygy kem-kemden artýan, bilimi, başarnyklary we endikleri ýokary hilli derejede kesgitlemäge (bahalandyrmaga) mümkinçilik berýän ýumuşlaryň ulgamydyr. Testiň bahalandyrma guralynyň funksiýasyny ýerine ýetirmegi üçin ol test ýumuşlarynyň ýeterlik mukdaryndan ybarat bolmalydyr. Testiň ýumuşlarynyň (soraglarynyň) sany boýunça gysga (10-20 sorag), orta, uzyn bolup biler. Test 40-60 ýumuşdan ybarat bolanda amatly hasaplanylýar.Test düzülende ýumuşlar we onuň görnüşi esasy orunda durýar. Ýumuş mazmuny boýunça berlen soraga jogaby özünde saklaýar. Test okuwçynyň taýýarlygyna obýektiw baha bermekde maksadalaýyk didaktiki we tehnologik serişdedir. Testleri ulanmazdan, bilimleri doly özleşdirmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy okatmak usullaryna geçmek mümkin däldir. Okatmagy giriş testleşdirmesi bilen başlap, bilimleri test görnüşindäki ýumuşlar bilen barlamak we ony dowam etdirmek şeýle-de okatmak tamamlananda okuwyň netijelerini obýektiw testleşdirme arkaly kesgitlemek, bilim almagyň netijeliligini ýokarlandyrýandygyny ynamly aýtmak bolar. Bilim ulgamynyň häzirki ösýän döwründe test esasynda bilim derejesini kesgitlemek adaty barlag we özbaşdak işlerini çalşyrýar diýip aýtmak bolmaz. Testiň esasy funksiýasy anyklamany ýerine ýetirmekdir. Test mugallyma her bir okuwçynyň anyk tema boýunça bilimi baradaky ilkinji informasiýany çalt almaga mümkinçilik berýär. Bu informasiýanyň temanyň käbir elementlerine düzedişleri girizip, adaty jemleýji barlaga maksadalaýyk taýýarlamakda ähmiýeti uludyr. Testler okuwçylaryň köpüsinde gyzyklanma döredýär, ol oýun hökmünde kabul edilip, okuwçydaky psihologik dartgynlylygy aýyrýar. Synag işleriniň dowamynda test geçirmegiň birnäçe ýörelgeleri emele geldi. Olar: 1. Testi ýerine ýetmek üçin berilýän wagt okuwçylara habar berilýär we bu talaby mugallymyň özi hem berjaý edýär. 2. Testiň geçirilişi baradaky düzgün bilen tanyşdyrma wagty testi ýerine ýetirmek üçin berlen wagta girmeýär. 3. Test ýerine ýetirilende göçürmek we kömek etmek (aýtmak) bolmaýar. 4. Okuwçylara bahanyň dogry jogaplaryň mukdaryna baglylygy äşgär edilýär. 5. Okuwçydan testdäki doldurylmaly meýdançadan başga goşmaça ýazgylar talap edilmeýär. Dünýä tejribesinde testleşdirmäge degişli soraglar işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. Daşary ýurtlarda ýörite test merkezleri döredilip, mugallymlar, psihologlar (ylmy toparlar) tarapyndan dürli testler işlenip taýýarlanylýar. Ýeke täk synagyň (Testiň) netijeleriniň esasynda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýär. Testiň artykmaçlygy Test mekdepde okuwçylaryň ýetişigini kesgitlemekde aşakdaky mümkinçilikleri berýär: • okuwyň netijesi barlananda okuwçynyň şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak; • okuwçynyň nazary we amaly materiallary özleşdirişiniň hilini barlamak; • dürli görnüşdäki testleri geçirmek bilen okuw işini işjeňleşdirmek; • sorag-jogaba we ýerine ýetirilen işi barlamaga mugallymyň sarp edýän wagtyny tygşytlamak; • kompýuter testleşdirmesini ulanmak; • ýerne ýetirilen işiň çalt barlanmagyny üpjün etmek; • öwrenilen uly göwrümli materialyň özleşdirilişini kiçi ülüşlerde barlamak. Testleşdirme usulynyň ýetmezçilikleri: • jogabyň çen bilen saýlanmagynyň ähtimallygynyň uludygy; • diňe netijeleriniň barlanmagy; • okuwçynyň pikir ýörediş logikasyny yzarlap bolmazlygy; • ýumşyň ýerine ýetirilişiniň gutarnyklylygy ýagny, testde iki ýagdaý hasaba alynýar: ýumuş doly we dogry ýerine ýetirilipdir ýa-da ýerine ýetirilmändir. Şeýlelikde testler okuwçylaryň biliminiň hilini barlamagyň ýeke-täk görnüşi diýip hasaplamak bolmaz. Özbaşdak işleriň, barlag we beýleki görnüşdäki işleriň tutýan orny ýokarydyr. I. Ýapyk test ýumuşlary Berlen jogaplaryň içinde diňe biri dogry bolan testlere ýapyk görnüşdäki testler diýilýär. Ýapyk görnüşdäki testlerde jogaplaryň sany 2, 3, 4, 5 we ondanam köp bolup biler. Bulardan başga-da ýapyk testde jogaplary düzmegiň alternatiw, goşalaýyn alternatiw, graduasion (klassifikasion), kumulýasion we utgaşdyrma ýörelgeleri bardyr. Ýapyk görnüşdäki ýumuşlar tassyklanylýan gutarnykly sözlem görnüşinde (çyn ýalan) berlip biler. Ýumuş gysga, dürs we düşnükli hem-de 7±2 sözi özünde saklamalydyr. Onda artykmaç söz we belgi bolmaly däldir. Ýumuşlaryň düşnükliligi 100% bolmaly. Eger-de synagdan geçýänleriň biri ýumşa düşünmese, onda ol gowy test däldir. Şol bir görnüşli ýumuşlardan düzülen test amatly hasaplanýar. Ýumuşlar belli bir tema boýunça bir görnüşde düzülen bolsa, onda beýle test görnüşi we mazmuny boýunça gomogen (deň düzümli; bir kysymly; birmeňzeş häsiýetli) testdir. Dürli derslerden temalary özünde saklaýan ýa-da dürli görnüşdäki ýumuşlardan düzülen bolsa, onda beýle test görnüşi we mazmuny boýunça geterogen (dürli jynsly; dürli kysymly; dürli düzümli) testdir. Mysallar: 1. Alternatiw ýörelge esasynda düzülen ýapyk test. Dogry jogabyň belgisini saýlamaly. 10-5+5•5 = ? 1. 50; 2. 30; 3. 5. 2. Goşalaýyn alternatiw ýörelge esasynda düzülen ýapyk test. Dogry jogabyň belgisini saýlamaly. Gönüburçly parallelepipediň uzynlygynyň ulalmagy bilen 1. V göwrüm we S esasyň meýdany ulalar; 2. V göwrüm ulalar we S esasyň meýdany kiçeler; 3. V göwrüm kiçeler we S esasyň meýdany ulalar ; 4. V göwrüm we S esasyň meýdany kiçeler. 3. Graduasion (klassifikasion) ýörelge esasynda düzülen ýapyk test. Bu ýörelge esasynda düzülen testde soraga 2-5 jogap berilýär we olaryň içinde diňe biri dogry bolup galanlary hakykata ýakyn bolýar. Nädogry, emma hakykata ýakyn jogaplara distraktorlar (iňl. To distract – sowmak, çekmek, bölmek) diýilýär. Ýerine ýetirilýän faýl ... giňeltmä eýedir. 1. Doc, txt; 2. txt, sys; 3. sys, com; 4. com, exe. 4. Kumulýasion (toplama) ýörelge esasynda düzülen ýapyk test. Bu ýörelgede indiki jogabyň her biri özünde öňdäki jogabyň düzümini we goşmaça informasiýany saklaýar, şeýlelikde iň doly jogap dogry hasaplanýar. 10 sanyň bölüjileri: 1. 1, 2; 2. 1, 2, 5; 3. 1, 2, 5, 10; 4. 1, 2, 5, 10, 20. 5. Utgaşdyrma ýörelgesi esasynda düzülen ýapyk test. Bu ýörelgede jogaplar özara utgaşdyrylan (kombinirlenen) sözlerden düzülýär. Dogry piramidanyň: 1. Esasy dogry köpburçluk, depesi esasynyň merkezine proýektirlenýär; 2. Esasy gönüburçluk, depesi esasyň merkezine proýektirlenýär; 3. Esasy dörtburçluk, depesi esasyň merkezine proýektirlenýär. II. Açyk test ýumuşlary Açyk test ýumuşlarynda taýýar jogap ýokdur. Okuwçy ýetmeýän bölegi ýazmak bilen ýumşa jogap berýär. Açyk test ýumuşlary okuwyň dürli tapgyrlarynda: bilimleri berkitmekde, geçilen materialy gaýtalamakda, bilimleriň jemleýji barlagynda, özbaşdak öwrenmekde peýdalanylyp bilner. Mysal. Doldurmaly (üstüni ýetirmeli). Syýahatçy birinji gün 15 km, ikinji gün birinji gündäkiden 3000 m köp geçdi, ol iki günde ________ (m) ýol geçdi. III. Laýyk getirmek test ýumuşlary Laýyk getirmek ýumuşlar birinji, käwagtlar ikinji derejeli özleşdirmelere degişlidir. Bu ýumuşlar bir köplügiň elementiniň häsiýetleriniň, hadysalarynyň, predmetleriniň, kesgitlemeleriniň başga bir köplügiň elementiniňki bilen barabarlygyny dikeltmäge degişlidir. Okuw materialyna esaslanyp käbir nyşanlary boýunça berlenleriň iki sütüni döredilýär. Ikinji sütüniň elementleri birinji sütündäkiden köp bolmaly. Mysal. Laýyk getirmeli. IV. Dogry yzygiderliligi dikeltmek test ýumuşlary Bu ýumuşlar dürli ýagdaýlarda haýsy-da bolsa bir işi ýerine ýetirmegiň tertibiniň yzygiderliginiň ýerine ýetirilişi baradaky bilim barlanýar. Bu testler ikinji we üçünji derejeli testler hasaplanylýar. Mysal. Dogry yzygiderligi dikeltmeli. 1. Duşenbe; 2. Sişenbe; 3. Penşenbe; 4. Çarşenbe; 5. Anna; 6. Ýekşenbe; 7. Şenbe. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |