00:21 Tablisa görnüşinde berlenler: Microsoft Excel 2019 elektron tablisa | |
TABLISA GÖRNÜŞINDÄKI BERLENLER
Ylym we tehnologiýa
Berlenleri tablisada diňe bir saklaman, olaryň üstünde işläp hem bolýar. Tablisa hasaplamalaryny san berlenler bilen ýerine ýetirmek has amatlydyr. Tablisalar sütünlerden we setirlerden durýarlar. Berlen elementler sütünler bilen setirleriň kesişmesinde ýazylýar. Setirleriň we sütünleriň kesişmesindäki ýere tablisanyň öýjükleri diýilýär we oňa berlenler ýazylýar. Bahalary beýleki öýjüklere bagly bolman özbaşdak kesgitlenýän öýjüklere esasy öýjükler diýilýär. Bahalary beýleki öýjükleriň bahalary boýunça hasaplamalaryň kömegi bilen alynýan öýjüklere berlenlerden öndürilen diýilýär. • Microsoft Excel 2019 elektron tablisa Tablisalar görnüşinde berlenleri saklamak, täzeden işlemek üçin niýetlenen kompýuter programmalaryna elektron tablisalar diýilýär. Sütünler A, B, С, ... latyn harplary bilen bellenýär. Harplar ýeterlik bolmasa iki harply belgilemeler AA, AB ... ulanylýar. Setirler bütin sanlar bilen belgilenýär (3.1-nji surat). 3.1-nji surat Sütünleriň sany 16384 (214)-e, setirleriň sany 1048576 (220)-ä deňdir. Öýjügiň belgisi (nomeri) setiriň we sütüniň belgileriniň arasynda boşluk goýulmadyk birleşmesi görnüşinde bellenýär. Mysal üçin: A1, B31 we BD123. Iş sahypasynda mydam bir öýjük işjeň bolýar. Işlenýän öýjük giň çarçuwa bilen daşy geçirilen, onuň belgisi (we düzümi) formulalar setirinde (ýokarda) görkezilýär. Öýjükleriň düzümi. Öýjük berlenleriň üç görnüşini saklamagy mümkin. Tekst berlenler – erkin uzynlykly setir görnüşindedir. San berlenler – öýjüge girizilen sanlardyr. Formula berlenler– öýjüge girizilen formulalardyr. Eger-de öýjük formulany özünde saklaýan bolsa, onda onuň bahasy tablisanyň beýleki öýjükleriniň bahasyna bagly bolýar. Öýjügiň düzümi eger “=” bilen başlansa, onda oňa formula hökmünde garalýar (hemme formulalar san netijäni berýärler). Berlenler öýjüge girizilýär. Öýjügi görkeziji syçan ýa-da kursor klawişleri bilen şeýle hem Home, PageUp we PageDown klawişler bilen süýşürilýär. Girizilýän informasiýa şol bir wagtda formulalar setirinde şekillendirilýär. Girizmegi Enter klawişe basmak bilen tamamlamak bolýar. Eger öýjügiň düzümini redaktirlemek gerek bolsa, onda F2 klawişe basmaly (ýa-da öýjügiň özünde syçanyň çep gulagyna iki gezek basmaly), ýa-da ony formulalar setirinde redaktirlemeli. • Öýjükleriň bellenilişi (tapawutlandyrylyşy): 1. Öýjükleri bellemek üçin, bellenjek araçägiň bir burçunda syçanyň çep gulagyna basmaly we ony goýbermän araçägiň garşylykly tarapyna çekmeli. Başgaça bellemäni birinji öýjügi saýlap, Shift klawişe basyp, ony goýbermän iň soňky öýjükde syçanyň çep gulagyna basmak arkaly ýerine ýetirmek bolýar. 2. Setiri ýa-da sütüni bütinleý bellemek üçin iş meýdanyň gyralaryndaky setirleriň we sütünleriň markerlerinden peýdalanmaly. 3. Iş meýdanyň ýokarky çep burçundaky düwmejige basyp bütinleý iş meýdanyny bellemek bolar. 4. Сtrl klawiş basylyp saklansa, onda öň saýlanan öýjüklere öýjükleriň täze saýlanan toparyny goşmak bolýar. Bu usul bilen baglanyşyksyz toparlary hem bellemek mümkin. • Öýjükleriň üstünde geçirilýän amallar: 1. Delete klawişe basmak bilen saýlanan öýjükleriň düzümini öçürmek bolar. Şeýle hem öýjükleri tapawutlandyryp, tapawutlandyrylan bölegiň üstünde syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýudan Удалить... buýrugy saýlamak bilen olaryň düzümini ýok etmek bolar. 2. Öýjükleri tapawutlandyryp, tapawutlandyrylan bölegiň üstünde syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýudan Копировать buýrugy saýlamak bilen olary nusgalamak bolar. 3. Öýjükleri tapawutlandyryp, tapawutlandyrylan bölegiň üstünde syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýudan Вырезать buýrugy saýlamak bilen kesip almak buýrugyny ýerine ýetirmek bolar. 4. Nusgasy göçürilen ýa-da kesilip alnan öýjükleri goýmak üçin goýmaly meýdanyň ýokarky çep burçundaky öýjügi almaly we syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýudan Выcтавить… buýrugy bermeli. Kesip geçirme amaly ýerine ýetirilenden soň öýjükler arassalanýar. • Berlenleri girizmegi awtomatlaşdyrmak: 1. Birnäçe tablisalar öýjüklerinde şol bir berlenleri saklamagy mümkin. Şeýle tablisalar doldurylanda Eхсel programmanyň goldawyndan peýdalanmak bolýar. Birinji harp girizilende programma ulanyjynyň näme girizýänligini çaklaýar. Mysal üçin: "Mugallym” sözi bir gezek ýazylan bolsa soňra "M” harpy ýazylsa "Mugallym” sözi peýda bolýar. 2. Çylşyrymly bolmadyk kanun boýunça üýtgeýän berlenleri hem awtomatlaşdyrmak mümkin (3.2-nji surat). 3.2-nji surat Başda saýlanan bölegiň birinji öýjügini almaly we ony doldurmaly. Şondan soňra syçanyň görkezijisini öýjügiň çarçuwasynyň sag aşak burçuna eltmeli. Syçanyň görkezijisi "+” görnüşe eýe bolanda (bu doldurma markerdir) tutup çekmeli. 3. Doldurma markerini tutup çekmek, öýjügiň düzümini birnäçe setire we sütüne artdyrmaga ýardam berýär. Eger öýjügiň düzümi san bolsa, onda ol awtomatik bir birlige ulalar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |