18:59 Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ 300 ÝYLLYGYNA
Goşgular
Gutly bolsun, üç asyrlyk ýaş toýuñ, Bütin dünýäñ akyldary - danasy. Adamzat ählini haýrana goýýar, Paýhasyñdan dörän dürler dänesi. Bagryñ gany bilen şygyr ýazypsyñ, Beýiklerden-beýik, sadadan-sada. Nalyş edip, gözüñ ýaşa ezipsiñ, Hudaýa gol serip, säher-sabada. Halka-hemra, il derdine agladyñ, Arzuw etdiñ, berkararlyk - döwleti, Ýunus kibi haka gulluk bagladyñ, Baky ýat eýlemiş, seni ummatyñ. Nesip bolman han-beglere, şalara, Gurup sen, kalplarda tagty-köşükleñ, Baryp, derdiñ egisipsiñ daglara, Olara siñipdir mährem keşipleñ. Erenler elinden süzüpsiñ bada, Juda pespäl, öz halkynyñ guly sen. Her bir sözüñ dürdür kämil bolana, Hakdan içen - beýik Magtymguly sen! Annamuhammet ALLAGULYÝEW. | |
|
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.09.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||