23:51 Maglumatlaryň arasynda matematiki baglanyşyklary aňlatmagyň esasy usullary | |
MAGLUMATLARYŇ ARASYNDA MATEMATIKI BAGLANYŞYKLARY AŇLATMAGYŇ ESASY USULLARY
Ylym we tehnologiýa
Ýönekeý formulalary döretmek we olardan peýdalanmak. Eger öýjügiň düzümi “=” belgiden başlanýan bolsa, onda ony Eхсel programma formula hökmünde kabul edýär. Eger-de formulalar setirinde Formulany goýmak “fx” düwmejige basylsa, onda formulany girizmek has aňsatlaşýar. Formula, sanlaryň ýygymy we matematiki amallar bilen birikdirilen san öýjükleri hökmünde garalýar. Öýjüge salgylanmany bermek üçin, formulada onuň adyny görkezmeli (mysal üçin: A7). Muny elde ýa-da formula girizilýän wagtynda degişli öýjüge syçanyň görkezijisini eltip basmak arkaly ýerine ýetirip bolar. • Öýjükleriň otnositel we absolýut salgylary: 1. Her bir öýjügiň öz salgysy bar. Ol setiriň we sütüniň belgileri bilen kesgitlenýär, ýagny öýjügiň ady bilen kesgitlenýär. Mysal : D5=B5*С5. 2. Eger D6 öýjügiň bahasyny şol formula bilen hasaplamak gerek bolsa, onda ýene-de D6=B6*С6 formulany ýazmaly. Emma bu uly tablisa üçin amatsyzdyr, muny awtomatlaşdyrmak bolar. 3. D sütüniň ähli öýjüklerini degişli B we С sütünleriň öýjükleriniň köpeltmek hasyllary bilen awtomatik doldurmak has amatlydyr. Bu ýerde öýjükleriň formula girýän absolýut (üýtgemeýän) salgysy gerek bolman, otnositel (göräleýin üýtgeýän) salgysy gerekdir (bu salgylar barada aýratyn durup geçeris). 4. Ýörite görkezilmese öýjükleriň salgylaryna Ехсel programma otnositel salgy hökmünde garaýar. Bu formula boýunça doldurmak usuly bilen nusgany döretmäge mümkinçilik berýär. 5. Şeýle bolsa-da kä wagt öýjükleri formula bilen doldurmaly bolanda öýjügiň absolýut salgyny saklamaly bolan ýagdaýlar ýüze çykýar. Mysal üçin: eger öýjügiň bahasy başga setirlerde ýa-da sütünlerde ulanylýan bolsa, onda öýjüge absolýut salgylanmak üçin, onuň setiriniň ýa-da sütüniniň belgisiniň öňünden “$” belgini goýmaly. 6. Öýjüge salgylanmany dört usulda bermek bolar. Mysal üçin: A1 öýjüge salgylanma dört usulda ýazylyp bilner: A1,$A1, A$1, $A$1. Öýjük formula bilen da “$” belgi salgynyň haýsy böleginde duran bolsa şol bölek absolýut hasaplanylýar we “$” belgi ýok bolsa, şol bölek otnositel hasaplanýar. 7. Formula girizilende öýjüklere salgylanmany F4 klawişe basmak bilen almak bolar. Formatlaşdyrmak we öýjügiň ölçegini üýtgetmek. Aýratyn öýjüklerdäki berlenleriň formatyny “Форматирование” gurallar paneliniň kömegi bilen üýtgedip bolýar. Ol Word tekst redaktoryndaky ýaly ýerine ýetirilýär. Öýjükleri erkin formatlaşdyrmak üçin, gerekli araçägi (diapazony) bellemeli we onuň üstünde syçanyň sag gulagyna basyp, Формат ячеек gepleşik penjiresini açmaly (3.3-nji surat). Число goýundy öýjügiň düzümini şekillendirmegiň gerekli formatyny saýlamaga mümkinçilik berýär. Выравнывание goýundy ýazgynyň ýapgytlygynyň burçuny we ony deňlemegiň usulyny berýär. Шрифт goýundy şriftiň ýazlyş usullaryny we çyzylyşyny kesgitleýär. Границы goýundy arkaly aralygyň içki we daşky çäklerinde çarçuwa geçirmek mümkin. Заливка goýundy reňk bezegini dolandyrmak üçin ulanylýar. Öýjükleriň inini we beýikligini setirleriň (sütünleriň) aralyk çyzygyndan çekmek usuly bilen üýtgedip bolýar. Öýjükleri Главная menýunyň Ячейка gurallar paneliniň Формат (3.4-nji surat) sanawyny açyp has takyk sazlamak we beýleki mümkinçiliklerden peýdalanmak (setiriň beýikligi, sütüniň ini we beýlekiler) bolar. Çylşyrymly formulalar we standart funksiýalar. Programma gurnalan standart funksiýalaryň birnäçesini ulanmaga mümkinçilik berýär we çylşyrymly hasaplamalary ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Çylşyrymly formulany girizmegi formulalar setirinde Вставить функцию düwmejige basylanda açylýan Вставка функции (3.5-nji surat) gepleşik penjiresinde amala aşyrmak bolar. Bu gepleşik penjire Eхсel programmasynda islendik standart funksiýany saýlap almaga mümkinçilik berýär. Funksiýa saýlanandan soň argumentleri girizmek üçin, Аргумент функции (Funksiýa argumentleri) ( 3.6-njy surat) penjire açylýar. Onda san girizmek üçin meýdançalar, aşaky böleginde bolsa kömekçi informasiýa ýerleşýär. Bu ýerde argument barada we funksiýanyň ýazylyşy, niýetlenen işi barada maglumat berilýär. Eger argument dok (ýogyn) ýazylan bolsa, onda ol hökmandyr, eger adaty şrift bilen ýazylan bolsa, onda ony ýazmasaň (goýberip) hem bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |