03:00 Ir süýnen ýyldyz | |
IR SÜÝNEN ÝYLDYZ
Aýdym-saz sungaty
(Belli aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti merhum Öwezgeldi Tekäýewli ýatlamalar) Hawa, günde kepen biçen ajal haýýat niýetiň bilen ykbalyňy çapraz getirdi. Garaşsyzlygyň sergin şemaly tebsirän ylham çeşmäňi ýaňy bir joşduryp başlan çagy bimahal aramyzdan gitdiň. Halkyňy, il-günüňi ýene-de begendirjek aýdymlaryň hem özüň bilen gara ýeri guçmaly boldy. Belki-de şeýle güne düşmegiňe ykbalyň ýowuz daraşmagy sebäp bolandyr... Sowet totalitarizmi döwründe özüň ýaly talantly ogullaryň gör näçesiniň eginlerinden basyldyka?.. Şeýle bolsa-da ýanamalar, kynçylyklar seni öz ýoluňdan döndermedi. Sebäbi on iki süňňüň, kalbyň, ýüregiň bilen sungata berlipdiň. Efirde aýdymlaryňy goýbermek gadagan edilende-de ruhdan düşmediň. Gaýtam, eliňden taryňy düşürmän halkyňa hyzmat etdiň. Seniň döreden aýdymlaryň toýlaryň şatlygyny artdyrdy. Hatda her çagyrylan toýuňy täze aýdymyň bilen gutladyň diýsek öte geçdigimiz bolmasa gerek. Türkmenistanyň dürli etraplaryndan iki-üç aý öňünden gelip, toýa bagşyçylyk etmegiňi sorap, nobata durup seni çagyryp giderdiler. Saňa ömrüň ahyrynda “Türkmenistanyň halk artisti” at berildi. Emma sen bu ada 60-njy ýyllarda (25 ýaşlaryňda) mynasyp bolupdyň. Çünki, şol döwürlerde halk seni eýýäm ykrar edipdi ahyry. Seniň aýdym-saz äleminde bu beýiklige galmagyňa goşgy-gazala dürs düşünýänligiň, many-mazmuny aýdyň seljerip bilýänligiň, ezber sazandalygyň sebäp bolsa gerek... Aýdan aýdymlaryň köpüsi türkmen nusgawy şahyrlarynyň, esasan hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bolansoň, türkmen bolup seni diňlemezlik asla mümkin hem däldi. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň goşgularyna döreden aýdymlaryň sany meniň bilýänlerimiň özi ýüzlerçe, belki eşitmediklerim hem şonçarak bolmagy mümkin. Şol döwürler aýdymlaryňy toýlarda diňläýmeseler, radioda-telewideniýede seniň aýdymlaryňy diňlemekden halk mahrumdy. ...Hawa Öwezgeldi Tekäýewiň aýdym-saz repertuary diýseň baýdy. Toýlarda bagşysumaklar birki sany aýdym aýdyp yzyndan tans sazlaryny çaldyrmagy gowy görýärler. Emma ol aýdym aýtdygyça göhi gelip sesi has-da belentden ýaňlanardy. Eger-de tans sazy buýrulsa känbir halap barmazdy. Öwezgeldi halypany oturlşyklarda, toýlarda diňlemek maňada birnäçe gezek nesip edipdi. Käbir toýlarda gije 1-2-ä hatda daňdan 6-a çenli hem halk ony goýbermezdi. Göwnüme bolmasa halypanyň aýdan aýdymlary öz gözbaşyny milli saz sungatymyzdan alyp, dutardan örküni üzmeýän ýaly. Şeýle-de ol türkmen halk aýdymlarynyň heňinde birgiden aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýärdi. Öwezgeldi “janly saz gurallarynda” (tar, akkordeon, dep) biçak köp aýdymlary döretdi. Radio-telewideniýäniň arhiwindäki aýdymlar onuň aýdan aýdymlarynyň ondan biri hem dälmikä diýýärin. Öwezgeldi Tekäýew ömrüniň soňky döwründe elektrodutarda hem aýdym aýdyp başlady. Belent sesiň bolmasa elektrodutaryň gapdalynda aýdym aýtmak her kese başartmasa gerek. Halk arasynda “Öwezgeldi Tekäniň sesi iki taňryly” diýilmegi hem ýöne ýere däl bolsa gerek. Öwezgeldiniň elektrik togy öçen ýagdaýlarynda ses güýçlendirijisiz toýlary sowan gezekleri bolupdyr. ...1976-njy ýylda Aşgabadyň serkerdeler (ofiserler) öýünde meşhur aýdymçy Annaberdi Atdanow bilen bilelikde yzygiderlikde birnäçe gün konsert bereniňiz ýadymda. Şol konsertlerde her gezekde zalda oturara ýer tapylmazdy. Men şol konsertleriň hemmesine höwes bilen barypdym. Entek-entekler hem göz öňünden gidenok: her aýdymy soňlap-soňlamankaň diňleýjiler hat ýazylan kagyz bölejiklerinden sahnany doldyrdylar. Sen bolsa ýaltanman şol hatjagazlary ýeke-ýekeden çöpläp penjegiň jübülerine salyşdyrýardyň. Şonda hatlaryň käbirini diňleýjilere okap beripdiň: “Hormatly Öwezgeldi Tekäýew! Sizi “Arzuw” ansamblyňyzyň (şol döwürler ansamblyňyzyň ady “Arzuwdy”) täzeden dünýä inmegi bilen mähirli gutlaýarys, Size şowlulyk we döredijilik üstünligini arzuw edýäris...” Şowlulyk nire, zat nire Kerim Gurbannepesowyň “Adyň dilde bolsa bahylyň hem köp” diýip ýazyşy ýaly bahylyň köp boldumy ýa-da göz-dil boldumy, Seni ýene-de sahnadan kakyp düşürdiler. Edil şu şowsuzlykdan soň hem seniňki ugruna bolmady... Dagdan inen siliň öňünde hiç bir zadyň böwet bolup bilmeýşi ýaly, pellehana golaýlan çyn bedewiň jylawyndan näçe dartsaňda el bermän öňe okdurylyşy kimin, seniň talantyň öňünde hiç zat durup bilmedi. Dogrusy sen aýdymsyz bir gün hem ýaşap biljek däldiň. Seniň üçin il-günüň göwnüni awlamakdan, halkyň sagbolsunlaryny almakdan uly bagt ýokdy. Öwezgeldi halypanyň radioda birnäçe aýdymlary halkymyza ýetirilip dur, emma onuň telewideniýede iki-üç sany gysgajyk ýazgylary bolaýmasa... Öwezgeldiniň muşdaklary onuň toýlarda oturylşyklarda aýdan wideolaryny (aýdymlaryny) internetde goýupdyrlar, ýöne olaryň hili pesräk. Ussat aýdymçy Öwezgeldi Tekäniň aýdan aýdymlaryny toplap olary halka ýetirsek sogap iş etdigimiz bolardy. • GITDIŇ BAKA SEN Magtymgulyň sözlerini uz edip, Bu gün aramyzdan gitdiň baka sen. Gussa batan ýürekleri ýaz edip, Teşneleri çeşme bolup ýaka sen. Joşan wagtyň Jeýhun bilen bäsleşdiň, Sungat äleminde ganatlap uçduň, Bagşylar içinde täze ýol açdyň, Aýdymlaryň şa perdeden çeke sen. Aglan wagtyň çynyň bilen eňrediň, Gülen wagtyň ýürekleri sermediň, Il bähbitli işde çetde durmadyň, Meňzäp gitdiň nere, werdiş ýüke sen. Sygyndyň halkyňa ýaşap il bilen, Kändir seni diňläp hem aglap, gülen, Ýadygär aýdymly sazlary bilen, Halk içinde Öwezgeldi Teke sen. Annamuhammet ALLAGULYÝEW. “Aşgabat agşamy” gazeti, 21.09.1994 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |