12:08 Gipersalgylanmalar | |
GIPERSALGYLANMALAR
Ylym we tehnologiýa
• Informasiýanyň gipertekstde aňladylyşy Gipertekst - kompýuteriň ekranynda tekstiň elementleriniň arasynda arabaglanyşygy guramaga mümkinçilik berýän informasion gurluşy bolup, bir elementden beýlekä geçmegi amal edýär. Tekstde esasy bölümleriň ýa-da düşünjeleriň arasynda baglanyşygy döretmek üçin, gipertekst ulanylýar. Gipertekst resminamany bölümlere bölmäge mümkinçilik berýär. Gipertekst – bu gipersalgylanma döredilen tekstdir. Gipersalgylanma iki bölekden durýar: salgylanmanyň görkezijisi we onuň salgy (adres) bölegi. Salgylanmanyň görkezijisi – bu obýekt (tekstiň parçasy, ýa-da surat), ol tekstde adatça daşky görnüşi boýunça gök reňkde aşagy çyzylan görnüşde tapawutlanýar. Resminamada gipersalgylanmanyň salgy bölegi özünde zakladkanyň (belligiň) adyny saklaýar, bu bolsa onuň şol ada salgylanýandygyny görkezýär. Gipersalgylanma işjeňleşende (syçanyň kömegi bilen) salgylanmada görkezilen ýere geçmek amala aşyrylýar. Zakladka (bellik) – bu resminamanyň elementi bolup oňa gaýtalanmaýan (unikal) at berilýär. • Zakladka salgylanýan gipersalgylanmanyň döredilşi 1. Zakladka (bellik) döretmek. Tekstiň parçasyny (mysal üçin, tekstiň soňunda bir sözi) tapawutlandyrmaly we Вставить – Закладка ... (Goýmak – Bellik...) buýrugy bermeli (2.18-nji surat). Имя закладки (Zakladkanyň ady) meýdança onuň adyny girizmeli we Добавить (Goşmak) düwmejige basmaly. • Gipersalgylanmany döretmek Salgylanmanyň 4 görnüşi bar (2.19-njy surat): 1. Faýllara we Web-sahypalara geçmek. 2. Resminamanyň çäginde onuň bölümlerine geçmek. 3. Täze resminama geçmek. 4. Elektron poçta salgylanmasy – elektron poçtadaky gerekli salga ýüzlenýär. Tekstiň parçasyny tapawutlandyrmaly ol gipersalgylanmanyň görkezijisi bolar. Вставить – Ссылка... (Goýmak – Salgylanma...) buýrugy bermeli. Вставка гиперссылки gepleşik panelindäki penjireden zakladkanyň adyny saýlamaly we gipersalgylanmanyň dogrulygyny barlamaly. Bu baglanyşyk (salgylanma) Internet resminamalarynda iň esasy işleriň birini ýerine ýetirýär. Salgylanmak tekstiň, suratyň, üsti bilen amala aşyrylýar, ýagny tekst ýa-da suratyň üsti bilen beýleki bölümlere, sahypalara we resminamalara geçmek bolýar. Amaliýetde gipertekst käbir sözleriň aşagyny çyzmak ýa-da reňklemek arkaly ulanylýar. Tapawutlandyrylan söz – bu söz bilen baglanyşykly bolan haýsydyr bir resminamanyň barlygyny aňladýar. Şol resminamada tapawutlandyrylan söz bilen baglanyşykly tema doly seredilýär. Gipermediýa – eger gipertekstiň kesgitlemesinde “tekst” sözüniň informasiýanyň islendik görnüşine (ses, grafika, wideo) çalşyrylanda alynýan düşünjedir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |