ENE ÝERIŇ ARZUWY
■ Türkmenleriň ekerançylyk taryhy we Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen taryhy çözgütler hakynda oýlanmalar
Ynsanýetiň soňky bäş-on müňýyllyk taryhynyň islendik döwrüne göz aýlasaň, jemgyýetçilik durmuşynda ekerançylyga aýratyn uly üns berlendigini görmek bolýar. Çünki adamzat ýaşaýşynyň gözbaşy öňi bilen azyk önümlerini öndürmekden başlanýar. Gadymy hem müdümi Watanymyz Türkmenistan adamzat nesliniň ene ýere iň ilki tohum taşlap ekin eken, bol hasyl alan ülkeleriniň biri. Bu toprak iňňän gadymy döwürlerde ynsanlaryň ilkidurmuş dünýäsiniň tümlüginden çykyp, sarp ediji hojalykdan, önüm öndürýän hojalyga – suwarymly ekerançylyga geçen ýurdy. Sahawatly türkmen ülkesi dünýäde tozap ýatan topragyň ýüzüne çekilen ýaşyl nagyş deý ýaýylyp ýatan owadan ekin meýdanlarynyň, oba-kentleriň hem ilki dörän ýerleriniň biri. Mundan sekiz-dokuz müň ýyl ozal ýüze çykan Jeýtun medeniýeti we ondan gözbaş alyp, alyslara ýaýran ekerançylyk medeniýetleri aýdylanlaryň aýdyň mysaly.
Müsürdäki Nil, Yrakdaky Tigr bilen Ýewfrat, Päkistandaky we Hindistandaky Hind we Ganga, Hytaýdaky Huanhe we Ýanszy derýalarynyň boýlary ýaly, Türkmenistanyň Köpetdag etekleri, Murgap-Tejen derýalarynyň aralygy we Amyderýanyň boýlary dünýäde ekerançylyk hojalygynyň we şunuň esasynda dünýä siwilizasiýasynyň hem iň ilkinji kemala gelen ýerleri hasap edýärler. Has gönüläp aýtsak, ekerançylyk medeniýeti adamzat siwilizasiýanyň iň ilkinji basgançagydyr. Ony başgaça siwilizasiýanyň sallançagy diýip hem atlandyrýarlar.
Ýer ýüzünde ösen hojalyk gatnaşyklarynyň kemala gelmegi birinji nobatda ekerançylygyň ýüze çykmagyna bagly bolupdyr. Halk hojalygynyň maldarçylyk we hünärmentçilik ýaly ugurlary hem bir döwürde ekerançylykdan bölünip aýrylan pudaklardy. Kämil hojalyk hem-de ýokary derejedäki önümçilik gatnaşyklary bolan obalar, soňra şäherleriň hem-de gadymy döwletleriň döremegi üçin hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Aslyýetinde, dünýäniň aglaba ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem, obasy bolmasa döwleti göz öňüne-de getirmek kyndyr. Ỳöne, oba diýlende, diňe ak, gök, bakja we tehniki ekinleriň ekilýän, miwe önümleriniň öndürilýän ỳeri diýip düşünmeli däl. Oba geçmişde hem, häzirki döwürde hem mährem, zähmetsöýer, janypkeş hem-de jepakeş adamlaryňam ýaşaýan ýeridir. Oba milletiň asyrlaryň jümmüşinden gelýän maddy hem-de ruhy mirasyny eşrepi ýaly aýap saklaýan özboluşly hazynasydyr, mirashanasydyr.
Ekerançylyk pudagynda ýola goýlan önümçilik gatnaşyklary, döwletiň we adamzadyň jemgyýetçilik-ykdysady öşüşiniň hem baş görkezijisi bolup hyzmat etdi. Diýmek, ekerançylykda kemala gelen gatnaşyklar näçe ösen hem çylşyrymly ýagdaýda gurnalan bolsa, jemgyýetiň syýasy we medeni taýdan ýeten derejesi hem şonça-da ýokary bolýar. Taryhçy alymlar hut ekerançylygyň ýeten derejesinden, ýere eýeçilik etmegiň usullaryndan hem-de salgyt ulgamyndan ugur alyp, ol ýa-da beýleki jemgyýetiň adamzat taryhyndaky ösüş döwürlerini kesgitleýärler.
Daýhan zähmeti köp hysyrdyny, kän azaby talap edýän iş. Belki şonuň üçindir halkymyz «täjir täjiriň yzyndan bir şapbatda, maldar maldaryň yzyndan bir ýylda, daýhan daýhanyň yzyndan on ýylda ýeter» diýip aýdýar. Şaher ilatyndan tapawutlylykda, oba adamsy önümçilik we ýaşaýyş-durmuş meseleleri bilen hemişe meşgullanmaly bolýar. Şäherde her kim zähmetiň haýsy hem bolsa anyk bir ugry ýa-da görnüşi bilen meşgullanýar, şondanam güzeranyny aýlaýar. Emma oba adamlarynyň aglabasy ekerançylygy, maldarçylygy, şeýle hem belli bir derejede hünärmentçiligi hem bir wagtda alyp barmaly bolýarlar.
Ekerançylyk ynsan ýaşaýşynyň derwaýys pudagy. Ekin, ekinçilik, ekerançylyk sözleri türkmenleriň süňňüne ornap giden düşünjeler. Ekerançylyk barada gürrüň edilende, öňi bilen azyk önümleri, haryt bolçulygy göz öňune gelýär. Osmanly türkmen dilinde çörege, nana «ekmek» diýlip, ýöne ýerden aýdylan däl bolmaly.
Ekarançylyk hakynda gürrüň edilende, diňe bir halk hojalygynyň bir pudagy, goşmaça iş orunlary ýa-da azyk önümlerini öndürmeklik däl, eýsem adamzady alada goýýan daşky gurşaw meselesi hem göz öňüne gelýär. Dünýaniň fiziki kartasynyň öňünde durup Ýer togalagyna syn etseň, çöllük hem-de daglar bilen örtülen ülkeleriň içinden akyp geçýän derýälaryň boýlaryndaky ýaşyl zolaklary görmek bolýar. Bu zolaklar adam eli, daýhanyň gabarçakly elleri bilen özgerdilen öňki çölüstanlyklardyr. Şeýle ýagdaýy dünýäniň fiziki kartasynda gurak sebitlere mahsus sary reňk bilen berilýän türkmen topragyna göz aýlanyňda-da görmek bolýar. Amyderýanyň boýlarynda, şeýle hem ýurdumyzyň gündogaryndan günbataryna tarap uzap gidýän Garagum derýasynyň iki tarapynda owadan ýaşyl zolaklar görünýär. Şol ýaşyl zolaklaryň ýyl-ýyldan giňeýändigini we gojaman Hazara tarap ýuwaş-ýuwaşdan süýşüp barýandygyny duýýarys. Ine, sahawatly ýaşaýyşdan habar berýän şol owadanlygy, ýer üstüniň gözelligini hem türkmen daýhany döredyär.
Gündogar ýurtlarynyň ekerançylygyny Ýewropa ýurtlarynyňkydan tapawutlandyrýan uly aýratynlyklar bar. Ýewropa ýurtlarynda ýer emeli usulda suwarylmaýar. Sebäbi sürüm, ekerançylyk ýerlerine zerur bolan yzgary asman berýär. Günbataryň ekerançylygy dümeçilige esaslanýar. Şonuň üçin hem onuň her bir daban ýeri eýeli. Ýewropada ýer örän gymmat, sebäbi onuň ýeri hasylly. Ýewropanyň ýeri ýaşaýyş üçin amatly, çünki onuň tebigaty gözel. Ýer Ýewropada gozganmaýan emlägiň hem iň gymmat bahalysy. Bu yklymda indi müň ýyldanam köp wagt bäri ýer hususy eýeçilikde.
Emma Gündogar ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem ekerançylyk medeniýetiniň ýüze çykyşy, kemala gelşi we asyrlaryň dowamyndaky ösüşi başgaça boldy. Bu yklymda ekin ekmek we ýaşamak üçin amatsyz ägirt uly gurak çöllükler, ulgam-ulgam daglar köp. Gündogarda ýerden hasyl aljak bolsaň, önüm öndürjek bolsaň, ýeri hökman köp zähmedi talap edýän emeli usulda suwlandyrmaly. Dogry, düme ekerançylygy Gündogarda-da bar, emma onuň bilen jemgyýeti azyk önümleri bilen üpjün edip, haryt bolçulygyny döredip bolanok. Ony diňe önüm öndürmegiň goşmaça usuly hökmünde ulanýarlar. Üstesine-de, gurak hem-de yssy guşaklykda ýerleşýän Gündogar ýurtlarynyň köpüsinde gurakçylyk ýyllary düme ekerançylygy bolmaýar. Şu aýratynlyklaryň netijesinde, Gündogar ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Ýewropanyňka meňzemeýän özboluşly, baý ekerançylyk medeniýeti ýüze çykypdyr.
Gündogarda ekerançylyk sungat derejesine çykarylypdyr. Sungat derejesi diýilýänliginiň sebäbi, sebitiň halklarynyň baý medeniýeti köp babatda ekerançylykdan gözbaş alyp gaýdýar. Eýsem-de bolsa, gadymy Nowruz baýramçylygyny türkmenleriň ekerançylyk medeniýetinden aýyrmak mümkinmidir? Ekerançylyk halklaryň edep-ekramyna, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, gylyk-häsiýetlerine, dünýägaraýşyna hem ägirt uly täsir edipdir. Gadymy hunlaryň-oguzlaryň, göktürkmenleriň ýere-suwa keramat hökmünde sežde etmekleri, türkmenleriň ekerançylygyň piri Babadaýhan hakyndaky düşünjeleri ata-babalarymyzyň ýaşaýyş, durmuş baradaky dünýägaraýyşlaryndan aýdyň mysaldyr.
Gündogar ýurtlarynda ekin ekmek, önüm öndürmek üçin derýalaryň, çeşmeleriň ugrunda suw desgalaryny gurmaly, ýaplary, noburlary çekmeli. Her ýyl suw desgalaryny abatlap, gazy-haşar işlerini geçirip durmaly. Bu işleri döwlet derejesinde ýa-da tutuş jemagat bolup alyp barmasaň bolanok. Ekerançylygy ýöretmegiň şeýle kyn şertleriniň bolandygy üçin beýleki Gündogar ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sürüm ýerlerine esasan döwlet eýeçilik etdi. Ilatyň köp bolmagy, suw ýetmezçiligi zerarly suwarymly ýerleriň hem azlyk etmegi, döwleti ekerançylyk ýerlerini öz eýeçiligine almagyna getiripdir. Sebäbi raýatlar üçin ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretjek bolsaň, öňi bilen olary ekin ýerleri bilen üpjün etmeli.
Gündogar siwilizasiýanyň aýrylmaz bölegi bolan Türkmenistanyň ekerançylyk medeniýeti bu sebitiň ekerançylyk medeniýetleri bilen köp babatda meňzeş gelýär. Ýeri işläp bejermekde, ekin ekmekde we suwarmakda ulanylan tilsimlerde, ýere eýeçilik etmegiň usullarynda we görnüşlerinde, salgyt ulgamynda belli bir derejede umumylyk duýulýar. Hatda Türkmenistan we Hytaý ýaly biri-birinden alyslarda ýerleşýän döwletleriň hem geçmiş taryhyndaky hojalygy ýöretmegiň we ýere eýeçilik etmegiň köp düzgünleri gabat gelýär. Bu ýöne ýerden däl, sebäbi olaryň tebigy şertleri golaý, taryhy tejribeleri meňzeş.
Türkmenistanda ekerançylyk hojalygy köp müň ýyllyk taryhy ýoly geçdi we hojalygy ýöretmekde baý tejribe toplanyldy. Häzirki döwürde dünýä ýurtlarynyň ekin dolanyşygynda giňden ulanylýan ak, gök, bakja, miweli we tehniki ekinleriň köpüsi, biziň topragymyzda-da asyrlaryň taryhy synagyndan geçdi. Bu toprakda dünýä nusgalyk ýokary hilli, kesellere çydamly, bol hasyl berýän tohumlaryň köp sanlysy döredildi. Türkmen topragynyň dünýäniň ekerançylyk medeniýetine peşgeş beren guş gursak Ak bugdaýynyň bir özi nämä degmeýär.
Türkmen topragy ýere eýeçilik etmek düzgünleriniň hem ilki ýüze çykan we kämil salgyt ulgamynyň dörän ýerleriniň biri. Ýere eýeçilik etmegiň ilkinji usuly jemagat eýeçiligi boldy. Gadym zamanlarda adamlar obanyň töwerejinde ýerleşýän ekarançylyk ýerlerine jemagat bilup, bileleşip eýeçilik edýärdiler. Her ýyl ekiş möwsümden öň ekerançylyk ýerleriniň möçberi takyk hasaplanylyp, her maşgala näçe mukdarda ortaça ýer böleginiň düşýändigi kesgitlenýärdi we şol ýer bolekleri bije atylyp paýlaşylýardy. Ýerden öndürilýan hasyldan daýhanlar salgyt tölemeýärdiler we öz öndüren ähli önümlerine hojalyklaryň özleri eýeçilik edýärdiler. Emma Ýer ýüzünde gadymy döwletleriň döremegi bilen bu ýagdaý üýtgedi. Döwleti dolandyrmak, döwlet adamlaryny, goşuny saklamak üçin serişdeleriň zerurlygy ýüze çykdy. Munuň üçin öndürijilerden – birinji nobatda daýhanlardan salgyt ýygnamak düzgüni döredi. Ekerançylyk ýerlerine eýeçilik edip oturan oba jemagatlarynyň ýerleriniň esasynda eýeçiligiň we salgytlaryň dürli görnüşleri peýda boldy. Orta asyrlarda türkmenleriň döreden kuwwatly döwletlerinde ýer eýeçiliginiň we ekerançylykdan alynýan salgytlaryň görnüşleri dürli hili atlandyrdylypdyr.
Orta asyrlarda ekerançylyk bilen bir hatarda senetçilik bilen söwda-da ösdi. Ýöne, jemgyýeti ekleýän, döwlet girdejileriniň esasyny düzýän önümler barybir ekerançylyk pudagynda öndürildi. Şol sebäpden hem jemgyýetiň agramly bölegi ekerançylygyň hasabyna eklendi, döwletiň ykdysady kuwwatyny hem hut şu pudakdan gelýän girdejiler üpjün etdi. Üstesine-de, ekerançylyk önümçiliine gatnaşmaýan gatlaklar bolan dolandyryjylar, döwlet we harby gullukçylary, şeýle hem din adamlary-da, esasan ekerancylygyň hasabyna ýaşaýardylar. Munuň üçin hökümdarlar döwlet emeldarlaryna, harby gullukçylaryna döwlete hyzmat etmek şerti bilen ikta, jagir, süýürgal, ynam, sipahi, timar diýlip atlandyrylan ekin ekilýan ýerleri berýärdiler. Şeýle ýerlere eýe bolan adamlar eýeleýan wezipesine görä, bir ýa-da birnäçe obalardan gelýän salgytlary gulluklary üçin alýardylar. Has uly wezipeleri eýeleýän emeldarlar we gullukçylar bolsa bir etrapdan ýa-da welaýatdan gelýän salgytlary hem alyp bilýärdiler.
Wakf ýerleri barada aýdylanda bolsa, ol din adamlaryna hökümdarlar tarapyndan sadaka berilýän («wakf» – «bagyş [edýärin]») ýerlerdi. Orta asyr türkmen döwletleriniň köpüsinde wakf ýerleri hem belli bir derejede ýaýrapdyr. Sebäbi türkmen döwletlerinde we beýleki musulman döwletlerinde durmuş syýasaty esasan din adamlarynyň üsti bilen amala aşyrylýardy. Çünki çagalara bilim bermek, garyp-gasarlara, ýetim-ýesirlere, maýyp-müjrüplere, hassalara howandarlyk etmek işlerini din adamlary ýa-da dini edaralar ýerine ýetirýärdiler. Keselhanalar, hanakalar, metjit-medreseler hem dini edaralar, ulamalar tarapyndan gurulýardy. Emma bu işleri amala aşyrmak üçin kän serişde gerek bolýardy. Şonuň üçin hem hökümdarlar din adamlaryna, dini guramalara wakf ýerlerini sahylyk bilen eçilýärdiler. Wakf ýerleri diýlip döwlet tarapyndan yglan edilen obalaryň ýa-da etraplaryň daýhan hojalyklary her ýylky tölenmeli salgytlary döwlete däl-de, dini edaralara tabşyrýardylar. Orta asyrlarda durmuş syýasaty şeýdip amala aşyrylýardy.
Türkmenistanyň häzirki ýerinde giçki orta asyrlardan başlap wakf ýerleri ýere eýeçilik etmegiň giň ýaýran görnüşine öwrülip bilmedi. Onuň hem esasy sebäbi türkmen topragynda ýurt dagynyklygynyň höküm sürmegi bilen baglanyşykly boldy. Ýurdumyzyň ýerinde bitewi döwletiň bolmaýşy ýaly, durmuş syýasaty hem ýokdy.
Mongol basybalyşlaryndan soň türkmen topragynda köp asyrlap dowam eden ykdysady çökgünlik başlady. Kämil suw desgalary weýran boldy, ekerançylyk ýerleriniň mukdary, ekilýän ekinleriň görnüşleri üzül-kesil kemeldi. Emma şonda-da ekerançylyk medeniýetiniň taryhy müňýyllyklar bilen kesgitlenilýän türkmenler ata-babalarymyzyň geçmişde ekerançylyk medeniýetinde kemala gelen köp gymmatlyklaryny saklap bildiler. Olar gurak şertlerde, suwuň ýetmezçilik edýän ýagdaýynda ýokary hasyl berýän tohumlary ýere taşlap, bol hasyl öndürmegi başarýardylar. Bu döwürlerde türkmenlerde ýere eýeçilik etmegiň mülk, sanaşyk, atlyk we wakf ýaly görnüşleri ulanyldy. Ýere eýeçilik etmegiň şu görnüşleriniň içinde giň ýaýrany sanaşyk bolupdyr. Sanaşyk biziň ýokarda adyny tutan jemagat ýerlerimizdir. Hemişe bolşy ýaly, jemagat ýerlerine köpçülik, oba bolup eýeçilik edýärdiler we ýeri daýhanlar öz aralarynda deň-derman paýlaşýardylar. Döwletsizlik döwründe türkmen daýhany hiç kime salgyt tölemändir, öndüren ähli önümine özi eýe bolupdyr.
Türkmenistanda sürüm ýerlerine eýeçilik etmegiň mülk görnüşi, ýa-da has gönüläp aýdanymyzda, nesilden-nesle geçýäň hususy ýer eýeçiligi hem bolupdyr. Mülklere adatça oba jemagatynyň gurply hem-de täsirli adamlary bolan hanlar, serkerdeler we baýlar eýeçilik edipdirler. Emma Gündogaryň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, bizde ýere hususy eýeçilik durnukly ýagdaýda bolmandyr. Syýasy wakalaryň, tebigy hadysalaryň netijesinde ol häli-şindi üýtgäp durdy. Alymlar taryhy ösüşde Gündogaryň Günbatardan yza galmagynyň bir sebäbini, Gündogar ýurtlarynda ýere eýeçilik etmegiň mülk görnüşiniň ýa-da hususy eýeçiligiň durnuksyz ýagdaýda bolandygy we hususy eýeçiligi kepillendirýän hem-de goraýän hukuk namalarynyň bolmandygy bilen hem düşündirýärler.
Atlyk eýeçiligi hakynda gürrüň edilende bolsa, bu eýeçilik Hywa hanlygynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda giň ýaýrapdyr. Hywanyň hökümdarlary hana gulluk edýändikleri üçin türkmen nökerlerine güzeran aýlamak üçin atlyk ýerlerini berýärdiler. Bu ýerler türkmenler tarapyndan işlenip bejerilmändir. Türkmen nökeri özüne berlen atlyk ýerini, öňden hem şol ýerde ýaşap hem işläp ýören özbek daýhanlaryna, ýetişdiren hasylyny paýlaşmak şerti bilen kärendesine berýär eken.
XVIII-XIX asyrlarda Aziýa we Afrika ýurtlary az sanly Ýewropa ýurtlary tarapyndan basylyp alnandan soň, daşary ýurtlylar Gündogar ýurtlarynda ýere eýeçilik etmegiň usullaryny Ýewropa ýurtlaryndaky ýaly edip üýtgedip gurmaga synanyşyk edipdiler. Iňlisleriň Hindistanda ýer eýeçiligini kämilleşdirmek, salgyt ýygymlaryny tertipleşdirmek bilen baglanyşykly XVIII asyryň ahyrlaryndan başlap girizip ugran «zemindary» we «raýatwary» düzgünleriniň belli bir ähmiýeti boldy. Geçirilen işleriň netijesinde Hindistanda uly möçberdäki ekerançylyk ýerleri, ýer salgydyny tölemek şerti bilen hindi baýlary bolan zemindarlaryň eýeçiligine berildi. Emma sürüm ýerleriniň zemindarlaryň ygtyýaryna berlip başlanmagy, Hindistanyň aýry-aýry ýerlerinde hindi däyhanlary bolan raýatlaryň nägileligini döretdi. Şonuň üçin hem iňlis hökümeti oba jemagatlarynyň ygtyýaryndaky ýerleri, ýer salgydyny tölemek şerti bilen raýatlaryň özüne hemişelik kärendeçilige berdi. «Hemişelik raýatwary» diýlip atlandyrylan bu düzgün boýunça, ýerler hemişelik kärendeçilige berlip, raýatlar özlerine degişli ýerleri nesilden-nesle geçirip bilýärdiler we edil zemindarlaryňky ýaly, olarda-da iňlis hökümeti tarapyndan berlen ýer eýeçiligine güwä geçýän resminama bardy. Iňlisleriň girizen bu düzgünleri boýunça, zemindarlaram, raýatlaram ýylda bir gezek ýer salgydyny töläpdirler we ýer eýelerine salynýan şol salgydyň möçberi hiç hili üýtgedilmändir. Netijede, salgydyny tölän zemindaram, raýatam artykmaç önüm öndüren ýagdaýynda baýap bilýärdi. Elbetde, Hindistanda girizilen bu düzgünler eýeçilik meselesini doly çözüp bilmedi, ýöne ýer bilen baglanyşykly eden-etdilikleriň köpüsini aradan aýyrdy.
1947-nji ýylda Hindistan bilen Päkistan milli garaşsyzlyga eýe bolanlaryndan soň, bu ýurtlaryň milli hökümetleri ýer işleri bilen baglanyşykly çäreleriň uly tapgyryny amala aşyrdylar we ýere eýeçilik meselesini gutarnykly çözdiler. XX asyryň 50-nji ýyllarynda ýer özgertmesi geçirilip, zemindarlara degişli uly mülkleriň möçberi üzül-kesil azaldyldy. Ýagny, hökümet zemindarlara degişli ýerleriň artykmaç diýlip hasap edilen bölegini, olardan satyn aldy we az ýerli hem-de ýersiz daýhanlaryň arasynda paýlady. Döwletiň zemindarlardan ýer satyn almak üçin sarp eden maliýe serişdeleri bolsa, döwlet tarapyndan daýhanlara berlen özboluşly karz hasap edildi. Soň şol karzlary daýhan hojalyklary, önümçilige we öz girdejilerine agram salmazdan, uzak ýyllaryň dowamynda az-azdan üzüp bildiler. Häzir Hindistan ýaly uly ýurt, ilat sanynyň 1 milliartdan geçendigine garamazdan, özüni oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün edýar we önümlerini daşarky bazara-da çykarýar.
XX asyryň 60-njy ýyllarynda nebit satmakdan gelýän girdejileriň hasabyna, şeýle ýer özgertmesi goňşy döwletimiz Eýranda-da amala aşyryldy. Eýranda hem edil Hindistandaky, Päkistandaky ýaly, hökümet iri ýer eýeleriniň artykmaç ýerlerini satyn alyp, ýersiz we az ýerli daýhanlaryna paýlap berdi.
Ata-baba ekerançylyk ýurtlarynyň biri bolan Hytaýda asyrlar boýy ýere hususy eýeçilik höweslendirilmändir. Hytaýly akyldar Konfusiniň sargytlary boýunça hökümdarlar ýurtda diňe döwlet eýeçiligini ykrar edipdirler. Sebäbi Konfusiý ýurduň ilatynyň gür ýerleşendigini, ekerançylyk ýerleriniň bolsa ýetmeýändigini göz öňünde tutup, hökümdaralara «adamlaryň üç hilisinden gorkuň: peýdakeşden, köp gepleýän alymdan, hususyýetçi daýhandan» diýip düýdurypdyr. Konfusiý peýdakeşler adamlara işlemän iýmäni öwredýärler, hususyýetçi daýhanlar jemgyýetde we adamlaryň arasynda höküm sürýän adaty deňligi bozýarlar, köp gepleýän alymlar bolsa hökümdarlary netijesiz özgertmelere itekleýärler, şunuň netijesinde bolsa ýurtda dowam edip gelýän adaty durmuş bozulýar diýip düşündiripdir. Konfusiniň bu pikirleri Hytaýda asyrlar boýy höküm sürüp geldi. Emma 1978-nji ýylda ýurduň ykdysady durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň özgertmeler başlandan soň, XX asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrlarynda Hytaýda ýere eýeçilik etmegiň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, hususy eýeçilik hem ykrar edildi.
XIX asyryň ahyrlarynda Türkmenistany Russiýanyň basyp almagy bilen biziň ýurdumyzda-da ýere eýeçilik etmegiň, hojalygy ýöretmegiň düzgünleri üýtgäp ugrady. Etrek-Gürgende, Köpetdag eteklerinde, Murgap, Tejen derýalarynyň boýlaryndaky mes toprakly ýerler Russiýadan göçürilip getirilen rus daýhanlaryna berildi, Murgapda bolsa patyşalyk mülki döredildi. Russiýanyň Türkmenistany basyp almagy bilen ekerançylyk pudagynda bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine belli bir derejede ýol açylan hem bolsa, ol barybir oba hojalygynyň mundan beýläkki ösüşini üpjün edip bilmedi, tersine, suw ýetmezçiligi zerarly ekerançylyk ýerleriniň ýetmezçiliginden kösenýän türkmen daýhanlaryny çykgynsyz güne saldy.
Türkmenistanda oba hojalygynyň meseleleri sowet döwründe-de çözülmedi. Ýurdumuzda 1925-1927-nji ýyllarda geçirilen «ýer özgertmesi» daýhan hojalyklary üçin hakyky betbagtçylyk boldy. Şu ýyllar gurply hojalyklaryň, ýer eýeleriniň ýerleri hiç hili töleg tölenmezden, sowet hökümeti tarapyndan zorluk bilen alnyp, ýersiz we az ýerli daýhanlaryň arasynda paýlanyldy. Emma köp wagt geçip-geçmänkä, şol ýerler daýhanlaryň elinden alnyp, kolhozlara birikdirildi. Sowet taryh ylmynda kolhoz ýerleri, hamana kolhozlara giren daýhanlaryň bileleşip işläp bejerýän, oba jemagatynyň öz ygtyýaryndaky ýerler diýip tekrarlanýardy. Munuň hakykata laýyk gelmeýändigini XX asyryň 30-80-nji ýyllarynyň sowet taryhy görkezdi.
Mysallardan görnüşi ýaly, ýeri daýhan işläp bejerse-de, önüm öndürse-de, asyrlar boýy ýere eýeçilik etmek hukugyny onuň özüne bermändirler. Daýhanyň gara derini döküp haryt bolçulygyny döredýän ýeriniň eýesi häli-şindi üýtgäp durupdyr, ol döwrüne, wagtyna görä döwletiňkem, emeldaryňkam, harby gullukçynyňkam, din adamsynyňkam ýa-da bir baý adamynyň mülkem bolup bilipdir. Ýöne, aslyna seretseň ýer daýhanyňky bolmaly. Aslyýetinde, «dehkan», «dihkan», «daýhan» diýmeklik ýeriň hakyky eýesini, onda-da iri ýer eýesini aňladýar.
Daýhan hakyky daýhan bolanlygynda onuň ýeri, suwy, tehnikasy, döküni hem-de puly bolmaly. Emma sowet döwründe daýhanda gabarçakly ellerinden başga zady ýokdy. XX asyryň 70-nji ýyllarynda bir daýhan ýaşulynyň «bizem han, ýöne biz alýan däl-de berýän han. Şonuň üçin hem bize «daý han» – «ber han» diýýärler» diýeni ýadymda. Ekerançylygyň taryhynda bolup geçen dürli ýagdaýlar ýer eýeçiliginiň döwre görä üýtgäp durandygyny görkezýär. Häzirki döwürde dünýä döwletlerinde daýhanyň zähmetinden eklenç edýän, onuň hasabyna ýaşaýan adamlar ýok. Döwlet öz emeldarlaryna, harby gullukçylaryna, ylym-bilim, medeniýet we saglygy saklaýyş edaralarynyň işgärlerine aýlyk töleýär. Emma ýerde daýhanyň diňe bir öziniň galandygyna garamazdan, barybir ekerançylygyňam, ony ýöredýän daýhanyňam ýagdaýy üýtgewsizligine galypdyr.
Mähriban ýurdumyz, ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlyga eýe bolandan soň, aýratyn Beýik Galkynyşlar zamanynda, türkmen daýhanynyň meselesi ýene-de döwrüň iň wajyp, iň gaýragoýulmasyz meselesi hökmünde örboýuna galdy. Türkmenistanda oba hojalygynyň, aýratyn hem onuň ekerançylyk pudagynyň möhüm meselelelerini çözmekde, ýurdumyzyň gadymy ekerançylyk merkezleriniň biri bolan Mary topragynda bolup geçen Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda öňe tarap taryhy ädim ädilendigini uly ynam bilen aýtsa bolar.
Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan we ýurdumyzyň oba hojalyk önümçiliginde bazar ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny goýan «Daýhan hojalygy hakyndaky», «Daýhan birleşikleri hakyndaky», «Arçynlar hakyndaky» möhüm kanunlar kabul edildi. Türkmen daýhanynyň uzak garaşan bu kanunlary ata Watanymyzda hakyky daýhan hojalyklarynyň kemala gelmegine, daýhanyň özüne degişli ýerinde öndürijilikli zähmet çekmegine, bol önüm öndürmegine, ahyr soňunda bolsa öz zähmetiniň rehnedini görmegine aýgytly täsir eder. Halk Maslahatynda kabul edilen «Daýhan hojalyklary hakyndaky» kanunyň aýratyn uly ähmiýetiniň bolandygyny bellemek gerek. Bu kanun özbaşdak zähmet çekýän, önüm öndürýän, gurply daýhan hojalyklarynyň kemala gelmegini gürrüňsiz üpjün eder, ahyr netijede bolsa ene ýeriň hakyky eýesini döreder. Nesip bolsa, ýene sanlyja ýyllardan özbaşdak hojalyk ýöredip bilýän daýhan hojalyklary dörär we ol önümçilik üçin zerur bolan tehnikany, döküni, ýangyjy, tohumy bazardan öz puluna-da arkaýyn satyn alyp biler.
Türkmen halkynyň ekerançylyk taryhyna Altyn harplar bilen ýazyljak XX Halk Maslahatynda kabul edilen «Daýhan birleşikleri hakyndaky» kanunyň hem uly ähmiýeti boldy. Bu kanun boýunça daýhan birleşikleri, önümçiligi özbaşdak ýöredýän daýhan hojalyklarynyň meýletin birleşmesi hökmünde ykrar edilip, olar ýakyn ýyllarda ýurdumyzda ýokary hilli oba hojalyk harytlaryny, senagat üçin gymmatly çig mallaryny öndürmäge ukyply, hakyky oba hojalyk kärhanalaryna öwrülerler. Bizdäki daýhan birleşikleri ýaly oba hojalyk kärhanalary daşary ýurtlarda-da bar. Häzirki döwürde Eýranda, Owganystanda olary «şereket» diýip atlandyrýarlar.
Őňler oba geňeşliginiň arçyny obada hojalyk işlerine-de, obanyň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge-de ýolbaşçylyk edýärdi. «Arçynlar hakyndaky» täze kanun boýunça önümçilik bilen baglanyşykly ähli işlere ýolbaşçylyk, indi daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň arasyndan saýlanýan daýhan birleşikleriniň başlyklary tarapyndan amala aşyrylýar. Şeýlelikde, bu adalatly kanun önümçilige degişli bolmadyk wezipeli adamlaryň döwlet ähmiýetli bu möhüm işe gatyşmak meselesini aradan aýyrdy. Indi arçynlaryň ygtyýarynda obalaryň medeniýetine, içki tertip-düzgüne jogap bermek wezipesi galdy. Bu adalatly düzgün. Őzi hem bu öňem şeýle eken. Geçmişde önümçilik bilen daýhan – ýeriň hakyky eýesi meşgullanypdyr. Kethudalar bolsa, arçynlaryňky ýaly wezipäni ýerine ýetiripdirler. Şu ýerden hem gadymy «kethuda» sözüniň manysy gelip çykýar: «kede huda» - «oba arçyny».
Türkmenistanyň oba hojalygynyň, aýratyn hem ekerançylyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri suw meselesi. Hudaýa şükür, ýurdumyzda ekerançylyk üçin ýaramly suw näçe diýseň bar. Emma suw näçe bol bolsa-da, biziň üçin «suw damjasy – altyn dänesi» diýen pähimiň ähmiýeti gaçanok. Türkmenistanda suw meselesi döwründe döwletiň özi tarapyndan çözüldi. Garagum derýasy, Türkmen derýasy ýaly bol suwly desgalaryň, suw howdanlaryň köp sanlysy bizde bar. Emma suwy tygşytly ulanmaly, onuň her bir damjasyny isrip etmän peýdalanmaly. Gurak ýurtlaryň käbirlerinde suwy tygşytly tutmak bilen baglanyşykly baý tejribe toplanypdyr.
Her gezek Howuzhan suw howdanyndan gözbaş alyp gaýdýan durnaň gözi ýaly arassa, bol suwly Hanhowuz magistral derýasynyň köprüsinden geçenimde, Palestinadaky keramatly Iordan derýasy ýada düşýär. Mele suwuna Nuh, Ybraýym, Musa, Dawut, Süleýman, Isa, Muhammet Aleýhyssalam ýaly Hezreti pygamberleriň nazary düşen, ruhlary siňen Iordan derýasynyň her damja suwy altyna deňelýär. Suwuň ýetmeýänligi zerarly döwletleriň arasynda ýüze çykýan oňşuksyzlyklar we jedeller, Iordanyň her bir damja suwuny isrip etmän ulanmaga mejbur edýar. Suwlulygy boýunça Iordan derýasy Howuzhan derýasynyň ýary ýaly, ýöne ondan Siriýanyň, Liwanyň, Iordaniýanyň, Ysraýylyň we Palestinanyň ekin meýdanlarynyň epesli bölegi suwlandyrylýar. Bizde bolsa Howuzhan derýasyndan üç etrabyň: Oguz han, Tejen we Babadaýhan etraplarynyň ekin meýdanlary suwarylýar.
Daşary ýurtlarda daýhanlar döwlete ýer salgydyny töleýärler. Bizde-de, eger döwlet daýhana salgyt salmak islese, ýer salgydyna derek suw salgydyny girizäýmeli. Sebäbi Garagum derýasynyň, Amyderýanyň, Murgap, Tejen, Sumbar, Etrek derýalarynyň suwundan ýekabara daýhan hojalygy hiç haçan özbaşdak peýdalanyp bilmez, aýratyn hem Garagum derýasynyň suwundan. Şonuň üçin hem suw meselesinde döwlet eýeçiligine degişli derýalar, ýaplar we dag çeşmeleri, şeýle hem daýhan hojalyklaryna, daýhan birleşiklerine degişli ýaplar Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda aýyl-saýyl edilse, ýurdumyzda ekerançylygyň ösmegi üçin has amatly şertler kemala gelerdi. Gyş aýlary döwlet öz derýälaryny, daýhan hojalyklary we birleşikleri hem öz ýaplaryny arassalap, möwsüme taýýarlap goýsalar, ekinleriň ýetişýän döwründe suwdan bökdençligiň ýüze çykmagyna ýol bermez. Köne döwürlerde türkmenler gyş aýlary hökman gazy-haşar işlerini geçirer ekenler. Sebäbi ekarançylyk ýerleriniň wagtly-wagtynda suwarylyp durulmagy, öňi bilen derýalardan gelýän suwuň mukdaryna hem-de ýaplaryň suw geçirijiligine bagly bolýar. Suw tygşytly ulanylanda, ýerler şorlaşyp zaýa bolmaz, ekerançylyk ýerleriniň daşyna şor suwlar akmaz.
Geçmişde suwuň ýiti ýetmezçilik eden asyrlarynda, türkmen daýhanlary ýeri bozukdyrmak usulyny giňişleýin ulanýar ekenler. Şu usul boýunça, ekin ekilýän ýerleri birnäçe ýyllap ekmän, ýöne sürüp goýupdyrlar. Ýeri bozukdyrmagyň netijesinde nygmat eçilýän ene ýer «dynjyny» alypdyr. Indi bu usuly ulanyp bolanok. Sebäbi ýeri bir ýyl ekmeseň, şor suwlar ýokary galyp, ýer zaýalanýar. XX Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmedow ekarançylyk ýerlerinde ekin dolanyşygy tejribesine dolanyp gelmek bilen baglanyşykly meselä Maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Şunda Goja daýhan gowaçany wagtal-wagtal ýorunja bilen çalşyryp ekmegi teklip etdi. Őňler şeýle usul giňden ulanylýardy. Sebäbi gowaça ekilýän ýere ýorunja ekilse, ol ýeri meseldýär, onuň melioratiw ýagdaýyny gowylandyrýar. Şeýle hem ýorunjanyň ekin dolanyşygynda peýdalanylmagy, obada maldarçylyk hojalygynyň ösüşine hem netijeli täsir edýär, ot-iým bolçulygyny döredýär.
Orta asyr şäherleriniň töweregindäki ekin ýerleri hemişe şäher bazary üçin haryt öndürmäge ýöriteleşdirilýär eken. Dünýä ýurtlarynyň köpüsinde ýagdaý häzir kem şeýle. Bu tejribe biziň ýurdumyzyň uly şäherleri bolan Aşgabadyň, Türkmenabadyň, Marynyň, Daşoguzyň we beýleki şäherlerimiziň töwereginde-de ýola goýlan. Şäher eteklerinde ýäşaýan oba ilaty öz mellek ýerlerinde, şeýle hem döwlete degişli ýerleriň bir böleginde azyk önümlerini öndürýärler. Munuň esasy sebäbi harytlaryň öndürilýän ýeriniň golaýynda şäher bazarynyň ýerleşýänligindedir.
Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda kabul edilen wajyp çözgütler, türkmen daýhanynyň öňünde durýan meseleleriň üstünlikli çözülmegini üpjün eder we Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynda alyp barýan ykdysady we durmuş syýasatlarynyň amala aşyrylmagynyň hem baş şerti bolup hyzmat eder. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda başlan tutumly özgertmeleri, ilatymyzy oba hojalyk önümleri, milli ýeňil senagatymyzy çig mal bilen üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän azyk önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga-da mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimizde durmuşa geçirmäge başlan onýyllyklara niýetlenen ägirt uly agrar syýasaty häzirki zaman ylmynyň, tehnikasynyň we tehnologiýasynyň gazananlaryna esaslanýar.
Hawa, türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän köp müň ýyllyk ekerançylyk medeniýeti bu gün gaýtadan galkynýar. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen döwletimiziň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň oba hojalygynda, aýratyn hem onuň ekerançylyk pudagynda ägirt uly tutumly işler ýaýbaňlandy. Bu gün türkmen daýhany asyrlar boýy hakyky eýesine garaşyp ýatan ekin ýerine, gara derini saçyp kemala getirýän bereketli hasylyna eýe bolýar. Bu türkmen daýhanynyň hem, eýesini ekleýän ene ýeriň hem asyrlyk arzuwlarynyň hasyl bolýandygynyň alamaty.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlaryñ kandidaty.
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk