23:41 Eneli gyz | |
ENELI GYZ
Goşgular
Ýaşap nusga bolan durmuş mekdebim, Ölçesem ömrümiň ir-u-gijini. Şu güne çen gursagyma guýlanym, Her pursatda gaýtaladym ejemi. Öwüt-pent diňlemek ne ajap sapak, Bu gün men görýärin olaň güýjüni. Edep-terbiýäme buýsanýan kyblam Diýýär:”Gyzym gaýtalaýan ejeňi”. Hiç zat ýönelige tötänlik däldir, Ömrüm deň eçildi ajy-süýjüni. Täsirden ylhamdan dörän setirlem- Galam dowam edýär käbäm ejemi. Ýyly ýürek, süýji sözi mirasym, Yhlas, söýgi bilmezdim men hijini. Öwrendim ýüregiň berip söýmegi, Söýülemde, söýenimde ejemi. Dünýä bagş edip beýik perzendi, Ejeleriň ady girýär taryha. Eje senem boş geçmediň dünýäden, Men adyňy goşdum şygyra, ynha. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |