09:53 Eneme | |
ENEME
Goşgular
![]() Nohurlylarda üzärlige iswent diýilýär. Mähek dek päk, ýeňil elleriň bilen, Dogaly, senaly dilleriň bilen, Saglykda ýaşara illeriň bilen, Ýene iswent tütetsene, ene jan! Gelen, geljek bela dep bolsun - diýip, Nähoşlan keselden sagalsyn - diýip, Golaý gelmäwersin arwah-jyn - diýip, Ýene iswent tütetsene, ene jan! Halala degmesin bahylyň gözi, Ýürek bulamasyn betpäliň sözi, Belki bolsun, şolara-da em özi, Ýene iswent tütetsene, ene jan! Agzybirlik, rysgal bolsun öýlerde, Mal-gara dok gezsin dagdyr çöllerde, Gyz-gelinler senden alsyn görelde, Ýene iswent tütetsene, ene jan! Ata-baba danalaryň sargany, Derman otlaň arasyndan saýlany, Alkyş aýdyp, doga-dileg et däni, Ýene iswent tütetsene, ene jan! 2020 ý. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |