00:53 Eserler nähili döreýär? | |
ESERLER NÄHILI DÖREÝÄR
Edebi makalalar
Akademik Baýmuhammet Garryýew bize Magtymgulynyň ömri we döredijiliginden sapak berdi. Örän ýiti zehinli, juda ýatkeş mugallym diňe bir türkmen dilini, halk döredijiligini däl, eýsem, rus dilini, rus halk döredijiligini-de suw içen ýaly bilýän adamdy. Gürrüň bermeklerine görä, ol öz döwründe Lukmançylyk institutyny hem tamamlan eken. Ol islendik nakyly, aňlatmany, idiomany ýüzüniň ugruna terjime edip bilýän örän zehinli, dilewar adamdy. Ol sapaga girmäge gelýärkä-de, içki pikirlerini daşyndan aýdyp gelerdi. Sapaga başlamazdan öňürti, talyplaryň adyny, familiýasyny soraşdyrardy. Talybyň ady Gurt ýa-da familiýasy Gurdow bolsa, «Hany, gurt bilen baglanyşykly nakyllary aýdyp beriň» diýerdi. Bizem: «Gurduň agzy iýse-de gan, iýmesede», «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz», «Gurt görende, itiň agzy biriger», «Gurt geldi — gut (bagt) geldi» diýen ýaly nakyllary aýdardyk. Mugallym biziň bilmeýän nakyllarymyzdan hem birnäçesini aýdardy, soňam: «Gurt ýüzi — mübärek» diýen gadymy nakyly aýdardy: Gargyş gurduň zürýadyny azaldar, Goýun kibi çar tarapa il bolgul-diýip, Magtymgulydan mysal getirip, öz sapagyna başlardy. Ol Magtymgulynyň döredijiligini toplamakda, neşir etmekde köp işler eden alymdy. Moskwa uniwersitetinde işlän ýyllary «Görogly» eposynyň türki halklaryň arasynda ýaýran nusgalary barada, onuň döreýşi we dünýä ýaýraýşy hakda ylmy iş ýazypdyr hem ony rus dilinde neşir etdiripdir. Alym «Görogly» eposynyň Pälwan bagşynyň dilinden ýazylyp alnan nusgasyny özi rus diline geçirdi we ony türkmençe we rusça «Nauka» neşirýatynda çap etdirdi. Umuman, bu uly alymyň türkmen nusgawy edebiýaty babatda, halk döredijiligi dogrusynda eden uly işleri sanardan köp. Elbetde, biz — talyplar mugallymyň «Gorkut ata» eposymyzy uruş ýyllarynda «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda Mäti aga bilen bilelikde çap edendigi, soň özbaşdak kitap edip çykarandyklary sebäpli, geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň başynda tussag edilendigini bilýärdik. Ol Magtymgulynyň döredijiligi barada gürrüň berende, portfelinden arap hatynda ýazylan galyň golýazmany çykaryp, şahyryň goşgularyny şondan okardy, mysal getirerdi. Talyplar onuň goşgy okaýşyna haýran galardylar we her sapakda oňa: — Ýoldaş mugallym, «Kepderini» okap berseňiz-le — diýip, haýyş ederdiler. Ol biziň bu goşgulardan, onuň owazly okaýşyndan lezzet alýandygymyzy bilip, ýaltanman, köp goşgy okap bererdi. Onuň şygyr okaýyş äheňi şu wagtlar hem gulagymyzda ýaňlanyp dur. Uniwersiteti tamamlap, «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor bolup işleýärkäm, Magtymgulynyň täze neşirine meni redaktor bellediler. Şonda Baýmuhammet Atalyýewiç bilen kän gezek duşuşmaly boldum. Ol kitabyň korrekturasyny okap, düzedişler girizip, yzyna getirýärdi. Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň edebi mirasy uly baýlyk hökmünde ile gaýtarylyp berildi. Nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi giňden öwrenilýär we neşir edilýär. Halkymyzyň edebi mirasyny ile ýaýmakda, toplap neşir etdirmekde, dünýä çykarmakda abyrsyz köp işleri bitiren Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewi diňe bir ylym beren talyplary däl, eýsem, edebiýatçy alymlar, il-günümiz ýagşylykda ýatlap ýörler. Ýagşylykda ýatlanmak bolsa ajaýyp adamlaryň ikinji ömrüdir. Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. "Garagum" žurnaly, № 9, 2013 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |