16:07 Esgeriň gelni / hekaýa | |
ESGERIŇ GELNI
Hekaýalar
Bahar. Aňrysyna-bärisine göz ýetmeýän gülälekli meýdan. Harby lybasly Maksat gülleriň arasy bilen Marala tarap ylgap gelýär. Ara uzak hem däl welin, Maksat näme üçindir ýakynlaşyberenok. Ýogsa ol bar güýji bilen ylgaýar ahyry. Şol barmana-da Maksadyň ýoluny uly bir ýap kesýär. Maksat ýabyň aňrysyndan goluny bulap: -Maral, garaş ezizim, men häzir barýan – diýip sesiniň ýetdiginden gygyrýar. Maralyň diline bolsa: “Maksat, Maksat!” diýip gaýtalamakdan başga söz gelenok... -Maksat! Maksat! Maral öz sesine özi oýandy. Ýanynda ýatan baldyzy Ogulsapardan utandy. Hernä Ogulsapar oýanman eken. Körpeje Kerimjik hem çaga pişik ýaly myryldapjyk süýji ukuda ýatyrdy. Maral bir pursat dümtünip oturdy: “Ýene-de şol düýş. Ýene-de Maksadyň ýoluny ýap bekleýär. Hernä, soňy gowy bolawersin-dä! Aý-gün diýeniň geçip dur. Maksadyň esgerlige gidenine bäş aý dagy bolupdyr. Ondan bäri Kerimjik doguldy. Tüweleme, o-da indi iki aýlyk dagy boluberipdir. Nesip bolsa, Maksat gelýänçä iki ýaşaberer. Kakasynyň ýöräpjik öňünden çykar balajygym”. Her gün şol bir düýşi görse-de, Maral ähli zady oňatlyga ýorýardy. Ýok, ol asla durmuşyndan närza däldi. Çünki onuň gowy gaýynlary, gowy baldyzy bardy. Orazmyrat aga bilen Bahargül gelneje hemişe gelniniň üstünde kökenekdi. Ogulsapar günüň ähli wagtynda diýen ýaly gelnejesiniň ýanyndady. Maral bilen Ogulsapar şeýle bir ysnyşypdylar weli, olar biri-birini sähel görmese, soraglap başlardylar. Hojalykda Ogulsapar gelnejesiniň eline iş ýetirenokdy. Ot ýaly bolup, öýüň ähli işlerine özi ýetişerdi. Maral şonda-da Ogulsaparyň ýoguna-beýlekisine garaman, sypynyp bildiginden oňa kömekleşýärdi. Orazmyrat agadyr Bahargül gelneje bolsa, Kerimjigi asla gelnine ýetirmezdiler. Kerimjigiň ýanyndan ýaşulylaryň biri gitse, beýlekisi gelerdi. Kerimjik olar üçin dogrudan-da, “altyn aşykdy”. Kerimjik olaryň şatlygydy, baýlygydy, barlygydy. Olar agtynyň ýüzünde esgerlik borjuny berjaý edýän ogluny görerdiler. Garaz, Maksadyň oglunyň we gelniniň kem zady ýokdy. Emma bu, has dogrusy, entek dünýäniň ajysyndan-süýjüsinden bihabar, diňe ejesiniň memmesinden başga zady bilmeýän Kerimjik üçin şeýledi. Ol entek özüniň kakasyny görenokdam. Maral üçin bolsa bir zat ýetmezçilik edýärdi. Elbetde, ol ömrüni we göwnüni birleşdiren adamsynyň mähridi. Ýaş çatynjalar bary-ýogy birnäçe aý ýaşaşansoňlar, Maksady goşun gullugyna aldylar. Maral ony göwresindäki balasy bilen, gözündäki şor hünjüleri bilen ugradypdy. Tersine, hamana, birki günlük ýola barýan ýaly, Maksat bolsa şadyýandy. Bälçiklik eden bolup, Maralyň gözünden inýän düwmeleri syryp, ony ejizlikde aýyplaýardy. Maksat şol şadyýanlygy bilen hem mukaddes borjuny berjaý etmäge gitdi... Maral ilki-ilkiler birnäçe gijäni aglap geçirdi. Ol Maksatsyz günlerini göz öňüne getirip bilenokdy. Şonuň üçin hem ejizleýärdi. Käte gelnejesine goşulyp Ogulsapar hem aglaýardy. Bir gün Bahargül gelneje aglap oturan Maraldyr Ogulsaparyň üstünden geldi. Maral gaýnyna syr bildirmezlige çalyşdy. Emma onuň sallanan gabaklary aýbyny açyp durdy. Ogulsapar bolsa, aglanyny ejesinden gizlejek hem bolmady. Bahargül gelneje mert aýal. Mertlik edil şu pursatda hem onuň göreçlerinde gaýnaýar. Eger esgerlige giden Maksady ýatlap, biriniň göwni bozulsa, enäniňki bozulmalydy. Ýöne bu wagt ene gözlerinde ýylgyryş, ýüzünde buýsanç bardy: -Näme, gözüňize sogan dagy giräýdimi? Aglapsyňyz-la! – diýip, Bahargül gelneje mylaýymlyk bilen söze başlady. – Gelin, men seni gyzym ýaly gowy görýärin. Şonuň üçin hem saňa içimi dökýärin. Eger aglamak bilen dünýe düzelýän bolsa, meniň gözýaşlarym ýekeje pursat hem diňmeli däl. Daýyň ikimiz entek siziň ýaşyňydakak, çaganyň dyrnagyna zar bolup gezdik. Ahyrsoňy, üç ýyldan soň bir gyzjagazymyz boldy. Mährijemaldy ady görgülijigimiň. Ýaňy bir ýaşdan geçdem welin, bela sataşdy oturyberdi balajygym. Şol sataşan derdi hem ilkinjije gören balamyzy elimizden aldy, gidiberdi. Soň ýene bizden iki ýyl perzent önmedi. Görünmedik lukmanymyz, ýykylmadyk öwülýämiz galan däldir, gelinjan. Hudaý diýen ýerimiz bar eken. Gije-gündiz eden arzuwlarymyz myrat tapyp, ahyr bir oglumyz boldy, Maksatjanymyz doguldy. Soň yzyndan hem Ogulsaparjan. Çal ikimiz bütin ömrümizi şu iki çaganyň bagty üçin sarp etdik. Bu iki çaga biziň bilimize kuwwat, ömrümize söýget. Ýaşymyz hem geçip barýar. Şonuň üçin orta mekdebi tamamladygy Maksatjany öýerip, agtyk söýeli diýen karara geldik kakasy ikimiz. Maksatjanam sözümizi ýykyp durmady. Şeýdibem, sen biziň maşgalamyza goşluşdyň, balam. Maral sesini çykarman, gaýnyny diňläp otyrdy. Ogulsapar bolsa, heniz hem özüni dürsäp bilmän, uludan-uludan demini alýardy. -Sen gaýtam, Watan goraýan esgeriň gelnidigiňe buýsanmaly, gyzym! – Bahargül gelneje başga bir äheňden sözüni dowam etdi. – Men-ä, dogrymy diýsem, oglumyň gulluk edip ýörenine on iki süňňüm bilen buýsanýaryn. Esgerlik balamyň esasy arzuwlarynyň biridi. Görýäňmi, şonuň üçin balamyň ýazýan hatlary hem ruhubelent. Maksatjan mert oguldyr. Diýmek, ol bizdenem mertlige garaşýar. A biz bolsa... Ine, şundan soň Bahargül gelneje gelnini gyzgyn enelik mähri bilen bagryna basdy. Bu ahwalata göwni galkan Ogulsapar hem olara gysmyljyrady... Aý-günler kerwen gurap geçip durdy. Kerimjik ýene iki aýlyk ulalypdy. Bir gün Ogulsapar dükandan birnäçe ýumurtga satyn alyp geldi. -Heýgenek dagy iýesiň geläýdimi, gyzym? – diýip, mellekde güýmenip ýören Orazmyrat aga gyzyna degmek isledi. -Wiý, kakamyň diýýänini! Ertir gelnejemiň doglan güni ahyryn. Tort bişirjek. Ýaňyja ýuwan çaga eşiklerini serip ýören Maralyň ýüzi gyzardy. -Wah, beýle gowlugy öňräk buşlamaly ahyr, gyzymjan! – diýip, Orazmyrat aga pilini ýere dürtdi-de, öýe tarap ýöneldi. Öýe girip-girmäne-de aýalyna ýüzlendi. -Keýwany, Ogulsapara ber agtygyňy, ikimiz Juma gudanyňka bir baryp gaýdaly. Bahargül eje adamsynyň münen hyýalyny bir bada aňlap bilmedi: -Näme, birden gudaňy göresiň geläýdimi, çal! -Hawa, göresim geldi. Has dogrusy, men gudalara çakylyga gideli diýjek bolýan. -Agtygyň dagy bolaýdymy? O nämäniň çakylygy? Onýança gürrüňe Ogulsapar goşuldy: -Ertir gelnejemiň doglan güni, eje! -Şeýlemi?.. Bahargül gelneje tikeniň üstünde oturan ýaly böküp turdy-da, daşary – gelniniň ýanyna ýelk ýasady. -Wah, men guraýyn,balamjan! Seniň dagy doglan günüňi bilmeýşimi diýsene! Öňi bilen-ä doglan günüň gutly bolsun,gyzym! Soňam ertir göwün söýen adamlaryňy öýe çagyr. Doglan günüňi belläli! Maral gyzaryp durşuna: -Gerek däl-le,enesi! – diýip, ýaglygynyň ujuny çeýnedi. -Diýýäniň näme,gyzym! Senem indi şu öýüň bir parçasysyň. Bu öýde bolsa her kimiň mertebesi mukaddesdir. Maral ýylgyryp, baş atmakdan başga çäre tapmady. ...Uly jaýyň içi eýýäm adamdan dolupdy. Her kim Maraly doglan güni bilen gutlap, oňa sowgatlary gowşurýardylar. Maralam şadyýandy welin, Bahargül gelneje begenjinden ýaňa gelniniň daşyndan hozanak bolup aýlanýardy. Kerimjik bolsa elden-ele geçirilýärdi. Her kim gutlasa-da bir adam entek Maraly gutlanokdy. Maral onuň gutlagyna uzyn günläp garaşdy. Ol weli... Belki ol gutlamazam. Ýok, gutlar. Çünki ol Maraly tüýs ýürekden söýýär ahyryn. Eger beýle bolsa, hany, ol nirede? Ol näme üçin gutlanok. Maralyň aýratyn tamakin bolan bu adamy ony agşama çenli-hä gutlamady. Indi hem gutlajagy belli däl. Dogry, ol öň ençeme ýola Maraly doglan güni bilen gutlapdy. Hat-da, illerden-de öň gutlapdy. Maral şol ýekeje gutlaga-da dünýä ýaly giňärdi. Bu gezek welin, ol gutlamady. Dogrudan hem gutlamazmyka? ...Maral çaý demläp, öýe girende, jaýyň içi ümsümlikdi. Ýaňky şagalaňdan nam-nyşan ýokdy. Her kimiň ünsi telewizordady. Mawy ekranda “Esger hatlary” gepleşigi goýberilýärdi. Alyp baryjy gyz-da nobatdaky haty okady: -Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören esger Maksat Orazmyradow gelni Maral Jumaýewany on dokuz ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Oňa berk jan-saglyk... Begenjinden ýaňa alyp baryjynyň soňky sözleri Maralyň gulagyna ilmedi. 26. 02. 2011 ýyl | |
|
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |