21:27 Eşret obada nämeleri gördi? / hekaýa | |
EŞRET OBADA NÄMELERI GÖRDI?
Çagalar edebiýaty
Eşret oba gelen ilkinji günden başlap, garry enesiniň ýanyndan aýrylmady, nirä gitse, olam şonuň bilen bile gitdi. Özüniň "otur-turuna" ýarap ýörensoň Ogulnur eje-de agtyjagyndan hoşal boldy, asyl her bir buýran ýumşuny iki gezek gaýtalatmazdy, güýji ýetse-ýetmese-de, şol işi etjek bolup dyrjaşardy. Bir günem Ogulnur eje ony dowar sagmaga ýoldaş edip, öz ýany bilen alyp gitdi. Garry enesiniň bedresini özi göterdi. Onuň beýleki elindäki dolangy ýüpi görübem: - Ene, eliňdäki ýüp nämä gerek?--diýdi. - Elimdäki ýüp goýun-geçini kökermek üçin gerek, oglum. Oňa köken diýýärler. - Köken bolanda näme bolýar? - Köken sürüdäki goýun-geçiler sagylanda, baglanyp goýulýan köp halkaly uzyn ýüp. Häzir dowar ýatagyna bir baraly, onsoň goýun-geçiniň bu ýüpe nähili kökerilýänini öz gözleriň bilen görersiň, balam. Olar basym dowar ýatagyna geldiler. Bu ýerde başga-da adam kändi. Her kes özüniň janlysyny tutup getirip, kökenlere baglap goýýardy. Garry enesi-de şeýtdi. Öňi bilen kökeniň her ujuny ýatagyň bir çetinde ozal kakylyp goýlan gazyga baglady. Soňam geçileriniň gözlegine çykdy. Ýatagyň içi daryşganlyk bolansoň, bu ýerde topbak-topbak bolup duran goýun-geçileriň arasyndan özüňkini saýlap tutmak hiç kime-de kyn düşmedi. Ogulnur ejäniň jemi on iki sany sagmaly geçisi bardy. Ol hem sähel salymda ähli geçilerini birin-birin tutup, kökene baglap çykdy. Soňam eline bedresini aldy. - Ine, balam, men geçileri kökene bagladym. Indi arkaýyn olary sagybermeli. Kökeniň peýdasy kän, ýogsam geçi maly goýun ýaly ýuwaş hem däl, sagyp bolýança, onuň başyny tutup durmak üçin ýörite bir adam gerek bolýar. –Ogulnur eje geçilerini bir çetden sagmaga başlady.—Hemmeler goýun-geçilerini sagyp bolandan soň, hawa, diňe şondan soň, owlak-guzular goýberilýändir. --Hany, owlak-guzular görnenog-a? Olary bukup saklaýarlarmy? - Olaryň öz çopany bar. Ho-ol depäň aňyrsynda bir ýatakda saklanýar, ýatagyň agzyny açdyklary bes, aç janawerler mäleşip gaýdarlar. - A siz ähli süýdi sagyp alsaňyz, olara näme galýar? --Süýt sagylanda, owlajyklaryň hem paýyny goýýan oglum. Her kesem şeýdýändir. Ynha, şu alny sakar geçi bardyr, şunuň ekiz owlagy bar. Şoň üçinem men ondan bir käseden kän süýt sagamok. Eşret geçileri sagyp bolan garry enesiniň bedresine seretdi. Sagylan süýt bedräniň kemerine golaýlapdy, özi-de ýüzi köpürjükläp,gaýmaklap durdy. - Oglum, süýdüň köpürjüginden ýalajakmy? Gyzgyny bilen ýalamagyň hem öz lezzeti bardyr. Hanha, seret, ekiz oglanjyklar bedräň başynda ýumruklaryny somalyşyp, eýýämden ejeleriniň goýun-geçilerini sagyp bolaryna garaşyp durlar. - Ýok, ene, men çig süýt däl, bişirilen süýt içýän. Kakam „Oba barsaň, garry eneň saňa hökman geçi süýdünden içirer“ diýipdi. - Kakaň dogry aýdypdyr balam. Men oňa-da oba geldigi geçi süýdüni bişirip berýän. Geçi süýdüniň ornuny tutup biljek başga bir peýdaly içgi bolmaz. Şo mahalam süriň içinden kimdir bir adam: - Owlak-guzyny goýberibe-e-er!—diýip, sesine bat berip gygyrdy, özi-de bir däl, birnäçe gezek gaýtalady. Birsalymdan ýatakdan boşan owlak-guzular täsin-täsin oýunlar bilen bökjekleşip, depeden aşak biri-birinden ozuşyp gaýtdylar, Eşret olaryň hereketine, mäleýişlerine, aýratyn hem olaryň hersiniň öz enelerini ýalňyşman tapyp bilişlerine haýran galyp, aňalyp galdy. Başga bir günem Eşret garry enesiniň geçi süýdünden gurt taýýarlaýşyny gördi. Gelip ýanynda oturdy. - Ene, näme edýäň?-- diýdi. - Balam, geçi süýdünden ak gurt edýän. Ak gurdy şol durşuna-da iýibermeli. Çaý bilen süýji deregine-de içseň bolýar. - Gurt etmek kynmy? - Meniň bilesigeliji oglum, onuň kynlygy ýok. Geçi süýdünden gatyk alýaň, gatykdanam süzme. Ana, şol süzmäni mazaly duzlap, togalapjyk Güne seredip guradýaň welin, akja gurtlar taýyn bolýar. Ata-babalarymyzam ak gurtlary arassa mata haltajygyna salyp, gyşa saklapdyrlýar.Mundan başga gara, gyzyl gurtlar hem bar, olar peýnir suwundan gaýnadylýar.Olaryňam süýji keselinden ejir çekýän adamlar üçin peýdasy uludyr. - Başga ýerlerde-de seniň ýaly gurt edýän adamlar barmy? - Oglum, sen sorag bermäge ökde ekeniň? - Mugallymlaram şeýle diýýär. - Mugallymlar bilipdir. Hany, munça bolanyna menem senden bir zat soraýyn. Sen şu güne çenli gurt barada eşidipmidiň? - Gurduň nämedigini häzir görüp durşum. Ýöne men ony bir çopanyň aýalynyň tam üstünde seren gurtlaryny kör garganyň alyp gaçýanyny okapdym. - Hawa, balam. Görýäňmi, jkör garga tükenmez baýlygyň eýesi bolsa-da, gurduň tagamyndan ýüz öwürmändir. Indi seniň sowalyňa jogap bereýin. Biziň obamyzda köp mukdarda gurt taýýarlamak işi bilen ýörite meşgullanýan adamlar bar. Meniň taýýarlaýan gurtlarym bolsa, sen gaýdýançaň, gurap ýetişse, kakaňa-da iberjek. Gurt onuňam ýaşlygyndan gowy görýän höregidir,... Garaz, Eşret garry eneleriniňkide bolan günlerinde başga-da kän zatlary gördi. Ýöne şolaryň arasynda goýun-geçileri kökenlemek bilen geçi süýdünden gurt taýýarlamak barada gören, eşiden zatlary onuň ömür ýadyndan çykmasa gerek. Ol bu zatlar barada hemmeleriň bilmegini isledi. Köne däpler ünsden düşürilmese ýagşy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |