00:01 Firdöws | |
FIRDÖWS
Hudaýyň gaşynda pygamberler derejelere bölünýär. Eýsem diňe bir pygamberler däl, hatda adamlar hem derejelere bölünýär. Beýik Ýaradyjy kyýamatdan soň adamlary behişdiň dürli gatlarynda ýerleşdirjek diýip söz berýär. Özüne ýakyn adamlary Firdöwsde, özünden daş adamlary bolsa "böwetde", dünýewi dilde aýdaňda Limbo diýilýän ýerde. Dogrymy aýtsam Hudaýyň adamlary saýlaýanyny bilip, men ilki bada azajyk nägile boldum. Näme üçin ölümden soň hem deňlik ýok? Eýsem Hudaý adamlaryň ählisini deň derejede gowy görenokmy? Näme üçin iň bolmanda behişdi ähli kişä deň derejeli edip döredip bolmady? Wagtyň geçmegi bilen görüp otursam, sorag Hudaýda däl-de, eýsem sorag adamlaryň özünde bolup çykdy. Adamlar dürli-dürli bolýar, Suratkeş şol bir eseri iki gezek döredenok, her bir adam "unikum", ikinji gezek gaýtalananok. Mesele düşnükli bolar ýaly ony ýönekeýleşdireýin. Aýdaly siz prezidentiň (islendik bir hyýaly ýurduň diýeli) klasdaşy ýa-da kursdaşy. Onsoň siziň kursdaşyňyz hepdede bir gezek diýen ýaly size jaň edýär, ýöne saglyk amanlyk soraşmak üçin. Eger şeýle bolsa sizde nähili duýgular dörärdi? Prezident ýaly şeýle ullakan adam meniň bilen gönümel habarlaşýar, bolmasa onda gürleşmäge adam ýokdur öýdýäňizmi? Diýmek men örän üýtgeşik adam we şoňa meňzeş duýgular. Eger jaň edýän prezident däl-de, eýsem oň kömekçisi bolsa näme? Aýdaly kimdir birine prezidentiň kömekçisi jaň edýär we prezidentiň adyndan oň halyndan habar alýar? Bu ýagdaý hem buýsandyrýar, daş töweregiňdäki adamlary ýöne bir boş ýer hasaplamaga mümkünçilik döredýär, ýöne edil prezidentiň özi jaň eden ýaly däl. Garaz mysal düşnükli, ýokary derjeli şahsýetleriň çenden aşa ünsi, pes derejeli şahsýetleri azdyrýar. Firdöws jennet bilen hem ähli zat edil şolar ýaly, Behişden näçe ýokary göterildigiňçe, şonçada Hudaýyň ünsi artýar, emma ol ünsü göternip bilýänler az-az. Musa pygamber altynjy gat asmanda ýaşaýar, Hudaýa iň ýakynlaryň biri, eger ýalňyşmasam hatda Isa pygamberden hem ýakyn. Musa pygamber öz wagtynda Hudaý bilen gönümel gürleşen adam. Isa pygamber Hudaýyň kömekçisi (Jebraýyl) bilen gürleşen. Adamlaryň esasy bölegine Hudaýa ýakynlaşmak örän zyýanly, adamlaryň gedemlik we şahsy wajyplyk duýgusy çenden aşyp başlaýar. Şol sebäpden pygamberleriň iň esasy tapawudy, çenden aşa sadalyk. Hudaýyň ähli gudratlaryny görüp, käbir halatlarda bolsa, Öň Özi bilen gönümel gürleşip, öz sadalygyňy saklamak hemme kişä başardanok. Firdöws jennet bilen hem ähli zat şolar ýaly, näçe beýge çykdygyňça, şonçada Hudaýa ýakynlaşýaň, we şonluk bilen bilelikde, gedemligiň we öz şahsyýetine bolan wajyplyk duýgusy artýar. Hudaýa şundan beter ýakynlaşsam, eýýäm özüme zyýan bolup başlaýar diýen derejede saklansaň, şol hem seniň jennetdäki öýüň bolup galýar. Firdöwsde ýaşasyň gelse: - Men Firdöwsde ýaşaýan, diýmek men başga adamlardan üýtgeşik, diýmek meni Hudaý saýlady, - diýen pikirler adamyň kalbynda döremeli däl. Edilýän sylag adama zyýan ýetirmeli däl. Firdöwsden zyýan çekmejek adamlar bolsa diňe pygamberler bolaýmasa? Sebäbi pygamberler entek zeminde wagty synagdan geçdiler we öz sadalygyny görkezdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |