10:15 Gabanjaň / hekaýa | |
GABANJAÑ
Hekaýalar
…Kükregine gysymlap-gysymlap köz guýlandan enaýy däldi. Karary-durary ýokdy. Aýagy bişen towuk ýaly, barlaghananyň içinde iki ýana her näçe byzbydyklasa-da kalbyna aralaşan iňkis hiç köşeşmeýärdi. Işikden penjirä, penjireden gapa tarap elewräp ýörşüne, bolşuny geň gören işdeş joralarynyň berýän soraglaryna-da, birde “hä” berse, ikinjide üns bermän, gulagynyň duşundan geçirýärdi. Göwres-ä otag içre, göwnem göwresi içre janserek bolup ýörşüne-de, birdenkä zowzuldamasyny sakga kesýärdi-de, öz iş ornuna geçip oturýardy. Tekjeden heniz goýanyna salym geçmedik “aýfonyny” alýardy-da, ony açýardy. Eltelefonyna gelip gowşan “sms” hatlaryň saklanýan elektron bukjasyna girýärdi-de, eýýäm näçenji gezek, näbelli telefon belgisinden gelen “sms” ýazgyny okap ugraýardy… Ýok, ýok, has dogrusy, okamag-a beýle-de dursun, elektron hatda beýan edilen sözleriň her bir harpyny gözleri bilen iýip-iýip ýom-ýok edäýesi gelýär… “Ezizim, Nury! Seni maňa beren Alladan müň-de bir razydyryn! Seniň barlygyňa şükür! Gije-gündiz seniň yhlasyňda, seniň yşkyň yşygyndan kuwwat alýan, men bagtly, men bagtyýar, mähribanym meniň!”… Häý, utançsyz bihaýa! Hudaý jan, kesekiniň ärine şeýle sözleri diýip, üç sany gözmonjugy ýalyjak çaganyň atasyny ellerinden alyp, abat ojagy bibat etmekçi bolýanyň üçin, şelaýyn diliň kesim-kesim kesilewersin, hernä! Gör-ä, bu bihaýanyň tapaýýan sözlerini! Üç-dört günläp kese ýatyp oýlansam-da, özüm ýaly sada görgüliniň ýadyna-oýuna-da düşmez, şeýle şelaýyn sözler… Ýüzi gyzarýar. Göýä, stoluň aşagyna bukup synlaýandygyna garamazdan, elindäki aýfonyň ýüzünde solgun biperwaýlyk bilen akjaryp duran ýazgyny, işdeş joralarynyň birinden-biri göräýjek ýaly, eltelefonyny hasyr-husur öçürýär. Öz bolup oturşyndan, bolup ýörşünden utanýar. Joralarynyň biri: - A gyz, Akjemal, näme boldy gyz?! Ýöne, ir ertirden, işe geleliň bäri, şol iki ýaňa erew-de-berew bolup ýörsüň-le! Ýeke özüň giden bir ala-başagaýlyk, ol, eliňde näme gizleýärsiň, bizden?! Näme ýa, öýüňdäki hojaýynyň dagy, ir bilen mazaly käýýäp goýberäýdimi?!-diýýärem welin, ogurlykda tutulana dönýär. Ýüzi öňem-ä bir parahat däl welin, öňküsindenem beter boz-ýaz bolýar. Gözlerini elek-çelek edip, otagdaş kärdeşleriniň hiç biriniň ýüzüne göni garamaga het etmän: “ýok-la, hiç-le, ýöne birhili kelläm agyrjak bolýarmy nämemi” diýip, eşidiler-eşidilmez hymyr-symyr edýär. Soň eltelefonyny ýene-de tekjä oklaýar-da, tahyly yzyna itýär, çetdäki kagyz petdesini öňüne çekýär. “Dogrudanam, bu bolşum-a boluş däl. Eýýäm, gün günorta bolup gelýär, meniň welin, heniz eden işim ýok. Häzir barlaghana müdiri Ajap Saparowna geläge-de: “Akja, gyzym, düýnki geçirilen barlaglaryň netijesini ber hany, gol çekip, degişliligi boýunça ugratmankak barlaýyn” diýse, näme işlärin?! Haýdaýyn!” diýip öz-özüne öwüt berýär-de, kompýuterde ünsüni jemläp, işe başlaýar. Emma, barmaklary bilen harply düwmeleri şakyrdadyp, ýaňybir gyzygyp işläp ugraýaram welin, ýene-de ýaňky alas-gopaslyk kalbynda tüpgen turzup ugraýar… “Ýeri, kimkä ol, bisyrat bihaýa?! Wah, nädip biljek, nädip anyklajak ony! Biler ýalam däl ahyry, gör-ä, ol, ýedi derýanyň suwuny ýetmiş ýerde içen aýýar bihaýanyň eltelefonynyň belgisini-de “näbelli” eden bolup “sms” ugradyşyny! Wah, şu mahal, bir, kimdigini bilseňdiň, ol, özgäniň bagtyna baran ýagdyryp, öz gününi gowlajak bolýan garaçomak bihaýanyň! Gabat-garşysynda bihaýa gözleriniň göni garaçygyna dikiläge-de, uliliň orruk-ortarasynda, ähli pyssy-pyjurlyklaryny paş edip, onuň bilen maşgalaň üçin, başdaşyň üçin, çagalaryň geljegi üçin, dönüp-dönüp garpyşyplar heziller etseňdiň! Içiň-ä bir sowardy! Ýöne, ol bihaýa hemme zady öňünden ölçerip-döküp, edýän işinden yz-toz tapar ýaly etmändir ahyry!... “Ogry saly gowşak” diýleni-dä, gör-ä, onuň, entek öz bihaýa herekedini etmänkä, yzyny ýaşyrmagyň aladasyny öňünçäsinden edip goýşuny! Wah, şony diý! Utançsyz bihaýa, özüniň näme edýändigine, özgäniň ärine el gatýandygyna düşünip aňyrsyna geçipjik durandyr, ine görseň! Has takygy, barlap göräýseň, özem biriniň aýaly bolan bolup, bir bendäniň başyny-gözüni aýlap ýörendir, seredip otursaň!... Hiýh!... Akjemal nädip içini çekeni duýman galdy. Çagalykdan diňe bir ejaply hereket etmäge däl-de, eýsem, hemişe haýa-şerimli oýlanmaga-da endik etdirilen gelin, öz edýän aýp pikirlerine özünden uýaldy. Edip oturan işiniň arasyny sähel salymlyk kesip, gabak astyndan assyrynlyk bilen daş-töweregine göz aýlady. Ak halatly barlaghanaçy gelin-gyzlaryň her haýsy öz işi bilen gümrady. Ýa-da zenanlara mahsuslykda, bilesigelijikden ýaňa içlerini it ýyrtyp gelse-de, syr bermediksiräp, asuda keşpde gümrasyran bolýardylar. “Hudaýa şükür, hernä, içimi çekenimi daşyma çykarmandyryn!” diýip oýlandy-da, az-kem özüni dürsemäge çalşyp, Akjemal, egnindäki haladyny düzedensiredi, soňra ýene-de öňündäki düwmelere sütem edip ugrady. Düwmeleriň şakyrdysy bilen birlikde-de, ýene-de ýaňky galagoply oýlar gykuwlaşyp aňyna çozdular. “Hawa-la, hakykatdan hem şeýledir! Özgäniň maşgalasyna hyýanat etmäge ynsaby çatýan, şonuň ýaly bisyratdan çykaýjak zatdyr şol… Wah, ýöne, bolşy şu bolsa, özümiňkiňem ibaly boldugy däl-le! Diňe, öňden suwa meýilli gurbaga bir “wak” diýlende, iki bökýär ahyry!”. Köre-kör gabanjaňlygyň lowlap ýanýan alawynda assajadan gowrulyp-bişýän ýaş gelniň ähli gahar-gazaby, bir pursatda ýanýoldaşyna gönükdi. “Häý, ulalyp-oňalman geçen, bisyrat haýran diýse! Üç çaganyň atasy halyna, gör-ä, bi huşy başyndan uçanyň eltelefonynda saklap ýören utançsyz bihaýalygyny! Özem bar-a, ýakýan ýeri, özünde dagy müýnüm bardyram öýtmeýär ahyry, ol, huşy başyndan uçan bisyrat! Ir bilen işe gaýtmakçy bolup durkak: “düýnden bäri eltelefonym işlemeýär, çagalar oýnap döwüpdirlermi nämemi” diýsem, utanman-uýalman, içi doly bihaýalykdygyna dynnym ýalyjagam gypynç etmän, gaýta: “al, meniňkini alyp gidäýsene, özüňkini bolsa meniň iş sebedime sal, edaramyzyň gapdalynda telefon ussasy bar, günorta naharyna çykanymda, şoňa bejermäge goýup gaýdaýaryn” diýip, geçen aýyň başynda, doglan gününde özüne sowgat beren aýfonymy uzadyp dur ahyry, maňa, ol bisyrat! Häý, huşy başyndan uçan-a, ýeri, bir utançsyz saňa şunuň ýaly bihaýa zatlary ýazyp iberdimi, ony okaman bozup goýbereňde, näme, boýuň-syratyň kemelýärmi diýsene?! Ýa-da iň bolmanda, erkek eşeksiň, okadyň taň etdiň, okap bolan badyňa eltelefonyň ýadyndan yzsyz-tozsuz öçürip goýberseň bolmaýamy?! Ýa öz-özüňden monça bolan bolup ýörmüň?! Öz ýanyňdan: “şu gelinleriňem ýetip bilmeýäni biz-how, mydama, nirä barsak, şularyň ep-esliň ýarysy ýalysy, biziň yzymyzda ser-sepil-how, ýüz bermesegem, ýöne biz diýip ýykylyp ýatyrlar-how” diýip, öz-özüňden ýel alyp ýörmüň, ýa?! Näme etjekdiň ony, ylla bir, elýetmez şahyryň öz şanyňa düzen kasydasy ýaly edip, arzylap, ýanyňda göterip ýörüp?! Häý, ulalyp-oňalman geçen, suwjuk haýran! Gör-ä, munuň iki oýnam ýelem-ýüwlet suwjuklygy, hilebir zat ýaly edip, eltelefonynda apalap ýörşüni! Haý oýnatgy haýran, ýöne ýere aýtmaýarlar ahyry: “görümsiziň ogly boldy, çekip-çekip gulagyny ýoldy” diýip… Bu-da şonuň ýaly, görümsiz haýran, şol bihaýa sözleri tapan-tupan paklawsylaryna görkezip, paňlap öwünmek üçin, ýanyndan aýyrman, kürk towuk ýaly basyryp ýören bolmaly. Hakyýt, şeýledir şol, ine görüp otursaň!”. Bu öçli pikirlerine Akjemalyň hasam dünýäsi daraldy. Göwnüni ýakyp-ýandyryp barýan gabanjaňlyk ody hem wagt geçdigiçe kiparlamakdan geçen, gaýta barha beter beleň alýardy. Şol bir wagtda-da ýanýoldaşy Nurynyň eltelefonyna ýaňky “sms” ýazgyny ugradanyň kimdigini bilesi gelip oda-köze düşýärdi. “Kimkä ol, bihaýa?! Ikimiziňem tanşymyzmyka? Ýa, Nurynyň diňe bir özi ony tanaýarmyka?...Hiýh!”… Akjemal ýene-de nädip, içini çekenini duýman galdy. Kellesine agram salyp oturşyna, birden ýadyna düşdi…Ýaňy durmuş guran döwürleri, Nury oňa oýun edip içini ýakmak üçinmi ýa-da çyndanmy, belli däl, aram-aram: “öň biri bilen halaşdym, ýöne ony maňa bermediler, başga birine çykardylar” diýen bolardy. Onuň kimdigini bilmek üçinem Akjemal, Nurynyň keýpiniň kök wagtyny peýeläp, käte ogryn sorap, käte dogryn sorap, kämahal osmakladyp, kämahal gepbaşyny hol allaowarradan aýlap getirip, ot-elek bolup kösenerdi. Emma, Nurydan suwytly bir maglumat alyp bilmän, onuň henek-ýomaga garyp berýän jogaplaryna gulak gabardyp-gabardyp, halys bizar bolandan soň: “oýundyr-la” diýen pikir bilen, ýanýoldaşynyň “armanly ilkinji söýgüsi” hakyndaky çyna berimsiz rowaýatyna düýbünden baş galdyrmasyny goýupdy. Emma, ine, indi, olaryň maşgala guranlaryna on ýyldan gowrak wagt geçenden soň, birwagtyň özünde ýalana-da meňzeş, çyna-da çalymdaş şol “söýgi rowaýatynyň” salgymy, aýfonlaryň bäşinji nesliniň içinde saklanyp galan “sms” ýazgysyna öwrülip, Akjemalyň gözüniň öňünde peýda bolýardy. Bu çaklamasy Akjemalyň kalbynyň bolanja kararynam aldy. Edil ýöne, ýerinden atylyp turaga-da, öýüne garşy ümdüzine tutduryberesi geldi. Ala-hasyrdy bolup bärden barşyňa-da, gapyny jarkyldadyp açaga-da, öýüň töründe oturan ol, utançsyz bisyradyň gözlerine dikilip: “Hany aýt bakaly, ýeksurun, bipaýan hyjuwyňa bäs gelip bilmän, maşgalanyň abadançylygyny orta goýmaga, neneň edip wyždanyň çatdy?!” diýäge-de çat maňlaýyna soragy patyladaýsaň näderkä, şu mahal?! Erkek ýaly boýnuna alarmyka ýa-da buýtar-suýtar edip, sapalak atar oturarmyka?! Äý, ýok, menem-ä oňa belet bolandyryn, näme etse-de kümsüklik bilen-ä etmez, ol! Dograsalaram dogrusyny aýdar! Onsoňam, özüniň oňa beýdip, aý dogan ýaly aç-açan sowaly bermäge gaýratam çatasy ýok-la! Bu mahal, öz ýanyndan öz-özüne meçew beren bolup oturşyna, göwnüne bolmasa, baraga-da islän zadyňy oňa aňsatlyk bilen diýip bolaýjak ýalydyram welin, alarylyp duran gözleriniň gazaply garaýşynyň öňünde hatyn halyňa hatyrjem durmak hakynda-ha gepem ýok, Göroglydan bärräkdäki biri bolubam, meger, onuň gazabynyň öňünde kükregiňi gaýşardyp dikgermäge dikdüşdüligiň ýetäýermikä?!... Onsoňam, onuň dogrusyny aýdany gerekmikä beri?! Akjemal kompýuteriň düwmelerini basyşdyrmagyny bes edip, gözlerini ýumdy. Niredendir bir ýerden hyýalynda, adamsy Nurynyň hemişekisi ýaly alçaklyk bilen ýylgyryp duran keşbi janlandy. Nurynyň hyýalyndaky şekiliniň gapdalynda-da, iki oguljygy bilen gyzjagazynyň şekiljikleri boýunjyklaryny burup, seteran hatara durdylar. Ýüregi gyýym-gyýym boldy. Ylla bir, hut şuş-şu mahal, şu pursadyň özünde, ähli bagtyndan, göz guwanjyndan jyda düşüp barýan ýaly, ýüregine dowul düşdi. Tasdanam, ýerinden zyňlyp galaga-da, gapa tarap okdurylýardy. Emma, özüne zor salyp, kürsüsinden turmazlygyň hötdesinden geldi. Sag eliniň aýasy bilen maňlaýyny, ýüzüni owkalaşdyrdy. “Wah, görülmän geçen “sms”, nireden gördüm seni?! Ýeri, mundan öň, ir bilen işe gele-gelmäne, eltelefonyň içini dörýämidiň diýsene! “Şu gün-ä işe irräk geldim” diýip begensem, otagdaşlarymyň hiç haýsy ýok, olar gelýänçä içim gysyp, bir zada güýmenäýin diýdim-dä. Ýagşy-da bir güýmenje tapdym, öz başyma! Al, indi, hanha, güýmen-de otur, çydap bildigiňçe güýmär seni, şol bihaýalykdan doly “sms”! Görmänler geçsedim, ony!”. Mundan artyk beýdip otursa, işdeşleriniň ünsüni hasam özüne çekjekdigini çaklan Akjemal, işlemäge weji bolmasa-da, özüne zor salyp, ýene-de işe başlady. Özüniň nämeler ýazýandygyna doly aň ýetirmän, öňündäki kagyzdan birsydyrgyn göçürip otursa-da, garaz birsellem, kompýuteriň ýüzünde gyrpyldaşýan ýazgylardan başga zada baş galdyrman işledi. Şol işläp oturşyna-da, birdenkä köňlünde köreýän gabanjaňlyk, hakydasynda baslygyp duran, haçanam bolsa bir wagt tomaşa edilen çeper filmleriň, okalan kitaplaryň galyndylarydyr-täsirlerinden kesişdirip-biçişdirip bir zatlar ýasady-da, onuň aňynda has mojuk pikiri döretdi…Birdenkä Nury hakykatdanam bir mahal, jahyl döwürleri, başga biri bilen halaşyp, soňam ony şunça ýyllap undup bilmän, indem şoňa sataşyp ýören bolsa, indem şol bedibagt garamaňlaý bilen goş birikdirip, menem, çagalaram terk edip gitmekçi bolup ýören bolsa, näme? “Waý, gara bagtym! Bi haýran, hemişe “paşmadyk söýgim” diýen bolup ýanjap ýördi welin, asyl, gör, ol, nireleri tozadýan ekeni! Haý garamaňlaý bedibagt, indi şunça ýyldan soň, täze maşgala gurmaga dyzap, näme aklyndan azaşyp ýörmükä, bi haýran?! Waý, şum täleýim, ol indi meni taşlap gitse, çagalar bilen biz näderkäk?!”. Göýä, eýýäm özi taşlanyp gidilen ýaly, Akjemalyň bokurdagy doldy. Özüniň taşlanan ýagdaýdaky perişan halyny göz öňüne getirdi, galagoplyga eýlenen hyýaly bolsa ony kösemekden lezzet alýan ýaly, hatda, onuň gulagyna daş-töweregindäkileriň haýpygelmeden doly hyşy-wyşylaryny hem assaja eşitdirip goýberen ýaly etdi. Akjemalyň içi gysyp gitdi. Bir pursatlyk kakalary aýatda gezip ýörkä kakasyz galan çagalary hakyndaky oýlar kellesine gelende bolsa, ýaş gelniň alma gözleriniň owalary ajy gözýaşdan püre-pür boldy. Akjemal ýüzüni owkalaýandan bolup, dökülmäge taýýar gözýaşlaryny ogrynça syldy. Birdenem, özüniň ejizläp, elden-aýakdan çykyp oturşyna, zanny ýuwaş bolsa-da, öz siňegini gorap biler derejede dogumly gelniň girre gahary geldi. “Gitse gidip geçsin-le! Hanha gitse, çar ýany açyk! Bizden gowyny tapýan bolsa, ondanam aňyrrak gitsin! Ýeke özüm eklärinem-saklarynam çagalary! Şol gitdi diýip, janym tenimi terk edene dönüb-ä ýaşamaryn, menem! Garaz, eýderin-beýderin, başymy çarajak bolaryn!” diýip, gazaba münen gelin öz-özüni gižželedi. Emma, sandala urulýan ýekedabanyň zarbalary ýaly bolup, kellesinde yzba-yz suňşurylýan gaharly oýlanmalaryň arasynda, nähilidir bir ysgynsyzja pyşyrdy beýnisini sersdirip gitdi. “Özüňde-de günä ýok däl-le!”. Ajy hakykatdan doly bu sözlere Akjemalyň düwlüp, ilkinji sataşany urmaga taýýar bolan ýumruga dönen göwni, birje pursatda ýumry-ýumşak gowşady-da, pagyş-para eredi. Birhili müýnürgäp giden Akjemal özüni aklamaga howlukdy. “Ýeri, mende günä bolar ýaly, men näme etdim, oňa?! Näme elinden tutup, orta ýaşa ýetibereniňde, beýnisi bekemedik gögelä dönüp, gabat gelen biri bilen söýgi “sms-lerini” alyş diýdimmi?”. Emma, aňynda eşidilen pyşyrdy ýaş gelne nadaralyk etmäge mümkinçilik bermedi. “Üsti-başyňa bir seret ahyry?! Ony özüňe imrikdirip, hemişe onuň göwnüni awlap ýörmek üçin, şu geçen ýyllaryň içinde näme etdiň ahyry?! Ilki bir, kyrk günlük gelin döwrüňde, perizatlaryň bäş-on sanysyna, aýry-aýrylykda-da, hemmesine tutuşlygyna bilelikde-de, gaýra dur diýdirip gezdiň, soňam: “oňa şu hem köp” diýýän ýaly edip, syr-sypatyňy, kaddy-kamatyňy başyňdan aýlap urduň!”. “Näme, mende onuň göwnüni awlamak üçin, özüme serenjam berip, ýüz-gözümi sypaň-sermeň edip ýörmäge wagt barmy?! Çagalar, öý-içeriniň syr-süpüri, biş-düş, geýim-eşikleri ýuw-ütükle, üstesine iş-alada, ýene-de dogan-garyndaşyň toý-tomgusy, ýas-gaýgysy hem bir ýanyňdan tapylyp dur, olara-da görünmeseň bolmaýar. Onsoň ýylmanyp-ýalmanyp ýörmäge wagt galýarmy?”. “Bahanam akja bäbek, barysy! Elbetde, öýüň-ojagyňam unutmaly däl, çagalaryňy-da gözden salmaly däl, ýöne ýanýoldaşyň hem, öýüň-ojagyňdan, çagalaryňdan ybarat älemiň merkezidigini heran-haçan ýadyňdan çykarmaly däl. Şony gözüňden salan günüňem ojagyň gapdalynda bipeýan sowuklygyň mesgen tutaýmagy biçak ähtimaldyr. Galyberse-de, törüňe sowuklyk aralaşmanda-da, sen-ä ondan, olam senden doýgun bolup ýörseňizem gowy däl”… Beýnisindäki pyşyrdy Akjemalyň kalbyny agdar-düňder etdi. Gahar-gazaby bir pursatda el bilen syrylan dek, göwnünden ýom-ýok boldy. Onuň deregine, ýaş gelniň göwnünde, öz öňünde duran päsgelçiligiň asgyn-rüstem taraplaryny doly ölçerip-döküp, öz bagty, asuda güni üçin, bolanja gaýratyny gaýgyrman göreşmäge taýýar bolan adamyň aýgydy peýda boldy. “Hany göreli bakaly, iliň gül ýaly gününi bulaýşyňy!” diýip Akjemal adamsynyň aýfonyna suwjuk “sms” ýazan näbelli garşydaşyna gaýybana hemle urdy-da, kompýuteriň düwmelerini şakyrdadyp, öňünden itdi. Tarsa ýerinden turdy. Dogumdan don geýene dönüp, iki ädende işigiň agzyna bardy. Gapyda ary köýen ýaly, ony jarkyldadyp açdy-da, çykyp gitdi. Otagdaşlary onuň bolşuna haýran galyp seredişip dursalar-da, hiç haýsy kelam agyz geplemedi. Akjemal şol çykyşyna, Ajap Saparownadan “ýarawsyzlygymyň ugry ýok” bahanasy bilen rugsat aldy-da, öýüne gaýtdy. Ýolda barýarka-da, tä öýüne ýetýänçä içinden birje pikiri doga ýaly edip, şol gaýtalady bardy: “Göreris nädip, meniň maşgalamy berbat edişiňi! Görübereris, ine! Süýtleşip sögüşmeli bolsa-da, gatyklaşyp garpyşmaly bolsa-da biz bar! Senden gaýdan namart bolsun, näme ýüzugra göteräge-de alyp ötägider ýaly, ýolda ýatan är barmy, bi ýanda?! Ýagşam bir tapdyň, ejizletjek adamyňy!”… Öýüne gelende özüni garşylan çagalaryna, bir: “naharyňyzy iýdiňizmi?” diýip sorag berdi-de, soň olaryň jagyl-jugulyna kän pitiwa etmän, göwnüne düwen matlabyny amala aşyryp ugrady. Ilki bilen özüne mazaly timar berdi. Geýmäge dözmän sandygynda ýygşyryp goýan gymmatbaha köýnekleriniň iň bezemenini çykaryp geýdi. Altyn şaý-seplerinden dakynyp bilenini dakyndy. Soňam, ylla bir, Agaýunus periniň hut özi, ýa-da halys bolmasa, gözelligi onuň bilen bäsleşip biljek kenizleriniň biri asmandan indimikä diýdirip, öýüniň törüni bezäp, gyzyl-çog bolup, taýýar oturdy. Oňa çenli işden gelen ýanýoldaşy Nurynyň ulagy hem howla girip, saklandy. Çagalar ylgaşyp kakalarynyň öňünden çykdylar. Iň kiçileri, ýaňy dördüne giden, özüniň sakawlaman, düzüw gepläp bilýändiginden lezzet alýan dek, jedirdemeli bolsa bir adama-da gezek bermeýän Kuwwat, ýene-de doganlaryndan öňürtdi. Topulyp gelşine, kakasyny şu gün irden işe gitmänkä görenem bolsa, edil ýitirip tapan ýaly, onuň aýaklaryndan garsa gujaklady-da, top atana dönderip, ähli bilýänjesini bir demde eňterip goýberdi: -Kaka-how, sen bir ejemi gör, edil “Owaz” teleýaýlymyndaky aýdymçy gyzlardanam beter owadan bolaýdy-ow! Nury, ýadawrak bolanyndanmy ýa-da üns berip diňlemänindenmi, bu täzelige kän bir baş galdyrmady: -Hany, onuň ýaly bolsa, ýörüň hany, owadan bolan ejeňi bir göreli, bizem!-diýdi-de, çagalary bilen hümer bolup öýe girdi. Ol içeri girende Akjemalyň birhili ýüregi üzülen ýaly boldy. Döşünde nämedir bir zat ýiti agyry bilen sanjyp-sanjyp gitdi. Geçen on ýylyň içinde ajyny-süýjüni deňje paýlaşyp, ýeriň ýüzünde iň mähriban ynsanyna öwrülip giden başdaşyny görende, tasdanam hamsygyp goýberýärdi. Hernä çagalarynyň bardygy üçin zoraýakdan saklanaýdy. -Eýgilikmi, Akjemal?! Bi näme, kyrk günlük gelin ýaly, atyňy-ýaragyňy ykjamdan tutup, bezenip-beslenipsiň-le?! Ýa näme, toýa-beýlekä şaýlanýarsyňmy?-diýip, hiç zatdan habarsyz Nury, daşky eşiklerini çykaryp ugrady. Onýança onuň elindäki sebetlere eýe çykan çagalar, ala-wagyrdy bolşup, öz gohlaryna özleri başagaý, içki otaga girip gitdiler. Är-aýal ikiçäk galdy. Bu ikiçäklik, uzyn günläp ýalňyz özi müňlerçe gezek ölüp-direlen Akjemaly ejizletdi. Ol birdenkä özüniň näme edýändigine-de düşünmän, Nurynyň geýim asylýandan asmak üçin özüne uzadan penjegini bagryna basdy-da, oňa ýüzüni berip, hamsygyp goýberdi. Nury muňa allaniçigsi boldy. -Weý, weý, Akjemal, saňa näme bolýar?! Bi näme, sende ýok, mende ýok birdenkä aglaberdiň-le?! Ýa biri göwnüňe dagy degdimi?! -Ýok, ýok…-diýip Akjemal agy gatyşykly pyşyrdady-da, başyny ýaýkady. -Onda näme aglaýaň?!-diýip Nury aýalynyň bileginden tutdy. -Ine, şu näme, Nury?-diýip, hasam hünibirýan aglap ugran Akjemal, elindäki penjegi ýere taşlady-da, penjiräniň erňeginde duran eltelefony garbap alyp, onuň içindäki suwjuk “sms-i” Nurynyň gözüne dürtäýjek boldy. Nury düşünmedi. -Bu näme, Akjemal?! -Okap gör-dä, näme bilmedik bolýarsyň?!-diýip, uzakly gün öz-özüne ezýet berip-berip, indi gaharlanmaga-da ragbaty galmadyk Akjemal, agy gatyşykly pyşyrdady. Ýene-de bir zatlar geplejek bolup dodaklaryny müňküldeden Nury, niýetinden dänip, elindäki aýfonyň ýüzüne tiňkesini dikdi. Üns bilen okadygyça-da onuň ýüzi ýagtyldy. Aýratyn agyr jenaýaty derňeýän hüşgär sülçi kimin, häzirlikçe jenaýaty etmekde güman edilýänem bolsa, sähel salymdan gutarnykly, aýyplanýana, soňam iş kesilene öwrüljek ýanýoldaşynyň ýüz-keşbiniň her bir alamatyny sypdyrman synlap duran Akjemal, Nurynyň ýüzüne näme üçin şatlyk çaýylýandygyna düşünmedi. Haçan-da Nury, ilk-ä bir özüne zor salyp gülmän saklanjak bolup, pyňk-pyňk edip ugranda, soňam birdenkä saklanyp bilmän, arkan-ýüzin gaýşyp, loh-loh gülüp başlanda, Akjemal hasam kelebiniň ujuny ýitirdi. -A-ýuw utançsyz, näme aklyňdan azaşdyňmy, näme gülýärsiň?! Ol telefonyňdaky bihaýalyga gülmeli däl-de, aglamaly, bilseň!-diýip, Akjemal gözüni akjardyp hüňürdedi. Nury oňa diýýämisiňem diýmän, ep-esli wagt güldi. Gülüp-gülüp ýüzi-gözi çym-gyzyl bolup, gözleri ýaşaryp gidenden soň, demini dürsemek üçin zordan saklandy. Soň özüne dikilip duran Akjemalyň mölterip duran ýüzüne seredip, ýene-de biygtyýar gülüp ugrady. Gülkiniň arasynda-da, düwlüp-düwlüp, zordan: -A-haw keýwany, muny doglan günüme sowgat berjek diýip satyn alaňda: “satyjy gyza: “işleýärmikä, barlap beräýsene” diýdim welin, ol utançsyz: “gelneje, ýoldaşyň ady näme, häzir oňa seniň adyňdan bir gowuja, owadanja “sms-jik” ugradyp, aýfonyňy barlap beräýeris” diýip, jakgyldap güldi-de, öz eltelefonyndan muňa “sms” ugradyp goýberäýdi” diýip özüň aýtmadyňmy, näme?! Şoldur-da, men-ä şunuň içini şondan bäri düzüwli açyşdyrybam görmedim, entek!-diýmegiň hötdesinden geldi. Ýanýoldaşynyň sözleri birbada Akjemalyň aňyna ýetmedi. Haçan-da Nurynyň aýdanlarynyň manysyna düşünende gelniň ýüzi utançdan ýaňa dym-gyzyl boldy. Haýp saňa, uzak günki jebri-jepa! Haýp saňa, ertirden bäri öz-özüne berlen bihuda ezýet! Utanç saňa, wepaly höwri barada edilen öçli-myjabatly oýlanmalar! Haýp saňa, haýp saňa…barysy haýp saňa!... Akjemal utanjyndan ýaňa girere deşik tapmady. Ýer-ä ýarylmady, olam girmedi. Ýüzüni burç ýaly gyzardyp, henizem loh-lohlap gülüp duran adamsynyň ýanyndan bahymrak garasyny saýlamak bilen boldy. -Bolýar-la, biderek gepleri bes edeli-le, ýöne, öýe gelýärsiň-de, niredendir bir ýerlerden bolar-bolgusyz gepleri tapyşdyryberýäň, derrew-derrewden! Mend-ä seniň henek-ýomagyňa güýmenip durmaga üýşüp ýatan wagt ýok, şu mahal! Gidip, çaltrak seniň naharyňy bir ýyladaýyn!-diýip, eşidiler-eşidilmez hymyr-symyr etdi-de, öý diýlip atlandyrylýan, bir wagtyň özünde, hem äpet hem çaklaňja ýurtda, zenanlaryň ählisiniň çäksiz-gypynçsyz höküm sürýän mekany bolan aşhana tarap ökje ogurlap barşyna, kalbyny bimöçber ýeňilligiň gaplap alýandygyny duýdy. Akjemal aşhananyň bosagasyndan ätlän dessine, utançdan ýaňa lowlap gyzýan ýaňaklaryny elleri bilen ýapdy-da, ýeňsesinden eşidilip duran, ýanýoldaşynyň gülküsine meýmiräp, gözlerini süzdi. | |
|
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 11 | |||||||||||
| |||||||||||