15:03 Gorkak / hekaýa | |
GORKAK
Hekaýalar
…Gyş gününiň ilkagşamsydy. Garaňky mazaly gatlyşandygy zerarly, şähere seýil edip gelýän ýigit bilen gyz, kimdir biriniň özlerini tanap, obanyň içini özleri babatda gep-gürrüňden doldurmagyndan çekinmän, bileje gaýtdylar. Jübütligiň, jübüt bolmagyň, öz jübtüň gapdalyňda ýöräp barýandygyny duýmagyň lezzeti başga. Olaryň keýpiçagdy. Duşuşyp başlanlary bäri ilkinji gezek bilelikde şähere seýle çykyşlarydy. Şonuň üçinem öň deň-duşlary bilen ençeme gezek aýlanylan giň seýilgähler hem, teatrda görlen oýun hem, kinoteatrda tomaşa edilen çeper film hem üýtgeşik bir ýakymly täsir edipdi. Şol sebäpli-de olaryň aýaklary juda ýeňil ädilýärdi. Göwnüňe bolmasa, olar ýöräp däl-de, ýerden bir garyş–ýarym garyş ýokarrakdan tyrpyp barýan ýalydylar. Nähilidir bir bolgusyzja ýakymly gürrüňjiklere gümra bolup baryşlaryna olar, nädip geňeşligiň edara jaýynyň deňesine ýetendiklerini-de duýman galdylar. -Sülgün, geňeşligiň garawuly, goňşumyz Gulmyrat agadyr! Tanaýmasyn. Edara jaýynyň deňinden ýeke-ýekelikde ötäýeli. Ilki sen geç, soň men geçerin-diýip ýigit gyza ýol berdi. Sülgün: -Bolýar, Halmyrat!-diýip baş atdy-da, ýüzüni aşak salyp, geňeşiň edara jaýynyň ýeňsesinden, obanyň merkezi köçesine çenli uzalyp gidýän uly seýilgähiň içine tarap haýdap ugrady. Sülgün geňeşiň jaýynyň ýeňsesine aýlanýança ara salym salan Halmyrat hem onuň yzyna eýerdi. Ol seýilgähiň içine aralaşanda Sülgüniň özüne garaşyp duran ýerini garaňkylykda zordan saýgardy. Olar özleriniň “gizlenpeçek” oýnaýan ýaly bolup ýörüşlerine jykyrdaşyp gülüşdiler-de, ýene-de ýanaşyp ýola düşdüler. Azsalymdan juwanlar seýilgähiň çäginden çykyp, mekdebiň maşk edilýän giň meýdançasyna ýetdiler. Birdenkä gyz içini çekip, tisgindi-de, oglanyň golundan ýapyşdy: - Hiýh! Halmyrat, seret, haýadyň düýbünde bir gara üýşmegi bar welin, ol ýerde nämedir bir zat kimdir birini peýläp oturan ýaly-la! Ilkibada gyzyň görkezýän tarapyny gözleri kesmedik Halmyrat şol ugra çiňerilip-çiňerilip garady. Birdenem ol Sülgüni üýşendiren sudury gördi-de, nädip tisginendigini özem duýman galdy. Ol sudur tokga garaňkylyk üýşmegi bolup görünýärdi. Näme meňzetjegiňi biler ýaly däldi. Bada-bat jahyl ýigdiň saly gowşan ýüregine dowul aralaşdy. Kiçi ýaşly çagalara mahsus, elheder aldyrýan, elden-aýakdan çykaryp barýan garaňkylykdan hem näbellilikden gorky, göwnüniň töründe gymyldap-gymyldap gitdi. Gorkunç kinolarda tomaşa eden, başdan geçirmeli kitaplarda okan elhençlikleri hyýalynda janlandy. Ol özem aňşyrman gyza gysmyljyrady. Emma gyza galtaşanda ol birhili özüniň ýöwselliginden utandy. Hernä, garaňkydygyna-da şükür, ýüzüniň lap-lap gyzyp-gyzarýandygyny Sülgün görmeýär. Halmyrat ekabyrlandy. Emma, her niçik-de bolsa: -Ýöräbereli-le! Üýşmek çagyldyr ýa-da töňňedir-dä!-diýende sesiniň az-kem sandyraýandygyny diňe Sülgün däl, hatda özi-de duýdy. Ol gyzyň öňüne düşüp, şol düşnüksiz garany gyýalabrak ýöräp ugrady. Tä olar ýakynyna barýança gara gozganmady. Oňa çenli bäş-on ädim galanda Halmyrat bilen Sülgün ikisi suduryň gozganman duran adamdygyny saýgardylar. -Beh, bu kim-aý?-diýip Halmyrat özüne gysmyljyraýan gyzyň gulagyna eşidiler-eşidilmez pyşyrdady. -Geleniň-geçeniň ýüregini ýarjak bolup, bi haýrany!-diýip Sülgün hem iňkisli pyşyrdady. Onýança olar suduryň deňesine ýetdiler. Şonda-da, sudur hälden, oýa batyp oturyp, diňe şu pille olaryň gelýänini aňşyran dek, birdenkä gozgalaň tapdy. Yrgyldady-da, olaryň ýoluny kesdi. Soňam, gyryljak çyksa-da, ýigit bilen gyzyň ikisine-de çagalykdan bäri tanyş bolan, synpdaşlary Çaryýaryň sesi üzlem-saplam gepläp goýberdi: -…Sül…Sülgün…Meniň saňa aýtmaly zadym bar! Gyz allaniçigsi boldy. Sakga durdy-da, öňünden keserip duran Çaryýardan eýmenip, yza-yza tesdi. Bada-bat öňüni gabalan Halmyradyň arkasyna gizlenmäge çalyşdy. Aljyraňňy ýagdaýda näme diýýändigine özi-de düşünmän, ilkinji diline gelen zady aýdyp goýberdi: -Wa-eý, bu haýrany! Mekdepde nirä ýöresem garawullap ýörenini az görüp, indi gijelerine-de öňüme çykyp ugradyňmy? Aýtdym-a men saňa: “maňa azaryň ýetmesin” diýip… Sülgün bu sözleri aýdýança Halmyradam jyňkyny çykarman duraýmady. Ol biri-biriniň gabat-garşylarynda duranlarynda Çaryýardan ep-esli daýaw bolup, üstüne abanyp durdy, üstesine-de, mekdepde-de, obada deň-duşlarynyň arasynda-da, kän ile goşulman ýören, zanny-ýasawy dommarak ýaşytdaşyndan ekabyrrak gelýärdi. Şu sebäpdenmi ýa-da özüni penalaýan gyzyň bolşundan meçew aldymy nämemi, Halmyrat öňünde sömelip, aýtjak gepini aýdyp bilmän sakawlap, dilini çeýnäp oturan Çaryýaryň ezeneginden ebşitläp tutdy: -Eý, töňňe, näme gereg-eý saňa?! Näme saňa öň nijeme gezek aýdylmadymy: “Sülgüne ýanaşaýsaň, oňňullygyň tamasyny etme” diýip, hä?! Çaryýar Halmyrada gaýtawul bermeg-ä beýle-de dursun, hatda onuň elini ýakasyndan aýyrjagam bolman, ýuwdunjyrap, şol gözüni petretdi durdy. Özüne ondan garaw gaýtmajagyna magat göz ýetiren Halmyrat bolsa hasam ekezlendi. Çaryýary südenekledip, gyra çekdi-de: -Näme, ýa, aýdylanlara oňatja akyl ýetirmegiň üçin, mazalyja eýiňi ýetirmelimi?!-diýip haýbat bilen haşşyldap, düwülgi ýumrugyny göterdi. Şol müddetem, Sülgün goragçysynyň elinden ýapyşdy: -Ýeri bolýar-la, Halmyrat! Degmesene, oňa! Onuň bilen deň bolmasana, bu akly kem, utançsyzy Hudaý urupdyr-a, sen ony urup nätjek! Gör ahyry, munuň gije adamlaryň ýolunda irikgä bolup ýörşüni! Heý, akly düzüw adam şeýder ýörermi!-diýip, ilkinji gorkusyndan köşeşmäge ýetişen gyz äheňine näz-kereşme çaýyp, ýigitden haýyş etdi. -Seret! Şu gyza “sag bolsun” aýt! Şu mahal şu ikimiziň aramyza düşmedik bolsa, ertir aýnada öz ýüzüňi özüň tanamaz ýaly ederdim! Häý, günüňe ýanaýyn, züwwetdin gorkak diýse! Ilki bir özüňi gorap, gaýtawul bermäni bir öwren, onsoň gyzyň ýoluny garawulla-da!-diýip, eşigine sygman çişýän Halmyrat, ýene-de bir gezek haýbat atdy-da, Çaryýaryň ýakasyny sypdyrdy. Juwanlar henizem, hamana bu zatlar özüne degişli däl ýaly, pyýada ýodasynyň ugrunda dikilgazyk bolup, ýuwdunjyrap duran Çaryýaryň deňesinden ötdüler-de, ýene-de ýola düşdüler. Biraz ýöränlerinden soň yzyna gaňryljyran Sülgün Çaryýaryň hol allaowarradan dähedem-dessemläp, yzlaryna düşüp gelýändigini saýgardy. -Wa-eý, bu turşusy depesine uran haýrany! Han-ha, ýene-de yzymyza düşüp gelýär-dä!-diýip gyz pyşyrdanyndan, Halmyrat sakga aýak çekdi-de, yzyna dönjek boldy: -Häzir men bu züwwetdini ykjamja yzymyza düşmez ýaly edeýin-le! Emma, Sülgün onuň elinden ýapyşyp goýbermedi: -Ýok-la, degmesene, gerek däl-le! Ahyry öz ýüregine düşüp, beýdip “kowalaşdy” oýnap ýörmegini bes eder-dä! Ýaňky sene-menäniň yzyny dowam etdirmäge Halmyradyň özi-de gatybir göwünjeň däldi. Şonuň üçin ol gyza özüni yrmaga mümkinçilik berýänden boldy. Soň olar yzlaryndan garaba-gara gelýän deň-duşlaryna üns bermediler. Hümürdeşip baryşlaryna, mekdebiň gür baglyga beslenen howlusynyň içinden geçdiler-de, Sülgünleriň köçesiniň bir çetinden girdiler. Şol pille-de garaşylmadyk waka gopdy. Oslagsyz, köçäniň sag gyrasyndaky tutlukdan nähilidir ýakymsyz, iniňi jümşüldedýän hyňranma eşidildi. Hyňranmanyň yzysüre-de ýabyň içinden topulyp çykan köpek, gyýak ýaly dişlerini syrtardyp göni olaryň üstüne gaýtdy. Köpegiň hyňranyp, haýaljakdan üstlerine sürnüp gelşi öte eýmençdi. Garaňkylyk zerarly onuň daýaw, ala göwresi hasam mähnet bolup görünýärdi. “Gorkana goşa görner” diýleni, itiň gözleri dagysam çym-gyzyl bolup ýanyp durdy. Sülgüniň endamyna ýeňiljek galpyldy indi. Ol haraý isläp, gapdalyndaky Halmyradyň elinden ýapyşmak üçin, howany sermeläp, onuň goluny gözledi, ol ýene-de ýaňy Çaryýara duşandakylary ýaly, üstüne garşy sürnüp gelýän it bilen öz arasyna düşer öýtdi. Emma…Gyzyň eli goragçysynyň goşaryna derek boş howany gysymyna gysdy. Sülgün, muňa aljyrap, özüne ýakynlap gelýän itden gözüni aýyrmaga het edip bilmän, gözüniň gyýtagyny Halmyradyň ýaňyja-da duran tarapyna aýlanda, howsala düşen ýigdiň elheder alyp, yza-yza tesýändigini, hatda gaçmaga-da bogny ysman, huşy başyndan uçup titreýändigini gördi. Ýeke pursatda, kimdir biri buz ýaly suwuň bir küýzesini göni ýüreginiň üstünden eňteren dek, Sülgüniň kükregi sowap gitdi…Ýap-ýaňyja, mekdebiň bagynyň içinden bileje ýöräp gelýärkälerem, kalbyny ýyladyp-ýumşadyp duran howurly duýgularyň barysy, Halmyrada bolan mähir, ymtylyş, guwanç, onuň bilen ysnyşandyklaryna begenç, oňa bolan buýsanç, bagtlydygyňy, geljekde mundanam beter bagtyň özüňe garaşýandygyny syzmagyň lezzetli duýgusy…barysy birden, bir demde kalbynyň iň gizlin jümmüşine çenli ýalap-ýalap giden hazan ýeliniň täsirinden ýaňa buza döndi… Şol wagtam, hyňranyp duran it, dişlerini has aýylganç syrtartdy-da Sülgüne tarap bökdi. Galan zat bolsa göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi. Gorkusyna gözlerini ýumup, aşak oturan gyz gabaklary örtülip barýarka, diňe it bilen özüniň arasynda nähilidir bir gara suduryň, edil ýerden gögeren ýaly, duýdansyz peýda bolandygyny görüp ýetişdi. Emma ol sudur gözüne görünýändir öýdüp, gözlerini hasam jebis ýumdy-da, üstüne topulan köpegiň özüne agyz uraryna garaşdy. Ýöne, näme üçindir köpek oňa agyz urmady-da, birdenkä, erbet waňkyryp-çyňsap goýberdi. Soňam onuň aýaklarynyň güpürdisi eşidildi. Soňam Çaryýaryň sesi: -Sülgün! Tur hany, ýör bahymrak, öýňüze ugradaýyn, seni!-diýip çekine-sakyna hümürdedi. Sülgün gözlerini açyp, dikeldi-de, öňünde, näme üçindir bir eli bilen beýlekisini gysymlap duran Çaryýara garady. -Dişledimi? Çaryýar geplemedi. Garaňky bolandygy zerarly Sülgün onuň baş atandygyny-atmandygyny hem saýgarmady. -Agyrýarmy? Çaryýar ýene-de geplemedi. Onýança biraz özüni dürsemäge ýetişen Halmyrada dil bitdi : -Sen-eý, näme üçin sokulan bolduň?! Ýaňkyja güjüjegi özümem bir zatlar bir zatlar edip goýberýärdim… Biri-biriniň ýüzüne seredip geplemän duran Çaryýar bilen Sülgün oňa diýýämisiňem diýmediler. Hamana, bu ýerde ikisinden başga yns-jyns ýok ýaly… -Ýör hany, öýňüze ugradaýyn!-diýende Çaryýaryň sesi öňküsindenem güňleç eşidildi. Ol şeýle diýdi-de, Sülgüniň öz teklibini ikuçsyz berjaý etjekdigine birjik-de şübhe etmeýän ýaly, gyzyň öýüniň ýerleşýän tarapyna ýöräp ugrady. Özüniň näme edýändigini doly aňşyrmaýan gyz hem sesini çykarman, onuň yzyna düşdi... | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |