19:31 Gaçyş | |
GAÇYŞ
Goşgular
Akmyrat Şire Sen gaçdyñ biweçlerden dünýäni piñne almaýan, Gaçdyñ bu barlyga az-kem akyl ýetirmek üçin. Gaçdyñ guşkellelerden, ýokanç keselden gaçan deý, Gaçdyñ Ylham bedewiñe ganat bitirmek üçin. Bolmak üçin gybatlardan, dawa-jenjelden alysda, Goşulmazlyk üçin it deý gemrişýän toparlara, Gaçdyñ! Terk etdiñ boş öwýänleri, Sebäp tapsa, "ýuwýanlary", Bulgur dostlaryñdan geçdiñ. Tire-taýpaçyllary, Ownukçyllary ret etdiñ. Talantlydygyñy duýup, "Bedewi büdresin" diýip, Tor gurýanlardan gaçdyñ-da, "Mis atlyñ" ýurduna gitdiñ. Gadym derwüşler deýin, pähim-paýhasa ýugrulyp, Iner ýüki abraý bilen köp ýyldan geldiñ öwrülip. Görseñ: ýene şol biweçler, Guşkelleler, öwünjeñler. Tireparaz, ownukçyllar, "Ýüzleşmäge" göwünjeñler, It deý gemrişýän toparlar, biri-birine badak atýan. Halymsyraýan, Gürledip, öz bahañdan arzan satýan. Baş kürsüde oturana ýaranmak üçin omalýan, Çemeçillik edip alan at-titulyna gomalýan, Pöwheler töweregiñ... ...Belki şum täleý, belki-de üşügiñi ýitirdiler, Ýatyrsyñ demsiz-düýtsüz, gaçypsyñ üçünji gatdan. Belki şum täleý, belki-de ajalyñy ýetirdiler, Heý ynanar ýalymy, beýle ir öçenine seniñ adyñyñ aýatdan?! 13.05.1991. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |