15:12 Gadymy hindi pähimleri | |
Ody suw söndürer. Yssy jöwzadan,
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Kölege-de goranar haýwan-u-adam. Buýrasyñyz gelse öküzdir, pile, Uzyn çybyk ýa-da gamçy al ele. Bar bolsa dermanlyk dürli ot-çöpler, Hiç kesel siz taýa aýagyn sekmez. Eger bardy geldi ýylan çakanda, Täsir etmez oñ dogasy okalsa. Durmuşda islendik ýaramazlygy, Dep edýän zat baryn bilip gezmeli. Samsyklyk bu kada gabat gelmeýär, Oña hiç bir çäre tapyp bolmaýar. *** Islendik tokaýyñ goýnuna girseñ Daragtlar kän datly iýmişli barly. Derýalardan jana şypa suwlaryñ, Towlanyp akýanny bilmeýän barmy? Eýe wagty tebigatyñ şu hili Genji känine, Düşünmek kyn däldir garyp-gasarlañ Boýlañ gapysynda el serýänine. *** Ýüregi gobsundyryp bilýärkä Göz güldürip, gaşlaryny kakanda ''Ejiz naçar'' diýip, goşgy ýazýan kim Zenan hakynda? Söwer ýarym saçlaryna ildiren güli, Leblerinde bulduraýan asaly baly. Ýarpy ýalta örtüp gyzyñ galbañ göwsüni, Bedenne syrlaşyp duran ýüpek-sowsany Çyn aşyga, şundan gaýry lezzet gerekmez, Meger, oña şol arzyly jennet gerekmez. *** Şoldur edip bilýän akmagy dana, Şoldur goşup bilýän sansyzy sana. Şol duşmanyñdan dost-ýar ýasaýan, Şoldur edip bilýän pynhany aýan. Şoldur emir edýän külli jahana, Şoldur öwrüp bilýän zähri asala. Şonuñ üçin kalpdan Hudaýa orun Beriñ-de, täk şony şöhratlandyryñ! * * * Baş goýany per ýassykmy ýa gaty ýermi, Çöp-çalammy ýa-da tagtmy oturan orny. Sonsuz ýollar gaçyrdymy gaýrat güýjüni, Garny dokmy, ýa bolmasa, itiñ ajymy. Ýa-da gymmat ýüpek-parça oñ egnindemi, Ýa-da geými şalha-şalha garyp bedenmi. Kalba düwen niýetiñi nazarlap diñe, Görýani ejirmi, eşret alman piñine. Üstün çykyp herki ýowuz apat-beladan, Öz ýoluny dowam eder maksatly adam. (Bhartrihari) Bolsa kimiñ bedeni hem-de ruhy göýdük, Oýlanmasyn: il içinde abraý alaryn öýdüp. Öz maksadyñ ugrunda çekmeseñ ejir-azap, Belent derejä ýetmersiñ, bu bar kişä belli zat. (Bhasa) Suwdaky Gün şöhlesin tutjak bolýan çagajyk Howaýy arzuw bilen ýaşaýan akmak adam, Ikisi-de öz ýanyndan süýji hyýaly batyp, Ymtylyp ýaşaýandyr eli ýetmejek zada. Menziller erkek kişiniñ ysgynny alar, Mähirden mahrum zenan saralar, solar. Gemrer belent daglary ýeller, ýagyşlar, Kemsinmekden ejir çeker akylly başlar. (Çanakýe) Dost ýardam gardaşdan ýamanlyk gören, Soñ olara ynanmazmyş gaçarmyş, Diýýärler-ä: ''Süýde agzyn bişiren" Hatda sowuk suwam üfläp içermiş. (Näbelli awtor) Kitap, zenan ýa-da pul, Düşse özgäñ ellerne Umyt etme, Öñküsi deý, Abat gaýdyp gelerne. Bilip goý Ýat kişileñ Goluna düşse olar, Ýyrtylyp, kemsidilip Ýa-da kemelip biler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |