19:50 Gaplaň | |
GAPLAŇ
Goşgular
Haýwanat bagynda demir kapasa, Demir kapasada gaplaň ýatyrdy. Gyzyl gözlerinden akýan damjalar Murtunyň ujunda asylyp durdy. Şäherli adamlar onuň ýanyna Getirdiler daýy, ýeňňelerini. Bu zatlardan bizar bolan janawar Ýatlardy Afrikaň jeňňellerini. Juwan günlerinde gara gijeler Gözleri ot bolup ýanan bu merdan Iripdi, iripdi gelim-gidimden, Onuň dynç alasy gerdi bir meýdan. Diňe agşam düşüp ýapylanda bag, Garrylygyň derdi berse-de jepa, Zordan uka batyp, agyr düýşünde Ýene-de giderdi Afrika baka. Süýji-süýji arzuwlardan, hyýaldan Erninden şepbik suw akar giderdi. Ýaýdan çykan peýkam kimin atylyp, Awuny gan bilen tamam ederdi. Erkindi. Batyrdy. Diýseň güýçlüdi. Güýjüniň çeşmesi egserden kändi. Kynçylyk. Kynçylyk. Çar ýan kynçylyk. Ol kynçylyk üçin dörän haýwandy. Ýöne gijeleňem öz serhedi bar. Şol serhetdi onuň tükenmez derdi. Gözün açdygy bes: juwanlygyndan Ýene gojalygna gaýdyp gelerdi. Ol gaplaň ýene-de çümer giderdi Adam gözleriniň doňaklygyna. Geň galyp, geň galyp bakardy hemme, Ýesiriň geými dek zolaklaryna. Şol gözleň her biri peýkama dönüp, Başlardy oň jiger-bagryn ýakmaga. Ol ýygrylyp, giň görüp öz hamyny, Utanardy şol gözlere bakmaga. Guýrugy ýamzynda. Gulagy salpy. Gözleri ýumukdy. Tutukdy ýüzi. Batyrlygyň ejizlige öwrülşin Görüp, adamlaryň çygjardy gözi. Aňyrda gaplaňam sessiz aglady. Iň soňky mertligin gözýaşa öwrüp, Gaplaň derisinden çykan gaplaňy Giň kapasa barýa gysyp-gowuryp. Şol günden soň gijemi, ha gündizmi Gaplaň bar wagtyny aglap ötürdi. Şeýdip, ejizligiň başlanan güni, Şol gaplaňyň gaplaňlygy gutardy. Gurbannazar EZIZOW | |
|
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Garry söýgi — gamly söýgi / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |