15:33 Märeke | |
MÄREKE
Goşgular
Öz işine gümra gadym giñ jahan Käte gam getirer, käte hemaýat. Çirkin-çirkin aglanynda gyzjagaz, ''Öýkeni giñär!'' diýp, güldi jemagat. Ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar. Şo gyş kämil çykyp, toýa şaýlandy. Şonda ol gözeliñ ikinji sapar Owadan gözlerne duman aýlandy. ''Aýu, tula, begenjiñe aglaýañ?'' Diýip, ýomak atyşdylar gelinler. Entek nämäñ-nämedigini añmaýan Gyzlañ ýylgyrşyny gizledi ýeñler. Soñ ýene aý ötdi. Ötdi köp bahar. Kim gam çekdi, kim keýpini çaglady. Şondan şol gözelmiz üçünji sapar, Soñky sapar için tutup aglady. Indi ahmyr ýokdy, gözýaşam ýokdy Söýgi, umyt ýer tapmadyk synada. Diýdi il ýene-de juda sogrudyp: ''Maşgalada öýke-de bor, kine-de!'' Paşmadyk umytlañ gizläp ahyny, Şatlykdan üç gezek aglaýan barmy? Sen aýt, eý, märeke, sen aýt ahyry, Saña biperwaýlyk endikmi, kärmi? Neçüýn ýagşylyga ýorýañ agyny? Seniñ üçin hemmeje zat gül ýaly. Gözýaş bilen egsip ýürek dagyny, Aglanlaryñ oñatmyka ykbaly? Hemme kişi bagtly güni aglanok, Adam diýen gülenogam hesretden. Eý, märeke, hiç düşünip bilemok, Mähirlimiñ? Gaharlymyñ? Näme sen? ■ KÖNE KART Penjiräñ öñünde bir owadan gyz Ýaryny ýat edip, gam çekýär ýalñyz. Köne kart sakawlap aýlanýar çetde: ''Gam çekme, gyz, Gam çekme, gyz, Gam çekme!'' Gijäniñ içinde goýup kümüş yz, Garagol ýapjagaz akyp ýatyr tiz. Uzakda ikatýok çotuny kakýar. Çypar aý asmandan zemine bakýar. Bu tüýdügiñ sesi eşidilýät nirden? ...Bu gije durşuna ㅡ Rehmet Seýidow. Gyz dessandan gelen ㅡ gara gaşy ýaý, Ýüzleri diýjekmi ㅡ aýa ogşaýa! Öñde döwrümizden bir alamat bar: Köne kart sakawlap aýdym aýdýar. Bu garagol ýigit, süýji söz ýigit, Aý dodagy kimin gyzyl gül ýygyp, Gelmez gyz ýanyna aýnany kakmaz, Gyz gussa batypdyr, bu gije ýatmaz. Köne kart sakawlap aýlanýar çetde: ''Gam çekme, gyz, Gam çekme, gyz. Gam çekme!'' Erte agşam hemmeler taýyna duşar, Aý Güne, Gün bolsa Aýyna duşar. Emma ýigitleriñ arzuwy bu gyz, Penjireden bakar oturar ýalñyz. Uzyn barmaklarda ýadygär ýüzük, Ýigit haýsy kölde ýörýärkä ýüzüp? Oturşy ýüz gazal, turşy müñ gazal, Ak jaýyñ içinde aýlanýar gözel. Köne kart sakawlap aýlanýar çetde: Gam çekme, gyz, Gam çekme, gyz, Gam çekme!'' Pahyr köne kartyñ sesi gyrlypdyr, Emma gyza şol teselli berip dur. Ah, köne kart, ah, köne kart, köne kart, Sen türkana gop bermekçi köne kart. Ýöne düşün ahyr, bu ajaýyp gyz Gam laýyna batyp aglanok heniz. Uzakda ikatýok çotuny kakýar, Çypar aý asmandan zemine bakýar. Nirede gam-gussa, nirde doñaklyk, Bu aý aýdyñ gije juda oñatlyk! Gyz ýöne tolgunýa, juda tolgunýa, Düşün-ä, köne kart, toý güni gelýä. | |
|
√ Bolupdy döwür / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |