11:42 Talantlar | |
TALANTLAR
Goşgular
Her kim öz ugruna talantdyr, talant! Bu dünýede talantlary gözledim. Ähli ýalançydan edýärin talap — Goý, olar talantly ýalan sözlesin. Balerina sahna çykyp, galdyrap. Ölýän guw ömrüni aýaklanynda. Men oňa diýýärin talant sen, talant! Güller bitsin näzik... aýaklaryňa. Talantly dörjeläň ýeriň gursagyn, Talantly göterliň Wenera tarap. Eger erbetlige hyýal gursaňyz, Biliň, şol üçinem gerekdir talant. Talantly ýumuryň betpygyllary, Goý, olar müdimi kül-owram bolsun. Eger şahyr gelse, oň şygyrlary Edil bahar ýaly talantly gelsin. Köpler köpri gurup özün tanatdyr. Köpler köpri ýumrup özün tanatdyr. Birisi gurýany üçin talantdyr. Biri ýumurýany üçin talantdyr. Talantly ýat bekläň görenlerňizi, Şeýtseň bir däl, on gözýetim aşarsyň. Talant bilen söýüň gözellermizi — Goý, olaryň bagtdan gözi ýaşarsyn! Sen öýdemi, ha aşýaňmy belentden, Unudaýma — talant belent talapdyr. Hakyky talantmy? Hapa talantmy? Ine, şuny bilmek beýik talantdyr. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |