ATALAR WE OGULLAR
Atalar-ogullar... beýik döwletdir,
Şolardyr bu döwre ýañyn salýanlar.
Ýöne käte duşýar bi iki nesliñ
Arasyna çöp atmakçy bolýanlar.
Galat pikirlere uýmak ne derkar?!
Işimiz şowludyr, günümiz düzdir.
Ýok, atalar biziñ geçmişimiz däl,
Biziñ atalarymyz şu günümizdir.
Nirä barýar naýza kimin düzülip,
Aýdym bilen dyñzap duran hatarlar?
Olar täze dünýäñ goragna galan
Mizemez ynamly biziñ atalar!
Olar geljegmiziñ dok dänesini
Durmuşyñ tarpyna atanlarmyzdyr.
Ykballarna beýik synag duş gelen,
Mizemez ynamly atalarmyzdyr.
Öñden gelýär şeýle ajaýyp nakyl:
Ekin ekilmese, hasyl orulmaz.
Bu biz ahyr ㅡ eken zadyn orýanlar,
Bu biz ahyr ㅡ atalar we ogullar.
Häzir olañ kimsi pensiýa çykan,
Kimsi işde. Emma maksatlary bir:
Olar bu günleriñ ogullarnyñ
Gatnaýan iñ kämil mekdepleridir.
Goý, dar balak geýsin, kafe gatnasyn,
Ýöne gaýtalansa ýene o günler,
Atalar dek merdem aýaga galar,
Şolañ mekdebinde okan ogullar.
■ ATA IGENJI
Bolup ýörşüñ hiç mañzyma batanok,
Käýýäp ýörmäge-de ysanok bognum.
Saña akylam-a gelerçe boldy,
Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!
Öz diýeniñ tutup ýörsüñ elmydam,
Päkmikäm öýdýärsin hemmeden beter.
Ýaşlygyñdan şeýdip ýörseñ girrelip,
Düşewüntli iş başyny kim tutar?
Menem ýaş bolupdym. Ýöne başlygym
Un diýse, un çekdim, gum diýse-de gum.
Sen nireden boýnyýogyn doguldyñ?
Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!
''Onuñ tutýan ýoly, päli nädogry,
Ol özünden başga bardyr öýdenok!''
Muny diýmek señ paýyña düşüpmi?
Näme üçin başga biri aýdanok?
Saña başda edep-ekram öwredip,
Sypaýy terbiýe bermekçi boldum.
Saña diýdilermi ㅡ ýerine ýetir,
Hemme kişi ýaly bolarlar oglum!
''Ol adam itdenem beter ýaranjañ,
Duşsa uly kärlä, guýruk bulaýa''.
Ýeri, seniñ näme işiñ diýsene,
Señ özüñ ýaranjañ bolmasañ bolýa.
Işib bile bol-da, dogruja ýaşa,
Senden tamakin däl köp zady göwnüm.
Işiñ şowuna bor, horluk çekmersiñ,
Hemme kişi ýaly bolaýsañ, oglum!
Siz ýaşlar ýa baryp ýatan işýakmaz,
Ýa ýürekde päklik ýokundyñyz kän.
...Wah, ýene öýkeläp gitdi peläket,
Diýmesiz sözleri diýäýdimmikäm?
Gurbannazar EZIZOW.
Goşgular