04:54 Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi | |
UZAK ÝAÝLADA ENÄNIŇ HÜWDÜSI
Goşgular
Eýýäm güneş batypdyr, Aý-da agyl atypdyr. Garagolja Serdarym Süýji uka batypdyr. Günler aýlara bakar, Aýlar ýyllara bakar, On sekizin dolduryp, Serdarym ata çykar. Jahyllygyň ýaşynda, Yşk gaýnar döşünde, Obamyzyň gyzlary Seni görer düýşünde. Ýaryň geler ýanyňa, Eneň geler zaryňa. Sen maňa az bakarsyň, Köp bakarsyň ýaryňa. Gyş ýaza sesin goşar, Bahar kösük ýetişer, Gelin-gaýnyň käwagt Arasyna tow düşer. Malyň göwni ýazlarda, Lalyň göwni sözlerde. Meniň göwnüm sendedir, Seniň göwnüň düzlerde. Jorama duşan ýerim, Balam, seni öwerin: Gelniň ýuwar köýnegňi, Men dolagňy ýuwaryn. Daş oba düşse ýoluň, Gyş bolsa sagy-soluň, Ilki eneň ýat eder. Onsoň ýatlar aýalyň. Miwe köp bolsa eger, Bag başyn aşak eger. Saňa zyňylan daşlar Eneň pahyra deger. Epilýänçä bil, balam, Bir dilegim, bil, balam, Maňa köp zat gerek däl, Köpüň ogly bol, balam. Kim serer kak-gurduny, Kim söýer halk merdini, Derdiňi men göterýän, Sen göter il derdini. Aýdan akdyr ýüzleri, Şirin-şeker sözleri. Bu ukusyz gijäniň Ýellenipdir gözleri. Bu dünýe ýogy-barym, Bar myradym, mydarym, Kötel ýollaň külpetin Soň bilersiň, Serdarym. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |