14:04 Gaplaň jülgesi / hekaýa | |
GAPLAŇ JÜLGESI
Goşgular
Uzap ýatan insiz jülge juda ajaýypdy. Äpet harsaňlardyr ownuk daşlaryň arasyndan akyp ýatan derýa çar ýana ýaýrap gitjek bolup jan edýärdi. Ýöne daşlar muňa ýol bermänsoň, ol iki tarapyna-da batly urunýardy. Şeýle bolany üçin hem, bu ýere ilkinji gezek gelip, onuň sesini eşidýän adamlaryň göwünlerine bolmasa, jülgede bir däl-de, eýsem, müňlerçe derýadyr çeşme akyp ýatan ýalydy. Kert aýlawly inişiň çetinden egrem-bugram ýoda geçip, synlanyňda, hamala diýersiň, ol hem edil derýa deýin, daşlaryň arasyndan akyp barýan ýalydy. Biz ýoda bilen derýanyň etegine inip barýardyk. Men ýaşulynyň yzyndan ýöräp barşyma ýokardan gözümi aýramokdym. Darajyk derelerdir gowaklaryň garalyp duran agyzlaryna ünsli syn edýärdim. Tüpeňe ok sürüp, ony elime alypdym. Göwnüme bolmasa, duýdansyz ýagdaýda äpet gaplaň öňümizi gabaýjak ýalydy. Bu jülgäniň “Gaplaň jülgesi” diýlip atlandyrylnagy ýöne ýerden däl ahyry. Ýaşulynyň weli hiç zat piňine däldi, ol jeňňelligi emele getiren gyzylymtyl söwütlere, has belentde gögeren ýalňyz çynarlardyr arçalara keýpihonluk bilen syn edýärdi, gözellikden lezzet alýardy. Biz jülgäniň ortasyna golaýladyk. Gün dik depeden bakýardy. Ýaşuly ädimini ýuwaşýuwaşdan haýalladyp ugrady, onçakly uzak ýöremänem, kenardaky gaba söwüdiň deňinde aýak çekdi. Kölegede, otluk ýerde goş ýazdyrdyk. Ýaşuly bil guşagyna berkidilen düwünçegi çözdi, onuň içinden çörek hem-de iki sany üzüm salkymyny çykardy. Boşan ýaglygy otluga ýazyp, üstünde çöregi goýdy. Soňra üzümi arassa, sowuk suwda ýuwdy. Meniň birahatlygymy aňyp: - Gorkma, bu jülgede gaplaň ýok – diýdi. - Eger şeýle bolsa, muny name üçin “Gaplaň jülgesi” diýip atlandyrýarlar? Ýaşuly jogap gaýtarmady. Ol diňe iýip-içip bolanymyzdan soňra gürrüňe başlady: - Geň galma. Bu ýerde häzir, hakykatdanam, gaplaň ýok. Emma birmahallar äpet ene gaplaňyň ýaşandygyny aýdýarlar. Onuň ýaňy aýaklanyp ugran hem-de ese-boýa gelen on iki sany çagasy bar eken. Ýaşuly birsalym dymdy. Dag gerişlerine nazar aýlady. Soňra gürrüňini dowam etdirdi: - Şol döwürde bu derýanyň suwy has-da köp eken. Onuň kenary otluk bolansoň, özüne göwni ýetýän çopanlaryň käbiri aram-aram bu ýere öz sürülerini kowup getiripdirler. Bir ýaş çopan beýlekilerden köp gelipdir. Ideg-yssywaty ýetik bolansoň, onuň bakýan mallarynyň guýruklary tegelenip duranmyşyn. Gaýratly ýigit gaplaňdan çekinmändir. Çopan günleriň birinde sürüsini bu ýere getirýärem weli, telim günläp çolpularyna zat ilmän, aç gezip ýören gaplaňlar derrew onuň ýanynda peýda bolýarlar. Sürini daýaw itler goraýan eken. Gaplaňlar süriniň daşyna aýlanyp, bir wagtda hüjüm edýärler. Ýöne itleriň ýiti dişleri ýaşajyk gaplaňlaryň bedenlerinde ganly yz galdyransoň, olar yza çekilýärler. Ene gaplaň hol bir çetde bolup geçýän zada arkaýyn syn edip ýatyr diýýär. Iňrik garalyp ugraýar. Çopan sürini jülgäniň çykalgasyna tarap sürýär. Eger oňa jülgeden aman-esen çykmak başartsa, dagy-duwara bu ýere garasyny salmajakdygyna, gören zadyny beýleki çopanlara gürrüň berjekdigine düşünýän ýaly, ene gaplaň öz çagalaryny jülgäniň agzyna tarap ugradýar, mallar golaýlan mahaly arlamalydygyny duýdurýar. Süriniň yzyna düşen gaplaňjyklar harsaňlaryň aňyrsynda gizlenýärler, mallar golaýlaşyberende-de, bukudan çykyp arlaşyp başlaýarlar. Gorkan süri yzyna serpigýär. Çopan ýigit eýläk-beýläk ylgaşlap, olaryň başyny zordan jemlär, çykalga tarap kowýar. Bu gezek gaplaňjyklar has-da güýçli arlaşýarlar. Mallar dyr-pytrak bolýar. Gazaba münen itler gaplaňjyklara topulýarlar. Gaplaňjyklar olardan çekinmeýärler, arkaýynlyk bilen aňyrrak ylgap gidýärler. Indi goýunlara gygyranyň haýry ýokdy, olar jülgäniň çykalgasyna nätseňem gitjek däldi. Mallar çopanyň daşyna tegelenýär. Ýigidiňem, itleriňem azaby biderekdi. Gijäniň gara perdesi jülgäniň depesinden inip ugraýar. Çopan ýigit ertire çenli garaşmagy ýüregine düwýär. Ol sürini daşy uly daşlar bilen gurşalan takyr meýdana sürýär. Itleri bilen daş-töwerege aýlanyp başlaýar. Gaplaň çagalary özlerine uzak garaşdyrmaýar. Olar garaňkylykdan peýdalanyp, assyrynlyk bilen sürä golaýlaşýarlar-da, indi aýry-aýrylykda hüjüm edýärler. Sähel salymdan itleriň biriniň bokurdagyny çeýneýärler. Soňra ikinji itiňem üýrmesi galýar. Dagyň depesinde Aý peýda bolup, jülgäni ýagtylandyrýar. Çopan dem-düýtsüz ýatan öz kömekçilerini hem-de hol aňyrda gandan serhoş bolan gaplaň çagalaryny görýär. Itleriň diňe biri entek diri bolup, eýläk-beýläk ylgap, sürini goraýar diýýär. Gaplaň çagalary onuň üstüne üýşüp hüjüm edýärler. Itiň naýynjar sesi ýaňlanyp gidýär. Çopanyň indi bir özi galypdy. Ol süriniň daşyndan aýlanýar, elindäki taýagyny gaplaň çagalaryna bulaýlaýar, daş zyňýar. Goýunlar gorkudan doňup galýarlar. Olar aram-aram howsalaly hereket edip, ýene da:şa dönýärler. Jülgäni-de howsalaly ümsümlik gurşap alýar. Birden sürüde kölege peýda bolýar-da, goýunlar çar tarapa pytraýar. Emma olaryň biri ýatan ýerinden turmaýar. Goýnuň üstüne gaplaň çagasy abanyp dur diýýär. Ol tejribesizligi sebäpli beýlekilere garaşman, sürä ýeke özi aralaşan eken. Indi hem näderini bilmän, töweregine ýaýdanjaňlyk bilen seredýärmişin. Çopan barýar-da, gaplaň çagasyny taýaklaýar. Ol çirkin ses edip, ökje göterýär. Çagasynyň urlanyny gören ene gaplaňyň iniňi tikenekledýän arryldysy eşidilýär. Sähel salymdanam çopan ýigit onuň äpet göwresiniň aşagynda galýar. Gaplaň onuň bokurdagyna agyz urup, tä jany çykýança goýbermeýär. Daň atýar. Gaplaň çagalary jansyz göwräniň üstünden eýläk-beýläk towsuşýarlar. Goýunlaryň diri galanlary jülgäni ýaňlandyryp mäleşýärler. Obada çopan ýigide garry enesi garaşýar eken. Ol daňa ýatman çykýar. Gün al-asmana galýar, ýöne çopan görünmeýär. Ol ýanyna bir güne ýetrlik iýmit alyp giden eken. Niredekä? Näme bolduka? Ýa-da şol ady ýitmiş jülgede...Ene düwünçege çörek, şetdaly, alma salyp, jülgä tarap ýola düşýär. Onuň ýüregi gursagyny ýaryp çykaýjak bolýarmyşyn. Enäniň basymrak öz ýalňyz perzendini göredi gelýär. Ol mytdyldap barşyna, ahyry jülgä ýetipdir. Ýodajyk ony açyk meýdana getirýär. Bokurdaklary çeýnelen goýunlaryň ýanynda gaplaň çagalary meýmireşip ýatanmyşyn. Meýdançanyň gyrasynda, harsaňlaryň ýanynda äpet ene gaplaň öz çagalarynyň ukusyny gorap otyr diýýär. Onuň golaýynda çopan ýigit gana boýalyp ýatyr eken. Enäniň ýüregine pyçak sünjülen ýaly bolýar. Biçäre entirekläp gidýär. Gursagyndan aýylganç ses böwsülip çykyp, dag ol sesi alyp göterýär. Göýä diýersiň, dag hem ene bilen bilelikde ses edýän ýaly bolýar. Ene gaplaň yisginip gidýär. Ol kellesini ses çykan tarapa öwürýär. Çepiksi göwreli garry aýal göni oňa tarap gelýärmişin. Aglaýandygy sebäpli aýalyň bedeni titreýärmişin, bulaşyk saçy şemala galgaýarmyşyn. Gaplaň eli ýaragsyz halyna, özüne tarap batyrgaýlyk bilen ýöräp gelýän adamy heniz görmän eken. Adatça adamlar oňa gözleri kaklyşandan, ýürekleri ýarylara gelip, derrew ökje götermek bilen bolýarlar ahyry! Bi nä geň ahwalat! Gaplaň düýrülýär-de, bökmäge taýýarlanýar. Ýöne aýal oňa üns bermeýär. Ol gaplaňyň deňinden geçýär-de, özüni oglunyň üstüne goýberýär. Esli salym bozlap oturýar. Soňra aglamasyny goýup, perzendini gujagyna gysýar. Daş-töwerege dym-dyrslyk aralaşýar. Indi aýaldanam ses-üýn çykanokmyşyn. Ol göýä balasyny gujaklap oturyşyna jan beren ýaly bolup görünýär eken. Uly daşa ýaplanan ene gaplaň geň aýaldan gözüni aýranok. .. Ene ahyry gözýaşa ezilen ýüzüni ýokary galdyrýar. Gaplaňyň gözi gözüne seredýär. Şol garaýyş ýyrtyja ýaramaz täsir edýär. Garry aýalyň nuey öçen gözlerinde gynanç-da, ýigrenç-de bar. Gaplaň birhili birahat halda arlap, beýlesine öwrülýär. Enäniň gözleri: “Sen meniň ýalňyz balamyň başyna ýetdiň! Gör, sen nähili ekeniň!” diýmek isleýän ýaly. Ol, hamala diýersiň, baha bermek isleýän deýin, äpet haýwana başdan-aýak syn edýär. Birdenem onuň nazary gaplaňyň kiçijik, bildirer-bildirmez görnüp duran göwsünde saklanýar. Ene ýuwaşlyk bilen ýokary galýar, köýneginiň ýakasyny açýar, gaplaňa öz guran göwsüni görkezýär. Ol: - Menem ene. Meniň balamy parçalan mahalyň seniň ene ýüregiň nirededi? Nirededi? Nirededi?.. - diýip pyşyrdaýar. Ukudan oýanan gaplaň cagalary bu ahwalata edil ejeleri ýaly haýran galýarlar. Olar garry aýala tarap ýönelýärler. Birden arryldy ýaňlanýar. Ene gaplaňyň bu arryldysynyň adatdakysyndan üýtgeşikdigini aňan gaplaňjyklar aýak çekip, yzlaryna dolanýarlar. Döşi açyk, başy ýalaňaç garry aýal ene gaplaňa golaý gelýär. Gaplaň ýere ýazylýar. Ol häzir zarp bilen bökmeli. Gaplaňyň çagalary-da onuň yzy bilen bökmäge taýýarlanýarlar. Ýönejuda geň waka bolup geçýär: aýal öňe süýşýär weli, ene gaplaň yza çekilýär! Ol hiç wagtda yza çekilmegiň nämedigini bilenok ahyry! Özi bilen dikleşmäge het eden islendik garşydaşynyň bokurdagyndan ýiti dişlerini geçirip, ony nädip ýeňmelidigini çagalaryna görkezip gelýän ýyrtyjynyň bu çepiksizje aýaldan gorkmagyna nähili düşünmeli? Belki, mekirlik edýändir? Gorkýansyrap, yza çekile-çekile, birdenem arlap bökäge-de, hetdini bilmez aýaly bölek-bölek edip taşlajakdyr? Ýöne bir ejizje aýal üçin mekirlige ýüz urmak nämä gerekä? Ene gaplaň-a beýlede dursun, çagajyklaram onuň arkaýyn hötdesinden gelip biljek ahyry! Göýä diýersiň, ýagalarynyň pikirini aňan ýaly, ene gaplaň ýene-de arlaýar. Heý-de, çagalary oňa gulak asmazlyga het edip bilerlermi? Ene gaplaň aňyrlygyna ýönelýär. Çagalary-da onuň yzyna düşýärler. Olar ýokary dyrmaşýarlar. Öz ýaşaýan gowaklaryny ýapyp duran harsaňlaryň deňinden geçýärler. Olar barha ýokary dyrmaşýarlar. Aňyrda üsti gar bilen örtülen beýik daglar bar eken. Ene gaplaň aşak – öz gowaklarynyň ýerleşýän ýerine seredýär. Birdenem titräp gidýär. Çagalary onuň sabyr käsesi dolandyr, indi-hä aklyndan azaşan garry aýaly bölek-bölek edip taşlar diýip garaşýarlar. Emma äpet daşlaryň aňyrsyndan aýalyň kellesi görünýär weli, ene gaplaň ýene yza çekilýär. Arlaýar. Daglar ozal beýle arryldyny eşitmän eken. Göýä diýersiň, gaplaňdan däl-de, jülgäniň özünden çykýan ýaly bolup eşidilýän şol arryldy-da ökünjiňem, gahar-gazabyňam, ýene başga zatlaryňam bardygyny duýulýarmyşyn. Gaplaň öz çagalary bilen gözden gaýyp bolýar. Şondan soňra ol bu jülgede görünmändir – diýip, ýaşuly gürrüňini tamamlady. - Ýöne her agşam hol uzakdaky dag gerişlerine şapagyň şuglasy ýaýylan mahaly endirewik arryldy eşidilýär...Diňle, diňle, ogul, ine eşidilip ugrady!.. Ol barmagyny ýokary galdyryp, daglaryň gerşine nazar aýlady. Dogrudanam, şol ýerden käkilikleriň warkyldylaryny, ýyrtyjy guşlaryň goh-galmagalyny basyp, gaplaňyň haýbatly arryldysy eşidildi. Men ýaşulynyň gürrüňine neneň ynanmaýyn? Bir ene beýleki enä düşünipdir! Men ömrümde wagşy haýwanlary kän görüpdim, emma olaryň adamyň ahwalyna düşünip bilýändigine hut häzir birjigem şübhelenemokdym. Şapak öz altyn şuglasyny daglaryň aňyrsyna oklap, aşak indi. Jülge garalyp ugrady. Men derýanyň üýtgewsiz äheňli sesini diňläp durşuma, rehim-şepagatsyz gaplaňa täsir eden ene ýüregi hakda oýlanýardym. Birdenem kalbyma gussa aralaşdy. Göwnüme bomasa, ähli zady ýadynda saklaýan daglaram meniň bilen bilelikde gussa çekýän ýalydy... Abdurafe RABIÝEW, täjik ýazyjysy. Terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Gözümde muttasyl ol, egme gaş, gerek bolsa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Ol hojanyň aýagy batga batyp galanda... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 30.09.2024 |
√ Durdy han / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |