23:31 Gaplañly dere / hekaýa | |
GAPLAŇLY DERE
Hekaýalar
Bu insizden uzyn dere diýseň owadandy. Harsaňlaryň, ownuk daşlaryň arasyndan derýa akyp geçýär. Suwuň şaggyldysy onuň iki kenaryny jähekläp oturan granit daglaryna düşüp, ençeme gezek gaýtalanyp güýçli ýaňlanýar-da, alyslara ýaýrap gidýär. Hut şonuň üçinem bu jelegaýlara ilkinji sapar gelen adama dereden bir däl-de, müňläp derýadyr bulaklar akyp duran ýaly duýulýar. Kert uçudyň gyrasyndaky daşlaryň arasyndan edil derýanyň ugruny gaýtalap diýen ýaly egrem-bugram ýodajyk geçýär. Biz ýoda bilen deräniň jümmüşine sary ýola düşdük. Goja öňden, menem elimdäki tüpeňi häzirläp, eserdeňlik bilen, garalyp duran ullakan dag jaýryklarydyr gowaklaryna serede-serede, onuň yzyndan barýardym. Göwnüme, ynha, hä diýmän, niredendir bir ýerden äpet gaplaň okdurylyp çykaýjak ýalydy. Bu jülgäniň adyna ýöne ýere «Gaplaňly» diýen däldirler ahyryn. Ýöne goja welin keýpiçag halda altynsow leýlisaçlaryň jeňňelliklerine, ýalňyz oturan çynarlara, dagyň gerişlerinde ösüp oturan arçalyklara syn edip arkaýyn barýardy. Ol çar ýanyny gurşap alan gözelliklerden lezzet alýardy. Biz deräniň jümmüşine golaýladyk. Gün süýrdepä çykypdy. Goja ädimlerini kem-kemden haýallatdy, az salymdanam kenar ýakasynda ösüp oturan ýaýraň şahaly leýlisaçyň saýasynda aýak çekdi. Biz goýry kölegedäki otuň üstünde ornaşdyk. Garry biline daňlan ýaglygy çözdi-de, ony otuň üstüne ýazyp, üstüne çörekdir iki sany ullakan üzüm hoşasyny goýuşdyrdy. Ol üzümleri buz ýaly çeşme suwunda ýuwansoň, meniň birahatlygymy aňdy-da, şeýle diýdi: — Gorkma. Bu jülgede gaplaň ýokdur. — Onda näme üçin bu derä «Gaplaňly» diýýärler? Goja birbada hiç hili jogap gaýtarmady, ýöne garbak-gurbak edenimizden soň şeýle diýdi: — Geň galyp oturma, bu taýda hakykatdanam gaplaň ýok. Ýöne birmahallar bu ýerlerde birgiden çagalary bilen ene gaplaň ýaşapdyr. Gaplaň çagalary ululy-kiçili bolup, arasynda ep-esli bolanlaram bar eken. Goja biraz dymdy-da, soňra alyslardaky dag gerişlerine esedip, gürrüňini dowam etdi: — Şo wagtlar derýa bol suwly, kenarlaram gür ot- dan parç bolup ýatan eken, şonuň üçinem has dogumly çopanlar kämahallar sürülerini bäri getirer ekenler. Bir ýaş çopan bu ýerlere beýlekilerden ýygyrak geler eken. Onuň dowarlary has semiz, guýruklaram elek ýalymyş. Ol gaty ýürekli ýigdekçe bolupmyş. Ol gaplaňdan birjik-de heder etmeýän eken. Bir ýola ol sürüsini şol derä sürüp getirende, gaplaňlar oňa has golaýlapdyrlar. Olar gyzyl aç eken, ençeme günden bäri girilerine ilen zat bolmandyr. Süriniň ýanynda mähnet awçy itlerem bar eken. Ýöne gaplaňlar bijaý aç bolansoň, itlerden heder edibem durmandyrlar. Olaryň başga alajy ýokdy — ýogsa aç öläýmelidi. Ýyrtyjylar sürini gabap, bir-bada çar tarapyndan hüjüm edipdirler. Emma itler dowarlary gaýduwsyzlyk bilen gorapdyrlar. Olaryň päki ýaly dişleri gaplaňlaryň tenini gara gana boýansoň, ýyrtyjylar yza çekilmeli bolupdyrlar. Iňrik garalyberende çopan ýigit dowarlary deräniň çykalgasyna tarap sürüpdir. Eger oňa dereden sag-aman çykmak başartsa, gaýdyp şu ýere gelmese-de gelmezdi. Başga çopanlara-da jülgäniň howply ýerdigi barada gürrüň bererdi. Garry ene gaplaň muňa düşünýärdi. Ol çagalaryny çykalga tarap ýollap, goýunlar golaýlan pillesi haýbatly arlamagy tabşyrýar. Gaplaňjyklar sürüden ozup geçägede, harsaňlaryň aňyrsynda gizlenipdirler-de, mallar ýakynlan badyna, bukudan çykyp arlap başlapdyrlar. Ürken mallar yza tesipdir. Ýaş çopan görgi baryny görüp, olary bir ýere ýygnapdyr-da, çykalga taýa sürüpdir. Bu sapar gaplaňjyklar has-da beter arlapdyrlar. Goýunlaram tazygypdyrlar. Gazaba münen itler gaplaňlara topulypdyrlar, ýöne olar arkaýynlyk bilen birneme yza çekilipdirler. Indi dowarlar asla-da çykalga tarap gitmek islemändirler. Janawarlar çopanyň daşynda toplanyşansoň, oňa olary ýerinden gozgamagam başartmandyr. Onýança-da jülgäni ümür perdesi gaplap alýar. Çopan mallary dereden çykarmakdan umydyny üzüp, ertire çenli garaşmaly diýen karara gelipdir. Ol goýunlary daş-töweregi ullakan daşlar bilen gurşalan tekiz meýdança sürüpdir-de, özem itler bilen süriniň daşyna aýlanyp başlapdyr. Gaplaňlaram uzak garaşdyryp durmandyrlar. Garaňky gatlyşan dessine, olar ýene-de süriniň üstüne okdurylypdyrlar. Ýöne bu gezegem çopana itleri bilen hüjümi serpikdirmek başardypdyr. Ondan soň gaplaňlar ýeke-ýekeden hüjüme ge- çipdirler. Olar garaňkylyga dulanyp, sürä gaty ýakyn barypdyrlar-da, duýdansyz topulypdyrlar. Ýarygijä golaý itleriň biriniň bokurdagy çeýne- len eken. Az salymdan soň olar ikinji item çeýnäpdirler. Dag gerişleriniň aňyrsyndan çykan Aý jülgäni ýagtyldýar. Çopan dem-düýtsüz ýatan kömekçilerini, birneme daşrakda-da gandan keýpi göterilen gaplaňlary görüpdir. Diri galan ýeke-täk item ysgyn-mydardan gaçypdyr. Ol biçäre-de o ýana, bu ýana pelesaň urupdyr, ýöne gaplaňlar birden üýşüp çozansoňlar, olam janhowluna urnup, naýynjar uwlap ýatyberipdir. Şeýlelikde, sürüsi bilen çopanyň bir özi galypdyr. Ol taýagyny bulaýlap, ýyrtyjylara daş zyňyp, goýunlaryň daş-töwereginde aýlanýar. Goýunlar gorkudan ýaňa doňup galypdyrlar. Aram-aram gorkuly gymyldaşyp, tiz wagtdan ýene-de doňan ýaly bolupdyrlar. Deräni howsalaly ümsümlik gaplap alýar. Birdenkä süriniň üstünden bir zadyň gara kö- legesi süýnüp geçen ýaly bolýar, goýunlaryň hersi bir ýana bökýär, ýöne biri daşyň üstünde ýatyşyna galýar. Onuň üstünde ýaşajyk gaplaň duran eken. Entek emelsizräk bolansoň, ol beýlekilere garaşman, ilkinji bolup okdurylan eken, indem nätjegini bilmän daşyna garanjaklap duranmyş. Çopan oňa taýak salypdyr. Gaplaňjyk bir tarapa zyňlyp düşýär. Ýigit onuň bellisini etjek bolup, taýagyny ýene-de galdyrýar, emma edil şo wagtam garry ene gaplaňyň eýmendiriji arryldysy eşidilýär. Şol ýaşajyk gaplaň onuň iň eý görýän çagasy eken, şonuň üçinem ol balasyny ynjytmaga hiç kese ýol berip biljek däldi. Ol arlap topulyşyna ýaş çopany ýere ýazyp, bogazyndan pugta dişläp, tä ýigidiň demi tükenýänçä goýbermändir. Ahyry daňam atýar. Çopanyň dem-düýtsüz göwresiniň üstünde ýaş gaplaňlar böküşip ýör eken. Diri galan goýunlar dagaşyp, jülgäniň içine siňip gidipdirler. Obada ýaş çopana ejesi garaşýar eken. Ýigit ýeke dikrary bolansoň, garabagyr görgüli bütin gijä- ni çirim etmän geçiripdir. Gün dogansoňam ogly öýüne köwlenmeýär. Ejesi: «Eger ol gije dagda ýatan bolsa, eýýäm öýde bolmaly, sebäbi ýol azygyny bir günlük alypdy ahyryn» diýip oýlanýar. Ol düwünçegine nan, şetdalydyr alma düwüp, derä tarap ýola düşýär. Howsaladan ýaňa onuň ýüregi agzyndan çykaýjak bolýar. Onuň tizräk ogluny göresi gelýär ahyryn. Ol sähralykdan geçip jülgä girýär, ýodajyk ony parçalanan goýunlaryň ýanynda gaplaňlaryň bi- gam uklaşyp ýatan meýdançasyna eltýär. Meýdan- çanyň bir gyrasynda, harsaňlaryň ýanynda äpet ene gaplaň çagalarynyň rahatlygyny gorap, garysyny ýassanyp ýatan eken. Onuň ýanynda-da ýaş çopan gana bulaşyp ýatyrmyş. Enäniň ýüregine neşter sanjylan ýaly bolýar. Ol entirekläp gidýär. Ol ulili bilen aýylganç gygyrýar. Gaýalara düşen ses ýaň bolup gaýtalanýar. Hamala diýersiň, daglaram onuň bilen bile gygyran ýaly... Ene gaplaň tisginip gidýär-de, başyny öwürýär. Görse, göni özüne garşy çepiksije, arryk kempir mytdyldap gelýär diýýär. Onuň endamy ahy-pygandan ýaňa sandyrap duran eken. Bulaşyk saçlaram ýele ykjaýamyş. Ýaragsyz-beýlekisiz, şeýle batyrgaýlyk bilen öz üstüne gelýän adamlara gaplaň henize-bu güne çenli duşmandy. Adatça, adamlar ony görenlerinde başyny alyp, gaçyp gutulmak bilen bolýadylar. Ene gaplaň düýrülip towusmaga taýýarlanýar. Emma aýal oňa barmysyňam diýmän, duşundan geçip gidýär-de, ýaş çopanyň üstüne özüni goýberýär. Ol köp aglansoň, birneme köşeşýär. Ene gaplaň bu täsin aýaldan gözüni aýyrman, sarsman oturýar. Soňra kempir gözýaşlaryna ýuwlan ýüzüni gal- dyryp, gaplaňyň gan guýlan ýaly gözlerine dikanlap seredýär. Gaplaň onuň gözlerindäki ýakymsyz ynjalyksyzlygy duýýar. Şöhlesi öçeňkirlän, çöňňelişen gözlerde şeýlebir kän hasrat, gam-gussa hem ýigrenç bar eken welin, ene gaplaň howsalaly arlap yzyna dönäýipdir. Aýalyň göreçlerinde, hamala, ol: «Gör, meni ýalňyz oglumdan mahrum eden peläket sen, nähili ekeniň!» diýmek isleýän ýaly, ýigrenje çalymdaş birhili alamatlar peýda bolýar. Ol bu äpet ýyrtyjyny oňa baha berjek bolýan ýaly synlaýar. Aýal ýuwaşlyk bilen ýerinden galyp, ene gaplaňa bakyp: — Menem ene — diýip pyşyrdaýar. — Meniň balamy öldüreňde seniň ene ýüregiň nirededi? Nirededi? Nirededi? Ukudan oýanan gaplaňjyklar enelerindenem beter geň galýarlar. Olar aýala topulýarlar, ýöne garry gaplaň arlap, muňa ýol bermeýär. Gaplaňjyklar onuň arryldysyna düşünmejek bolýarlar. Aýal olaryň enesiniň edil alkymyna diýen ýaly barýar. Ene gaplaň özüni kempiriň üstüne zyňmaga häzirlenýän ýaly, ýere ýapyrylýar. Gaplaňjyklaram yzy bilen bökmeli pursada hüşgärlik bilen garaşýarlar. Emma kempir ýene bir ädim öňe süýşensoň, ene gaplaňam yza götinjekleýär. Gaplaňjyklaram ederini bilmän aljyraýarlar. Olaryň enesi hiç haçan, hatda has güýçli ýyrtyja sataşanda-da yza tesmeýärdi ahbetin. Ol çagalaryna nä- dip duşmanyň hötdesinden gelmelidigini görkezip, tä üstün çykýança urşardy. Häzir bolsa sandyrap duran tüňçe ýalyjak garrydan eýmendi. Meger, bu bir gurnalan hiledir? Belki, ol aýaly aldawa salyp, duýdansyz üstüne zyňjak bolýandyr? Ýöne şeýle ejiz garşydaşyňa-da hile gurulmagyna ynanyp bir bolarmyka? Eýse, körpe gaplaňjygyň bir özem bu garryny tike-tike edip biljekdi ahyry! Ýöne ene gaplaň ýene-de hökümliden gaharly arlaýar. Gaplaňjyklaryňam enesiniň emrine kaýyl bolmakdan başga alajy galmansoň, nägilelik bilen arlaşyp, yza dolanýarlar. Aýal öňe ýöräp barýa, gaplaňlaram yza çekilýärler. Olar barha has ýokary galýar. Uçudyň gyrasyndan, öz ýaşaýan gowaklaryny penalaýan äpet harsaňlaryň duşundan geçýärler. Olar şo-ol gidip barýamyşlar, gidip barýamyşlar. Ondan aňyrda üsti garly daglar bar eken. Ene gaplaň aşaklygyna, öz süreniniň ýerleşýän ýerine garaýar. Onuň endamy gatapdy, gaplaňjyklar, aýratynam, körpeje gaplaň indi-hä şol aýal bilen haklaşarys öýdüpdirler. Ýöne harsaňlaryň aňyrsyndan aýalyň kellesi görnen badyna, ene gaplaň ýene yza çekilýär, soňra şeýlebir arryldy ýaňlanyp gidýär welin, beýle sesi heniz daglaram eşitmändi. Bu arryldyda sussupeslik duýulýar eken. Arryldynyň ýaňy gaýalara düşüp güwläp gidýär. Bu aýyl- ganç ses, göýä diýersiň, gaýanyň özünden çykan ýaly bolanmyş. Ene gaplaň yzyna dolanýar-da, ça- galaryny yzyna tirkäp, göwünli-göwünsiz ädimläp, üsti garly dag gerişlerine tarap ýönelýär... Şondan bärem şu derede gaplaňlar garasyny görkezenoklar — diýip, goja hekaýatyna dyngy berdi. — Ýöne her gün agşam çaglary ýaşyp barýan Günüň şöhlesine ýalpyldap görünýän, uzakdaky dag gerişleri tarapdan iniňi jümşüldedýän arryldy eşidilýär... Ana, eşidýäňmi?.. Goja barmagyny çommaldyp, nazaryny dag ge- rişlerine dikdi. O ýandan gaplaňlaryň arryldysy dag käkilikleriniň gyk-gygyny, ýabany kepderileriň guguldysyny basyp, göýä, ýakynjakdan gelýän ýaly mese-mälim eşidildi... Bu kyssanyň hakykylygyna şübhelenip bilermikäm? Bir enäniň başga bir enä düşünendigi, şeýle-de ap-aýdyň ahbetin. Men bütin ömrümde ýabany ýyrtyjylary o diýen kän görmesem-de, hut indi olaryň ynsan duýgusyna düşünip biljekdigine birjik-de şübhelenemok. Asmanyň mawy reňkiniň barha goýalýan çagynda, dagyň aňyrsynda altyn şöhleleri kem-kemden ýitip barýan Günem gözden ýitdi. Men derýanyň birsydyrgyn şaggyldysyna diň salyp oturyşyma, wagşy ene gaplaňy tolgundyran ene ýüregi hakda oýlanýardym. Men gussa batdym. Başyndan nijeme gowgalary geçiren gojaman gaýalaram meniň bilen bile gama batan ýalydy. Abdurafe RABIÝEW, täjik ýazyjysy. Rus dilinden terjime eden: Myrat GOŞLYÝEW. | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |