10:55 Gar | |
GAR
Goşgular
Akrabyň bir güni çytylyp asman, Syrgynly gar ýagdy yzyny kesmän. Jaýlaň depesine baglaň üstüne, Haýatlaň gerşine,daglaň üstüne. Gelşine özüniň labyryn atan, Pes ýeri düýäniň dyzyna ýeten. Görmändim ömrümde beýle ygaly, Ençe gün bolsa-da garyň ýagaly. Haýsy tarapyňa baksaň ne zaman, Örküç-örküç bolup şindem mizemän, Ýatyr ynha gelen ýaly ömürlik, Ýagdyryp kyrk tüýsli ýakymsyz gylyk. Meňzäp ylla ary köýen gandara, Gazap bilen garap ähli jandara, Ahmyrly ýatyşy bolsa-da çyny, Çar tarapa aýlap ýiti gyljyny, Her näçe ýatsa-da çüýjerdip gözün, Ol bu gün söýgüli baharyň ýüzün, Gördü-de birhili gowşady saly, Teýinde labyrdap ot ýanýan ýaly. Sähelçe salymda ol pagyş-para, Siňip gitdi ýere, dönüp yzgara. Hany indi aýaz, hany indi gar, Sen haçan erärsiň şeýdip näzli ýar? Aman ANNAMYRADOW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |