21:15 Bolmazmy? | |
BOLMAZMY?
A gyz neçün daşa dönüp dymýarsyň? Belli karar belli jogap bolmazmy? Sözle janym, niçik oýa çümýärsiň? Habarlaşmak asylly däp bolmazmy? Goşa mertlik gerek yşka baş ursaň, Göwnüm galar syryň menden ýaşyrsaň, Beýdip näzlim nazaryňdan düşürseň, Aşygyň örtenip kebap bolmazmy? Diňleseň çak boldy diňle gyz sesim, Arzuwym dünýäm sen, belent höwesim, Seniň gyzgyn mähriň, meniň yhlasym, Jana-jan bolmaga sebäp bolmazmy? Aýtmaga uýalsaň sözleriň bile, Gysmyljyrap güler ýüzleriň bile, Her dem öpüp ala gözleriň bile, Göwnümi awlasaň sogap bolmazmy? Söýmekden başga meň näme ýazygym, Bir ýylgyrşyň bolar bir ýyl azygym. Ah,şonam köp görýäň maňa näzigim, Goňşy gyz heý, sende ynsap bolmazmy? Aman ANNAMYRADOW. | |
|
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Bol / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Zenan imany / Goşgular - 08.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |