"GARA ÝAÑ" HAKYNDA
Biz ýigrimi bäş ýaşlaryndaky şahyrlaryñ şol ýaşlarda ýazan ýa-da ýazaýjak zatlarynyñ temasyny göz öñüne getirjek bolýarys. Ýalñyşmaýan bolsak, şonuñ özi ilki bilen liriki gahrymanyñ intim duýgulary esasynda döreýän temadyr, ýagny söýgi baradaky ownuk goşgularydyr. Bu ýagdaýy biz özümiziñ hem-de öz galamdaşlarymyzyñ döredijiliginde görýäris.
Şeýle diýmek bilen, asla "baky tema" bolan söýgi lirikasyny kemsitjek bolamyzok. Hemme zat haýsy temada ýazylanam bolsa, onuñ ýazylyş derejesine, setirleriñ emosional agramyna, awtoryñ ussatlyk derejesine ~ poeziýany poeziýa edýän hamyrmaýanyñ ýugrumyna bagly. Biziñ ýaş türkmen şahyrlarymyzyñ (diñe şahyrlar hem däl) arasynda gaty köpleriniñ "uly tema" ýapyşyp, ýöne welin oñly eser ýazyp bilmeýändiklerini aýtsak, bu biziñ açyş etdigimiz bolmazdy. Eseriñ eser bolup çykmagy üçin, seçip alan temañy bäş barmagyñ ýaly özleşdirmek ýeterlik däl. Muny edebiýat tejribämiz tassyklaý-tassyklaý gelýär.
Ýene iñ ilkinji jümlämize dolanyp gelýäris. Ýigrimi bäş ýaşlaryndaky şahyr türkmen ýigidi, adyny agzañda endamyñy tikenekledýän Oswensimiñ diwarlaryna garap dur. Ikinji jahan urşunyñ gutaraly bäri bolsa, ençeme ýyllar geçipdir. Elhenç krematoriýalaryñ äpet turbalary tüsselänok. Jellatlar ýok. Parahatçylyk. Ümsümlik.
Emma...
Emma, ýigriminji asyryñ gara faşizminiñ adamzat taryhynda henize çenli görlüp-eşdilmedik zalymlygyny, wagşylygyny gören gara diwarlar gepläp durlar. Ol diwarlardan eşidilýän seda ýaş şahyryñ gulagyna däl-de, gös-göni ýüregine barýar. "Oswensim owazlary" (rusça terjimesinde "Gara ýañ") ýaş ýigidiñ kalbyny gaplap alýar-da ony lerzana salyp başlaýar.
Annaberdi Agabaýew taryhy faktlardan mysallar getirýär. Biz gara faşizmi gazap bilen paş edýän ençeme eserleri okapdyk. I.G.Erenburgyñ ot ýaly ýandyryp barýan makalalarynda-da, B.Polewoýyñ, A.Kuznesowyñ dokumental materiallar esasynda ýazan kitaplarynda-da... okapdyk. Annaberdi Agabaýew Oswensimden alan agyr täsirleri, ýürek awundyrmalary esasynda näme ýazjagy barada, elbetde, oýlanan bolsa gerek. Biziñ daşary ýurtlara gidip gelýän köplenç ýazyjylarymyzyñky ýaly, "Ýol ýazgylaryna" ýapyşsa, oña elbetdd ýeñil düşerdi. Şonda ol görüp-eşiden, iýen-içsn zatlaryny, duşuşan, gürleşen adamlaryny, gözel ýerleriñ adyny agzardy.
Emma, ýaş şahyr öz öñünde başgarajyk maksady goýupdyr. Oswensimiñ "Gara ýañy" hakynda poema ýazmagy maksat edinipdir. Şu maksadyñ özi-de, awtora sagbol aýtmaga esas berýär.
Eýýäm "Gara ýañyñ" güýçli täsirini ony okan okyjylaryñ hemmesi duýýar. Ine, şu ýerde-de onuñ şowly çykmagyna gürrüñsiz sebäp bolan bir faktory belläsiñ gelýär. Bu faktor awtoryñ mazmuna laýyk forma tapýanlygydyr. A.Agabaýew krematoriýanyñ ýandyrylan sary saçlyja, garasaçlyja gyzlara dil bitirýär. Haýsydyr bir hakda "Özüñ mamla bolsañ, gaty geplemegiñ hajaty ýok" diýen nakyl bar. Edil şonuñ ýaly, faşizmiñ sary saçlyja, gara saçlyja bigünä gurbanlary hem sadaja, çagalyk dili bilen gepleýärler.
Agzyndan ene süýdi gitmedik şol görgülileriñ näme günäleri bardy? Gurjak oýnandyklary üçin günäkärmidiler?
Hawa, faşizmde rehim hiç haçan bolmandy.
Faşizmde adamkärçilik bolan bolsa, oña faşizm diýlen şeýle nejis at berilmezdi.
Geçen uruşda faşistler tutdurman gidip barýan sowet tankynu duruzmak üçin başga alaç tapman, ahyry şol tankyñ barýan ýoluna nemes çagasyny, diri nemes çagasyny taşlapdylar! Sebäbi, olar hiç haçan, hiç haçan sowet tankynyñ neresse çagany basyp geçmeýändigine, basyp geçmejekdigine örän gowy düşünýärdiler! Faşist jellatlary biziñ gulpaklyja çagalarymyzy diriligine ýakypdylar. Sowet esgeri bolsa nemes çagajygyny halas etjek bolup, şonuñ hatyrasyna özi heläk bolupdy!
A.Agabaýewiñ ýüregi goja professoryñ Oswensimiñ diwarlaryndan ýañlanýan sesini duýýar.
"Işlenmedik formulalam galdy meñ".
Otly peçe salynmazynyñ öñ ýanyndaky minutlarda haýsydyr bir gyzyñ öz içinden gaýtalaýan sözi A.Agabaýewiñ ýaş kalbyny paralaýar:
"...Gökde bolsa şamçyrag deý ýyldyzlar,
Meñzeýärdi indi dogjak ogluma".
A.Agabaýewiñ antifaşistik poemasy türkmen okyjysynyñ-da, rus okyjysynyñ-da (eseriñ rusça terjimesi "Ашхабад" žurnalynda, soñra "Смена" žurnalynda çap edildi) ýüregine ýol tapdy. Edebiýat adamlarynyñ zähmetinde tötänleýin iññän seýrek bolýar diýýärler. A.Agabaýewiñ gürrüñi edilýän eseriniñ tötänleýin şowlulyk däldigine bolsa onuñ sany şeýle köp bolmasa-da, beýleki ýazan goşgulary güwä geçýär. Ol geljege ynam berýän ýaş talantlarymyzyñ, aýdylyşy ýaly, güýçlüleriniñ biri.
1981.
Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
Edebi tankyt