04:34 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 3. Hormaty nädip gazanmaly? | |
▶ 3. HORMATY NÄDIP GAZANMALY?
Powestler
—Gadym-gadym döwürlerde hut şeýle waka bolup geçipdir—diýip, Emiriň atasy gürrüňe başlady.—Ýaman adamlar uruş oduny tutaşdyranmyşlar. Adam adamyň ganyny dökýärmiş. Adam adamyň öýüni talaýarmyş. Ýetim galýan çagalaryň, uruşda ogullary ýogalýan eneleriň ahy-nalasyndan dünýä lerzan alýarmyş. Ýanýan öýleriň tüssesinden gögüň ýüzi tutulanmyş. Ine, şeýle günleriň birinde bir ýagşyzada ynsan uruşbazlaryň arasyna ugranmyş. Ol her bir kişä adam ogullarynyň biri-birine dogan bolup ýaşamalydygyny, biri-birine hemaýatçy bolup ýaşamalydygyny ýekän-ýekän düşündirýärmiş. Birek-biregi talap alynýan oljadan agzy tagam tapyp, başlary aýlanýan uruşbazlaryň bolsa aňynda dost-dogan bolmak hakdaky pikirden nyşan galman eken. Ýagşyzadanyň sözlerine adamlar misli, agyr ukudan oýanýan ýaly bolup, diňşirgenýärmişler-de, pikir öwürýärmişler. Garaz, ýagşyzada adamlary gowulyga tarap çagyrmagy başaranmyş. Ony diňlän köp adamlar gylyçlaryny gynlaryna salyp, ojaklaryna dolanyp başlanmyş. Adamlary biri-biriniň üstüne küşgürip, talanýan öýlerden düşýän oljalardan özlerine paý alyp, günsaýyn baýaýan ýaman adamlar bolsa urşuň ýataryny islemeýärmişler. Ýagşyzadany diňläp, jeň meýdanyny taşlap gidýän adamlaryň sany barha artýarmyş. Uruş tamamlansa, oljadan güzeran dolaýan ýaman adamlara gazanç çeşmesi galjak dälmiş. Şeýlelikde, ýaman adamlar ýagşyzadany ýok etmek hakda pikir öwrüp başlaýarlar. Ahyr bir gün ençeme mal-baýlyklar bermegi wada edip, olar bir äpet ýylany ýagşyzadanyň üstüne iberýärler. Ýylana ýagşyzadany çakyp öldürmek tabşyrylýar. Urşy ýatyrmak üçin oba-oba, gol-gol aýlanyp ýören ýagşyzada halys ýadap, bir obanyň ýakynyndaky çemenzarlykda dynç almaga oturýar. Birdenem ony uky basmarlaýar. Ýagşyzada oturan ýerinde, otlaryň üstünde süýnýär. Gaty ýadow bolansoň, süýji uka batýar. Onuň yzyndan galman, amatly pursata garaşyp ýören äpet ýylan uklap ýatan ýagşyzada tarap süýşüp ugraýar. Awuly neşterlerini uzadyp, ýagşyzadany çakmaga çemlenýär. Ýylanyň neşterleriniň ýagşyzadanyň ýüreginiň üstüne ýetmegine juda az galan eken. Şol wagt niredendir bir ýerden bir pişik towsup çykýar-da, ýylanyň kellesiniň üstüne özüni oklaýar. Şeýdip, ýylany gapdala agdarýar. Öz üstüne patlap düşen pişigiň agramyna ýagşyzada tisginip oýanýar. Ol nämeleriň bolup geçýänine aň ýetirmek üçin töweregine garanjaklasa, hut bir garyş ýaly aralykda—gapdaljygynda bir pişik äpet ýylan bilen başa-baş söweşe girenmiş. Ýagşyzada derrew näme bolanyny aňýar. Ýylanyň özüni çakjak bolanyna, pişigiň bolsa ony özünden sowanyna göz ýetirýär. Pişik salymyny bermän, ýylanyň başyny çeýnäp taşlaýar. Ýylan gymyldamaz bolansoň, ýagşyzadanyň gapdalyna geçip, el-ýüzüni ýuwmaga oturýar. Ana, şonda ýagşyzada pişigiň arkasyny sypap: —Hiç wagt saňa ýaman pälli kişi sataşmasyn! Sataşsa-da, onuň gahary mähre öwrülip, saňa dost bolsun! Seniň ýüregiň mähri daşyňa-da çykyp, bar ynsany özüne çeksin! Adam nesilleri seniň iň gowy dostuň bolsun!—diýip, alkyşlanmyş. Pişikleriň mähirliligi, olaryň hemme adamlary özüne çekip bilşi şondanmyş diýip, gürrüň berer ekenler. Atalarynyň gürrüňi Mekany-da, Emiri-de imrikdirdi. Olar rowaýata öwelişip, hat-da käselerindäki süýdüň sowap gidenini-de duýmadylar. Garaja pişik bolsa öz atalary hakda adamlaryň arasynda şeýle gowy rowaýatyň saklanyp galanyna buýsanyp, eýläk-beýläk, epeý-epeý basyp ýöreýärdi. Gürrüň diňläp, birhaýuk oturanlaryndan soň Emir bilen Mekan atalarynyň üstüne sowal ýagdyrmaga başladylar: —Ata, ýagşyzadany ýylandan halas eden pişik hem garaja pişikmikä?—diýip, Mekan sorady. —«El-ýüzüni ýuwmaga oturypdyr» diýýäň welin, ata, pişik näme el-ýüz ýuwup bilýärm-aý—diýip, Emir ýene gepini dawa syrykdyrmak isleýänini mese-mälim duýdurdy. Atalary Mekana-da, Emire-de jogap bermek isläp, geplemäge çemlendi. Ýöne ondan öňürdip, Mekan Emire jogap berdi: —Şunça ýaşap, pişigiň ýuwunýanyny bileňokmy? Öň öýe gelen ala pişigem ýuwunýa-da! Ýadyňa düşenokmy? Ilk-ä ol ellerini ýalap ölleýärdi. Soň bolsa tüýküligi degen penjelerini ýüzüne süýkäp, ýüzüni ýuwýardy. Emire: «Ine, şeýle, seret» diýýän ýaly, garaja pişik birden çommalyp oturdy-da, penjelerini ýalap, ýüz-gözünde gezdirmäge durdy. Eginlerini, gapdallaryny, diliniň ýeten ýerlerini ýalaşdyrdy. —Hana, seret, pişijegem ýuwnup başlady. Ana, şoň ýaly ýuwunýar-da pişikler—diýip, Mekan garaja pişige tarap barmagyny çommaldyp, Emire görkezdi. —Şondanam bir ýuwunmak bormy—diýip, Emir kesir häsiýetini goýman gepledi.—Ol-a ýalanýar. Mekan hem Emiriň özüne görä kesir jogap berdi: —Dagy näme, ol seniň ýaly, eline sabyn alyp, ýaba gidip ýuwnup geler öýdýäňmi? —Hawa, şeýder öýdýän—diýip, Emir «Gep alyp galmaly däl» diýen endigi bilen ýene soňşurdy. Mekan dogany bilen dawalaşyp oturmak islemedi. Gepi atasyna sowdy. Öňki sowalyny gaýtalady: —Ata, ata, ýagşyzadany ýylandan halas eden pişigiň reňkem gara ekenm-aý? Öýdäki pişigi halamaýanyny duýdurmak üçin Emir ýene Mekana kesir jogap bermekçi bolup, atasyndan öňürtdi: —Birinjiden-ä, şol pişigiň reňki gara bolan däldir. Onsoňam, how, sowalyň nähili seniň? Atam näme, şol wagt ýagşyzadanyň ýanynda oturandyr öýdýäňmi sen? Mekan Emiriň içini ýakmak isledi: —Gara bolandyr! Hökman gara pişikdir şol, ýagşyzadany halas eden pişik. Şeýle gerek, ata! Atam-da, şol wagt onuň ýanynda bolmadygam bolsa, ol wakany ilki eşiden adamlar biri-birine ýetirendirler. —Kitap okamaýanyň bildirýä seniň, Mekgi!—diýip, Emir özüniň köp bilýänine buýsanyp, içýakgyç ýylgyrdy.—Atamyň aýdýan zatlary rowaýat. Rowaýatlaryň ählisiniň wakasy bolup geçen zat däl-ow. Olaryň köpüsini talantly adamlar döredýärler. Kiçi agtygynyň jedelde asgynlap, müzzerilýänine dözüp bilmän, Emiriň atasy gepe goşuldy: —Rowaýatlaryň aňyrsynda hakyky bolan wakalaryň ýatany-da kändir, oglum, Emir. Saňa bu zatlary mugallymyň öwredendir-ä. Onsoň hem, köp bilseň gowy zat. Ýöne öz bilýäniň üçin özüňden kiçiniň howuny basjak bolma-da, oňa-da öwretmelidigine düşün sen. Ol gürrüň beren rowaýatymdaky pişigiň reňkiniň nähilidiginiň parhy ýok, oglum, Mekan—diýip, soňra ýaşuly Mekana ýüzlendi.—Esasy zat, pişik adamy ölümden halas edipdir. Sen, ana, gepiň şol ýerine üns ber! Garaja pişik birden gurap ýere gaçan bir ýapragy elleri bilen eýläk-beýläk itişdirip görmäge başlady. Ol misli, oýny bilen iki doganyň dawasyny goýdurmak islän ýalydy. Ýapragy ilki sag eli bilen urdy, soň çep eli bilen. Birdenem, yzky aýaklarynda çommalyp oturyp, hut adam ýaly bolup, ýapragy iki eliniň arasynda saklady. Soň ony ýere taşlap, ýene elleri bilen itişdirdi. Birden ýapraga tarap towsan boldy, birdenem gaçan boldy. —O nädýär-aý, öz-özi bilen oýnan bolýar—diýip, onuň hereketlerine ilki bilen syn salan Emir ýylgyrdy. Soň ýerinden turup, pişige tarap gadam goýdy. Emiriň ýüreginde eýýäm özbaşyna ýaprak oýnap oturan kiçijik pişijege bolan mähir oýanyp ugrapdy. Onuň-da pişik bilen oýnasy geldi. Pişigi aýaklaryna mündürip, hallanlatmak isledi. Häzir onda pişigi öňküleri ýaly gaty depmek islegi ýokdy. Şeýle-de bolsa, öň özüni aýaklaryna mündürip, allaowarralara oklap goýberen bu gaharjaň oglanjykdan daşrakda bolanyny garaja pişik kem görmedi. Özem ol hem gaharjaň oglanyň gözlerinde özüne bolan biraz mähriň oýananyny duýupdy. Şeýle-de bolsa, ol: «Kim bilýär, birden munuň gaharynyň ýene has joşaýmagy ahmal» diýip, pikir öwürdi. Şu pikir bilen ol oýnap oturan ýapragyny taşlap, Emirden gaçdy. Gybyrdyklap, agaç sekiniň aşagyna girdi. —Görýäňmi onuň akyllyjadygyny!—diýip, Mekan Emire bakyp, pişigine guwanyp gepledi.—Ol seniň päli düzüw adam däldigiňi eýýäm tanady. Senden gaçýar! —Şeýlemi? Gaçýarmy? Meni ýigrenýämişmi?!—diýdi-de, Emir sekiniň aşagyna sümüp, gizlenmäge çemlenýän käse ýalyjak garaja pişigi elläp görmek isläp, onuň ýagyrnysyndan çümmükläp tutdy. Şeýdibem, ony agaç sekiniň aşagyndan çekip aldy. Elinde hallanladyp durşuna pişijegi goýmaga belent ýer gözledi. Pişijek gorkudan aldygyna mawlady: —Mýaw! Mýaw! Mekan sekiden atylyp düşüp, Emire topuldy: —Äber bärik pişigi! Derisini goparýaň onuň. Emir Mekana: —Aýryl!—diýdi-de, pişigi eýwanyň agaç sütüniniň ýokarsyna dyrmaşdyryp goýdy. Garaja pişik beýle belentlikde ilkinji sapar durup görýärdi. Ol ilki gorkudan: —Mýaw! Mýaw!—diýip, aldygyna aglady. Birdenem özüniň dyrnaklaryna bil baglap boljakdygyny duýdy. Dyrnaklary agaç sütüne çümüp, ony diýseň bek saklaýardy. Ol ýiti dyrnakly penjelerini gezekli-gezegine agaç sütünden aýryp, aşaklygyna sypyrylyp düşmäge başlady. —Goýber pişigi! Goýber! Ýere gaçyrýaň ony!—diýip, Mekan Emirden pişigi halas etmäge topuldy. Atalary basdaş agtyklaryna guwanyp, ýylgyryp oturyşyna, ikisine-de nesihat berdi: —Emir! Sen uly bolaýsana, oglum! Degme-dä janawere! Mekan, gorkma senem! Sen pişik diýen jandaryň dyrmaşmaga nähili ukybynyň bardygyny bileňok heniz. Pişikler nähili belentlikde goýsaňam, ýykylman aşak düşüp bilýäler. Ýykylaýanda-da olara zat bolmaýar. Sebäbi pişikler mydama arkasyny ýere degirmän, dört aýagynyň üstüne düşmegi başarýarlar. Onýança garaja pişik sypyrylyp, ýere düşdi: —Gördüňmi?—diýip, atasy pişigi görkezip, Mekana bakyp, loh-loh güldi. Emir pişigi dessine ýene öz eline aldy. Ony öňküdenem belent ýerde goýdy. Garaja pişik bu sapar belentlikden gorkmady. Ýene öňküsi ýaly, sypyryldy-da, aşak düşdi. Indi onuň ýokaryk çykasy gelenokdy. Gybyrdyklap, Emirden gaçdy-da, ýene sekiniň aşagyna sümüldi. Bu sapar Emir özüni çekip alyp bilmez ýaly, düýbüräge gitdi. «Äh-ä, Emirjik. Seniň eýýäm meniň bilen oýnasyň gelýär. Men welin, seniň bilen derrewjik dostlaşaýman. Seniň meni kelemenledip zyňanyň bardyr» diýip, ol Emire öz ýanyndan haýbat atdy. Mekan bolsa pişijegiň häzirlikçe Emirden gaçyp sypanyna arkaýynlaşyp, ýene atasynyň ýanyna geçip, çaý içmesini dowam etdi. dowamy bar.. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |