08:01 Sülçi Soltanowyñ ikinji öýlenişi -2/ powestiñ dowamy | |
Sülçi Soltanowda: «Jebir çekenlere awy berlen bolaýmasyn» diýen pikir döräp, olaryň jesetlerini ekspertiza barlagyndan geçirmäge ýene bir gezek hat berdi. Özi bolsa eline adres alyp, Jemile Dawudowanyň ilkinji durmuşa çykan ýigidi Kuwwat Kuwwadowyň hossarlarynyň gözlegine gitdi. Gitse-de gitdi welin, Kuwwadyň hossarlaryndan ol degerli hiç zat eşidip bilmedi. Diňe ýitiren bir gije-gündiz wagtyna gynandy. Ýigidiň hossarlary sülçi Soltanowy bir bada imi-sala garşyladylar. Ýöne Jemile Dawudowanyň ady agzalanda welin, iki ellerini ýokary galdyryp, dat etdiler. Öz ojaklarynda şol gyzyň adyny tutmazlygy sülçüden haýyş etdiler. Kuwwady öldüreniň kimem bolsa, Şalarowy hem-de Şirmyrady öldüren şol bir adamdygyny sülçi Soltanow duýdy. Sebäbi hossarlarynyň aýtmagyna görä, Kuwwat Kuwwadowyň hem endam-jany ölen wagty göm-gök bolupdyr. Bokurdagyndan kimdir biriniň bogandygyny duýupdyrlar. —Edil gaty boglan ýaly, dili çykyp durdy oglumyň—diýip, ýigidiň ejesi wakany gürrüň berip, zar-zar aglady. Ene bir zat gabat gelýärdi. Kuwwat Kuwwadow hem ýogalanda ilki bada ýigit bilen gyzyň çirkin sesleri ýürekleri ýarara getiripdir. Soň bolsa äpişge döwlüpdir. —Milisiýa näme üçin habar etmediňiz?—diýip, sülçi Soltanow ýigidiň hossarlaryndan sorady. —Başa düşen belany Alladan gördük, hanym—diýip, ýigidiň kakasy jogap berdi.—Boljak iş bolansoň, miliseleşip ýörmek nämä gerek diýip, pikir etdik. Milise-de, näme, hanym, boljagy bolan bendäni eýläk äkider, beýläk äkider, keser-tiker... Azar ýamanyny berýä-dä garaz... —Hawa-da—diýip, sülçi Soltanow ýaşulyny baş atyp, makullady.—Türkmen bolsa merhumy gozgatmagy halanok-da... —Ol, Jemile diýen gyzyň başga-da hökman bir ýigitjigi bolaýmaly!—diýip, Kuwwadyň ejesi gahardan titir-titir etdi.—Ýa ol gyz başda kimdir birini aldapdyr-da, aldanan hem özüniň oýnalanyna içi ýanyp, şeýdendir... Bi zamanyň gyzyndan her zada garaşaýmalydyr. —Her zadam bolsa, ogluňyzyň neneňsi ýogalanyny biz täzedenem bir barlap göräeli—diýip, sülçi Soltanow ýaşula ýüzlendi.—Belki, oňa awy berlendir? Ýaşuly ellerini daldalatdy: —Ýok, ýok, boljak iş boldy. Indiden soň ýatan bendä azar bermek gerek däl! —Oglumyň guburyna eliňizem degirmäň!—diýip, jebir çekeniň ejesi hem sülçi Soltanowyň teklibine çürt-kesik garşy çykdy.—Indi boljak iş boldy, boýasy siňdi... Oglumyň başyndan şu belany inderen albassynyň bolsa, ömürbaky maňlaýy açylmasyn! Sülçi Soltanow owadan Jemiläni ýatlap uludan dem aldy: —Onuň maňlaýy sen gargamanyňda-da açylar ýaly däl, daýza. Ol siziň ogluňyzdan soň hem iki ýigide durmuşa çykypdyr. Ol ýigitleriň ykbaly hem hut siziň ogluňyzyňky ýaly boldy. Bu sözlere jebir çeken Kuwwat Kuwwadowyň ejesiniň-de, kakasynyň-da gözleri hanasyndan çykan ýaly boldy. —Hih!—edip, ýigidiň ejesi ýylan gören dek tisgindi.—Toba, toba, daş edewersin! —Hudaý görkezmesin!—diýip, ýigidiň kakasy-da gözlerini tegeläp, dileg etdi.—Daş düşen ýerinde ýatsyn! —Bu ýerde bir zat belli —diýip, sülçi Soltanow pikirini öý eýelerine-de mälim etdi.—Üns berýäň welin, ýigitleriň üçüsinem bir adam öldüren bolmaly. Sebäbi ýigitleň ölümi meňzeş. Beýleki iki ýigidiň ýüregi ýarylypdyr. Siziň ogluňyzam şeýle bolan bolmaly, ýogsa endam-jany göm-gök bolmazdy. Ýüregine zeper ýetýänleriň endam-jany gögerýändir. —Hiý-wi, biz-ä bilmedik, jigi!—diýip ýigidiň ejesi şol bir geň galmadan gözlerini tegeläp oturyşyna seslendi.—Alla janyň özi bilmese, biz nä bileli. —Ol gyz öň siziň obadaşyňyz eken. Heý, onuň ýaşlykdan tirkeşen, goýan ýigid-ä bolan däldir?—diýip, sülçi Soltanow öý eýelerinden sorady. —Wah, biz nä bileli, jigi!—diýip, ýene ýigidiň ejesi jibrindi.—Yzyna düşüp ýörüsmi biz onuň? Gyz obanyň o başynda ýaşady, biz bu başynda. Onsoňam näme, bi zamanyň gyzy şähere giden günem söýşüberýä, kino gitse-de...Derek galdymy adamlarda? Ýöne men bir zad-a aýdyp biljek, ýogalan ýigitleň ganyna galan haýyn kimem bolsa, şol Jemile diýen gyzyň tanşydyr.—Ýigidiň ejesi ilki diýjek sözünden utanýanyny mese-mälim bildirip, aşaklyk bilen adamsynyň hem-de sülçi Soltanowyň ýüzüne nazar aýlady-da, birdenem sögünip goýberdi.—Diýmäýin diýsem, oýnaşydyr şonuň! —Hä-äýt!—edip, ýaşuly aýalyna azgyrylyp goýberdi.—Goý-aýt agzyňy oňa-muňa urmaňy! Ýigidiň ejesi şundan soň aglap başlady: —Näme urman agzymy oňa-muňa! Şol ganjyk sebäpli, oglum ne günlere düşdi! —Hudaý işidir, mert bol!—diýip, ýaşuly aýalyny köşeşdirmäge durdy. Sülçi Soltanow betbagtçylyga düşen ol öýden yzyna dolanyp gelende, ekspertizada hem oňa hoş habar aýtmadylar. Jebir çekenleriň hiç birine-de awy berilmänligi hakda habar berdiler. Sülçi Soltanow ýene kelebiň ujuny ýitiren ýaly bolup, keýpsiz halda öýüne dolanyp bardy. Hernäçe ýadaw bolsa-da, bütin gije uklap bilmän çykdy. Ýaňy ymyzganýardy welin, onuň gulagyna günälenýän Jemile Dawudowanyň naýynjar sesi gelýärdi. Ol ses ilki ýuwaşjadan eşidilip başlaýardy-da, soňam şeýle bir çirkin çykýardy welin, sülçi Soltanow gulaklarynyň perdesi deşiläendir öýdüp howatyrlanýardy. Edil şol pursatam, misli, hanjar urulýan dek, ýüregem jigläp-jigläp gidýärdi. Sülçi Soltanow kirpigini kirpigine gatdygy, gyzyň diňe bir sesi eşidilmän, eýsem onuň keşbem sülçiniň göz öňünde janlanýardy. Ol şol bir sözlerini gaýtalap, sülçä ýalbarýardy: —Meni öe goýberäýseňiz-läň! Men garaňky jaýyňyzda gorkýan!... Goýberäýseňiz-läň! Goýberäýseňiz-läň! Goýberäýseňiz-läň! Ol daň atansoň, işine-de barman, gürleşmek üçin Jemile Dawudowanyň ejesidir kakasynyň ýanyna ugrady. Olary tapmak kyn boldy. Jemile Dawudowanyň ejesidir kakasynyň ýaşaýan öýi etrap merkeziniň çetinde, gum depelerine tarap başly-barat bolup uzap gidýän hütdükleriň arasynda eken. Daşyna köne demirlerden germew aýlanyp ýasalan howlynyň gapysy köne-sana agaçlardan gurnalypdyr. Howlynyň içinde palçykdan salnan iki sany kiçijik jaý bardy. Jemiläniň kakasy gyrçuw sakgally, ýüzi güne ýanmadan garört bolan, garrylygyna seretmezden, goçak gözleri nurly, altmyşa ser uran ýaşuludy. «Goja ýaşka syratly bolan bolsa gerek. Şu wagtam garrylyga per bermändir» diýip, sülçi Soltanow içini gepletdi. «Jemile hem kakasyna çalym edýär». Ýaşuly jaýyň gapdalyndaky kölegede otyrdy. Onuň göwresi daýawdy, bükülerli däldi. Jemiläniň ejesi jaýyň gündogar ýüzündäki palçyk ojakda daşy hüýt gara kündügi oturdyp, çaý gaýnadýardy. Ol çepiksijedi. Hut «Goltugyňa alyp gidibermeli» diýilýänlerdendi. Jemiläniň kakasy sülçi Soltanowyň girip gelýänini görse-de, oňa bir bada baş galdyrmady. Sülçi Soltanow özi onuň ýanyna baryp, iki elini uzadyp görüşdi: —Salawmaleýkim! —Gurgunçylykmy, inim?—diýip, Jemiläniň kakasy sülçiniň salamyny agras aldy.—Iş-güýç bilen arma-da! Özi bilen gürleşen bolsa-da, gyzyň kakasynyň özüni halamaýanyny, özüne gaharynyň gelýänini sülçi Soltanow aňdy. Şeýle-de bolsa, syr bermediksirän boldy. —Bar boluň—diýip, ol gojanyň gepini ugrukdyrdy.—Dynç alýaňyzmy? —Aý hawa. Otyryn şu ýerde...—Jemiläniň kakasy agras gepledi. —Başga näme edeli. Pensä çykyldy...Biziňki näme, indi şo-ol ölümiňe garaşyp oturmakdyr-da... —Ölümi ýatlamasaňyz-laň, atam—diýip, sülçi Soltanow goja göwünlik berdi. Onuň gapdalynda çommalyp oturdy.—Siz entäk, tüweleme, daýaw görünýäňiz-ä.—Sülçi Soltanow goja «atam» diýip durmagy birhili görüp, adyny sorady. —Adyňyz näme siziň, atam? —Dawut—diýip, öý eýesi şol bir agraslygy bilen gepledi. Soňam gepini ýene öňki gürrüňe syrykdyrdy.—Ölümem indi ýatlabermeli... Ýedi çaga dünýä indi. Şolardan galany-da ýeke gyzdy... Ony-da siz gazamada ugratjak bolsaňyz. Näzik ikimize bu dünede ölümden başga näme galýar? Şeý diýip, Dawut aga çaý demläp, başagaý bolup ýören aýalyna tarap nazar aýlap goýberdi. —Daşymyzdan dik görünýän bolsagam, ol gyz sebäpli, iki ýyl bäri içimiz çüýredi... Gojanyň başyna düşen hasratlaryň çökderligini sülçi Soltanow duýdy. —Gazamada entek ugradyljak bolup duran adam ýok, Dawut aga, gam çekme sen—diýip, sülçi Soltanow ýaşulyny rahatlandyrmaga synanyşdy.—Hany, entäk ikimiz bir gowy gürleşeli, belki, gyzyňyzyň hiç hili günäsi ýokdur... Sülçi Soltanowyň soňky sözlerine Dawut aga özüçe düşündi. Gyzynyň boşaýmak umydynyň baryny duýanda onuň ýüzi ýagtyldy: —Ikimiz aýdyşyňdanam beter gowy gürleşeris, inim. Ýöne sen şol gürrüňiň nyrhyny aýdaý, çekinme-de! Ýaşulynyň öz sözüne ters düşünenini aňan sülçi Soltanow ýylgyrdy: —Be-eý, Dawut aga, sülçi geplese, nyrhyň gürrüňini edýändir öýdüp, baryňyz endik edäýipsiňiz-ow! Men-ä hiç wagt nyrh hakda pikir edip göremok. Men bolan wakalaryň sebäbini has anyk biljek bolalyň diýjek bolýan. —Wah, inim, sebäbini anyklasak, anyklar ýöreris welin, ýöne sen näme alsaň, al-da şol gyzy bir boşat. Gowy däl-ä, boýy ýeten gyz maşgala...ol ýerlerde... —Ol ýerde başga-da gelin-gyz ýetik—diýip, sülçi Soltanow gojany köşeşdirmek üçin aýtdy. Dawut aga sülçiniň sözüni böldi: —Wah, gelin-gyzam ýetik bolsa, ýetikdir welin, biziň gyzymyz adam ynjytjak maşgala däl-ä. Görmediňmi, ol nähili çepiksije! —Biz entek bar zady anyklamaly. Dawut aga, günäsi bolmasa, gyzyňyz goýberiler—diýip, sülçi Soltanow çyny bilen aýtdy.—Zady alada etmäň siz. Onuň çepiksijeligi hem-de ýuwaşlygy bilen bar zady çözüp bolmaz. «Ere bakardan ýer gorkar...» diýen nakylam-a bardyr... Sülçi Soltanowyň bu sözlerine Dawut aga hiç hili jogap bermedi. Diňe uludan dem alyp oňdy. —Hany, geliň, bärde, çaý başynda gepleşäýiň—diýip, Dawut aganyň aýaly Näzik daýza gygyrdy. Dawut aga ýerinden galyp, sesini çykarman, aýalyna tarap ugrady. Sülçi Soltanow hem onuň yzyna düşdi. Ikisi hem düşege geçdi. —Balam, näçe çagaň bar?—diýip, Näzik daýza sülçi Soltanowdan sorady. Sülçi Soltanow belli bir sany aýtmady: —Bar öz-ä, dört-bäş dagy... Näzik daýza aglamjyrady: —Dört-bäş diýýäň sen. Hudaýym bolawersin. Ömürleri uzak bolsun. Döwletli bolsun. Ýöne sen maňa bir zady aýt, şol dört-bäş çagaň biri wagtynda öe gelmese, ýüregiňiz nähili bolýa, hä? Perzent aýralygyna çydar ýalymy, heý? Men bolsam, ene. Onda-da alty çagany ýere duwlap, ýekejesi üçin ýaşap oturan ene. Ol ýekämäm elimden gitse, men näme edeýin? Şeý diýip, Näzik daýza möňňürip aglady: —Goýberäý-dä balamy! —Ol sebäpli üç adam ölensoň, men ony nämä esasalanyp goýbereýin!—diýip, sülçi Soltanow janykdy. —Men size düşünýän, Näzik daýza, size ýüregimem awaýa. Ýöne sizem pikir edip görüň. Ol ýogalan ýigitleriň ejelerem siziň kimin aglaşyp otyr. —Onyňam şeýle, hanym—diýdi-de, Näzik daýza agysyny goýup, ýüz-gözüni süpürdi. Soňam uludan dem aldy.—Biz-ä nä alaç etjegimizi bilýän däldiris. Şol gyz sebäpli, ömür ýaşap oturan obamyzdan göçmeli bolduk. Soňky gudalaram halys azar berip duransoňlar, şäherden alan jaýymyzam şu hütdüge çalyşmaly bolduk. Indem bilmedik biz-ä näme etjegimizi. —Gyzyňyzyň öň halaşan adamy barmydy?—diýip, sülçi Soltanow sorady. —Men-ä ömrüme çopan bolup geçen adam, ejesi bilmese—diýip, Dawut aga aýalynyň ýüzüne seretdi. —Men bilemok şoň oglan bilen halaşyp ýörenini—diýip, Näzik daýza pessaý gepledi. Ýöne ol sözüni gutararyna mähetdel, Dawut aga gaharyna sandyr-sandyr edip, sag eliniň ýumrugy bilen ýere ýelmäp goýberdi. Soňam: —Sen bilmersiň hiç zady!—diýip, aýalynyň üstüne düwledi.—Hana, birinji gudaň ogly bilen halaşan eken-ä! —Halaşsa halaşypdyr, bardy-da şoňa—diýip, Näzik daýza günäsini ýuwmarlamaga çalyşdy.—Men-ä gyzymyň o neresse bilenem duşup ýa gürleşip ýörenini görmändim. Dawut aga ýene gaharlandy: —Görmersiň sen. Şu zatlaň şeýle bolanam seň hiç zat görmeýänligiňden. Näzik daýza ýüzüni sallady: —Men pahyr günäkärdirin-le bar zatda. Gyz görgüli uzak gün-ä meniň ýanymda. Gije-de näme, ýatýa-da her kim. Men uklamsoň ogryn gidýän bolsa, biljeg-ä däl, biriniň ýanyna! Sülçi Soltanow är-aýalyň dawasyny üzmek niýeti bilen ýene Dawut aga ýüzlendi: —Dawut aga, biziň işgärimiz Şirmyradyň ölümi bilen baglanyşykly, heý, bilýän zadyňyz barmy? Gyzyňyz bilen ikisiniň arasynda näme dawa ýüze çykandyr öýdýäňiz? Gyzyňyz meselesinde, heý, pikir edýän zadyňyz barmy? —Gyzym meselede men näme aýdaýyn! Häzir-ä meniň ýagdaýym kellesine taýak degeniňki ýaly. Siziň işgäriňiz Şirmyradyň ölümi bilen baglanyşykly aýtsam bolsa... Men ikinji gudaň ogly ýogalansoň, gyzymy gaýdyp hiç kime durmuşa çykarmajakdygyma ant içdim. Ýöne siziň işgäriňiz Şirmyrat maňa ol lebzimi ýuwutdurdy. Ol meniň gyzymy gazamatdan alyp galdy. Şonuň üçin men oňa gyzyma öýlenmäge rugsat berdim. Ýöne toý-tomgy etmedik, diňe molla çagyrdyp, nika gyýdyrdyk-da, oňduk. —Onsoň, şol gije, ýagny Şirmyradyň gyzyňyza öýlenen gijesi başga zat duýmadyňyzmy? —diýip, sülçi Soltanow sorady. —Duýdum—diýip, Dawut aga uludan demini aldy.—Jemile jan zähräni ýaryp barýan gykylyk bilen çirkin gygyrdy. Yz ýanyndanam wagşyldap, äpişge döwüldi. Biz aýalym ikimiz ylgap gapyny kakyp ugradyk. «Jemile, näme boldy?» diýip gygyryşdyk. Gapy açylmady. Soň biz gapyny döwüp, içerik girdik. Şol wagt siziň Şirmyradyňyz eýýäm dilini sallap, göm-gök bolup ýatyrdy. Jemile bolsa, çaşan eken. Ýüzüne suw sepip, ony özüne getirdik. Dawut aga ýene uludan dem aldy. —Şol bir zat gaýtalanýar—diýip, sülçi Soltanow özbaşyna pyşyrdady.—Öňki oglanlaram şeýle ýagdaýda ölüpdir... Dawut aga ony makullady: —Hawa... —Gyzymyň özem dili tutulan dek, hiç zat aýdyp bilenok. Şuň yzyna banditler düşýän bolmaly—diýip, Näzik daýza ýene aglamjyrady. —Gelen-giden görmediňizmi?—diýip, sülçi Soltanow Dawut agadan sorady. Dawut aga kelebiň ujuny öz töwereklerinden gözläp boljakdygyna ynam döredip goýberdi: —Men düňküldi eşitdim, hemem siziň Şirmyradyňyzyň sapançasynyň sesini. Bu habara sülçi Soltanow ziňkildäp gitdi, soňam dyzyna daýandy: —Şirmyrat ok atdymy? —Hawa—diýip, Dawut aga baş atdy. —Men hiç zat eşitmedim-le?—diýip, Näzik daýza adamsynyň ýüzüne nazar salyp, geň galdy.—Näme üçin ony maňa öň aýtmadyň? —Sen gulagyň düýbünde top atylanda duýjakmy!—diýip, Dawut aga aýalyna azgyryldy. —Diýmek, bu ýerde yzarlamaga zat bar—diýip, sülçi Soltanow özbaşyna gepledi. Soňam Dawut aga ýüzlendi: —Seň gyzyň yzyna ymyklyja düşmelimikä diýýän, Dawut aga. —Düş-düş—diýip, Dawut aga durmuşdan bizar bolanyň edehädi bilen ellerini biparh silkip goýberdi.—Gyzymy yzarla, öýümi yzarla, näme etseň, şony et, ýöne bu bolgusyzlyklary kimiň edýänini bilseň bolýa, ogul! Men saňa rugsat berýän. Ine, gelip, ýaşamaly bolar öýtseňem, iki otag bar. Ikisem seňki şonuň. Biz aýalym bilen gyşa çenli daşarda-da gün göreris. —Häzir içerini barlap bolarmy?—diýip, sülçi Soltanow Dawut agadan rugsat sorady. —Şirmyradyň atan okunyň yzy ýokmuka? —Bar —diýip, Dawut aga ýene sülçini geň galdyrdy. Ol öe girmek üçin ýerinden galdy. —Ýör, görseň öýi. Öýüň içi daşyndan gören ýaly däldi. Arassady. Polly-potoloklydy. Diwarlara owadan gyzyl gülli kagyzlar ýelmengidi. Daşky jaýda diňe keçe hem köne kilim ýazylgydy. Içki jaýyň diwarynyň töründe süem barmak sygar ýaly deşik bardy. —Ine, okuň giden ýeri—diýip, Dawut aga deşige barmagyny sokdy. Sülçi Soltanow hem deşigi elläp, barmagyny sokup gördi. Soňam içerä nazar aýlady. Јpişgede akja tutular bardy. Ýerde haly, gapdalda iki adamlyk agaç krowat bardy. Krowatyň üstüne akja prostyn ýapylgydy. Törde, ok degen ýeriň gapdalynda ýüzi aýnaly şifoner, üstüne birküç sany ýorgan-düşek, ýassyk galdyrylan gara reňkli sandyk bardy. Başga zat ýokdy. —Bu agaç krowaty Şirmyrat aldy—diýip, Dawut aga ara düşen ümsümligi bozdy. —Hymm...—etdi-de, sülçi Soltanow başga zat diýmedi. Јpişge bitindi. —Јpişgäni soň özüm saldym—diýip, Dawut aga sülçiniň äpişgäni synlaýanyny görüp, oňa ýagdaýy düşündirdi.—Ýöne daşarda ot-çöpleriň arasynda aýna bölekleriniň galan bolmagy mümkin. Daşaryk çykyp, äpişgäniň gabadyndaky ot-çöpleriň arasyna seretdiler. Asyl iş edip gözlemek geregem däldi. Döwük aýna bölekleri her ýerde, her ýerde ýaldyraşyp ýatyrdy. Sülçi Soltanow goltugyna gysdyrylan gara papkasyndan kagyz-galam alyp, bir salym çommalyp oturdy-da, gören-eşidenlerini belleşdirdi. Ýerden birki sany aýna döwügini alyp, papkasyna atdy. Şondan soň Dawut aga dagy bilen hoşlaşyp, yzyna dolandy. —Gyzymyzy goýberermiň, balam?—diýip, Näzik daýza boýnuny burup, gygyryp galdy. —Goýberjek borus—diýip, gidip barşyna jogap berdi-de, sülçi Soltanow yzyna garaman ýoluny dowam etdi. Barandanam, ol uly başlygynyň ýanyna girdi. Gören-eşiden zatlaryny gysgaça habar berdi. Papkasyndan aýna döwügini çykaryp görkezdi. Başlygy ony haýran galmak bilen diňledi. Sülçi Soltanow gyzy boşatjakdygyny aýdanda welin, etrap içeri işler bölüminiň naçalnigi Sähet Penaýew ýerinden zöweleninem duýman galdy. —Ýo-ok!—diýip, ol sözüni süýndürdi—Indi ol gyzy hiç kim goýbermez! Besdir şeýdip Şirmyradyň ýalňyşany! Ol gyzjagaz indi almytyny alar! —Ony goýbermesek, jenaýatyň üstüni açyp bolmaýar!—diýip, sülçi Soltanow janyny ýakyp gepledi. —Gyz gorkusyna hiç zat aýdanok ahyry! Başlyk Sähet Penaýew gaharlandy: —Saýrar entäk ojagaz! Baý, saýrar-a! Sülçi Soltanow başlygyna ýeň bermedi: —Eger meniň diýenim bolmajak bolsa, onda men ol işi tabşyraýyn. Alyň yzyna. Işden kowsaňyzam, men ol işe mundan beýläk seredip biljek däl! Sülçi Soltanowyň atan oky nyşana degdi. Sähet Penaýew gözlerini elek-çelek edip, ýerinde çökdi. Derrew sülçi Soltanow bilen ylalaşmaga durdy: —Gaharlanybermesene sen, Soltanow! Derrew gyzyberýäň-aý. Men soň özümize zyýan bolarmyka diýýän. —Nädip zyýan bolsun! Şol dyrnak ýaly gyz goýberilende, nirä gaçar öýdýäň?—diýip, sülçi Soltanow janykdy. —Gaçmanda näme! Ýene birine durmuşa çykyp, başyny gemrer-dä!—diýip, Sähet Penaýewem gorkudan saplanmandy.—Eger ol ýene şeýdäýse, biziň başymyza nähili oýnuň getiriljegini bilýärmiň? Sülçi Soltanow başlygynyň sözüni böldi: —Indi oňa durmuşa çykmaga ýol bermeris. Iň soňunda başlyk sülçi Soltanow bilen ylalaşdy: —Durmuşa çykasy gelse, ol gyz senden rugsat sorap durmaz. Ýöne, bolýa-da. Näme etseň, şony et, şol işi bir abraý bilen tamamlaweri! Sülçi Soltanow bu gün diýseň ýadady. Gyz bilen gepleşmegi ertire goýup, öýlerine gitdi. Bu gijede onuň gulagyna Jemile Dawudowanyň çirkin sesi birsyhly ýaňlanyp, ony ýatara goýmady. Gyz ýüregi ýarylan dek gygyryp, sülçi Soltanowa ýalbarýardy: —Meni öe goýberäýiň-dä! Men günäkär däl-ä! Garaňky jaýyňyzda maňa diýseň kyn düşýä! Ol irden aýalyna birden gijelerine öe gelmese-de, özi üçin alada galmazlygy tabşyrdy. Işiň juda köpdügini aýdyp, çykyp gaýtdy. Göni işe gelibem, milisionerleriň birine tussaglykdaky Jemile Dawudowany getirmegi buýurdy. Günälenýäni getirýänçäler, Jemile Dawudowanyň adyna açylan jenaýat işi kitabyna, işiň bähbidi üçin, gyzyň öe goýberilýändigi hakda bellik etdi. Gol çekdi. Gyz üçin rugsat kagyzyny doldurdy. Günälenýän Jemile Dawudowany getirdiler. Sülçi Soltanow oňa oturmagy mürähedem etmedi. Eline onuň wagtlaýynça öe goýberilýändigi hakyndaky rugsat hatyny gowşurdy. —Sen boş. Öýüňe gaýdyber!—diýip, kagyz bereni bilenem oňman, gyza düşündirdi.—Has dogrusy, wagtlaýynça boşadylýaň. Özem size ikimiz bile gidýäs. Gyz ýüzüne gussa çaýyp, gözlerine ýaş aýlady. —Ömrüňiz uzak bolsun! Ikisi bile ýola düşdi. Sülçi Soltanow köçä çykyp, taksi saklady. Gitmeli ýerleriniň salgyny berdi. Taksiçi baş atyp, äkitmäge razylyk berensoň, sülçi Soltanow ilki taksiniň yzky gapysyny açyp, gyzy mündirdi. Gyz ornaşansoň, gapyny ýapdy-da, özi sürüjiniň ýanyna geçip oturdy. Sülçi Soltanowyň gyzlary Jemiläni alyp gelmegine Dawut aga-da, Näzik daýza-da diýseň begendi. —Ýalňyz balam, men bir ölemok seni äkidenleri bäri!—diýip Näzik daýza gyzyny bagryna basyp aglady. —Ýüregim para-para. Gijeler ýatman çykýan. Jemile aglanokdy. Ýöne onuň ýüzüne dünýäniň hasraty çöküpdi. Ol içeri girdi. Eşiklerini çalşyryndy. Soň ýatyp, dynjyny aldy. Ejesiniň beren çaý-çöregini iýdi. Gün batmanka köneje hammam jaýda saçlaryny ýuwdy, suwa düşdi. Soň bolsa, öňki endigi bilen, içki jaýyna girip, el işine güýmendi. Gutarylman taşlanan ýakany bejermäge oturdy. Sülçi Soltanow daşaryk atylan keçede Dawut aga bilen bile çökdi. Ol her gezek gyz iş bilen eýläk-beýläk geçende oňa göz astyndan syn edýärdi. Јdimine çenli yzarlaýardy. Adam ogly üçin pişesiz oturmakdan kyn zat ýokdy. Oturmaga çydaman, Dawut aga eline pil alyp, öýüň daşyndaky ot-çöpleri çapyşdyran boldy. Mellegiň töründe ýasalan agylda gezişip ýören birki sany goýnuna ot-suw beren boldy. Näzik daýza bolsa agşamlyk naharyna güýmendi. —Goýunlaryňy hiç kim ogurlanokmy?—diýip, sülçi Soltanow hyýalyna ogrular hakdaky pikirini getirip, Dawut agadan sorady. —Ýok-la—diýip, Dawut aga başyny ýaýkady. —Sen öe gelýänler ogrulardyr öýdýän bolsaň, ýalňyşýaň, ýigit. Ogrularyň meň giýewilem bilen nä işleri bar! «Dogry. Gojanyň pikirem biçem däl» diýip, sülçi Soltanow oýlandy. Işsizlikden arkan düşüp ýatyşyna uka gitdi. Bu gije asuda geçdi. Hiç kim gelmedi. Sülçi Soltanow hiç zat bilip bilmedi. Ertesi gije hem şeýle boldy. Biri günem. Asyl, sülçi Soltanow bu ýerde bir hepde, on günläp bolsa-da bilen zady bolmady. —Göwnüňize hiç hili garalyk getirmäň welin, men siziň otagyňyzda ýatjak—diýip, ol ahyry goja ýüzlendi.—Sizem ýanymda ýataýyň. —Aý, ýok, biz-ä seni oglumyz ýaly görýäs, hanym—diýip, Dawut aga çyny bilen aýtdy. —Arkaýyn ýatyber içeri gir-de. Isleseň, gyzymyň ýatýan jaýynda-da ýatyber. Jemile jan seniň jigiň ýaly bir naçar. Öňde-soňda gyzymyzy, betbagtçylyga iterýäniň kimdigini bilip berseň bolýa. —Hawa...—diýip, sülçi Soltanow işiň ugrugybermeýänine janyny ýakyp, uludan dem aldy.—Gerek bolsa, Jemiläniň ýatýan jaýynda-da ýatmaly bor, agam. Sizem gapyny açyp goýuň-da, bärki jaýdan seredip ýatyberiň. Ýa-da barymyz onuň ýanynda bile ýatalyň. —Biziň barymyz üýşsek, onuň ýanyna adam geler öýdýäňmi?—diýip, Dawut aga janykdy.—Senem gyz uklansoň, onuň jaýyna gizlin geçmeli borsuň. —Dogry, dogry—diýip, sülçi Soltanow Dawut agaň pikirini makullady. Dawut aganyň diýenleri onuň ýüregine jüňk boldy.—Gaty makul gep, gaty makul gep. Näzik daýza Jemiläniň uklanyny görensoň, onuň otagynyň gapysyny açyp goýdy-da, daşky jaýdan sülçi Soltanow üçin ýer ýazdy. Bu ýerden gyzyň ýatýan agaç krowatyna gowy ser salyp bolýardy. Gyzyň bütin synasy görnüp durdy. Uzakly gün pişesiz oturyp-oturyp, halys bizar boldumy-nämemi, sülçi Garaş Soltanow hernäçe uklamaýyn diýse-de, bolmady. Gözler süzülip, kirpikler kirpige gatyldy. Az salymdanam ol hor çekip ugrady. Ol juda köp ýatdy. Heziller edip ýatdy. Ol alasarmyklykda bir naçar maşgalanyň aglamjyrap gepleýänini aňdy. Ýöne ukynyň halys basmarlaýanlygy sebäpli, naçaryň aglaýanynam aňyp bilmedi, kimdir birine käýinýäninem. Diňe naçar maşgalanyň naýynjar sesi onuň gulagyna gelen ýaly boldy. Ol bu pursat özüniň aýňalmalydygynam hakydasyna getirip bilmedi. Birdenem daşarda «düňk-düňk» edip ylgap geçen aýak sesi eşidildi. Zarňyldap, nämedir bir zadyň sesi çykdy. Bu sesler gulagyna ýetensoň, sülçi Soltanow birden ýeňsesine depilen dek bolup oýandy. Alasarmykda bir bada özüniň niredediginem aňşyrmajak boldy. Edil şol wagt daşardan erkek kişiniň «Jemile» diýip gygyran sesi eşidildi. Şol sesi eşiden soň özüniň dem salymyň içinde daşaryk çykmalydygy sülçi Soltanowyň aňyna ýetdi. Şol ses ony basym aýňaltdy. Içki jaýa tarap bir nazar aýlady-da, sülçi Soltanow düwdenekläp, daşaryk ylgady. Daşarda şyňk-şyňk edip, daşjagaz bilen äpişge kakylýardy. Gyz asuda ýatyrdy. Sülçi Soltanow gözlerini owkalap barşyna, jaýyň arka ýüzüne nähili aýlananynam duýman galdy. Tas eýwanda ýatan Näzik daýzany basypdy. Onuň üstünden zordan böküp geçdi. Daň atyp gelýärdi. Gündogar agaryp ugrapdy. Sülçi Soltanow jaýyň arkasyna aýlansa-da aýlandy welin, birdenem bu bolýan zatlara haýran galmadan ýaňa doňdurylana döndi. Kürtdürip, duran ýerinde aňalyp durşuna, gözüniň alnyndaky ynanyp bolmajak zada syn etdi. Jemiläniň ýatýan jaýynyň äpişgesiniň öňüňde aýagy ýalaňaç Dawut aga durdy. Onuň bir elinde ýarty kerpiç bardy. Ol kerpiçli elini sallap durdy. Beýleki elindäki kiçijik daşjagaz bilen äpişgäni kakýardy. Ol sülçi Soltanowy görenden, elindäki daşlaryny taşlady-da, aýalaryny biri-birine süýkäp, ellerini kakyşdyrdy. Soňam aýalaryny gapdallaryna süýkäp goýberdi. Onuň ýüz-gözi aladalydy: —Hä...Soltanow! Oýandyň-maý?—diýip, ol alada ýugrulan sesi bilen sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Sen içerde hiç kimi tutup bilmediňmi? Soltanow garra jogap bermedi. Gahardan dişlerini biri-birinden geçiräýjek boldy. Kellesi saňňyldap, ýüzi lap-lap gyzdy. Gözleri bilen garryny iýäýjek boldy. Dawut aga bolsa sülçüden jogap alyp bilmänsoň, iki elini hem ýüzüni aýna diräp, içerik seretmäge durdy. Soň ýene: —Jemile! Jemile! —diýip gygyrdy. Şol wagt sülçi Garaş Soltanow epeý-epeý basyp, Dawut aganyň ýanyna bardy-da, onuň ýagyrnysyna penje urdy. Onuň bu bolşuna Dawut aganyň zähresi ýaryldy. Sülçiniň ýüzüne naýynjar bakdy-da: —Näme boldy, inim?—diýip zarynlady. Sülçi Soltanow garrap, bir gysym bolan garryny çaga ýaly idenekledip ýola tarap alyp ugrady. —Näme bolanyny saňa başga ýerde düşündirerin! Dawut aga ondan sypjak bolup siltendi. Ýöne garrap, haldan giden göwre süňňi bekän, gujurly sülçiniň güýjüniň öňünde ejiz geldi. Güýç bilen ýol almajagyny bilensoň, Dawut aga ýene zarynlap sülçi Soltanowa ýalbardy. —Dur entäk, inim, sen gaharlanma. Düşünişeli ikimiz. Sen gyzmalyk edýäň! Aýyp dälmi, ataň ýaly adamy şeýdip çaga kimin idenekledip ýörmek! —Saňa aýyp dälmi, bir topar bendäniň juwan ogullaryny öldürip, soňundanam pukarasyrap ýörmek! Edýän işiň şol bolsa, atam ýal-a däl, atamyň hut özi bolsaňam, eýgilik görkezmen! Dawut aganyň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy: —Näme? Sen ol ýigitleriň ölümini menden görjek bolýaňmy?—diýdi-de, gahardan titir-titir etdi. —Işleýşiňiz şu bolsa, näçe adamlar ýanyp gidýäkä siziň eliňizden! Sülçi Soltanowda jenaýatkäriň Dawut agalygyna ynam juda güýçlendi. Özem oňa şeýle bir gahary gelýärdi welin, hut duran ýerinde ony bogup öldüräesi gelýärdi. Birdenem: «Ýok, sen gojany bogup öldürmeli däl. Saňa kösenip-kösenip, it ýaly bolup ölüp gideriň ýaly jeza bellemeli!» diýip, içinden pikir öwürýärdi. —Sesiň çykmasyn, ýaşuly!—diýip, sülçi Soltanow Dawut aga azgyryldy. —Barmaly ýerimize baraly entäk. Seni mazalyja saýradaryn. —Bolýa-da—diýip, Dawut aga birhili ysgynsyz jogap gaýtardy.—Geplemesiz bolsa, geplemerinem. Barybir, seniň bilen biziň jynymyz jyňkyryşmanjyk geçjek. Sen biziň birimizi alman goýjak däl. Sülçi Soltanow uly ýola çykyp, gabat gelen ýeňil maşyna elini galdyrdy-da, özlerini etrabyň içeri işler bölümine taşlamagy haýyş etdi. Eltibem, Dawut agany içeri işler bölüminiň iki gatdan ybarat kaşaň jaýynyň ýerzeminine, demir gapyly, garaňky otaga dykdy. Dawut aganyň «Dur düşünişeli» diýip ýalbarmasyna-da gulak asman, göni iş kabinetine bardy. Jemile Dawudowa üçin açylan jenaýat işi kitabyna Dawut aga bilen bolup geçen zatlary ýazdy. Öňler hakyky jenaýatkäri ele salanda, sülçi Soltanowyň süňňi ýeňläp, ädimleri çaltlanardy. Çaga ýaly begenerdi. Ýüregi şatlykly gürsüldärdi. Üstünden uly aladanyň sowlanyny duýardy. Näme üçindir, Dawut agany tutup getireni bilenem ol birjik-de begenenokdy. Gaýtam alada galdy. Eden işinde bir çiglik bar ýaly, hiç öz-özüne ynanyp bilenokdy. Gahary gelýärdi. Elektrik çäýnegini toga sokup, çaý gaýnadyndy-da, birki käse çaý içdi. Birneme özüni dürsänsoň, aşak, Dawut aganyň ýanyna düşdi. Dawut aga agaç skameýkanyň üstünde iki eli bilen maňlaýyny tutup, aýaklaryny sallap otyrdy. Ol gapynyň şakyrdysyna, sülçi Soltanowyň gelip girenine-de seretmedi. Sülçi Soltanow könelip giden agaç kürsini alyp, Dawut aganyň maňlaýyna geçdi. Iki elini dyzlaryna diräp oturdy-da, ýaşula ýüzlendi: —Hawa, ýaşuly, näme gürrüňiň bolsa, ine, indi aýdyber. Iki gulagym sende. Dawut aga gahardan saňňyl-saňňyl etdi: —Mende hiç hili gürrüňem ýok, bolanda-da aýtjak däl şony saňa. Sen meni näme etseň edäý, inim. Hä. Köpüm ötüp, azym galypdyr. Öňi-soňy bir başa bir ölüm. At-da dynaý. —Aý, ýok, ýaşuly, seni eden işleriňi boýnuňa goýman, atyp durmarys... Sen entek ählije eden işleňňi birin-birin gürüň berersiň-ä. —Bermen diýdim-ä!—diýip, Dawut aga ýene gahardan titredi. —Hiç zat aýtjak däl saňa. —Onda özüň üçin kyn bor—diýip, sülçi Soltanow gaşlaryny gerdi.—Atamyz ýaly adam bolaňsoň, seni, elbetde, urub-a durmarys. Ýöne toga-beýlekä tutarys. Ine, şonda şeýle bir saýrarsyň, Dawut aga... «Toga tutarys» diýen sözden Dawut aga heder etmän durmady. Birneme köşeşdi.Geplände sözi pessaý çykdy. Şonda-da ýan berýänini duýdurmajak bolup gepledi: —Saýradyp, näme aýtdyrarsyň öýdýäň maňa. —Meselem, gyzyňy satyp, aljak puluňy alaňsoň, yzyndanam ogryn baryp, giýewileriňi urup öldürýäniňi... Sülçi Sotanow şeý diýdi welin, ýene gahardan Dawut aganyň sakgaly titräp gitdi. —Alladan gorkaňokmy töhmet atmaga!—diýip, ol sülçi Soltanowa gözlerini alartdy.—Hudaý diýeweri, ogul! —Seniň hakykaty aýtmaýanyň meniň şeýle netijä gelmegime sebäp bolýar, Dawut aga—diýip, sülçi Soltanow bu gezek ýaşulynyň uguny ýekelemäge çalyşdy.—Sen hakykaty bolşy ýaly aýtsaň, biri-birimize töhmet atyşyp durmaly-da bolmarys. Gel, gepi uzaga çekmäli. —Göni gürleşmezden ozal sen maňa bir zady aýt—diýip, Dawut aga sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Seniň işgäriň Şirmyrat gurply ýigitmidi? Sülçi Soltanow egnini gysdy: —Men näbileýin. Ony näme üçin soradyň? —Sen maňa giýewleňden galyň alaňsoň, olary öldürýäň diýip töhmet atyp dursuň-a. Onsoň, biläýjek boldum, öz işgäriňiziň galyň tölemäge gurbunyň bolanyny-bolmanyny... —Ony diňe sen hem Şirmyrat biler—diýip, sülçi Soltanow öz diýenine tutdy. Özem ýaşulynyň öz sözlerinden gaty görenini duýdy. Birdenem: «Belki, ol gaty görýän kişi bolup, at oýnadýandyr. Şeýdip, meniň ynamyma girjek bolýandyr» diýip, içini gepletdi. Her zadam bolsa, ýaşulyny ugruna kowanyny kem görmedi.—Iň gowusy, sen maňa daňdan äpişgäni näme üçin daşlajak bolanyňy bir aýdyp ber. —Sen şol wagt Jemiläniň kimdir birine ýalbarýanyny, soňam aglanyny eşitmediňmi?—diýip, Dawut aga sülçi Soltanowa sowal bilen ýüzlendi. —Ol, näme, agladymy?—diýip, Dawut aganyň habaryna sülçi Soltanow geň galdy. Özüniň hiç zat duýmanyny boýun aldy.—Men hiç zat aňmandyryn. Dawut aga uludan dem aldy: —Hawa-da. Sen bir aladasyz adam. Men bolsam gaýgy-hasratdan ýaňa gijeler çirim etmän çykýan. Kirpiklerim kirpiklerime çatyldygy, derrew ziňkildäp galýan. Şu geçen gije-de daň saz beriberende irkilipdirin. Ilki düňküldäp, kimdir biri geçen ýaly boldy. Ilki, şony duýsamam, halys özümi uka aldyramsoň, sensiň, daş çykansyň öýdüp, ýatyberipdirin. Şol barmana gulagyma agy sesi, gyzymyň kimdir birine ýalbarmasy eşidildi. Gapydan çyksa, sen saklarsyň diýip, äpişgä tarap ylgap bardym. Elime daş alyp garaşýanam welin, äpişgeden hiç kim çykmady. Onýança-da sen çykdyň-da, tutduň meni gabyrdadyp. Sülçi Soltanow ýaşulynyň diýýänlerine ynanjagynam bilmedi, ynanmajagynam. Dawut aga Soltanowa igendi. —Sen meniň yzymdan gaýdaňda, ol gapydan çykyp gaçan bolmaly. Meň ýanyma ylgaýançaň içerik ylgasaň bolmaýamy, jenaýatkär tutjagyň çyn bolsa! «Dogrudanam, şol wagt näme üçin içerik ylgamadymkam?» diýip, sülçi Soltanow içinden pikir öwürdi. Ýöne entek ýaşuly bilen ylalaşasynyň gelmeýänligi üçin, içki pikirini oňa duýdurmady. Pikire batdy. —Sen, inim, biderek ýere pikire batyp, kelläňe agram salma—diýip, Dawut aga sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Maňa-da ynansaň ynan, ynanmasaň ynanma. Men bärde näçe oturmalam bolsa oturaryn. Günäm bar bolsa, çekerin. Sen bolsaň ýeke salym hem durma-da, bize ugra. Ýeke gijäni sypdyrma-da gyzymy garawulla. Isleseň oňa öýlenmäge-de rugsat berýän. Ýöne şol gyza azar berýän haramzadany ele salyp berseň bolýa. Men bizar boldum ähli zatdan! Sülçi Soltanow ýylgyrdy. —Öýlenmäge rugsat berýän diýen bolup, soňundan, gadyr gaýyn bilen giýewde etjek bolýan bolaýma sen, Dawut aga! Beýdib-ä meni öz tarapyňa çekip bilmersiň! Dawut aga agaç skameýkada uzynlygyna süýndi-de, tersine öwrüldi: —Näme etseň, şony et, hanym. Men-ä aýtjagymy aýtdym... Ol gaýdyp sesini çykarmady. Sülçi Soltanow daşaryk ýöneldi. Ol daşaryk çykanda, içeri işler bölüminiň kaşaň jaýynyň öňünde Näzik daýzany gördi. Onuň elinde zatdan doly sumkasy bardy. —Näme, gojaňy garawullamaga geldiňmi?—diýip, sülçi Soltanow özüne gözlerini alardyp, ýigrenç bilen seredýän Näzik daýza ýüzlendi.—Getiren zatlaňňy oglanlara goý-da, öýüňe gaýt. Beýle ýagdaýda gyzyňy ýeke taşlama. —Taşlanyp geçsin şol gyz ýeke!—diýip, Näzik daýza gahar bilen gepledi.—Gojany goýbermeseň, ölsemem gitmen şu ýerden. —Јh-ä—diýip, sülçi Soltanow onuň gabadynda kürtdürdi.—Eser daýza ekeniň sen. Öň-ä gyzymy goýber diýip oturdyň. Indem gojany goýber diýýäň. Näme olaryň ýerinde özüm oturaýynmy? Näzik daýza sypaýyçylyk edip durmady: —Oturasyň gelse oturaý. Öňi-soňy işiňem oňaraňok. Ýöne meniň gyzymam, goja-da günäkär däl! Olar adam-a beýlede dursun, garynjanam ynjytjak adamlar däl-ä! —Günäkär seniň gojaň, daýza!—diýip, sülçi Soltanow sesine bat berdi.—Bar, öýüňe gaýt! Men onuň eline daş alyp, äpişgäni döwjek bolup duranyny gözüm bilen gördüm. —Ýalan aýdypsyň!—diýip, Näzik daýza dessine sülçi Soltanowyň sözlerini böldi.—Heý, olam bir öz äpişgesini döwermi! Seniň gözüňe görnendir o zatlar! Sülçi Soltanow Näzik daýza bilen daşarda dawalaşyp durmagyň ýerliksizligini aňdy. Ol ýene iş kabinetine baryp bolan gürrüňleri Jemile Dawudowa üçin gozgalan jenaýat işiniň kitabyna belledi-de, başlygynyň ýanyna bardy. Oňa-da bolan zatlary, gojany tutup getirenini gysgaça gürrüň berdi. —Isläniňçe hereket ediber, Soltanow!—diýip, başlygy oňa göwünlik berdi. —Şol işi bir ýüzli etseň bolýa. Başlygy bilen gürrüňleşip bolansoň, sülçi Soltanow öýüne gitdi. Naharlandy. Dynç aldy. Pikirler basmarlap duransoň, uklap bilmedi. Gijara ýene iş ýerine degip geçdi. Näzik daýza henizem öňki oturan ýerinde çommalyp otyrdy. —Ýör, öýüňe gitseň-ä äkideýin, daýza. Men size barýan—diýip, sülçi Soltanow Näzik daýza ýüzlendi. —Men şu ýerden butnajak däl diýip aýtdym-a saňa—diýip, Näzik daýza onuň ýüzüni aldy.—Sen ýaşaber biziňkide. Şonuň üçin sen gojany bärde gabap goýýaň-da. Ýöne arkaýyn bol, bir gün seniňem läşiň serler. Näzik daýzanyň bu sözleri sülçi Soltanowa täsir etmänem durmady. «Läşimiň seriljegini bu nireden bilýäkä?» diýip, içini gepletdi. «Ýa munuňam bu bolýan işleriň sebäpkärinden habary barmyka? Ýa-da agzynyň ugruna diýip goýberäýdimikä?» Ol yzyna dolandy-da, Näzik daýzanyň ýanyna geldi: —Hany, ýör, senem gojanyň ýanyna äkideýin-le men, daýza. Ümmüldeşiň-de oturyň. Birki gün hiç zat bolmaz. Läşimi kimiň serjegini bolsa, ertir soraryn senden, bu gün giç boldy. —Wiý, men-ä agzymyň ugruna ýöne diýip goýberäýdim—diýip, Näzik daýza ýoňsuz zat aýdanyny indi duýup, ör-gökden gelip gepledi. Gojasynyň ýanyna welin, gitmäge höwesek boldy. —Agzyň ugruna diýdiňmi ýa sebäplije, o zatlary soň anyklarys—diýdi-de, sülçi Soltanow Näzik daýzany gojasynyň oturan ýerine eltip gaýtdy. Şundan soň ol ýene taksä münüp, Dawut agalara ugrady. Sülçi Soltanow gelende, Jemile ýolda sadylla bolup durdy. —Ejeň ýoluna bakýan bolsaň-a, öýüňe gir-de, arkaýyn oturyber, uýam—diýip, sülçi Soltanow münüp gelen taksisinden düşeninden Jemilä ýüzlendi.—Ol kakaň bilen bileje otyr. Gelmez. —Kakamy siz äkitdiňizmi? Näme üçin siz ejeňiz, kakaňyz ýaly adamlary köseýäňiz, ýoldaş sülçi—diýip, Jemile aglamjyrady.—Uslypmy size şeýtmek? —Seniň kakaň günäkär—diýip, sülçi Soltanow sowukganly gepledi.—Ol eden işine jogap bermeli bolar. —Onda hiç hili günä ýok!—diýip, Jemile ýene nalady. —Ýolda gykylyklaşyp durmaly. Il-gün geňlär—diýip, sülçi Soltanow öe tarap ugrady.—Hany, ýör, öýüňde gepleşeli. Gyz sülçi Soltanowyň yzyna düşdi. Gidip barşyna-da nalady: —Bolsam bolaýyn ile gürrüň. Ejem-kakamy milisä ýygnadanymdan il-güne gürrüň bolanym müň paý gowudyr. Sülçi Soltanow gyzyň gykylygyna bakman, öe gelip, eýwandaky düşege özüni goýberdi. Soňam Jemilä ýüzlendi: —Sen agşam kim bilen gepleşdiň? —Hiç kim bilen—diýip, gyz arkasyny eýwanyň sütünine berip durşuna dessine jogap berdi. —Sen ýalan sözleme, dogryňy aýt!—diýip, sülçi Soltanow birden gyzyp gygyrdy. —Adamlaryň senden başga işi ýokmy? Gyz ýüzüni aşak saldy-da, göz astyndan sülçi Soltanowa syn salyp dymdy. Sülçi Soltanow dowam etdi: —Men irden oýanamda, kakaň eline ýarty kerpiç alyp, seniň äpişgäň öňünde duran eken. Ol seniň kimdir biri bilen gepleşip başlanyňy eşidip, şony urmak üçin seniň äpişgäňi garawullanmyş. Muny maňa onuň özi aýtdy. —Eli nämeli duranam bolsa, maňa öýlenen ýigitleriň ýogalmagynda kakamyň günäsi ýok—diýip, Jemile şol bir sözlerini gaýtalady.—Kakam dagyny öe goýbermeseňiz menem ýygnaýyň. —Ýygnasam, ýygnaýarynam!—diýip, sülçi Soltanow gyzyň howuny basaryn diýen niýet bilen azgaryldy.—Öňem özüňi aglap-aglap boşatdyranyňy unutdyňmy? —Ýygnaýyň!—diýip, gyzam onuň sözlerinden gorkup durmady.—Ejem-kakamy ol ýerde sakladyp, men bu ýerde rahat gezip bilmen! Olary goýbermeseňiz, häzir menem gitjek olaň ýanyna. Nirä iberýänem bolsaňyz, üçimizem bileje iberäýiň. Sülçi Soltanow ýene gaharlandy: —Sen aýt onda! Kakaň näme üçin daňyň öň ýanynda eli ýarty kerpiçli seň äpişgäňi garawullady? Aýt. Gyz ýuwaş gepledi. Ýöne gaharly nazaryny sülçiniň nazaryndan geçiräýjek boldy: —O zatlary siz anyklaň. Siz sülçi ahyry! —Sülçi bolamda näme!—diýip, sülçi Soltanow bu işden hiç bir uç tapyp bilmeýänine jany ýanyp gygyrdy.—Sülçi näme Hudaýmy ähli zady biler ýaly! —Sesiňize bat bermäň!—diýip, gyz ýene pessaý gepledi.—Bu ýeri siziň iş ýeriňiz däl. Siziň işiňizi oňarmaýanyňyz üçin, bu ýerde hiç kim günäkär däl! Jemiläniň bu sözleri sülçi Soltanowyň içine ot bolup ýapyşdy. Gahary geldi. Ýöne çagasy ýaly gyz maşgala: «Sesiňize bat bermäň» diýip, onuň edepsizlik edýänini ýüzüne aýdyp durka ýene gygyrybermäge ejap etdi. Beýnisinde: «Menmi işini oňarmaýan! Menmi işini oňarmaýan! Entek gözüňize görkezerin işimi neneň oňarýanymy!» diýen sözler at çapdy. Özi welin, sesini çykarman, gyza seretdi durdy. Soň ol ýene maşyn ýoluna ugrady. Jemile-de onuň yzyna düşdi. Sülçi Soltanowyň saklan maşynyna gyz hem özüni atdy. —Sen nirä? Düş!—diýip, sülçi Soltanow oňa azm urdy. Ony çekip, maşyndan düşürmäge synanyşdy. —Düşjek-gä. Ejem-kakamyň ýanyna menem salarsyňyz—diýip, jogap berdi-de, gyz ýerinden gozganmadam. —Ejeň-kakaň ýany bolmaz, düş!—diýip, sülçi Soltanow gyzyň goşaryndan tutup, ony ýene düşürmekçi boldy. Sülçi Soltanow gyzy çekse-de çekdi welin, çekenine puşmanam etdi. Ol näçe güýç bilen çekse-de, gyzy ýerinden gozgamadam. Gyz misli oturgyja çüýlenen agaç ýalydy. «Be, kiçijigem welin, daýawjadygyny!» diýip, sülçi Soltanow pikir öwürdi. «Hany göreli seň daýawlygyňy!» Şundan soň ol gyza iki elini uzadyp, ony bütin göwresi bilen gujaklap düşürmekçi boldy. Gyzyň çepiksije, kiçijik göwresiniň daşyndan elleri bilen halka gurady. Şeýdip, ony ýene çekdi. Hamala gyzyň ýerinde orta boýly, agajet, ýaşajyk gyz däl-de, bir pilsypat erkek kişi oturan ýalydy. Güýç berenokdy. Sülçi Soltanow bu bolýan ahwalata aňk bolup, gözlerini elek-çelek edip, gyzyň ýüzüne bakdy. Onýança gyz onuň döşünden bir eli bilen itip goýberdi: —Aýryň eliňizi! Besdir, sylagyňyz ýetdi! Indi sylaman! Gyzyň eli sülçi Soltanowyň döşüne gaty taýak bolup degdi. Ol nähili yza çekilip, ondan örküni üzeninem duýman galdy. Bolýan zatlara pikiri bulaşyp, näme diýjeginem bilmedi. Sesini çykarman, sürüjiniň ýanyna geçip oturdy. Maşyn biraz ýol geçensoň, sülçi Soltanow yzyna gaňrylyp, gyza ýüzlendi: —Men günäkäri tapdym. Ol ýigitleň baryny sen öldüripsiň!.. Gyz bu gezek özüni aklajagam bolmady. Dawa-da tutmady. «Içiň ýansyn» diýen ýaly, gaty arkaýyn gepledi: —Hawa, men öldürdim şolary... Ýöne meniň nädip öldürenimi welin siz subut etmeli bolarsyňyz. —Subut ederin!—diýip, gyza pert jogap berse-de, sülçi Soltanow halys kelebiň ujuny ýitirdi. Nädip bu işi tamamlajagyny bilmedi. —Ine gyzyňyzam getirdim—diýip, ol barşyna, Jemiläni ýerzemine, onuň ejesidir kakasynyň oturan ýerine eltdi. —Seniň gyzyň hemme zat etmäge-de ukuby bar—diýip, sülçi Soltanow Dawut aga ýüzlendi.—Ol şeýle kiçijigem bolsa, diýseň daýawja eken. Belki, karate gatnaşýandyr... Hä, Dawut aga? —Heý, hiç ýerik çykman, öýde oturan gyzam karate gatnaşarmy?—diýip, gyzynyň ýene bu ýere getirilmegine ör-gökden gelen Dawut aga sülçi Soltanowyň pikirlerini bölüp, gözlerini tegeledi. —Goý, goý, men indi size jinnek ýalam ynanamok—diýip, sülçi Soltanow kelebiň ujuny ýitirenine gahary gelip, Dawut aganyň üstüne gygyrdy.—Sen gyzyňy-ha satýaň. Puljagazyny alaňsoňam, giýewiňi gyzyň bilen bileje bogup öldürýäň! —Bu zatlary sen maňa öň aýtdyň, menem saňa jogabyny beripdim—diýip, Dawut aga göwnüçökgün halda aýtdy-da, özüni krowatyna goýberdi. Şol wagt sülçi Soltanowa naçalnigiň ýanyna gaty tiz barmalydygyny habar berdiler. —Akylyňyza aýlanýançaňyz oturyberiň!—diýip, Dawut aga daga aýtdy-da, sülçi Garaş Soltanow çykyp gitdi. Naçalnik Sähet Penaýew ony agras garşylady: —Gidişiň gidiş boldy-la, Soltanow! Başga-da iş kän-ä! Sülçi Soltanow özüni oturgyja goýberdi. Çaga ýaly boýnuny burup gepledi: —Şü Dawudowanyň işini menden alsana, başlyk! Hol, ilerki dagy arkam bilen süýşürmeli bolsa süýşüreýin. Ýöne bu işi al menden. Men beýle uçsuz işe heniz duşup görmändim. —«Al» sözüňi goý!—diýip, Sähet Penaýew gaharlandy.—Senden alyp, men ony kime bereýin! Ýa jebir çekenleň hossarlarynyň ýokaryk arz edip, üstümize adam ibererine garaşýaňmy? Ýokarky instansiýalardan biri gelip, barlap ugrasa, biz hiç zat oňarmaýan bolup galmarysmy? Sülçi Soltanow bialaç halda ellerini serdi. Başyny ýaýkady: —Nä alaç etjegimi bilýän däldirin! —Be... seniň şeýdip, ýaýdanan halatyňy ilkinji gezek görýän—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanowyň ýanyna gelip oturdy. —Sen her näme-de bolsa, Dawudowaly işiňi basym suda geçir-de gutar. Başga uly iş bar. Bir uly işgäri öldüripdirler. —Dawudowanyň işini men neneň gutaraýyn? Men heniz onuň ujuny tapamog-a! —Be, nätdiň-aý, Soltanow! —diýip, Sähet Penaýew janynyň ýangynjyna ýerinden turup, iki ýana gezmeledi.—Uç tapman, şu çaka çenli sen näme işlediň onda? —Boş-a gezmedim—diýip, sülçi Soltanow uludan dem aldy.—Ýöne bitiren işimem ýok... Bu günem olaryň üçüsinem getirip gabadym... Bütin maşgalany... —Indi näme etsem diýýäň? Sülçi Soltanow bu sowala bir bada jogap berip bilmedi. Sebäbi indi näme etmelidigini onuň özem bilenokdy. Birhaýuk dymyp oturansoň, sülçi Garaş Soltanow ýene uludan dem aldy: —Näme etjegimi özümem bilemok... Ýa ol gyza özümem öýlenip görmelimi-nämemi... Kakas-a rugsadam berýä... Dogrusy, Garaş Soltanow bu sözleri agzynyň ugruna diýip goýberdi. Ýürekden diýmändi. Şeýle-de bolsa, başlygy onuň çynydyr öýtdi. Ör-gökden geldi: —Seniň aýalyň, çagalaryň bar ahyry, Garaş! Sülçi Soltanow ýene dymdy. Özem uzak dymdy. Çilim otlandy. Tä şol çilimini çekip bolýança, sesini çykarmady. Içinden pikir öwürdi. «Dogrudanam, oňa öýlenip göräýsem, nähili borka?» diýip oýlandy. Soňam içki pikirini daşyna çykardy: —Sähet Penaýewiç diýýän-ä, men ol gyza iň bolman, ýalandan bir öýlenmeli bormukam diýýän. Jenaýatkäri tutmak üçin ile göz eden bolmaly... —Şeýdeňde, tutaryn öýdýäňmi?—diýip, Sähet Penaýew sorady. —Aý, synanyşyp gördügimiz bor-da. Bolsa, bolany. Bolmasa-da, soňuny soň görübiýris. Sizem maňa kömek ediň, Sähet Penaýewiç. Toýuň çykdajysyny bölüm üstüne alsyn. Gorag üçinem öýüň daşynda durmaga bäş-on sany işgär beriň. —Çykdajyny öýlenjek adamyň özi çeksin! —diýip, Sähet Penaýewiç ýylgyrdy.—Gör-ä muny, hem toýuny tutmaly, hem daşyny goramaly. Gaýtam, gorag hakynam özüň töle! Sähet Penaýew ýylgyrsa-da, sülçi Soltanowyň ýadyna gülki düşenokdy. Ol diýseň gussalydy. Bu işi başyndan sowup bilse razydy. Ony boýun alanyna puşman edip, aňyrsyna çykyp bilmedi. —Jenaýatkäri tapmagyň hatyrasyna her zada baş urup görübermeli bor—diýip, sülçi Soltanow özbaşyna gepledi.—Bir zada göz ýetirmän, ýaş hem owadan gyzy gazamata iberip goýberip bolmaz-a. —Sen öýlenmek gürrüňiňi çynyň bilen aýdýaňmy?—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanowa ýüzlendi. —Siz maňa henizem ynanaňzokmy, Sähet Penaýewiç?—diýip, sülçi Soltanow geň galyp gepledi. —Işiň bähbidi üçin şeýtmek gerekmikä diýýän! Ýöne siz arkaýyn boluň. Men hamala ol gyza öýlenýän kişi bolan bolaryn. Hakykatda welin, men oňa öýlenmen! Ol meniň çagam ýaly ahyry!.. Ýöne hakykaty diňe ikimiz bileli. Galanlar bilmesin. Birem goh etmez ýaly, aýalyma aýdaýyn... —Eger sen şeýtmek netije berer öýtseň-ä...—Sähet Penaýew sözüniň soňuny aýtman dymdy.—Ikinji gezek öýlenýän diýip, ýokaryk ýazanlaram-a bolar! —Näme etseler, edibersinler—diýip, sülçi Soltanow elini silkdi. —Şu işden dynsam bolýa. Bizar boldum men mundan... Hemmelere aýdyň, Sähet Penaýewiç, «Aýaly bilen aýrylyşypdyr, öýlenýä» diýiň. «Goý, hemmeler eşitsin! Men ýaşula-da aýtjak. Goý, ähli goňşularyny-da çagyrsyn! Şonda hakyky jenaýatkärem eşider! —Bolýa-da—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanow bilen razylaşdy.—Ýöne toýy tizleşdireweri. Başga-da iş kän! —Ertiriň özünde başlarys!—diýip, sülçi Soltanow bir yş tapanyna begenip, süňňüeňillik bilen ýerinden galdy-da, çykyp gitdi. Sülçi Soltanowyň birden ökjesiniň ýeňläbermesi Sähet Penaýewiň göwnüne garalyk getirmänem durmady. «Şu deýýus ýalandan öýlenýän» diýip, çyna tutubermese-de biri» diýip, ol içini gepletdi. «Ýaşajyk gyz görse, bulardan herki zat çykar». Her zadam bolsa, häzirlikçe Sähet Penaýew özüniň bu pikirini sülçi Soltanowa aýtmagy makul görmedi. «Wagty gelende, görübiýris» diýip içini gepletdi. Uly başlygy bilen bolan gürrüňçiligi aýtmak üçin, sülçi Soltanow günälenýän maşgalany salyp goýan jaýyna bardy. Soltanowy görenden Jemile Dawudowa ýerinden galyp, delmuryjy gepledi: —Dogan jan, ejem kakama rehim ediň! Ýaşynyň soňunda bu garrylary beýdip saklamaň, öe goýberiň. Şulary goýberäýseňiz men size ähli hakykaty aýdaryn! «Bar zady aýdaryn» diýip aglasa-da, gyzyň özüne hiç bir zat aýtmajagyny sülçi Soltanow onuň gözlerinden duýup durdy. Gyzyň gözlerinde gorky bardy. Ol diňe garry ejesi bilen kakasynyň ahyr ýaşynda gazamatda oturanyna dözmän, sülçä ýalbarýardy. —Siz gaýdyberiň! Näzik daýza ýerindenem gymyldamady: —Men-ä gyzymy taşlap, ölsemem, gitjek däl... Ölsem şunuň ýanynda öljek. —Bir salym çyk—diýip, sülçi Soltanow Näzik daýza ýüzlendi. —Onsoň, ýa-ha gyzyň seň ýanyňa çykar, ýa-da sen bärik gelersiň. —Çynyňmy? —diýip, Näzik daýza ynamsyzlyk bilen sülçi Soltanowa ýüzlendi. Sülçi Soltanow işdenem ýadapdy. Geplemedenem. Şonuň üçin baş atyp oňdy. Garry är-aýal daşaryk çykansoň, özüni agaç krowata goýberip, sülçi Soltanow Jemilä ýüzlendi: —Hawa... Diňleýän. Aýdyber... Garaş Soltanowyň pikir edişi ýaly boldy. Jemile Dawudowa ýene oňa hiç zat aýtmady. Gaýtam ol aglap başlady. —Siz meniň şu ýaşymda ölüp gitmegime razymysyňyz?—diýip, gyz agysynyň arasynda sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Öldürilmegime razymysyňyz meniň? —Men hiç kimiň ölmeginede razy däl, jigim—diýip, sülçi Soltanow çyny bilen aýtdy.—Ol ýogalan ýigitler üçin kimdir biri jeza çekmel-ä... Onsoňam, men seni şaýat etmäýin... Ýigitleri kimiň öldürenini aýt... —Şaýat etmeseňizem, onuň özi bilýä... —Onda näme diýsene, jigi, seniň bilen beýdip, gepi uzaga çekip ýörjek däl... Bir şert bar, sen şoňa razy bolmaly —diýip, sülçi Soltanow gyza ýüzlendi. —Näme şert bolsa-da, men razy —diýip, gyz dessine jogap berdi. —Onda şeýle, Jemile...—Sülçi Soltanow bir bada pikirini nähili aýtjagyny bilmän dymdy. Soň dowam etdi.—Ikimiz toý tutmaly bolarys. Sülçi Soltanow «ýalandan» diýip, gyza hakykaty aýtmak isledi. Soň hem goýbolsun etdi. «Goý, hakykaty bu-da bilmesin» diýip, pikir etdi.—Işiň bähbidi üçin, ikimiz toý tutmaly... Eger sen hakykatdanam günäsiz bolsaň, günäsizligiňi biler ýaly... Jemile ýüzüni aşak saldy. Ýuwaş gepledi: —Meniň gaýdyp adama barma niýetim-ä ýokdy welin... Bu wagt men bialaç... Siz näme diýseňiz, şol bolar. Ýöne... näme... —Jemile diýjek sözüni diýip bilmän dymdy. Ahyry pyşyrdy bilen gepledi.—Siz ölümden gorkaňzokmy? Sülçi Soltanow onuň ýüzüne gazap bilen seretdi: —Sen meniň öljegimi nireden bilýäň? Jemile sesini çykarmady. —Başa näme gelse, görübermeli bor—diýip, sülçi Soltanow daşaryk ýönelip barşyna aýtdy.—Indi sen boş, ejeň dagy bilen öýüňe gaýdyber. Ejeň-kakaň daga meň aýdan zatlarymy özüň ýetirersiň. Goňşy-golamlaryňam çagyrsynlar... Hemmelere aýdyň... —Goňşy-golamlar nämä gerek...—diýip, Jemile nägile gepledi.—Uly toý hökman däl. —Hökman—diýip, sülçi Soltanow gaharlandy.—Hemmelere aýtmasaň, bize gerekli adamyň eşitmän galmagy mümkin... Jemile pyşyrdady: —Ol eşider-le... Hiç kime aýtmasaňam, ol eşider... Gyzyň sözlerine sülçi Soltanow yzyna nähili dolananynam bilmän galdy. Näme üçindir ýüregi jigläp gitdi. —Sen, gyz, bir zatlar-a bilýäň, ýöne aýdaňok—diýip, ol Jemiläniň alkymyna dykylyp gelip, gaharly gepledi.—Zyýany ýok, aýtma! Men entäk bar zady anyklaýyn, onsoň, meni şeýdip kösäniň üçin, seňňem almytjygyňy bererin... Şeý diýip, sülçi Soltanow çykyp gitdi. Jemile-de onuň yzy bilen çykdy. *** (Dowamy bar). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |