12:20 Şaýly gelin / hekaýa | |
ŞAÝLY GELIN
Hekaýalar
Çoz-ha-çozluk boldy. «Şu zady sen almaly» diýip, türkmene görkezäýmeli eken» diýip, bu alan-aldylyga agzyny açan Pendiguly töwereginde bolup geçýän hadysalaryň haýsy birine syn saljagyny bilmän, haýran galyp, içini gepledýärdi. Bolsa-da, çozuş edilip, eýelenilen meýdandan özüne-de ýer ýetenine begenip, iki bolup bilenokdy. Şäheriň içinde howluly, plan jaý salmak onuň nijeme ýyllar bäri höwes edip gelýän arzuwydy. «Bir ýanyň şäheriň belent-belent ymaratlary, bir ýanyň arassa howaly, ýalazy meýdan. Paýtagtyň şuň ýaljak ýerinden mellek ýeri edinäýmek bir wagtlar-a düýşe-de girýän zat däldi» diýip, Pendiguly begenip, pikir öwürmesini dowam etdi. «Bolsa-da, ahyr halkyň arkasyna ýel çaldy» Töwerekde mähelle ala-gohdy. Ýer däl, jan paýlanýan ýalydy. Aýallaryň çirkin-çirkin sesleri, erkek kişileriň agza almaz sögünçleri eşidilýärdi. Kim kimi döşünden itip kowýardy. Kimler eýýäm özüne düşen mellege gazyk kakýardy. Kim bir ýerden weýran bolan maşynyň demir gapyrjagyny getirip, mellek ýerinde goýup ýördi. Şäher häkimliginden gelen wekil gygyra-gygyra gyrlyp giden sesi bilen millete nämedir bir zat düşündirmäge synanyşýardy. Ýöne ony diňleýän jemende ýokdy. Üýn alşar ýaly däldi. Wekil elindäki bloknotdyr ruçkasyny galgadyp-galgadyp ýadady-da, mähelleden saýlanyp, asfalt ýola ugrady. Ýoluň gyrasynda duran süýt reňk «wolgasyna» özüni atyp, şäheriň jümmüşine öňatla goýberilen dek bolup, myçyp barýan maşynlaryň arasyna siňip gitdi. Gün batyp barýardy. Şeýle bolansoň, boş meýdany «zabt» edip alan mähelle-de öýüne dolandy. Il hatarynda Pendiguly hem öz ýerine kesek üýşürip, bellik etdi-de, öýlerine gaýtdy. Özüniňem mellek ýer alandygyny aýdyp, garry ejesini, aýalyny begendirdi. —Senden dagy tama-da edemzokdyk ýer alyp bilersiň öýdüp. Bolýa-la, senem il deňinde hakyňy alan bolsaň—diýip, aýaly Döndi oňa igesini sürtüp goýberdi.—Iş bitiripsiň. —Indi bulara toý tutamyzda-da, giň howlymyz bolar—diýip, Pendiguly begenjini saklap bilmän, ýaňy aýak biten ogullaryny gezekli-gezegine gujagyna alyp, ýokaryk galdyrdy. —Hawa, Hudaý jan şol günlere aman ýetirsin—diýip, ejesi Tuwak eje-de oglunyň hoş niýetini goldady.—Sygyrhana meňzäp duran şu irimýankada ömrümizi kül etdik. Şeý diýip, ol wagtlaýyn ýaşamak üçin salnan hütdügine nazar aýlap goýberdi. Ertesi güni Pendiguly ir oýandy. Ol ýol ugruna «basyp alan» mellek ýerini bir nazaryndan aýlap gaýtdy-da, işine gitdi. Başlygyna ýer alandygyny, şoňa bir bellijek etmeli boljagyny aýdyp, rugsat aldy. Dessine-de öýüne gelip, jaý nobaty ýetýänçä, ýaşamak üçin salan wagtlaýyn hütdüginden artan köne kerpiçlerini täze alan mellegine äkitmegi niýet edindi. Ýer boş durmaz ýaly, bir hütdüjek salmak gerekdi. Hemmelerem şeýdýärdi. Eger ýer boş dursa, ýerli häkimiýetiň işgärleri ony elinden derrewjik alaýjakdylar. Pendiguly ýoldan uly maşyn tapdy. Ony öýüne getirip, barja kerpiçlerini ýükledi. Soňam şofýora mellek ýerini salgy berip, özem kabina sümdi. Ol bu işlerini bitirip, mellek ýerine barýança, ep-eslije wagt geçipdi. Gün günorta golaýlapdy. Kimler eýýäm çete çykyp, elten termoslaryndan çaý içişip otyrdylar. Pendigulynyň iki gözi öz mellek ýerindedi. Göwnüne bolmasa, kimdir biriniň köne kerpijinden salyp ugran kiçijik hütdüjegi Pendigulynyň melleginiň aýak ujuna düşýän ýalydy. «Be, men darygaýýamykam ýa-da işe diýip gidemde, kimdir biri eýesizdir öýdüp geläýdimikä meň mellegime» diýip, Pendiguly içini gepletdi. Ol ýere howlugyp, boýnuny süýndürip-süýndürip seretdi. Oturan ýerinde öňe omzady. Göwnüne maşynam badyny haýalladýan ýalydy. Maşyny melleginiň gyrasyna eltdi-de, şofýora: —Agdar şu ýere!—diýip, buýruk berdi. Özem şofýoryň hakyny töläp, kabinadan böküp düşdi. Melleginiň aýak ujuna seretdi. Dogrudanam, kimdir biri ol ýerden hajathana ýaly kiçijik jaýjagaz dikläp durdy. «Kerpiçleri bir dökdüreýin, onsoň gepleşerin-dä!» diýip, Pendiguly içinden pikir öwürdi. Şofýor maşynyny agdaryp, şagyrdadyp, Pendigulynyň kerpiçlerini dökdi-de, soňam öz ýoluna gitdi. Pendiguly mellegine şärik bolan ýat ýigitbilen gepleşmäge ugrap ýetişmedi. Onuň ýanyna epeý-epeý basyp, Mämmet gep geldi. Obalarynda bir gepläp başlasa, gepini gutarmaýan Mämmet diýen adama il arasynda şeý diýerdiler. Şeý diýilmezçe-de däldi. Onuň burnuny sokmaýan ýeri ýokdy. Mydama-da iliň tersinedir. Özüniňkini makul etjek bolup, garşydaşyny essinden gider ýaly ederdi. Iliň toýy bilenem işi bardy, ýasy bilenem. Öýi bilenem işi bardy, goşy bilenem. Sokulmaýan meselesi ýokdy. —Er-ow, sen näme bu ýere daş dökdürip dursuň?!—diýip, Mämmet gep gele-gelmäne elini kelemenledip, Pendigula gygyrdy. Bu ýerini meň doganoglanym ald-a! Öz bellänje ýerine başga-da şärigiň baryny eşidende, Pendigulynyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Derrew ejesi, çagalary, aýaly ýadyna düşdi. «Birden muny elimden gidersem, olar maňa näme diýerkäler?» diýip, gynanç bilen pikir öwürdi. —O nähili seň doganoglanyň alýamyş? Düýn çoz-ha-çozlukda özüm belläp gitdim-ä bu ýerimi!—diýip, Pendiguly eýýäm ýanyna gelen Mämmet gepe gaharlanyp jogap gaýtardy.—Nirä sokulsaňam, meň mellegime bir sokulma, Mämmet aga! Häli, ýolda gelýärkäm, görüp, janym ýanyp-ýanyp gelýärdi ol oglana! —Mellek başy ol tarapdan bellendi—diýip, Mämmet gep dili-diline çolaşyp, çalt gepledi.—Biz-ä çoz-ha-çozlukda seni görmedik. Bu ýerini meň doganoglanym Oraz belledi. Pendigulynyň gany depesine urdy. Nije ýyl bäri jaý nobatyna garaşa-garaşa, jaý hem alyp bilmänsoň, ölümiň öýünde ýeten mellek ýerine dawa edilmesi onuň janyny ýakdy. —Orazyňam bilmen, beýlekiňem, Mämmet aga! Orazyňam al-da, ugra mellegimden! Ýogsa gaty görme! Eddil ýarty kerpiç bilen maňlaýyňa ýelmärin! —Elmeseňem şu ýer Orazyňky, ýelmemeseňem!—diýip, Mämmet gep bazzyk-buzzuk etdi.—Elmäsiň gelse-de, ýelmäp gör, milise ýygnamaýamy seni! —Milisäniň atasam bile ýygnaýsyn!—diýip, Pendiguly barha gaharlandy. Hatda eline ýarty kerpijem aldy.—Ugra şu ýerden Orazyňam al-da! Pendigulynyň gyzaran gözleri, saňňyldap durşy Mämmet gepi çekindirmän durmady. —Haý-haý, inim, kerpijiňi goýaweri!—diýip, elini daldalatdy.—Uruş gerek däl, uruş gerek däl! Hana, men-ä ýedi ogluma-da mellek aldym. Seň ýeriň gerek däl. Oraz bilenem özüň düşüniş!—Şeý diýip, Mämmet gep Pendigulynyň aýak ujundan hütdük salyp ýörene elini salgatdy.—Gel-ow bärik! Hütdük salyp ýören mytdyldap, bärligine gaýtdy. —Ine, bi ýigit bu ýer meňki diýip dur-a!—diýip, Mämmet gep Oraz diýilýäne gep düşündirdi.—Saňa aýryl diýýä! Oraz diýilýän gözlerini tegeläp, kürtdürdi: —O nähili? Bu ýer-ä meňki! —Seňki bolubilşinden bolsun şol!—diýip, Pendiguly gaharly herreldi.—Düýn-ä görneňokdyň bu ýerde! O nähili bu gün seňki bolaýýamyş ol! —Boldum-ow düýn men, boldum. O tarapda gün batýança, oturyp gitdim. Gaýtam-a sen ýokduň, sen! Hana, Mämmet kakamdan soraý! —Hiç kimdenem sorajak däl!—diýip, Pendiguly şol bir gahary bilen gepledi.—Er gutarmanka, git-de, özüňe paý al! Men ölüşmelem bolsa, bu ýeri saňa bermerin, arkaýyn bolaý! —Ölşüp durmarys-ow oň üçin, inim! Gel hany, düşünişeli!—diýip, Oraz kesme-kesme köýneginiň jübüsinden goşa çilim çykardy. Onuň birini Pendigula uzatdy. —Çilim çekemok men!—diýip, Pendiguly çilimden ýüz öwürdi. —Јber, maňa ber!—diýip, oňa uzadylan çilimi Mämmet gep kakyp aldy.—Men çekýän. —Inim, diňle meni!—diýip, Oraz çilimini elinde oýnap, Pendigula ýalbardy.—Dawa etmäli. Tüweleme, ýer kän. Hökümetem berip dur. Sen git-de, alaý özüňe. Men, ine, Mämmet kakamlar bilen bileje goňşy bolup durun. Bu ýerde seniň kimiň bar, aýak diräp durar ýaly? —Mämmet kakaňdan aňyrrakda bolsaň, gadyrlyrak bolarsyňyz—diýip, Pendiguly gep diňlemedi.—Edil ataň bilen goňşy bolsaňam, berlenok şu ýer saňa! —Jan inim, birtopar çaga bilen on ýyl bäri dördünji etažda boglup, bizar bolduk. Ölümiň öýünde ýere ýetdik. Beýdip, alanja ýerimi burnumdan getirmesene—diýip, Oraz Pendigula ýene ýalbardy.—Şu ýerden jaý saldygymam, ol etažy göni hökümete tabşyrjak! —Tabşyrsaň, tabşyr, tabşyrmasaňam, halanyňy et!—diýip, Pendiguly şol bir kesirligini dowam etdi.—O zatlaň bilen işim ýok. Sen-ä on ýyl bäri dördünji etažda ýaşapsyň. Biz-ä şolam ýetdirmedi. Bizd-ä hiç hili jaýam ýok. Sygyr döle ýaly zatda otyrys! Hany, göteril indem, gepiňi köpeltme-de! Ýogsa kerpiç bilen maňlaýyňy ýararyn! Birden Orazam gaharlanyp başlady. —Görübiýris ýaryşyňy maňlaýymy! Eliňden gelenini et. Şu ýerden men-ä gitmen! Jaýymam saljak. Senem salyber bärden jaýyňy. Hökümet ahyr birimiz-ä alyp berer! —Sal hany jaýyňy, gözüň nämejik göräerkä!—diýip, Pendiguly-da dyzady. Soňam kerpiç bilen urmak üçin öňe ädim ätdi. Mämmet gep ony zordan saklady. Orazam kömege geldi. Iki bolup, elindäki kerpijini taşlatdylar. —Oraz, sen aýryl entäk, men muňa bir zat aýdaýyn—diýip, Mämmet gep Oraza töwella etdi. Oraz bir çete çekilensoň, Pendigulynyň goltugyndan tutup, biraz ters ugra ýöredi. Oraz eşidäýmesin diýýän ýaly, Oraza tarap gözüniň gytagyny aýlap goýberensoň, pyşyrdap Pendigula ýüzlendi: —Näme diýsene, inim, Pendiguly, men seni gowy göremsoň, bir zat aýdaýyn. Garyndaşrak oglan ýakynragymyzda ýaşaýsyn diýip, bu habary Orazdan gizläp durun häzir.—Şeý diýip, Mämmet gep hatar-hatar bolup gögeren hyşalaryň arasynda haýsy ýyllardan galanlygy näbelli bolan ýykylan haýata tarap göz ümledi.—Hana, hol haýaty görýäňmi? —Seň görüp duran zadyň maňa görünmez öýdýäňmi?—diýip, Pendiguly Mämmet gepiň bu sowalyna kesir jogap gaýtardy. Mämmet gep ýene pyşyrdady: —Görýän bolsaň, ana, şol haýatyň düýbüne meniň ejem pahyry düşüren suwlaryny, onuň ýorgan-düşegidir geýim-gejimini gömüpdirler. —Näme diýsene, Mämmet aga!—diýip, Pendiguly Mämmet gepiň pyşyrdysyna zoňtar sesi bilen jogap berdi.—Şo haýatyň düýbüne eddil ejeň pahyryň özi gömlenem bolsa, seň doganoglanyňa şu mellek ýok! Pendigulynyň sözlerine Mämmet gepiň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Ol ýigidiň goltugyndan elini aýryp, Oraza tarap ýöneldi. Gidip barşyna-da Pendigula jogap berdi.—Öliniň ýuwusgasy gömlen ýerde al-arwahlar gezermişler diýýäler. Biziňk-ä bir aýtmak. Soňky gün puşman-a edersiň! Gözmonjugy ýaly çagajyklaň bilen ýaşarsyň özünem... Birine zeper ýetirdip ýörme! —Siz näme, bu ýeri alsaňyz, ýeke ýaşamakçymydyňyz?—diýip, Pendiguly Mämmet gepiň hilesine ynanmandygyny mälim etdi.—Ol geljek al-arwah meň çagama zyýan edip, siziňkini aman goýarmyka? —Her öliniň ruhy öz garyndaşyny bela-beterden gorarmyş—diýip, Mämmet gep Pendigula tarap alarylyp bakdy-da, ýan bermedi.—Biz-ä ejem pahyryň ruhy gorar. Sen näme edersiň?! Pendiguly ýylgyrdy: —Aý, menem, «Jan, Abat eje, Mämmet agaň goňşusy bolanym üçin, menem goraweri!» diýip ýalbararyn seň ejeň ruhuna, Mämmet aga! Meni alada etmegin. Arkaýyn bolaý sen! Mämmet gep gaharlanyp, ýene atyldy: —Şujagaz dili bilen şu mellegi alybilşinde alsyn şujagaz! Hany, ýör, Oraz! Gideli. Kimiň kimdigini göreris! —Göräý şony!—diýip, Pendiguly olaryň yzyndan gygyryp galdy. Olar gitdi. Pendiguly uly ýoluň beýlesinden akyp ýatan zeýkeşden suw daşap, haýdap palçyk etdi. Soňam ölçemän-zat etmän, kerpiçleri hatarlap, hütdüjek salmaga başlady. Oraz hem öz hütdüginiň ýanyna baryp, işini dowam etdi. Töwerekde hemmeler gaýda-gaýmalaşykdy. Hyşadyr ot-çöp basan, giden meýdanyň içinde kiçijik-kiçijik jaýjagazlar peýda bolup ugrady... Oraz hütdügini Pendiguludan öň bitirdi. Üstünem tagta goýup basyrdy. Pendiguly gündizlerine işe-de gidip gelýärdi. Şonuň üçin ol özüniň salýan kiçijik hütdüjegini bitirmek üçin on güne golaý güýmendi. Näme üçindir, Mämmet gepem, onuň ogullaram alan melleklerinde hiç zat salyberenokdy. Diňe birki sany köne demri atyşdyryp, şol, Pendiguly bilen sögüşilen gün gidişleridi. Şondan bäri bu melleklerde hiç kim gara berenokdy. Orazyň hütdügini özünden öň bitiren bolmasyna Pendigulynyň gahary geldi. Ol bir gün agşam, garaňky mazaly düşüp, aýak ýygnanansoň, geldi-de, bir banka benzin döküp, Orazyň hütdügini otlap goýberdi. Şeýdibem, öýüne gitdi. Birki gün dawa bolaryndan çekinip, mellegine barmady. Ýöne sorag-ideg edip, yzyndan hiç kim gelmänsoň, üçülenji gün diýlende, melleginden habar tutdy. Orazyň hütdügini görüp, hezil etdi. Hütdügiň üstündäki tagtadyr şiferlerden-ä derek ýokdy. Diňe kerpiçleri galypdy. Kerpiçlerem hüýt garady. «Ot mazalyja tutaşypdyr» diýip, Pendiguly içini gepletdi. Gaýdyp ol mellekde Oraz görünmedi. Bäş gün geçse-de, gelmedi, on gün geçse-de. «Bolmajagyny bildi öýdýän» diýip oýlanan Pendiguly indi Oraz tarapdan arkaýynlandy. Şundan soň ol mellegine höwesli ýapyşdy. Mellek ýerde düýp tutup giden hyşalary, ýylgynlary goparyşdyrdy. Ep-esli arany çöp-çalamdan arassalap, jaý orun taýýarlady. Bir günem sement alyp, jaýynyň düýbüni tutdy. Soňra täze kerpiç alyp düşürtdi. Gündizine töwerekde adam köpdi. Gijeler kerpiçleriň ogurlanmagy mümkindi. Şonuň üçin Pendiguly gijesine özüniň kerpiçleriniň ýanynda bolmasa bolmajakdygyny duýdy. «Bi zamanda ynsapsyz azmy näme? Alasy gelen alar gidibir» diýip, ol içini gepletdi. Ine, şeýdip, ol bir köne keçesi bilen ýorgan-düşegini süýräp, hütdügine göçüp geldi. Sentýabr aýaklap ýörensoň, gijelerine güýzüň çigregi mazaly bildirýärdi. Çyglyja howa iniňi dygladýardy. Pendiguly el çyrasynam getirip, ýagty edindi. Gijäniň köpüsini kitap okap geçirýärdi. Her kim çozuş bilen girensoň, töwerekdäkileriň kimdigini tanar ýaly däldi. Pendigulynyň töweregine Mämmet gep bolaýmasa, onuň tanaýan adamlaryndan jemende düşmändi. Bir topar ýatdy. Tanyş goňşy-golamlar Pendiguludan has çetlere düşüp gidipdir. Gurplurak maşgalalardan eýýäm alan ýerlerinde täze jaýyň boýuny ýeteňkirlänlerem, ýarysyny örenlerem köpdi. Ýöne näme üçindir, Mämmet gepdir onuň ýegeni Orazdan welin, gördüm-bildim ýokdy. Töwerekden heniz elektrik liniýasy geçmänsoň, gijesine töweregi eýmenç garaňkylyk gaplap alýardy. Oba-gara, oglan-uşak bolmansoň, dym-dyrslyk ýüregi gysdyrýardy. «Urşulsa-da, sögüşilse-de, töwerekde adamlar bir bolawersin!» diýip, Pendiguly içini hümledip geçýärdi. «Adamsyz oba misli gabyrystanlyk ýaly!». Gijeler yzly-yzyna geçip durdy. Bir gije ol kitaby kellesiniň aşagynda goýup uklap galyşyna, tünüň ýarynda oýandy. Daşaryk çykmak isledi. Gözlerini owkalap, özüni dürsedi. Soň ýerinden galyp, köwşüni geýdi-de, daşaryk ýöneldi. Bosagadan daşaryk ätlänem şoldy welin, töwerege nazar aýlan halaty, ol özünden at gaýtarymlykda garalyp duran göwräni gördi. Töwerek tüm garaňky bolansoň, ol sadylla bolup duranyň kimdigini saýgaryp bilmejekdigini duýdy. «Kerpijimi ogurlamaga gelenleň birimikä?» diýip içini gepletdi. «Ýa Oraz öz kümesi otlanansoň, meniň hütdügimi otlamaga geldimikä?» Gara göwre gymyldanokdy. Onuň gymyldamaýanlygy Pendigulynyň inini düýrükdirdi. Ýüregi jigläp gitdi. Şeýle-de bolsa, özüniň gorkanyny duýdurmajak bolup, ardynjyran boldy. Soňam: —Kim sen? Meniň ýanyma gelen bolsaň-a, geliber!—diýip gygyrdy. Gara göwre oňa jogap bermedi. «Ýanyma el çyra zadam alaýmandyryn» diýip içini gepleden Pendiguly atylyp içerik girdi-de, el çyrasyny alyp çykdy. Jübüsinden otluçöp alyp, çyrasyny ýakdy. Çyrany gara göwrä tarap tutdy. Gara göwre el çyranyň ýagtysy düşerden has uzakdady. Ol çyra ýakylansoň, duran ýerinden gozgandy. Eýläk-beýläk ýöredi. Şol wagt Pendigulynyň gulagyna «şyňňyrt-şyňňyrt» edip, aýal saçbagynyň ujuna dakylýan düwmeleriň sesine meňzeş ses eşidilip gitdi. Çaprazçaňňalar şaňňyrdady. Şyňňyrt-şyňňyrt. Şyňňyrt-şyňňyrt... Gara göwrä seredip durşuna Pendigulynyň kellesinde «Aýal öýdýän» diýen pikir ýyldyrym çaltlygynda at saldy. Mämmet gepiňem: «Meniň ejemiň zatlary gömüldi. Bu ýerlere şaýly gelin aýlanýarmyş» diýen sözlerem Pendigulynyň ýadyna düşdi. Bu sözleri ýatlanda, onuň depesinden bir bedre sowuk suw guýlan dek, ini jümşüldäp gitdi. Üşütme tutýan dek gagşady. Gara zat birdenem jynssyz, inçe aýal sesi bilen hikirdäp güldi: —Hi-hi-hi... Gülüp bolansoň, eýläk-beýläk ýöredi. Ol ýörände, ýene düwmeler şyňňyrdap, birgeňsi ses etdi. Şyňňyrt-şyňňyrt. Şyňňyrt-şyňňyrt... Pendiguly tas wäläp, yzyna gaçypdy. Hamala ol gara zat depesinden basyp gelýän dek, iki eli bilen kellesini tutup, barha aşak ýapyryldy. Ýaşlykda garrylardan: «Jynlardan gaçsaň, olar beter erjeşýärmişler» diýip eşiden gürrüňleri ony gaçmakdan saklady. Ol «Doga okalsa-da, keleme çöwrülse-de, jynlar, al-arwahlar gözden ýitermiş» diýibem eşiderdi. Şu pursat onuň näler doga-da okasy geldi. Ýöne doga küje, zat küje! Soňky nesil üçin doga-tumar diýlen zat bütinleý ýat bolup gitdi ahyry! Ol «Keleme çöwürmeli» diýen sözi eşitse-de, kelemäniň nädip çöwrülýäninem bilenokdy. Şu pursat onuň ýadyna uniwersitetde «Ylmy ateizm» sapagyndan: «Hudaý-da ýok, al-arwahlaram» diýip, bäşlik alşam düşdi. Şu zatlary ýatlap, ol: «Eý, Alla jan, özüň kömek edeweri! Günä iş eden bolsam, öt günämi!» diýip, gudraty güýçlüden dalda isläp samrady. «Seni ret edenimiz üçin biz günäkär däl. Bize şeýdip öwretdiler. Biz ol wagt gögele, oglan bolupdyrys!». Pendiguly her zatlar samrap, emedekläp diýen ýaly özüni hütdügine atdy. Gapyny-da içinden berkider ýaly däldigine ol şu wagt göz ýetirdi. Nätjegini bilmedi. Çykyp gaçmaga-da gaýrat gerekdi. Daş-töweregi durşuna hyşadyr ýylgyn bolup ýatan täze mellekleriň her ýerinde-her ýerinde gurlan hütdükleriň haýsysynda adam baryny bilip boljak däldi. Pendiguly gorkdy. Diýseň gorkdy. Ol ömründe hiç wagt şeýle gorkup görmändi. Hatda gorkusyndan telim gezek kükreginden aga meňzeş hykyrdam çykardy. «Eje-e» diýip, ýuwaşja ejizledi. «Näme üçin gije galdymkam, näme üçin?!» diýip, maňlaýyna ýumruklady. «Ogurlanyplar geçse bolmaýamy şol kerpiçler?!» Indi daň atýança, nä alaç etjegini bilmedi. Ep-esli saňňyldap oturansoň, ol penjiresine aýna ýerine wagtlaýyn goýan faner tagtajygyny bir çete çalaja süýşürdi. Gara zadyň duran ýerine seretdi. Gara göwre onuň jyklaýanyny duýdy. Oňa el salgap: «Gel!» diýen yşaraty etmäge durdy. Pendiguly özüni der basdyryp, ýyldyrym çaltlygynda aşak oturdy. Tagtajygy bat bilen öňki ýerine süýşürdi. Özem öňküdenem beter gorkup ugrady. «Eý, Hudaý jan, sag-aman çagalarymyň arasyna bir gowşuraweri» diýip, ýene Bibibara ýalbarmaga oturdy. Şol wagt daşardan aýal maşgalanyň içiňden geçip barýan çirkin sesi eşidildi: —Gyw! Geläý bärik! Gyw! Geläý bärik! Bu sesiň özüni çagyrýanyny Pendiguly duýdy. «Waý, ejem jan-eý!» diýip, pyşyrdy bilen gepläp aglamjyrady. Ol ömründe ilkinji gezek jyna sataşyp görýärdi. «Ýa-da bu görünýän zat ruhmuka? Abat daýzanyň ruhumyka? Eý, Alla jan! Ölüler düýşüňde çagyranda gowulyk bolmaýarmyş. Bu meni dirilikde çagyryp dur welin, ýa alyp gitjek bolýarmyka? Waý, eje jan! Senden aýrylyp gitmeli müddet geläýdimikä, ýa, jan ejem! Hudaý jan, bi ýaş başda bir çagajyklarymdan aýyrma! Oraz görgüliniň guranja hütdügini otlap, küpür iş etdim, hata etdim. Toba edýän, eden günämi geç. Ertiriň özünde onuň hütdügini özüm dikeldip bereýin. Mellegimem bereýin, jan Allam. Şol zat meni alyp gitmese razy!» diýip, Pendiguly samramak samraýardy. Birden gara zadyň duran tarapy ýagtylyp giden ýaly boldy. Ýagtylyk wagty bilen aýrylmady. Pendiguly ýene ölsem-öleýine salyp, penjiredäki tagtany çala süýşürip, daşaryk jyklady. Gara zadyň duran ýerinde lowlap ot ýanyp durdy. Lowlap, bir petde ýandak ýanýardy. Garalyp duranam, gara zat däldi-de, hakyt, gyzyl kürteli gelindi. Gelniň kürtesi, çabydy oduň ýagtysyna gyp-gyzyl bolup görnüp durdy. Gelin oda elini çoýýardy. Özem birsyhly ýylgyryp, Pendigulynyň hütdügine tarap seredýärdi. Diýseň owadandy. Gap-gara gaşlar, owadan ala gözler oduň ýagtysyna mese-mälim görünýärdi. Ol ýene Pendigulynyň seredýänini duýdy-da, oňa tarap el bulaýlady. Özem: —Gyw! Geläý! Gyw! Geläý!—diýip gygyrdy. Pendiguly ýene penjiräni takyrdadyp ýapdy-da, aşak oturdy. «Öldürse-de, gideýin mundan» diýip pikir öwürdi. Sebäbi beýle ýagdaýda daň atýança oturyp biljek däldi. Ol ýuwaşja üfläp, çyrany öçürdi. Soňam emaý bilen gapa bardy. Ýüregi dük-dük edip, kükregini ýaryp çykaýjak bolýardy. Ol şeýdip, esli salym durdy-da, birdenem bat bilen atylyp, daşaryk çykdy. Oduň başyndaky gelne tarap nazaram aýlamady. Sapandan sypan dek bolup, göni uly ýola tarap tutdurdy. Şeýle bir ylgady, şeýle bir ylgady. Demi demine ýetmejek bolýardy. Ýüregi dükürdäp, agzyndan çykyp barýardy. Gorkudan hem tolgunmadan kellesiniň damarlary lors-lors edýärdi. Ol ýaryşa goýberilen bolsa, özüniň şeýle batly ylgap bilmejekdigini bilýärdi. Şeýle bir ylgaýardy, hatda maşynla-da ýetdirer ýaly däldi. Asuda gijede diňe «pat-pat, pat-pat» edip, onuň aýak sesi eşidilýärdi. Birdenem ol gulagyna barha ýakynlap gelýän tanyş şaňňyrdyny-da eşitdi. Şol pursat ýüregi aşak gaçan ýaly boldy. Şaňňyrdy onuň yzyndan ýetipjik gelýärdi: —Şyňňyr-şyňňyr... Şyňňyr-şyňňyr... Bu ses has ýakynjakdan eşidilensoň, Pendiguly nädip yzyna seredeninem duýman galdy. Seretse-de, seretdi welin, zähresem ýaryldy. Başy kürteli, egni çabytly şaýly gelin Pendigulynyň yzyndan ylgap gelýärdi. Özem arany barha ýygyrýardy. Ökjesini basy-ypjyk gelýärdi. Çabytdaky çaprazçaňňalaryň sesi şaňňyrdap ses edýärdi. Pendiguly: —Waý, eje!—diýip, nähili gygyryp goýbereninem duýmady. Pendiguly gygyransoň, şaýly gelin aýal sesi bilen hikirdäp, gülüp başlady. Ol: —Hi-hi... Hi-hi...—edip, içi-içine sygman gülýärdi. Arasynda-da:—Gyw! Gyw!—edip gygyrýardy. Şaýly elin ahyry Pendigulynyň yzyndan ýetdi. Gelniň öz ýagyrnysyna uran agyr penjesine Pendiguly tüwdürilip gitdi. Agzy ýer garbady. Şaýly gelniň erkek kişiniňki kimin tüýleri endamyňa mese-mälim bildirýän, tüýlek elleri öz goşarlaryndan towlap tutanda, Pendiguly gorkudan özüni ýitirdi... Ol gözüni açanda, öýünde ýatyrdy. Daşynda aýaly bilen ejesi aglap otyrdy. Ak halatly doktor ýigit goşaryndan tutup, damarlarynyň urşuny barlaýardy. Öýüň içinde goňşy-golamdan gelen birküç sany aýal-ebtat-da bardy. Ýöne ysgynsyz Pendiguly birbada olaryň kimdigini saýgaryp bilmedi. Gurap barýan dodaklaryny ýalap goýberende, Pendiguly agzynyň daşynyň uçukdan dolanyny duýdy. Agşamky ahwalat ýadynda düşende, hopugyp gitdi. Ondan diri sypanyna ýüzde-müň şükür etdi. Bolsa-da, gündiziň ýagtysy onuň kalbyna teselli berdi. —Eje!—diýip, ol mejalsyz seslendi. Tuwak eje sesini endiredip, aglamjyrady. Oglunyň saçlaryny sypalady: —Näme, jan oglum! Ýalňyz balam! Näme boldy saňa?! Zährämiz-ä ýardyň. —Men nirede, eje?—diýip, öz öýündeligini görüp dursa-da, «Bu zatlar hem gözüme görünýän bolaýmasyn» diýip içinden pikir öwren Pendiguly sorady. Aýaly Döndi adamsynyň halyna gynanyp, sessiz aglaýardy. Tuwak eje ýene oglunyň başyny sypalap jogap gaýtardy: —Öz öýüňde sen, balam. Meň ýanymda! Pendiguly eline ejesiniň elini alyp sypalady. Soň ony ýüreginiň üstünde goýdy: —Ýüregim agyrýa... —Wah, jan balam—diýip, Tuwak eje agzyndan ýalyn çabratdy.—Saňa sataşan bela maňa sataşsa bolmaýamy! —Sen gaty gorkupsyň, agam—diýip, doktor ýigit Pendigula ýüzlendi.—Keselhana äkideli. Biz seni irden äkitjekdik, ejeň bermän otyr... Pendiguly doktora jogap bermedi. Mejalsyz gepläp, ýene ejesine ýüzlendi. Ol bolan waka sebäpli şeýle bir tolgunypdy welin, henizem köşeşip bilenokdy. Içerde adam-gara bar diýmän, basymrak ejesine ýüregini dökesi gelýärdi: —Eje, maňa mellek gerek däl. Bar, git-de, häziriň özünde Mämmet gepe aýt, satyp beräýsin. Onuň bir ýegeniniň mellek alasy gelýärdi. Şoňa beräýsin. On ikinji etažda ýaşamaly bolsam-da, maňa mellek gerek däl! Tuwak eje ot-elek boldy: —Men aýtdym-a, bela şol mellekden gelendir diýip! Aýtdym-a!—Şeý diýip jibrindi-de, Tuwak eje Pendigula ýüzlendi.—Aýt, balam, bolan zady! Seni adamlar köçeden tapyp getirdiler. Özüňem bileňokdyň.—Tuwak eje aglamjyrady.—Öläýdiňmikäň öýdüp, zähräm ýaryldy. Hernä, Hudaýa şükür, diri ekeniň, balam! Aýallar Tuwak ejä: —Aglama-da, aglama!—diýşip, nesihat etdiler. —Neneň aglamaýyn! Ýekejäm-dä!—diýip, Tuwak eje gözýaşlaryny süpürdi. —Meni şaýly gelin kowalady, eje! Pendigulynyň bu sözleri öe bomba düşen ýaly etdi. Aýallar gözlerini tegeleşip, ýakalaryny tutdular. Öwran-öwran içlerine tüýkürdiler. Ýylan gören dek, içlerini çekdiler. Oglunyň sözleri Tuwak ejäniňem gözlerini giňeltdi: —Şaýly gelin?—diýip, ol oglundan ikilenç sorady.—Wah, gidibem göräýmedim-dä. Seň mellegiň hol, gamyşlygyň içindäki köne harabaň ýanyndan-a däldir-dä, balam?! —Şol ýerde—diýip, Pendiguly gözlerini süzüp ýatyşyna mejalsyz gepledi.—Başynda kürtesi bar, egninde-de çabydy... Tüýlek elleri bar... Çabydynda şeýle bir şaý köp... —Hih-de-hih!—bolşup, aýallar ýene içlerini çekdiler. Soňam jammyldaşyp, biri-birine gezek bermän, şol haýatyň düýbünde Mämmet gepiň ejesi pahyryň ýuwlan suwunyň, eşikdir düşekleriniň gömlendigi hakdaky gürrüňe gyzdylar. Öňem birnäçe adamyň ol ýerde şaýly gelin görendigini makulladylar. —Mämmet gepe-de ol ýerden mellek berenmişler, ýedi ogluna-da. Ýedisinem satypdyr diýýärler—diýip, aýallaryň biri aýtdy.—Belki, olam bir zada sataşandyr. —Aý, ol mellek satyp, pul edinýärmiş diýibem gürrüň edýäler—diýip, aýallaryň beýlekisi ynamsyz gepledi.—Mämmet gepiň nebsi otugypdyr bu günler. Öňem birnäçe ýerden mellek alyp, näçe müňe satanmyş. Mellek paýlaýanlaň içinde tanşy barmyş. Hemmeleriň gepi şaýly gelin hakda bolsa-da, ol gürrüňe doktor ýigit ynanmady. Gaýtam, gep-gürrüňlere gülüp-gülüp keýpden çykdy. —Şu zamanda-da bir şaýly gelin bolarmy! Gorkaňsoň, gözüňe görnen bolaýmasyn?!—diýip, ol Pendigula ýüzlendi.—Belki, bir yraň atyp duran gamşy görüp, şondan gorkansyň! —Meň öýümde bir küpür gepleme!—diýip, Pendiguly doktora igendi. Ömründe dine ynanmadyk Pendiguly ýekeje gijede dindara öwrüldi oturyberdi.—Gamyşmy-dälmi, ony özüm gowy bilýän. Ol meni kowalap-kowalap, ahyr tutup, ýere ýazd-a! —Eý, Alla jan, Hudaý ýoluna bir janly!—diýip, Tuwak eje pyşyrdady.—Näme-de bolsa, oglumyň demine degilmändir. Pendiguly keselhanada ýatyp çykdy. Molla gidip gorky damaryny tutdurdy. Ahyry özüni tutdy. Öňki kaddyna geldi. Mämmet gepe mellegini satyp bermegini haýyş edip, ejesinden hat iberdi. Özi bolsa gaýdyp ol mellege tarap ýüzünem öwürmedi. Nobaty boýunça jaý alyp, mikroraýona göçdi. Ol wakadan soň günler ötüp, aý geçdi. Ýyl dolandy. Bir gün ol duralgada awtobusa garaşyp durdy. Awtobus geler ýerde geliberenokdy. Duralga adamlardan doldy gitdi. Her kim bir zadyň gybatyna gyzypdy. Çeträkde duran dört sany ýaş ýigit wahahaýlaşyp, biri-birinden gaty gürläp, herki zadyň gürrüňini edip çykdylar. Ahyry olaryň biri: —Eý, Sapby! Hany, Oraz kakaň şaýly gelin bolup, mellek alşyny gürrüň bersene! Men aýdýan welin, bular ynananok-laý!—diýdi. Şeý diýip, ol dostlaryna tarap elini salgap goýberdi. Ýigitler wakyrdaşyp gülüşdiler. «Hany, aýt-da, hany, aýt!» boluşdylar. Nätanyş ýigidiň bu sözleri Pendigulynyň içinden ok bolup parran geçdi. «Wah, meni oýnapdyrlar-ow!» diýip, içinden pikir öwürdi. Nädip kellesini tutanyny duýman galdy. —Oraz kakam bir daýysy bilen mellek ýer alypdyr welin, onuň mellegine başga bir adamam dawa salypdyr—diýip, wakany gürrüň bermeli ýigit gürrüňe başlanda, hamala, duralgadakylaryň bary özüne seredýän ýaly, Pendiguly utanyp, çete çekilip ugrady. Özüniň oýnalanyna gahary gelip, bütin bedeni bilen saňňyldady. Ýigit bolsa daşyndaky dostlaryny gülüşdirip, söhbetini dowam etdi.—Mellek dawasyny edýän adam diýseň girrijekmişdar-aý. Eline kerpiç alyp, «Baryňy öldirin» diýip, herrelen bolýamyş özem. Bir günem ol Oraz kakamyň salan kümesinem otlap goýberipdir. Oraz kakamam: «Herrel bakaly. Mellegiňi özüňjik berer ýaly ederin seni!» diýipdir-de, bir gün gelnejemiň keteni köýnegini, çabydyny, kürtesini alyp... Pendiguly ýigidiň gürrüňini mundan artyk diňläp bilmedi. Gaharyna çydaman, bir sagada golaý garaşan awtobusyndan ellibizar bolup, pyýadalap ýöräp ugrady. —Seniň bir doganyňy!—diýip, gaharyna bäs gelmän, Oraz diýlene öz ýanyndan sögündi. Ondan hökman ar alamagy öz-özüne söz berdi. «Öň hütdügiňi otlan bolsam, indi täzeje salan jaýyňy otlaryn seniň!» diýip, kimdir biri bilen gepleşýän ýaly pyşyrdady. Kellesindäki damarlar torsuldap, beýnisinde her hili pikirler at saldy. Şaýly gelin sebäpli başyna düşen külpetleri ýatlanda, «Gidägede, Oraz diýilýäniň içinden pyçagy geçirip gaýdybereýin» diýip pikir etdi. Bu bet pygly hakdaky pikir näçe gün geçse-de, ondan ara açyp gidibermedi. Ahyry ol näme etjegini bilmän, duralgada eşiden zatlaryny ejesine gürrüň berdi. Oňa ar almak niýetinem duýdurdy. —Aryňy Hudaý alsyn, oglum!—diýip, köpi gören Tuwak eje ogluny köşeşdirdi.—Bir bendäniň elinden şeýdip, utanman, mellegini, jaý orunjygyny alyp bilýän adamlardan herki zat çykar. Olar ýaly imansyzlardan Allaň özi daş etsin! Gaýdyp ýanaşmawer olara, jan balam! Ogul enäni diňledi. Gaýdyp ýamanlara ýanaşmady. Ýöne din-imanyň dikeldilip, metjit-medresäniň köpelip ugran şu zamanynda-da nebsini Alladan, imandan ileri tutýan adamlaryň-da kändigine ene-de, ogul-da haýranlar galdy... Imanyny ýuwdup, Alladan daş düşýänleri gudraty güýçliniň özüne tabşyraýmakdan başga bendesinde alaç barmy näme! Ogulsenem TAÑÑYÝEWA | |
|
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |