08:10 Sülçi Soltanowyñ ikinji öýlenişi -3/ powestiñ dowamy | |
*** —Ýakyn günlerde men bir gyz bilen toý tutmaly boljak—diýip, sülçi Soltanow çaý başynda aýalyna aýdanda, aýaly Sülgün eşidýän zatlaryna ynanman, doňup galdy. Birdenem, gözlerini ýaşlap, gykylyga başlady: —Öýlen, öýlen... Şunça ýyllap seniň hyzmatyňy edip, iň soňunda senden aljak taňryýalkasynymmy şu. Hawa-da, indi aýalyň garrady, onda ne görk galdy, ne görmek. Indi sen ýaşajyk gyza öýlenmeli... —Sesiňi goý!—diýip, sülçi Soltanow aýalyna azgaryldy. Özem şeýle bir agrasdy, şeýle bir agrasdy welin, misli gerdenine dag ýüklenen ýalydy. —Işiň bähbidi üçin, men şeýtmesem boljak däl. Bir jenaýatyň hiç üstüni açyp bilemizok... —Hawa-da, işiň bähbidi diý, ýene bir zat diý, garaz, öýlenesiň gelse, bahana kän—diýip, aýaly ylalaşyga gelmän, gykylygyny dowam etdi. Soňam tasanjyrap, ýerinden galdy.—Men seniň başlygyň ýanyna gitjek! —Otur ýeriňde, men entek aýtjagymy aýdyp bolamok!—diýip, sülçi Soltanow aýalyna ýowuz nazaryny gönükdirip, ýene azgyryldy.—Başlyk bilýä bu zatlary! Sülgün adamsynyň nazaryndan eýmendi. Ol adamsyny hiç wagt beýle ýowuz halda görmändi. Sülçi Soltanowyň aladasynyň ýetikdigini onuň gahardan gyzaran gözlerinden aňmak bolýardy. Sülgün ýene aglamjyrady. Ýöne adamsynyň diýeninem etdi. Özüni ýere goýberdi: —Başlygam bilýä diýsene... Ol bilibem şu zatlara rugsat berýämi? —Sen aglamaňy goý-da, gulak as—diýip, bu gezek sülçi Soltanow sesini ýuwaşadyp, aýalynyň alyn saçlaryny düzedişdirdi. Uludan dem aldy.—Bir topar çagam bar. Üstesine-de, bu ýaşdan soň men beýle işe baş goşjak adam däl. Men saňa ýaşkam dönüklik etmedim, häzir eder ýaly. Men ol gyza ýalandan öýlenýän. Iliň gözi üçin... Şeýtmesem boljak däl. Bilýäňmi näme, bir gyz üç gezek durmuşa çykypdyr. Toý gijesi ýigitleriň ählisi öli çykypdyr... —Hih!—diýip, Sülgün gorkuly içini çekdi-de, yza tesdi. Sülçi Soltanow dowam etdi: —Biz-ä ýigitleň ölümini ol gyzdan görýäs. Gyz bolsa, suw-sil aglap dur. «Men günäkär däl» diýip... Sülgün bu habara hem gorkdy, hem geň galdy. Sesini çykaryp bilmedi. —Özem, ol gyz bir bendeleriň ýalňyz çagasy. Gözüňi ýumaga-da, basyp goýbermäge-de dözeňok. Üstesine, subutnama-da ýok, şaýat-da... —Gyz bilýändir ahyry?—diýip, Sülgün indi birneme köşeşip gepledi. Sülçi Soltanow ýene uludan dem aldy: —Ol bilýä. Ýöne aýdanok. Aýtsa, özi öldüriler öýdüp gorkýa... Men nämäniň-nämedigine göz ýetiremsoň, hökman öe gaýdyp gelerin... Sülgün dymdy. Adamsyna näme diýjegini bilmedi. Birdenem howsala düşdi: —Ýok, ýok, beýle bolsa, asla-da öýlenme... Ol ýigitleri öldüren seni öldürmez öýdýäňmi! Ýok, gitmersiň!—Şeý diýip, Sülgün adamsyna gujak gerip topuldy.—Men çagalarymyň ýetim galmagyny islämok! —Men barybir gitmeli—diýip, sülçi Soltanow agras gepledi. —Maňlaýyňda ne bolsa, görübirsiň. Men heniz işi oňarman, yzyna tabşyran adam däl. Indem şeýtmäge namys edýän! Sülçi Soltanow aýalyna aýtjak zatlaryny aýdyp boldy-da, ýola çykdy. Aýaly: «Gitmersiň!» diýip, naçarlap-naçarlap galdy. Sülçi Soltanow ol her näçe aglasa-da diňlemedi. Sülçi Soltanow toýa juda gowy taýýarlandy. Harby bölümden ýörite hat ýazyp, gorag üçin on-ýigrimi sany esger aldy. Esgerler Dawut aganyň öýüniň daşyny bildirgisiz garawullamalydylar. Toýa gelenleriň aglabasy milisiýa işgärleridi. Ýöne hiç kim bilmez ýaly, olaryň bary graždan eşigindedi. Ýanlaryna-da ýarag alypdylar. Bütin toýuň dowamynda sülçi Soltanowyň ýüregi ýarasyndan basylýan ýaly jigledi durdy. Dük-dükläp, şeýle bir urýardy welin, agzyndan çykaýjak bolýardy. Gaty tolgunmadan ýaňa zat işdäsi ýokdy. Häli-şindi ýerinden turup, goragdaky esgerleri barlap gelýärdi. Oturyp rahat tapmady. Toý ahyrladygysaýy, kalbyna her hili pikirler ornaýardy. «Birden menem öläermikäm?» diýip, içini gepledýärdi. Aglap galan aýaly, çagalary birin-birin göz öňünde geçýärdi. «Ölmeli bolaýarmykam?» diýip oýlananda, gorkup gidýärdi. Gorkusyny basmak üçin, çilime ýapyşýardy. Toý çyn toýa öwrüldi. «Içmänräk oturyň, uruş bolmagy mümkin» diýip tabşyrylandygyna seretmezden, içip-içip, serden geçen milisiýa işgärleri-de boldy. Ýykylyp galanlar-da boldy. Toý sowlup, gelin bilen sülçi Soltanowy içerik saldylar. Öe girip, gapyny gulplanlaryndan soň, sülçi Soltanowyň galpyldysy has-da artdy. Howanyň yssydygyna garamazdan, ol üşütme tutýan dek, galpyldap başlady. —Sen ýeriňe geç-de, arkaýyn ukla, men ýatman oturaryn—diýip, ol Jemilä ýüzlendi. Jemiläniň ýüzünde howsala bardy. Şeýle-de bolsa, ol ýadawlykdan halys basylyp, diwana geçip süýndi. Üstüne ýorgany çekdi. Sülçi Soltanow çyrany söndürdi. Bir salym içini hümledip oturdy. Daşardan gap-gaç ýygnaýanlaryň, ötüp-geçýänleriň gohy, gep-gürrüňleri eşidilýärdi. Jemile basym uka gitdi. Ol diwanda bir gysym bolup ýatyrdy. Sülçi Soltanowyň şu pursatda gyza ýüregi awady. «Alla jan, şu gezek bir kömek et. Şu naçary gaýgydan saplaýyn» diýip, ol ömrüne Hudaýa ynanman gelenem bolsa, şu pursatda gudraty güýçlüden medet diledi. Oturdygysaýy uky basmarlajak bolýanyny duýdy. Uklamazlyk üçin, çilime ýapyşdy. Özem ýerinden turup, öýüň içinde gezmeledi ýördi. Gözleri äpişgededi. Ýüregi bükgüldidedi. Daň atýança şeýdip çykdy. Uklamajak bolup, çilim baryny gutardy. Daň agardy. Ýöne näme üçindir, öe hiç kim gelmedi. Јpişgeden Dawut aganyň ýüzi göründi. Ol iki elini aýna tutup, içerik seretdi-de: —Sülçi! Dirimisiňiz-ow! —diýip gygyrdy. Dawut aganyň äpişgeden seretmesini sülçi ýene terslige ýordy. Şeýle-de bolsa, syr bildirmän, goja jogap berdi. Јpişgäni açdy: —Diri, Dawut aga! Asyl, hiç kim gelmedem! —Be, näme üçin beýle bolduka?—diýip, Dawut aga-da alada bilen gepledi. Menem daň atýança äpişgäniň öňünde oturdym. Sülçi Soltanow maňlaýyna urdy: —Wah işimiz-ä sen gören ekeniň. Kim saňa äpigäniň öňünde otur diýdi! Bar taýýarlygy puja çykarypsyň-da! Јpişgäniň öňünde biri otursa, adam gelermi bu ýere. Dawut aga müýnürgäp, ýüzüni ýere saldy. Sülçi Soltanow ýene gaharlandy: —«Men günäkär däl» diýen bolýaň welin, garry, belanyň körügi sende bolaýmasa. —Men günäkär-ä däl! Ýöne äpişgäniň öňünde-de bilmän oturypdyryn. Indiden beýläk oturman... —Indiden beýläk oturmanyňda näme! Indiden beýläk gelmeli adamyň geljegini bilýäňmi sen! —diýip, sülçi Soltanow ýene Dawut aganyň üstüne jany ýangynly gygyrdy. Gykylyga Jemile ýerinden galdy. Ol sülçi Soltanow bilen kakasy ilki gepleşip başlanda oýanypdy. Olaryň gürrüňlerinem eşitdi. Ýöne gepe goşulmajak bolup, diňşirgendi ýatdy. —Јpişgäni garawullanam bolsa, gelmeli adamyň gelmäni üçin kakam günäkär däl—diýip, Jemile keýpsiz halda üst-başyny düzedip, durşuna sülçi Soltanowa ýüzlendi.—Geliň bir zady gürleşeliň, ýoldaş sülçi. Gaýdyp şu meselä kakamy goşmaň! Bolmalyňyz bilen boluberiň, ähli zada göz ýetirersiňiz. Sülçi Soltanow äpişgäni ýapyp, yzyna dolandy. Özem gyzyň sözlerine geň galdy. «Bujagaz bir zad-a bilýä, ýöne aýdanok» diýip, içini gepletdi. Sülçi Soltanow diwanyň bir gapdalyna çökdi. Jemilä ýüzlendi: —Hawa, bu ýagdaýa sen näme diýersiň, Jemile? Ine, men saňa öýlendim. Hany, hiç kim gelmed-ä? Jemile uludan dem alyp, pessaý gepledi: —Siz maňa öýlenmediňiz, diňe meniň bilen toý etdiňiz... Siz maňa ýalandan öýlendiňiz... Geň galmadan ýaňa sülçi Soltanowyň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy: —Sen muny nireden bilýäň? Jemile ýylgyrdy: —Men näme tentekmi, görnüp duran zady bilmän! Sowalynyň samsyklaç bolanyny sülçi Soltanow soň düşünip galdy. Birhili utandy. Birdenem gelmeli adam ýadyna düşdi: —Meniň saňa ýalandan öýlenenimi ol nireden bilýär? Jemile köp manyly gepledi: —Aý bilendir-dä. Sülçi Soltanowyň ýadyna aýaly bilen başlygy Sähet Penaýew düşdi. Birden, sen-men ýok, daşaryk atyldy. «Aýdypdyrlar, aýdypdyrlar» diýip, içinden birsyhly gaýtalady. «Bu işde Sähet Penaýewiň-de eli barmyka ýa?» diýip, birsyhly oýlandy. Gözegçi goýlan esgerlere rugsat berdi-de, köçä çykyp, özüni maşyna atdy. «Eger eli bar bolsa, başlygymam bolsa, göni ataryn» diýip, dişlerini gyjady. «Öýleniş toýunyň ýalandygyny diňe şol bilýärdi. Diňe şol. Onuň bu işde hökman eli bolaýmaly. Aýalym-a adama meni satmaz!» Pikire gark bolan sülçi iş ýerine nädip ýetenini bilmän galdy. —Er-ow, öýlenýän ýigit! Gelniňi taşlap, daň bilen näme işläp ýörsüň?—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanowy görenden, ýylgyryp ýerinden galdy. Salamlaşmak üçin oňa elini uzatdy. Bütin gije uklaman çykan sülçi Soltanowyň işiniň puja çykanyna jany ýanyp durdy. Ol Sähet Penaýewiň ýakasyndan nähili ebşitläp tutanynam duýmady. Gahardan ýüzi ak tam boldy: —Sen aýdypsyň, başlyk, aýdypsyň! Indi sen menden sypmarsyň, arkaýyn bolaý! Eden işjagazyňa jogap berersiň indi! Sülçi Soltanowyň bolşuna Sähet Penaýewiň gözleri hanasyndan çykara geldi. Sülçi Soltanow silkeläp, onuň enter-pelegini ters öwrüp barýardy. —Dur-how, zaluwat, dur! Seniň edýäniň näme!—diýip, Sähet Penaýew sülçi Soltanowyň ellerinden ýapyşdy.—Näme aýdypdyryn-how men? Kime näme aýdypdyryn?.. Sülçi Soltanow gahardan saňnyldady: —Meniň ýalandan öýlenýänimi kime aýtdyň? —Hiç kime-de aýdamok! Duz ursun!—diýip, Sähet Penaýew çyny bilen aýtdy. Onuň hem gözleri tegelendi.—Näme bilnipmi? Tejribeli sülçi Soltanow Sähet Penaýewiň nazarlaryndan onuň ýalan sözlemeýänini aňdy. Başlygynyň ýakasyny goýberip, özüni seteran duran oturgyçlaryň birine goýberdi. Uludan dem aldy: —Gelmeli adam gelmedi... Sähet Penaýew geň galdy: —Be... Şeý diýsene... Sen menden başga hiç kime aýdaňokmy syry? —Diňe aýalyma hem saňa aýdypdym... Aýalym-a öýde oturan aýaldyr-da, kime aýdar öýdýäň? —A goja bilen gyz bilýämidi? —Özleri aňmadyk bolsalar, özüm-ä aýtmandym... Sähet Penaýewem bu ýagdaýa näme jogap berjegini bilmedi: —Be, bu nähili bolaýd-aý? Sülçi Soltanow ýerinden turdy: —Aýalymdanam bir habar tutup gaýdaýyn. Adamçylykdyr... Sähet Penaýew onuň yzyndan gygyryp galdy: —Sen goja bilen gyzyna köpräk üns ber! Sülçi Soltanow aýalynyň gyzaran gözlerinden onuň bütin gije aglap çykanyny aňdy. —Tentek!—diýip gaharlandy.—Sen bolsa bu zatlar çyndyr öýdüp, aglan bolýaň. Meniň bolsa işim şowuna bolmady... «Iş şowuna bolmady» diýen söze sülçi Soltanowyň aýaly ziňkildäp gitdi. «Näme boldy?» diýen terzde adamsyna seretdi. Sülçi Soltanow hiç wagt öýüne «Iş şowuna bolmady» diýen habar bilen gelmändi. Aýaly onuň keýpiniň şeýle çökgün wagtyna-da gabat gelmändi. Onuň mydama keýpi kökdi. Her gezek jenaýat işini tamamlanda: «Daş edendirin» diýip, ýumruklaryny gülçüldedip, stola urardy. Begenip, kiçi ogullaryny ýeke-ekeden ýokaryk götererdi. —Gelmeli adam gelmedi... Meniň ýalandan öýlenýänimi ol bilipdir...—diýip, sülçi Soltanow pyşyrdady. Soňam aýalynyň ýüzüne soragly bakdy. —Sen-ä hiç kime aýdan dälsiň? Sülgün gözlerini tegeläp, elini ýakasyna ýetirdi: —Wa-eý, daş edewersin! Meniň öýden çykýan wagtym bir barmy? Adamsynyň hakykatdanam ýalandan öýlenýänine Sülgün onuň häzirki aladasyny görüp, birneme ynandy. —Waý-eý, diri gelen bolsaň bolýa-la, iş gabyr bolsun!—diýip, pyşyrdady.—Goýbolsun edäýsene şol işi! —Goýbolsun edip bormy? —diýip, sülçi Soltanow ör-gökden geldi. —Ýogalan ýigitleriň hossarlary ýokaryk arz etseler näme? «Etrabyň sülçüleri işlerini oňaranoklar» diýip, arz etseler gowumy? —Çaý-suw içjekmi?—diýip, Sülgün soňra gepini başga ýana sowdy. —Çaý-suw içeýin... Bütin gije aýak üstünde çilim çekip çykdym. Sülçi Soltanow iýip-içip, keýpini köklänsoň, agşama çenli ýatyp, mazaly ukudan gandy. Soňra agşamara ýene Dawut agalara ýöneldi. Olara iňrik garalyp, çyralar ýanansoň bardy. Bu agşam hem imi-sala geçdi. Soňkusy agşam hem. Sülçi Soltanow gyzyň daşyna höre-köşe bilen geçdi: —Bu näme boldugy, Jemile? Men ýene şeýdip, siziň öýüňizi kän garawullamaly bormukam? Gyz sülçi Soltanowyň göreçlerine dikanlap seretdi. Utanyp ýaňaklary nar ýaly gyzardy. Sülçi Soltanow onuň bir zat aýtjak bolup utanýanyny aňdy: —Hany, jigim, maslahat ber, men indi näme edeýin? Eger syryň üstüni açyp bilmesem, men seni türmä ibermesem bolmyýa, bilýäň-ä sen muny! Özüňem şu gezek ähli zady aýdaýyn diýip, söz berdiň... Jemile tersine öwrüldi... Elleri bilen ýüzüni ýapdy: —Toýumyza uly il geldi. Il meni siziň aýalyňyz hökmünde tanaýar. Siz bolsaňyz, maňa jigim diýýäňiz...—diýip, Jemile pyşyrdady. Gyzyň bu sözlerine sülçi Soltanow birhili bolup gitdi. —Dagy näme—diýip, sülçi Soltanow gyza sowal bilen ýüzlendi.—Eger men saňa hakykatdanam öýlensem... Soň seni kim alar? Meniň bolsa aýalym bar. Jemile sülçi Soltanowyň ýüregini jigletdi: —Eger diri galsaňyz, o zatlaryň bir alajy bolar... —«Diri galsaňyz?» —diýip, sülçi Soltanow gyzyň sözlerini gaýtalady. Bu sözlere endamy dyglap gitdi.—Sen näme, meniň diri galmajagymy bilýämiň? Gyz onuň bu sowalyna jogap bermedi. —Siz maňa hakykatdanam öýlenmeseňiz size ölen ýigitleriň syry hiç wagt açylmaz!—diýip, ol gamgyn halda aýtdy. «Ine saňa gerek bolsa!» diýip, sülçi Soltanow maňlaýyna patlatdy. Aýaly göz öňüne geldi. «Aý» diýip, ony ýadyndan çykarmak üçin, elini silkip goýberdi. Sülçi Soltanow ilkinji gezek görýän ýaly bolup, gyzyň başyndan aýagyna çenli ser saldy. Onuň öňünde çepiksije göwreli çaga göwresi durdy. «Eý-ho! Bu heniz çaga ahyry! Çaga!» diýip, sülçi Soltanow hopugyp, içini gepletdi. «Men nädip muňa el gatyp bilerin!» Bu gyzy şeýle horluga sezewar edýäni ýatlap, dişlerini gysdy. «Elime düşäýseň bolýa, edil janyňy alaryn!» diýip, oňa hyýalynda haýbat atdy. —Meniň saňa hakykatdanam öýlenmegime seniň özüň razymy?—diýip, sülçi Soltanow gyza nebsiniň agyrýanyny mese-mälim bildirip sorady. —Meniň razylygym-dälligim bilen işiňiz bolmasyn—diýip, gyz şol bir gamgyn halda jogap berdi.—Siz öýlenseňizem özüňiz biliň, öýlenmeseňizem... Ýöne men size ýigitleň ölüminiň syryny nädeniňizde bilip biljekdigiňizi aýdýan...—Gyz şeý diýip, biraz dymdy. Soň ýene dowam etdi. —Men şu zatlaram size juda kynlyk bilen aýtdym... Şondan başga hiç zat aýdyp biljek däl... «Eý-ho! Eý-ho!» diýip, sülçi Soltanow kellesini tutup pikir öwürdi. «Men nädip bu ýagdaýdan baş alyp çykarkam?» Pikir ede-pikir ede sülçi Soltanowyň kellesi çişdi gitdi. Çilim baryny çekip, jaýyň içini tüssä gaplady. Ol gijelerini dik oturyp çykýardy. Oýlanýardy. Ölçerýärdi. Pikir öwürýärdi. Çöp ýalyjak naçar maşgalanyň ömrüni zaýalamak ýaly aýylganç işi üstüne almaga ol özüni hiç taýýarlap bilenokdy. Gyz bilen öwrenişmek üçin ol esli gijesini onuň ýanynda geçirdi. Diňe gündiz öýüne gidip, çaý-çörek iýip gelýärdi. Öwrenişdigisaýy gyz gözüne has-da owadan görnüp barýardy. Bir gün agşamara ol gyz saçlaryny darap durka geldi. Saçlaryny ýaýyp durmasy gyza has-da gözellik berýärdi. —Siziň adyňyz Garaşmydy?—diýip, gyz birgeňsi ýylgyrdy-da, sülçi Soltanowdan sorady.—Hemmeler Soltanow diýip ýörensoň, adyňyzam ýatdan çykypdyr.—Gyz sülçi Soltanowyň jogabyna-da garaşman, dowam etdi.—Men-ä size Garaş diýip ýüzlenäýjek. —Ýüzleniber, ýüzleniber—diýip, sülçi Soltanow göwünjeň jogap berdi. —Garaş diýýän-ä, siz seretmeşek oýnuny bilýäňizmi?—diýip, hamala dünede gaýgysy ýok ýaly, Jemile sülçi Soltanowa ýene ýylgyryp bakdy. —O nähili seretmeşek?—diýip, sülçi Soltanow gyzyň bolşuna haýran galdy. —Seretmeşek-dä! Ine, şeýle—diýip, gyz ýene çaga ýylgyryşy bilen ýylgyrdy-da, saçlaryny ýeňsesine taşlap, üstünden ýaglygyny daňdy, soň sülçi Soltanowyň göni göreçlerine bakdy.—Görejiňi garşydaşyň görejine dikmeli. Ýeke salymda ýüzüňi eýläk-beýläk etmän, kirpikleriňem gymyldatman, tä garşyňdakyny ýeňýänçäň garşydaşyň göreçlerine seredip durmaly. —Beýdib-ä seredip bilerin!—diýip sülçi Soltanow onuň bolşuna eýerdi. Gyzyň göreçlerine göreçlerini dikdi. —Ýylgyrmak, geplemek bolmaýar. Gaharlyrak bolmaly—diýip, Jemile sülçi Soltanowyň göreçlerine seredip durşuna oýnunyň ýagdaýyny düşündirýärdi.—Gaharlyrak! Ýene gaharlyrak! Ýene! Ikisi şeýdip, uzak seredişdiler. Ahyry sülçi Soltanowyň gözleri awuşap, ýaşaryp ugrady. Göreçleri ýadady. —Serediber, gözüňi aýyrma!—diýip, Jemile onuň bolşuny görüp, çyny bilen gaharlandy. Birdenem—Gaharly diýýän!—diýip, şeýle bir çirkin gygyryp goýberdi welin, sülçi Soltanowyň ini düýrügip gitdi. —Saňa näme boldy, Jemile?—diýip, sülçi Soltanow nädip gyzyň ýanyna baranyny duýmady. Onuň ellerinden tutdy. Jemile sülçi Soltanowy itip goýberdi. Onuň badyna sülçi Soltanow arkanlygyna ýykylyp gitdi. Gyz bolsa aglamaga durdy. «Şu gyz diýsem-diýmesem, däli bolaýmasa» diýip, sülçi Soltanow içini gepletdi. «Bir görseň, aglap dur, bir görseň, gülüp». Dälidir öýdüp pikir etse-de, gyzyň däliligine sülçi Soltanowyň ynanasy gelmedi. Sebäbi gyzyň gepi-sözi ýerbe-erdi. —Saňa näme boly, Jemile?—diýip, sülçi Soltanow ýerinden turup, ýene gyza ýakynlaşdy.—Näme aglaýaň? —Siz gidiň Garaş, maňa öýlenmäňem. Bu bolşuňyza, siz barybir ölersiňiz! —diýip, Jemile horkuldap aglady. —Men bilýän, siz ölersiňiz! Siz batyr däl ekeniňiz! —Kim meni öldürer?—diýip, sülçi Soltanow «Gyz jany ýanyp durka, syry açaýmazmyka?» diýen niýet bilen ondan sorady. —Görersiň öljek wagtyň!—diýip, gyz aglap durşuna indi «sen» diýip geplemäge başlady.—Men bilýän, ol seni hökman öldürer! —Kim ol meni öldürjek, Jemile jan, aýdaý!—diýip, sülçi Soltanow gyza delmurdy. Onuň garşysynda dyza çökdi.—Aýdaý diýýän. Gyz aglamasyny goýup, eliniň ýeňsesi bilen gözýaşlaryny süpürdi. —Aýtjak däl!—diýip, öýkeli seslendi. —Jemile jan, seretmeşekde ýeňleni-eňeni bilen adamyň batyrmy-däldigini kesgitläp bolmaz—diýip, sülçi Soltanow ýene gyzy köşeşdirmäge durdy.—Duşmany gören wagty adama şeýle bir güýç gelýändir. Sen ýöne goýaý! Jemiläniň birneme ýüzi açyldy: —Şeýlemi? —Hawa... —Onda sen garşyňda kim dursa-da ýeňermiň? —Hökman! —Ynanýaňmy şoňa! —Ynanmasam, aýtjakmy! Jemile dymdy. Daşarda tümlük höküm sürýärdi. Töwerek dym-dyrslykdy. Jemile sülçi Soltanowyň jübülerinden pistoletdir pyçagyny çykaryp, beýleki jaýa äkidip geldi. —Olary näme üçin äkidýäň?—diýip, sülçi Soltanow geň galdy. —Olaryň saňa geregi ýok. Olar saňa diňe zyýan eder—diýip, gyz biperwaý aýtdy. «Bi meni ýaragsyzlandyryp, işimi görjek bolýa öýdýän» diýip, sülçi Soltanow gyz hakda pikir öwürdi. Özüni goramak üçin ekabyrlandy: —Bize ýaragy aýry ýerde goýmak bolmaýar. Getir olary—diýip, gyza ýüzlendi. —Olaryň saňa geregi ýok—diýip, gyz ýene öňki diýenlerini gaýtalady. Sussy peslendi.—Şirmyrat hem ýarag ulanypdy, ýadyňa düşýän bolsa, ol barybir öldi... Gyzyň bu sözlerine sülçi Soltanowyň ýene ini dyglap gitdi. Üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Ol şu pursat özüniň şeýle gorkan gezegini ýadyna düşürip bilmedi. Gyz öz habary bilen onuň bükgüldisini artdyrdy: —Ol şu gije geler... Sülçi Soltanow başa-baş söweşe taýýarlanýan ýaly tolgundy. Geplände öz sesini tanamady: —Sen ony nireden bilýäň, Jemile? —Ýüregim syzýa... Seniň bolşuňdan duýýan... Şu gün seniň maňa bolan duýgyň üýtgäp ugrady... Sen meni erbet göreňok... «Bu näme boldugyka Alla jan?» diýip, içini gepletdi-de, sülçi Soltanow maňlaýyny tutup, özüni ýere goýberdi. Jemile ýerine geçip ýatdy. Ol gözlerini süzüp, birgeňsi bolup ýatyrdy. Özem ymyzganyp barýardy. Sülçi gyza seredip oturyşyna kän wagty geçirdi. Beýnisinde birsyhly: «Näme bolsa, şol bolsun, şu gün synanyş, synanyş!» diýen pikir at çapýardy. Hatda kimdir biri: «Synanyş! Synanyş!» diýip, gulagyna-da çawuş çakyp duran ýalydy. «Synanyş! Synanyş! Synanyş!» Sülçi Soltanow turup gyzyň ýatan diwanynyň ýanyna bardy. Gyzyň gapdalyndaky boş ýerde süýnmek isledi. Jemile alasarmyklykda ellerini kelemenletdi: —Bu ýerde ýatma! Munuň eýesi bar! Sülçi Soltanowyň ýene ýüregi dyglap gitdi: —Kim ol? —Häzir görersiň. Ol seni öldürer! Iň gowusy git! Menem türmä basma-da, işi ýapaý-da! Meniň saňa ýüregim awaýa, Garaş... Sülçi Soltanow gyz alasarmyklykda samraýandyr öýtdi. Şeýle-de bolsa, onuň sözleri sülçiniň ýüregini jigletdi. Özem ol «Garaş» diýen sözüniň «ş» harpyny şeýle bir basyp aýtdy welin, misli zemzeniň haşşyldysy ýalydy. Daşaryk seretdi. Јpişgäniň aňyrsy gap-garady. Tümlükdi... Sülçi Soltanowyň göwnüne bolmasa, äpişgäniň aňyrsynda bir gara göwre gymyldan ýaly boldy. Sülçi Soltanow özüne erk etmäge çalyşdy. «Gorkmaly däl, gorkmaly däl!» diýip, içinden gaýtalady. Jemiläniň ýanyna baryp, onuň maňlaý saçlaryny sypaşdyrdy. Soňra pökgi dodaklaryny gyzyň näzijek dodaklaryna ýetirdi. Sülçi Soltanowyň bu bolşuna gyz böwrüne pyçak goýlan mekejin kimin «jy-yk!» edip, şeýle bir gygyrdy welin, sülçi Soltanow nädip ondan daşlaşanynam duýman galdy. Gyzyň çyrlamasy ýürek ýargynçdy. —Be, Jemile, bolşuň nähili seň!—diýip, sülçi Soltanow gyzy oýarmaga çalşyp, onuň egninden tutup, silkeledi. —Silkeleme, men oýa!—diýip, gyz pyşyrdady. —Gözümi açyp bilemok. Çyrany söndür! Sülçi Soltanow çyrany söndürdi. Otag tüm-garaňky boldy. Gyz «haş-haş» edip dem alýardy. Ýöne näme üçindir bu haşşyldy çepiksije gyzyň däl-de, uzak ýoldan ylgap, daljygyp gelen erkek kişiniňki ýaly zarply eşidilýärdi. —Haşşşş! Haşşşş! Sülçi Soltanow tolgunyp, nämedir bir erbetlige garaşmadan bizar boldy. Ol «näme bolsa, şo bolsuna» salyp çykaryndy-da, Jemiläni bagryna basyp, çyny bilen ysgaşdyryp ugrady. Näzijek gyz demine, gaýmak çalnan ýaly imrigip ugrady. Şol pursat ilki takyr-tukur, düňküldi eşidildi. Bu takyrdylary sülçi Soltanow Dawut agadan gördi. «Ertire sag-aman çyksam bolýa. Sen garryny äkiderin-de gabaryn. Gaýdyp atam barsa-da goýbermen! Belanyň körügi sende bolmaly» diýip, sülçi Soltanow öz ýanyndan Dawut aga hyýalynda haýbat atdy. Birdenem, Jemiläniň gapdalyndaky boş ýerde kiçijik, ýöne ýitije çyra ýanan ýaly ýylpyldy peýda boldy. Jemile: —Wa-aý!—diýip, ýürek ýargynç ses bilen gygyrdy. Kimdir biri wagşyldadyp aýna urdy. Sülçi Soltanow böküp ýere düşdi. Aýnanyň wagşyldysy bilen bile «A-a-a! A-a-a!» edip, zähre ýaryp barýan ses bilen gygyrýan, ýogyn sesli erkek kişiniň sesi eşidilip ugrady. Jemile yzyny üzmän waýlaýardy. Üýn alşar ýaly bolmady... Sülçi Soltanowyň gabat garşysynda gar adamsyna çalym edip duran erkek kişiniň göwresi peýda boldy. Onuň gözleri ýitije çyra kimin yşyk saçýardy. Ýüz-gözi, döşleri, elleri-aýaklary durşuna tüýdi. Possuny çöwre geýen ýalydy. Birsyhly arlap aljyradyp alyp barýardy. Iki ellerini öňe uzadyp, sülçi Soltanowy bogmaga synanyşýardy. Jemile-de onuň bilen bilelikde çyrlaýardy. Sülçi Soltanow näme etjegini bilmedi. Aljyraýardy. Јhli zat ýeke sekundyň içinde bolup geçdi. —EÝe! Jemiläniň eýesi bar!—diýip, ol kime diýýäninem bilmän, gorkudan aglap duran ýaly gygyrdy. Sebäbi, ol eýe hakda eşitse-de, heniz sataşyp görmändi. Dünede eýe baryna ynananokdam. —Onuň diňe gözlerine seret, sülçi—diýip, Jemile çyrlap gygyrdy.—Gorksaň ölersiň! Gorkman, onuň howuny ba-as! Tüýli zadyň sülçi Soltanowa uzan eliniň biri Jemiläniň agzyna gülçüldäp degdi. Şol pursat Jemiläniň sesi sem boldy. Soňra tüýlek zat ýene iki elini sülçi Soltanowyň boýunlaryna tarap uzadyp, ony bogmak üçin öňe süýşüp ugrady. Sülçi Soltanow Jemiläniň aýdyşy ýaly, onuň diňe göreçlerine bakýardy. Özem şeýle bir gazap bilen bakýardy welin, gözünde oky bolsa atarlydy. Düýt-müýt edip, onuň etini çeýnäesi gelýärdi. Sülçi Soltanowyň gazaby artdygysaýy tüýlek zat yza tesip ugrady. Özem baş bererli däldi. Birsyhly elini öňe uzadyp, ýürek ýargynç arlaýardy. Tüýlek zada serede-serede, sülçi Soltanowyň kelle damarlary saňgaty boldy. Tüýlek zat arlap-arlap, ahyry arkasyny diwara berdi. Soň bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan diwaryň içine siňdi gitdi... Gözden gaýyp boldy. Sesem galdy. Sülçi Soltanowyň endam-jany gara suwdy. Ysgyn-mydary gaçypdy. Ýüregi dükürdäp, agzyndan çykaýjak bolup urunýardy. Ol demi ýetmän, dilini sallap, haslap durşuna eli bilen sermäp, çyranyň düwmesini tapdy. Ony süem barmagy bilen basyp goýberdi. Içeri ýagtyldy. Sülçi Soltanowyň endamyndan bar güýji giden ýalydy. Mejaly ýokdy. Ysgynsyz halda özüni ýere goýberdi. Arkanlygyna ýykyldy. Ol çyra ýagtysyna agzyndan ak köpük saçyp, süýnüp ýatan Jemiläni gördi. Ýöne onuň ýanyna baryp, gyzyň halyndan habar almaga ýagdaýy ýokdy. Misli göwresi diýen etmeýän ýalydy. Gapynyň güýçli urulýanyny, Dawut aga bilen Näzik daýzanyň: —Jemile, sülçi! Gapyny açyň! —diýip, gygyrýan sesini eşidýärdi. Ýöne ýerinden galyp bilenokdy. Özem şol pursatda «Indi bu zatlary aýdaňda kim ynanar? Adamlarda dünede şeýle zatlaryň baryna ynam goýdularmy näme!» diýip, ýüregini agladyp, zarynlady. «Eger Jemile ölen bolsa, indi onuň ölüminem hökman menden görerler!» Sülçiniň diýşi ýaly boldy. Dawut aga bilen Näzik daýza gapyny palta bilen ura-ura, ahyry ýykyp, içerik girdiler. Ikisem bir bada agzyndan ak köpük saçyp, dem-düýtsüz ýatan Jemilä topulyp zarynladylar. —Waý, balam! Saňa näme bold-eý? Näzik daýza Jemiläniň üstüne özüni goýberdi. Dawut aga bolsa çyp-ýalaňaç ýatan sülçi Soltanowyň üstüne atlanyp, ony ysgynsyzja elleri bilen bogmaga başlady: —Gyzymy sen öldürdiňmi-i?.. 1992 ý. Ogulsenem Taññyýewa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |