10:20 Sen günäkär däldiň / hekaýa | |
SEN GÜNÄKÄR DÄLDIÑ
Hekaýalar
Ol milisiýanyň jaýyna girip, koridoryň ugry bilen başyny aşak salyp barýardy. Nämedir bir iş bilen gelenlerem, bu ýerde işläp ýörenlerem juwan gyza geň galmak bilen seredişdiler. Ählisiniň ýüzündenem „Ulugyz halyna ol bi ýerde näme işläp ýörkä?!“ diýen manyny okamak boljakdy. Dünýä hiç kime üns bermän, mundan bir hepde öň gelip, öz eli bilen arza ýazyp giden otagynyň gabadynda aýak çekdi. Bu bölümde iňlär siňek ýok. Dym-dyrslyk. Gyz az salym gapa ýaplanyp durdy. Birdenem, ýeriň aşagyndan çykýan ýaly, iniňi düýrükdiriji ses eşidildi: —Dünýä! Ýakynrak süýşsene! Men bärde... Dünýä duýdansyz çykan sese tisginip gitdi. Ýüregi gopdy. Berdiniň sesini tanap, bütin bedeni bilen sandyrady. Gapynyň aňyrsyndaky ses bolsa, aga öwrülip, onuň ýüregini gyýym-gyýym etdi. —Sen meni näme üçin beýtdiň, Dünýä?! Men näme ýamanlyk etdim saňa?! Indi... şeýdip... gidibermeli boldummy men?! Gyzyň ýagdaýy barha agyrlaşýardy. Bolan zatlara hiç akyl ýetirip bilenokdy. Seri dumanlap, kellesiniň içi arynyň öýjügine dönüpdi. Özüniň näme edýäninem bilmän, ses çykýan gapyny gujaklady. Bokurdagy dolup, zordan gepledi: —Ejizlemesene, Berdi jan! Zat bolmaz saňa! Hiç zat bolmaz! Men seni alyp galaryn... hökman... alyp galaryn... Dünýä uludan demini alyp, birsalym alasarmyk ýagdaýda durdy. Soňra ýene Berdä ýüzlendi: —Seni daşyňdan gulplap gidäýdilermi? Gapynyň aňyrsyndan naýynjar jogap eşidildi: —Hawa... —Wah... Uzyn boýly sülçi ýigit gelip, „salam“ diýen terzde Dünýä çalaja baş yrady-da, ses-üýnsüz gapyny açmak bilen boldy. Dünýä jaýyň içine çalasyn nazar aýlady. Aňyrda ellerini maňlaýyna diräp oturan Berdi göz açyp-ýumasy salymda ýerinden galyp, geňsi nazaryny sülçä dikdi. Onuň bakyşyndan „Meniň üçin nähili şum habar aýdarkaň?“ diýen soragy okamak boljakdy. Sülçi gyza üns bermedi-de, gapyny ýapdy. Içerden hümürdi eşidildi. Az salymdan ýene gapy açylyp, sülçiniň uzynak ýüzi göründi. —Giriň, gyz! Dünýäniň gaňşyrawugy tütäp durdy. Baragada Berdini bagryna basasy, bu zatlar üçin ondan ötünç sorasy gelýärdi. Ýigidiň başyndan bu külpeti indereni üçin onuň aýak tozuna togap edesi gelýärdi. Emma başarmady. Diňe oňa ýürek awamak bilen seredip oňýardy. Dünýä biraz salym çüýlenen ýaly bolup oturdy. Birdenem çapuwa goýberilen dek, hasanaklap ýerinden galyp, sülçiniň ýanyna bardy-da, ýüregini paralap, gözünden boýur-boýur ýaş dökdi. —Ýoldaş sülçi... Dogan jan... Men beýle bolaýaram öýtmedim. Gaharyma... Baryny gaharyma... Onda hiç hili günä ýok! —Ýeriňize geçiň!—diýip, sülçi sowuk nazaryny gyza gönükdirdi.—Nämäniň-nämedigini özümiz aýdarys. Sülçi seýfden çykaran papkasyny dörüşdirdi. Bir tagta kagyzy eline alyp, onuň hakykatdan-da kagyzdygyna göz ýetirmek isleýän ýaly, ondan gözüni aýyrman esli durdy. Soňra ony stoluň bir çetinde goýdy-da, nazary bilen Berdini görkezip: —Şu ýigidi tanaýaňyzmy?—diýip, gyzdan sorady. Dünýä gözlerini howsalaly tegeläp oturyşyna pert-pert jogap gaýtardy: —Hawa. Gaty gowy tanaýan. Şol ýerde-de ýazypdym. —Köpden bäri tanaýaňyzmy?—diýdi-de, sülçi gyzyň aldaýanyny-aldamaýanyny bilmek isleýän dek, Dünýäniň göni göreçlerine seretdi. Dünýä owadan gözlerini gür kirpikleri bilen örtüp, aşak bakdy. Sesi gussaly, ýuwaş eşidildi: —Çagalygymdan... Sülçi gyza seredip oturyşyna birsyhly dymýardy. Ol göýä, bolan waka üçin Dünýäniň hut özüniň karar çykarmagyna garaşýan ýalydy. Dünýä sülçini yryp bolmazmyka diýen niýet bilen ýene-de oňa ýalbaryp ugrady: —Men ony basdyrmak islämok, siz düşüniň şuňa! Hemmesi gahardan boldy, gahardan... Gahar erbet zat ahyr! Oňa zat diýmäň! Haýyş edýän! Berdide jinnek ýaly-da günä ýok! —Howlukmaň! Bar zady anyklarys. Sülçi gapdalyndaky knopkany basdy. Gapyda peýda bolan milisionere Berdini ümledi: —Günäkäri äkidiň! Dünýä gaty gygyrmakdan gorkusyna bir eli bilen agzyny tutup, sülçä tarap okduryldy. —Ýoldaş sülçi, bagyşlaň, ýekeje mintjik... Dogan jan, gürleşmäge rugsat et, haýyş edýän! Onuň gözlerinden togalanyp gaýdan şor damjalar akja ýüzünde çyzmyk-çyzmyk ýoljagazlary emele getirdi. Sülçi gyzy geň nazar bilen synlap durşuna mylaýym gürledi: —Weý-weý, bolşuňyz nähili! Köşeşiň ahyry! Ol stoluň üstündäki grafinden stakana suw guýup, gyza uzatdy. —Alyň, içiň, birneme ýüregiňiz düşüşer. Soňra sülçi milisionere ýüzlendi: —Kabul ediş jaýyna eltiň, on minut töweregi gürleşsinler! Gözegçi milisioneriň ellerini arkasyna tutup aýlanyp ýörşüne üns bermän, Berdi şu ömründe ilkinji gezek Dünýäniň eýjejik ellerini äpet aýalarynda gizledi. Muňa gyzyň ýüregi jigläp gitdi. Birgeňsi duýgy ony erkine goýman, bütin bedeni bilen gagşady. Gözler ýigidiň mährili nazaryna bakmaga tap getirmän, birenaýy süzüldi. Berdiniň mähir-muhabbetden doly endirewük sesi bolsa, ony beýhuşlyk hetdine ýetirdi. Gyz mylaýym güneşiň çogunyň astynda duran ýaly meýmiräp oturyşyna, häzir özüniň nirede, nä ýagdaýdadygynam wagtlaýynça unudypdy. Ol melul bolup, Berdini diňleýärdi. Häzir Dünýä üçin jahanda Berdiniň sesini eşidip durmakdan, onuň aýalarynyň ýürege ýetip duran ýylysyny duýmakdan başga lezzetli zat ýokdy. —Dünýä, gör ahyry, biz çagalykdan bileje ösdük, ulaldyk. Men seni elmydama bagtym saýypdym. Häzirem şeýle. Näme üçin beýdäýdiň sen?! Aýt ahyry!—diýip, Berdi Dünýäniň akja ellerini elinde saklap durşuna gürleýärdi.—Ýeri, Dünýä jan, nämä dymýaň?! Hä?.. Dünýäniň bir bolşy. Dymmakdan başga alajy-da ýok. Gürlese, gözýaşlar böwedi böwsülen sile dönjek. Näme, eýsem, Dünýä ony söýmänmidi! Söýüpdi! Onda-da nähili söýüpdi diýsene! Dünýä özüniň Berdini söýşi ýaly ýedi aşyklaram biri-birini söýüp bilendir öýdenokdy. Bir özüni yşk daşynyň agramyny şeýle sessiz çekip bilýän aşyk saýýardy. Ýigit üçin ölüp-öçüp barýardy ahyr. Onda näme üçin ol bu ýerde beýdip otyrka?! —Dünýä, dillensene! Ýene sanlyja wagtdan meniň ykbalym çözülýär ahyr! Soň bi ykbal bizi duşurjakmy-ýokmy, kim bilýär!.. Birdenem ol öz pikiriniň garşysyna gürledi: —Şu ýagdaýdan sag-aman başymy alyp çyksam, toý ederis, Dünýä jan... Edil saňa meňzäp duranja gyzymyz bolar... Men ony şeýle bir gowy görerin, şeýle bir gowy görerin... Ýigidiň bu sözlerine Dünýä tisginip gitdi. Saňňyldap, ýüregi agzyna gelerli göründi. Ellerini gahar bilen çekip alyp, üstünden asman basyp gelýän ýaly, hopugyp ýerinden galdy. Gözleri gazaply uçganaklady. Bir zatdan goranýan ýaly. Ellerini daldaladyp, azmly gepledi: —Ýok! Bolmaz! Berdi geň galmakdan ýaňa çüýlenene döndi. Agzyna suw alan dek, gepläbem bilmedi. Dünýä bolsa, ýeldirgän ýaly, sen-men ýok, atylyp gapydan çyldy. Berdiniň: —Meni indi şu ýerde ýalňyz goýup gidýäňmi, Dünýä?!—diýen sesi oňa agy bolup eşidilse-de, yzyna gaňrylybam seretmedi. Gyz ýola çykansoň, gulaklaryny tutup, ýagydan gaçýan ýaly, dem salym ylgady. Şor damjalar ýüzüni ýuwýardy. Berdiniň sesi oňa barha ýakyndan, barha batly eşidilýärdi: „Saňa meňzäp duranja gyzymyz bolar...“ Ol adamlaryň gatnawynyň azrak ýerindäki skameýkalaryň birine baryp, labyryny taşlady. Ellerini maňlaýyna diredi. Göz öňünde birsyhly milisiýanyň jaýynda naýynjar bolup oturan Berdi janlanýardy. Dünýä Berdiniň sözlerini içinden öwran-öwran gaýtalady: „Saňa meňzeşje gyz...“ Uruşmaga bahana arap duran gelniň ýüzi ýaly, howa çytylyp durdy. Birdenem, ýel ösüp başlady. Ol bar gaharyny agaçlardan çykarjak bolýan dek, olaryň şahalaryny yralap, elem-tas etdi. Agaçlardan tänip düşýän ýapraklara keýp edýän ýaly, şuwlap, barha güýjeýärdi. Ýapraklary baldagyndan barha köp üzýärdi. Saralyp, meňzi solan ýapraklaryň biri ýeliň güýjüne uçup geldi-de, Dünýäniň öňüne düşdi. Gyz ony emaý bilen eline aldy. Üfläp, tot-tozanyny aýryşdyrdy. Onuň şeýle ýagdaýda düşmegine nebsi agyryp, sülük barmaklary bilen ýapragy sypady. „Menem edil seň ýaly saralyp-soldum. Ter nowçadym. Ikimiz dertdeş ahyry“ diýip, hyýalynda ýaprak bilen gürleşmäge başlady. „Oňa kim günäkär, hany, sen maňa aýdyp ber! Ýok! Onda ýekeje gramam günä ýok ahyry! Oňky „Günäliň oduna günäsiz ýanar“ diýleni boldy. Ah, gara bagtym diýse. Ol meni ýüregi bilen söýýär ahyr. Ýa baryny başdan gürrüň beräýsemmikäm? Ýok, ol bolmaz! Men onuň deňi däl. Gowusy, şeýleligime-de galaýyn. Men halys aljyradym. Indi nätsemkäm?! Ýene ýarym sagatdan sülçiniň ýanyna barmaly. Ýeri, oňa näme jogap bereýin?!“ Emma ýaprak ýaprak-da! Ol dymýardy. Ondan gyza ne maslahat bar, ne göwünlik. Asmanyň ýüzüni birkemsiz örten gara bulutlar, misli, gyzyň halyna gyýylýan ýaly, iri-iri damjalary paýradyp ugrady. Dünýä şindizem elindäki ýaprakdan maslahata garaşýan dek, oňa gözüni dikip otyrdy. Ýagyş damjalaryna sarsmady hem. Ýagyş basym onuň zülplerini ezip, ýüzüni ýuwdy. Emma hernäçe ezilse-de, gyz turmak hakda pikirem etmedi. Ýagyş onuň derdini täzeläp, ýaraly ýüregine duz sepýärdi. Şol günem ýagyş badyny gowşadaýyn diýenokdy. Dünýä diýseň ýeňil gopýardy. Şadyýandy. Klasdaşy Berdiniň özüne ýazan söýgi hatynyň setirlerini içinden öwran-öwran gaýtalaýardy. „Seni ýeke salymam gözümden salasym gelenok...“ Ýigidiň haty ony barha joşdurdy. Aýdyma zowladyberesi gelýärdi. Sebäbi Dünýäniň özem ähli klasdaş ýigitleriniň içinden boýy-syraty bilenem, görk-görmegi bilenem saýlanyp duran Berdini göz astyna alyp, oňa daşyndan guwanyp ýördi ahyry. Heý, beýle-de bir bagtlylyk bormy! Berdi başga bir gyza-da göwün berip bilerd-ä. Sebäbi klasda Dünýä gaýra dur diýýän owadan gyzlaram bardy, Berdiniň özi ýaly derek boýlularam. Berdi welin, Dünýä gyzyň ýürejigini bilip duran ýaly, klasdaş gyzlarynyň içinden onuň hut özüni saýlap tutdy. Dünýä şol gün goňşy obadaky daýzalaryna gezmäge gidipdi. Garaňka ýüzüni tutup, ýola düşüpdi. Daýzasynyň ogullary hernäçe ugradarman bolsalar-da, ilkinji söýginiň şatlygyndan ýürejigi böküp duran gyz garşy boldy. Ýola ýeke çykdy. Berdiniň sözleri oňa ýan ýoldaşdy, uzak ýoluny ýakynlatjak goltgudy. Gije gara şalyny obanyň üstüne mazaly atypdy. Daýzasy gije ýatyp, ertir ugraýmagyny sargap, kän özelendi. Gyz hiç kimi diňlemän, bökjekläp, ýola düşdi. Çigregrägem bolsa, howa göwnüňi göterýärdi. Gyz ýagyş damjalaryna ýüzüni ýuwup barşyna gaty ýeňil ädim urýardy. Ýdyna gorky-ürki düşenokdy. Ýogsa, daýzalarynyň obasy köne gyşlakda ýerleşensoň, posýologa barmak üçin harabalyklardyr gyzganlaryň arasyndan geçip gitmelidi. Ilerde asfaltlanan maşyn ýolam bar. Emma Dünýä çaltrak öýe barmak üçin gönülänini kem görmedi. Hiňlenjiräp gelýän gyz üçekli howlynyň deňine ýetende, ýolunda keserip duran gara zada gözi düşüp, tisginip gitdi. Şadyýanlygy zym uçan ýaly boldy. Ýüregi erbet habary eşideniňki dek, gorkuly gürsüldäp, demi bokurdagyna tegek boldy. Gorkusyna basalyk edip, hernäçe ýörese-de, aýaklary sandyrap, ýol öndürmedi. Gyz özüne ýakynlaşsa-da, gara gymyldanokdy hem. „Alla janlarym, o nämekä? Yzyma dolanaýsammykam?“ Geçilen ýol geçilmedikden has köpdi. Dünýä häzir ejesine „Jyn-arwaha tä duşýançam, ynanman, bary ýalan zat“ diýen sözlerini ýatlap, „Küpür gepläýdimmikäm, Alla jan, gabarasy dagy näteňet?!“ diýip, özbaşyna samrady. —Hymm... Hym... Gyz has golaý gelensoň, gara zat ellerini öňe uzadyp, uzyn-uzyn hyňrandy. Dünýä bu sesi tanady. Dessine gorkusy aýrylyp, ýüzi ýagtyldy. „Hommy öýdýän bi. Häý, sypaty gurmuş, zähräm-ä ýardyň sen“ diýip, içini gepletdi-de, öňe ümzük atdy. Hommynyň onuň-munuň malyny bakyp, ýandagyny çapyp, şu obanyň beren geýimini geýip, çöregini iýip ýörenine esli wagt bolupdy. Ony bu ýerde uludan-kiçä hemmeler tanaýar. Hommy eşidýär-de, gürläp bilenok. Onuň nireden gelenem, nädip bu ýagdaýa düşenem hiç kese belli däl. Gepläp bilmän, „hymm-hymm“ edip ýörensoň, oba adamlary oňa Hymmy, soňabaka Hommy diýiberdiler. Il arasynda ilkiler „Hommy öň gürläbem bilýän eken, ýöne biri onuň kellesine agyr zat bilen urupdyr, şonuň üçinem geplemekden galypdyr“ diýen gürrüňem ýaýrady. Emma onuň öň kim bolanlygy hakda anyk zady hiç kim bilenokdy. Diňe çopanlaryň biriniň çölden tapyp getirip gideni welin, hemmä aýandy. Hommynyň elinden gelmeýän zat ýokdy. Tarkyldadyp, agaçdan-beýlekiden bir zatjyklaram ýasabiýrdi. Bag-bakjalaryň çybygyny gyrkyp, gül ýaly oňarardy. Ýer deperdi. Ýöne oba adamlary onuň mal bakanyny kem görmediler. Obanyň sürüsini ynandylar. ...Dünýä garaňkyda Hommy laly görensoň, ýoldaş tapynan dek boldy. Hatda onuň gabadyna baransoň: —Garaňkyda näme işleýäň sen? Git-dä indi oba. Sür mallaryňy, howa sowaýar—diýip, begenjinden oňa sözem gatdy. Jykyrdap güldi. Gyzyň özüne söz gatyp gülenine üýtgedimi ýa-da öňden ýüregine bet niýet düwüp durmy, Hommy lal petrewük gözlerini elek-çelek etdi-de, sen-men ýok, gyza topuldy. Eýjejik göwräni güýçli gollaryna alyp, harabalyga siňip gitdi... Dünýä hernäçe çabalansa-da, urunsa-da, läheň göwräniň gara güýjünden ejiz geldi. Gyz göz açyp-ýumasy salymda bolup geçen bu aýylganç waka hiç akyl ýetirip bilmedi. Asman üstüne gopup gelýän ýalydy. Özüni dürsäp, nämeleriň bolup geçenine akyl ýetirjek boldy. Urundy. Birdenem, ýagşyň derdinden ezilip, palçyga öwrülen topraga bagryny oýkap, çabalanyp başlady. —A-a-a-a!.. Gyzyň bagryňy paralap barýan naýynjar sesi gijäniň garaňkylygyna siňip gidýärdi. Ol, hamala, bolan waka ýer günäkär ýaly, ýeri ýumruklap, özbaşyna samrady. —Men indi näme etmeli, aýt ahyry, aýt! Men indi neneň edip, ile-güne çykaryn! Ömürlik ýüzi gara boldum, ýüzi gara!.. Sen şumbagt ekeniň, şumbagt!.. Gyz şeý diýip, taýly gezek maňlaýyna ýumruklady. Şol wagt kimdir biri gyzyň ýanjagazynda çöküp, onuň saçlaryny emaý bilen sypady. Gyz ýuwaşlyk bilen kellesini galdyranda, Hommy lala gözi düşüp, dälilik hetdine ýetdi. —Güm bol! Güm bol diýýän men saňa! Sen meniň bagtymy ýatyrdyň!.. Gyz Hommy laly eli ýadaýança ýumruklady. Onuň sarsmajagyna gözi ýetensoň, ýaraly keýik ýaly iňläp, bagryny ýere berdi. Birdenem ýerinden hasanaklap galyp, eline ilen palçyklary Hommynyň ýüzüne atyşdyryp ugrady. Hommy bolsa „Öldürseňem razy“ diýýän ýaly, gymyldaman otyrdy. Dünýä halys ysgyndan gaçansoň, laý serpmesini goýdy. Ene ýaba girip, eşiklerini, el-ýüzüni ýuwdy. Mejalsyz halda yranjyrap, ýola düşdi. Ol birki ädim ädenden, erkek adamyň bagryňy dilip barýan agysyny eşidip, yzyna gaňryldy. Iki elini ýüzüne tutup, neresse çaga ýaly eňräp oturan Hommyny görende, ýüregi jigläp gitdi. „Bagty ýatan, ol nämä aglaýarka?!“ Gyz barha güýjeýän ýagşyň astynda öl-myžžyk bolan eşikleriniň suwuny sarkdyryp, ýoluny dowam etdi... Berdiniň söýgi haty jogapsyz galdy. Ýöne ýigit gyz üçin ot-elek bolýardy. Dünýä dymdygysaýy, Berdiniň kalbynda köräp ugran yşk ody üstüne ýag damdyrylan pelte ýaly barha alawlaýardy. Olar ýokary okuw jaýyna-da bile gaýtdylar. Bir fakultetde, bir gruppada okadylar. Gyzgalaňly studentlik döwri, şadyýan oglan-gyzlar, pajygaly ekzamenler gyzy bütinleý üýtgetdi. Gam-gussadan saplady. Ol özüniň düşen betbagt ýagdaýyny seýrek ýatlaýardy. Bütinleý unudýan günleri-de köpdi. Studentlik ýyllarynda Berdi bilen tirkeşip, kino-da gitdi, teatra-da. Ýöne ýekeje gezegem ýigide söýgi hakda söz açdyrmady. Haçan-da Berdi söýgi hakdaky söhbete geçende, ol ýarasyndan basylan ýaly, gaşyny çytýardy-da: —Gel, şu gürrüňleri goýbolsun edeli-le, Berdi—diýip, öz ýoluna gitmek bilen bolardy. Keýpi bozulardy. Özüni Berdä bütinleý mynasyp görenokdy. „Gowy gyz köp ahyry, meniň ýaly basgylanana bagtyny baglasa, ömrüni ah urup geçirer“ diýip, gyz pikir öwürýärdi. Emma, näme-de bolsa, Dünýä öz ýanynda Berdiniň bolanyny kem görenokdy. Ol özüniň ýigidi jany-teni bilen söýýänine şu geçen bäş ýylyň içinde has-da göz ýetirdi. Onsuz geçjek gününiň güne meňzemejekdiginem bilýärdi. Emma özüniň ynamsyz adamdygyny Berdiniň bilmegini islänokdy. Berdi üçin mydama ak bolup galasy gelýärdi. Özüniň namyssyzdygyny Berdä bildirenden, Dünýä ölenini gowy görýärdi. Gözleri mähirden doly syratly ýigit diýip hernäçe örtense-de, ony özünden daşlaşdyrmagyň gamyny iýýärdi. Ýüreginiň garşysyna gidip, ýigidiň gaňryşyna gaýdardy. Diplom alynmagyna az wagt galypdy. Şol günleriň birinde Berdi bilen Dünýäniň arasynda şeýle waka bolup geçdi: —Niçe ýyldyr, yzyňda ser-sepil men, Dünýä!—diýip, Berdi ýürek matlabyny orta atyp dynmak isledi.—Emma nämüçindir, dymýaň. Ýa meni özüňe mynasyp göreňokmy? Dünýä uludan demini alyp, siňekden goranýan ýaly, ellerini daldalatdy: —Bes et, Berdi, meň ýanymda söýgi hakda söz açma! Haýyş edýän! Bu gezek Berdiniň sesi azmlyrak çykdy: —Söz açman, beterem ederin. Besdir, näz etmäniňem çaky bar. Ýa seniň başga birinde göwnüň barmy? Dünýä agzyndan „hawa“ diýen sözüň nädip sypanynam duýman galdy. Bu bolsa, Berdiniň ýagly peltesine ot berdi. Ýigit gahardan sandyrady. —Kim ol? Dünýä kejir jogap gaýtardy: —Kim bolanda, saňa näme?! —Onda, sen şunça ýyllap meni aldap gezipsiň-dä, şeýlemi? Söýýäniň baryny wagtynda aýtman, yzyňda bilgeşländen ser-sepil edipsiň-dä?! —Yzymdan özüň galman ýörsüň!—diýip, Dünýä sesine çyna berimsiz gahar çaýdy. Ýürek welin aglaýardy.—Heý, men saňa söz berdimmi?! Berdi biraz ýuwaşady. —Dogry, sen maňa hiç hili söz bereňok. Ýöne men seni söýýän ahyry, Dünýä! —Söýeňde näme! A men seni söýemok! —Ýalan! Ýalan aýdýaň, Dünýä! Senem söýýäň meni. Ony gözleň aýdyp dur-a. Ýöne sen menden bir zad-a gizleýäň—diýip, Berdi gyzyň gözlerinden nazaryny aýyrman oturyşyna çaga ýaly delmuryp bakdy. Dogrusy, gyzyň bolşuna Berdiniň gahary gelýärdi. Ol birdenem sesine gahar çaýdy: —Şundan öýe barsak, ejemi ibererin! Toý ederis. Gürrüň gutardy! Dünýä syçrap ýerinden galdy. —Ýok! Ejeňem ibermersiň! Toýam etmeris! —O näme üçin, Dünýä?! Aýt ahyry! —Üçini, men başga birine durmuşa çykýan! Berdi ýeňsesine depilen ýaly, böküp ýerinden galdy. Dünýä topuldy. —Ýalan! Ýalan aýdýaň! Hiç kime gitmersiň sen! Sen diňe meniňki bolmaly, diňe meniňki!.. Dünýä zor bilen ýigitden sypdy-da, kejirligine tutdy: —Ýok bol, utançsyz! Men hiç wagtam seňki bolman. Men başga... Onuň bu sözleri ýigidiň ýüregine ok bolup çümdi. Berdi elleri bilen gulaklaryny tutdy. —Bes et, Dünýä, bes et! Indi şol sözleri gaýtalasaň, öldirin! Dünýä, ýüregi aglap dursa-da, ýigidiň gaharyny gowy getirmek, şeýdibem oňa özüni ýigrendirmek isledi: —Öldüräý! Başarsaň, häzir öldür! Sen ýala durmuşa çykanymdan, ölenimem gowy! Berdi özüne erk edip bilmän, bat bilen gyzyň dulugyna çalyp goýberdi. Dünýäniň gözlerinden ot çykdy. Ýaňagy lowlady. Özüni dürsände, gahardan ýaňa dälilik hetdine ýeten Berdä gözi düşüp, hopugyp gitdi. Ýigidiň gözleri gyzarypdy, gahardan sandyraýardy. —Eger meňki bolmajak bolsaň, aýt dogryňy! Häzir öldüreýin! Seniň başga biri bilen tirkeşip ýöreniňi görenimden, meniň üçin jeza çekmek ýeňil düşer. Şol wagt edil ýerden çykan ýaly bolup, iki sany milisioner peýda boldy. Olar Berdini alyp gitdiler. Berdi bilen bile Dünýäniň ýüregem sogrulyp gitdi. Ol mejalsyz halda özüni ýere goýberdi. Dünýä gowy ezilmekden ýaňa üşäp ugrady. Ýerinden turup, özüniň näme edýäninem bilmän, yzyna—milisiýanyň jaýyna dolanyp bardy. Durşy bilen öl-myžžyk bolan gyzy görüp, sülçi oňaýsyz ýagdaýa düşdi. —Siz kesellärsiňiz, çalşyrynyp geläýmeli ekeniňiz. Gyzyň öl bolan zülpleri ýüzüne ýelmeşip, ony has-da naýynjar görkezýärdi. Eşikleri endamyna ýelmeşip durdy. Gözleri bolsa ahmyr bilen gussadan doludy. Dünýä sülçiniň ýanyna baryp özelenip ugrady: —Jan dogan, başyňa döneýin, iş gozgama-da, meniň hol günki ýazan arzamy ber yzyna! Hemmesi gahardan boldy. Ol oglanda jinnek ýalam günä ýok. Men ony söýýän... Ýoldaş sülçi... Özümizem bir obadan. Goýberiň... Sülçi ysytma tutýan ýaly sandyrap duran gyzy bir salym boýdan-başa synlady-da, oňa papkasyndan bir tagta kagyzy çykaryp berdi. Dünýäniň gözleri şatlykly uçganaklady. Ol uzak wagtlap gözlän zadyny tapan ýaly, kagyza nebsewür topuldy. „Maňa pyçak görkezdi. Öldürjek boldy... urdy...“ Gyz özüniň bir hepde öň öz elleri bilen ýazyp giden sözlerine ynanmajak boldy. „Hih“ edip, içini çekdi. „Men biriniň günäsiz çagasyny nädäýipdirin! Bu namartlyk ahyry! Şondan aýrylmagyň başga alajyny tapmadyňmy diýsene!“ Dünýä ýazan zatlaryny dessine üýtgetdi: „Meni onuň urany çyn. Ýöne men ony bagyşlaýaryn. Sebäbi bu ýerde meniň özüm günäkär“. Dünýä täzeden ýazan kagyzyny sülçä uzatdy. —Indi ony boşadarmysyňyz? —Şu diýýäniňiz çyn bolsa, boşatmaly bolar—diýip, sülçi entegem gyza haýran galmak bilen seredip durşuna ýylgyryp jogap berdi. Dünýäniňem sesi begençli çykdy: —Sag boluň, ýoldaş sülçi! Dünýä gapa ýeteňkirläp, birdenem yzyna öwrüldi-de: —Ýöne goýbermeziňiziň öň ýanynda oňa aýdyň, goý, ol gaýdyp maňa ýekeje gezegem seretmesin—diýdi-de, batly-batly ýöräp çykyp gitdi. Äpişgäniň deňinden geçip barýarka, gyzyň gözýaşlaryny süpürişini gören sülçi gyzyň bolşuna geň galmak bilen başyny ýaýkaýardy... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |