02:06 Watan | |
WATAN
Goşgular
Gezdim rus tokaýlarny. Synladym men - Gözel Wolgaň towlanjyrap akyşyn. Kawkazyň mylaýym gijelerinde Aýyň bolluk bilen nurun döküşin. Tokaýda görmedim gyýa bakany, Wolganyň aýdymyn diňledim uzak. Datdym kawkazlylaň saçagynyň duzun, Niçe ýol söksemem çekmedim güzap. Çykdym men Pamiriň belentliklerne, Gazaklaryň gülli sährasyn gezdim. Gujaklyga ýetip duran maýsaly Meýdanda saçlarmy ýagyşa ezdim. Içdim ukrainleň gaýmakly süýdün Hem boldum men özbekleriň toýunda. Bu ýerleriň hiç birisi ýat ýer däl, Gezip ýörün misli men öz öýümde. Haýsy ülkä barsam güler ýüz bilen, Garşylap diýýärler: "Tördendir ýeriň!" Men ýat ülkelerde gezemok ahyr, Bary öz Watanym, öz SSSR-im. Men ýat ülkelerde duýamok özüm, Watanmyň bar ýeri öýümdir meniň. On bäş doganymyň gussasy - gussam, Şatlygy - toýy-da toýumdyr meniň! Ogulsenem TAŇŇYÝEWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |