13:11 Sygan gelin / hekaýa | |
SYGAN GELIN
Hekaýalar
Ýaz geldi. Obamyzyň ilersinde belent daglara tarap uzap giden giň ýaýlalar owadan bir hala çalym edýär. Ýaşyl begres ýapynan meýdanlarda biten gyzyl läleler, sarydyr melewşe reňkli jümjümeler, misli şol hala çitilen göller ýaly. Dogrusy, meniň pikirimi häzir gülli meýdanlar özüne çekenok. Meniň ýüregimi lerzana getirip, hyýalymy juda uzakda galan ýyllara alyp gitmekçi bolýan, ýatlamalar kölüne gark edýän başga zat. Ol—sygan göçi! Hawa, sygan göçi! Indi nije ýyllardyr, men her ýyl ýaz gelende, obamyzyň ilersindäki gülälekli meýdanda goş ýazdyryp geçýän sygan göçüni tolguna-tolguna synlap gelýärin. Ondan-oňa bökjekleşýän sygan çagalary, agşamlaryna eşidilýän sygan gyjagynyň zaryn owazy meni ýatlamalaryň gujagyna biygtyýar oklap goýberýär. Men bolsa, gör, eýýäm näçinji gezekdir, göz öňümde ömürlik surat bolup galan şo-ol wakany täzeden ýatlaýaryn... ...Uruş ýyllarydy. Wah, ol ýyllarda görülmedik görgi galypmydy näme! Men ol wagtlar gulpajygymy tasadyp ýören gyzjagazdym. Heniz on hem ýaşamandym. Şeýle-de bolsa, läliksiräp öýde oturmak uruş döwrüniň çagalary bolan biziň paýymyza düşmändi. Mekdebe gatnardym. Mekdepden geldigim hem obamyzyň beýleki çagalary ýaly menem kolhozyň işine barardym. Näme ýumuş buýrulsa, güýjümiziň ýetdiginden kömekleşerdik. Ilkiler men ejemiň ýanynda bolup, şoňa kömekleşerdim. Ýöne öýümizde bir adamyň artmagy bilen men işde ejesiz başymy çaramaga başladym. Kakamyň urşa gidenine ýarym ýyla golaý wagt geçipdi. Orak günleridi. Şeýle günleriň birinde meniň ogul jigim boldy. Mekdepden gelenimde, ejemiň ýanynda goňşymyz Bagtygül ene bar eken. Ejem onuň bilen hümürdisini goýup, ysgynsyz sesi bilen maňa ýüzlendi: —Gyzym, saçakda bir döwümjik çörek bardyr. Şojagazy garban-da, işe basymrak gideweri. Indi sen şu günden başlap, biraz salym mensiz işlemeli borsuň. Özüňem ýaltalyk edip, gepe galaýmagyn, balam! Men «bor» diýen terzde baş atdym. Saçakdan otluçöp gabyndan uly bolmadyk iň soňky döwüm çöregi aldym-da, daşaryk çykdym. Bagtygül enäniň çöwlugy, joram Bahargül bilen bökjekleşip, kolhozyň bugdaýly meýdanlaryna tarap ugradyk. Ogul jigimiň bolanyna ganat baglap uçaýjak bolýardym. «Kakam gelen wagty öňünden buşlap çykaryn» diýip göwün ýüwürtim. «Kakamam, baý, begener-ä!» Ejemiň işe gelmediginden aňdymy ýa-da meniň ýyrşarylyp barşymdan aýallaryň biri sesini batlandyryp, maňa tiňkesini dikdi: —Aýgül jan-a bijesi çykana meňzäp gelýär welin, bir jigijik tapypdyr öýdýän. Ejesini goýup gelmesem, şoň üçindir-le muň?! Men oňa ýyrşarylyp seredip durşuma, sesimi çykarmadym. Ol aýal ýene maňa ýüzlendi: —Aýgül jan, hany, aýt bakaly, nähili jigijik tapdyňyz? Ogulmy ýa gyz? —Ogul!—diýip, meniň ýerime Bahargül jogap berdi.—Onuň ogul jigisi boldy, buşluk! —Wiý, şeýlemidi asyl?—diýip, ol aýal sesini süýkdürdi.—Beýle bolsa geleňdejik özüň gygyryp buşlasaň bolmaýamy, Aýgül jan?! Ol gyňajynyň düwülgi çowuny çözdi-de, herimize kiçijik bölejik gantjagaz berdi. Uludan demini aldy. —Alyň, balalarym. Döwür öňkülik bolan bolsa, buşlugyňyza nämeler berjegimi özüm bilýän-le... Zyýany ýok. Ine, basym uruş gutarar welin, şonda men size ýene bir buşluk haky beräerin. Özünem juda täsin zat bererin. Agşamlyk öe goňşy-golamlaryň köpüsi jigimi ýaşuzynlamaga geldi. Saçakda elpe-şelpelik bolmasa-da, ortada gök çaýly çäýnekler-ä durdy. Dogrusyny aýtsam, saçagymyzam juda boş däldi. Gelen aýallar ejem üçin döwüm-dişlem çöregem getiripdirler. Her öýden gelenligi üçin, saçakdaky çörek böleklerem dürli-dürlüdi. Gyzdyrma bölegem bardy, ýukarak çöregem, galyň hililerem. Şol gün agşam bize Sona sygan diýilýänem gelipdi. Ol obamyzyň ileri çetinde bir özi ýaşaýan Oguldöndi mamanyň köne jaýynda ýerleşipdi. Onuň bu ýerde mesgen tutanyna iki ýyla golaý wagt bolupdy. Sygan göçünden galypdyr. Men-ä ol wagtlar juda çaga bolamsoň, känbir zadyň manysyny aňybam durmazdym welin, oba adamlary-ha bu ýaş sygan gelin hakda: «Onuň adamsy hem urşa gidenmiş, gelin adamsyna tä uruş gutarýança şu ýerde garaşjakmyş. Hat-petek alyşmaga belli adres diýip galanmyş» diýip gürrüň edýärdiler. Ilki ýaşamaga galan günleri onuň gujagynda kiçijik bäbegi-de bardy. Soň ol bäbejik ýogalypdyr. Häzir bolsa onuň diňe özi. Oguldöndi mama bilen bileje ýaşap ýör. Dili birneme çalgyrtrakdy. Heniz biziň dilimizde arassa gürläp bilenokdy. Özem diýseň owadandy. Balkyldap duran kirpikmen uly gözleri ünsüňi çekýärdi. Gyýma gaşlary bugdaýreňk ýüzüne gelşip durdy. Eginleriniň üstüne düşüp duran gysgajyk saçlaryny könelip giden gyzyl öýme bilen bogar goýardy. Etekleri tegelenip duran giň köýnekleri bardy. Onuň öz adyn-a bilemok welin, biziň obamyzyň adamlary-ha oňa Sona gelin diýip ýüzlenerdiler. Özi ýok wagty Sona syganam diýýärdiler. Sona sygan şol agşam meniň jigimi gujagyna alypdy. Ýaňajyklaryna dodaklaryny çalaja degrip ogşapdy. Şol pursatda men onuň gözlerinde ýaş damjalary buldurap giden ýaly duýdum. Çaga tiňkesini dikip, pikire batyp uzak oturypdy. Aýallaryň hümür-sümüri kiparlaşansoň, ýuwaşja gepläpdi: —Meniň-dä balam şeýledi—diýende, bokurdagyna bir zat tegek bolýan ýaly, sesi sandyrap, telim ýuwdunypdy.—Künjora iýdim, zot topmadim. Süýdüm aji boldi, balam-da öldi... Agzyndan aji suw kelip-kelip öldi... Onuň gürrüňleri gynançly-da bolsa, ýürekden çykýan-da bolsa, bu wagt meniň çaga ýüregim oňa düşünenokdy. Gaýtam Sona syganyň gepleýşine gülkim tutýardy. Üýşen aýallaryň arkasynda ýüzümi bukup oturyşyma zordan saklanýardym. Sona sygan gözýaşyny süpürdi. Aýallar bolsa ýerli-erden oňa höre-köşe etdiler: —Gyýylmasana sen, Sona gelin. Nesip bolsa, uruş gutaryp, adamyň bir gelsin bakaly, çagadan ýüküň ýeter-le. —Hawa-la, Sona jan, aglama sen. Uruş gutarsa, bar zat düzeler gider. —Bolýa-bolýa—diýip, baş atyp oturyşyna Sona aýallaryň diýenine çagajyk ýaly gulak asýardy. Iýmit ýetmezçiligi sebäp boldy öýdýän, gün-hepde geçse-de, ejem galyp gidiberenokdy. Goňşy-golamam näme, mydama daşap durup bilýämi. Her kim öz keşigini süýräp bilse, bolany. Bizem indi öz günümizi özümiz görmelidik. Işleýänleriň sanyna görä, kolhoz her hepdäniň ahyrynda bugdaý paýlardy. Paý ujypsyzjady. Şeýle-de bolsa, indiki paýlanyşyga çenli şonuň bilen oňňut etmelidik. Maňa düşýän paýjagaz ýarawsyz ejem ikimize juda azlyk edýärdi. Oňňut etmeg-ä beýlede dursun, iküç güne ýetirsek, zor boldugymyzdyr. Arasynda gök-sök, künjara-da iýler welin, şonda-da gün dolamak kyndy. Bir gün okuwdan gelenimde, ejemiň ýüzüni juda üýtgeşik gördüm. Ejem diýseň keýpsizdi. Gözleri gussalydy. Hatda onuň göz owasynda ýaşam ýygnanypdyr. Jigimi gujagynda saklap oturyşyna dodaklary tirpildeýärdi. Onuň ýanynda pikire batyp oturan Bagtygül ene gözlerini çagadan aýyrman, gussaly gepledi: —Zat bolmaz-la, Ogulgurban jan, ýaňkyja getiren süýdümden özüňem iç, çemçejik bilen ogluňam agzyna guý. Belki, içini arassalaýady-da. Künjara iýip, çaga emdirseň, munça-munça bolýandyr-la. Ejem aglamjyrady: —Wah, agzyndan göm-gök suw gelýär-ä, Bagty ene! Ertirden bäri gözünem açanok, şol süllerip ýatyşy. —Ýagşy dilegde bol—diýip, Bagtygül ene ýene ejeme höre-köşe etdi.—Gaýdyp künjara iýmejek bol. Özüň aýak üstüne galyp, işe gatnap başlaýançaň, tapanymyzy paýlaşarys. Ejem özelendi: —Wah, Bagty ene, siz öz günüňizi görseňiz azmy diýsene. Gol doly maşgala... Ejemiň jigim hakdaky sözleri ýüregimi höpletdi. Sona syganyň hol gün agşam öýümize geleninde diýen zatlaryny ýatlanymda, kalbymy gussa gaplady. «Indi bizem jigimizden dynmaly bolaýdykmykak?» diýip, gorky bilen oýlandym. «Kakama-da buşlap bilmen. Ol hem gynanar eşidäýse...» Ejemiň gujagynda gözlerini süzüp ýatan gyzyleteneje jigime seretdigimçe keýpim bozuldy. Çagajyk haslap dem alýardy. Gözleri ýumukdy. Kinniwanja dodajyklary çalaja açylyp durdy. Käte bir hyklanda, erninden suw syrygyp, eňeklerine tarap akyp gaýdýardy. Ejem bolsa elindäki köne ýelýyrtan bilen onuň agzyndan akýan suwy zol süpürýärdi. Ejem ahyry maňa ýüzlendi: —Gyzym, sen işiňe howlugaweri! Saçakda jöwen tötegi bardyr, şondanam alyp git. Sen bir aç ýykylaýma. Jöwen unundan bişen çörek bölegini elime alyp, işe düwdenekledim. Bar küýüm-de jigimdi. «jigimiň ölmän galary üçin näme kömek edip bilerkäm?!» diýip oýlanýardym. Onuň bolup ýatyşy ýeke salym-da göz öňümden aýrylanokdy. Ahyry çykalga tapdym: çöpleýän hoşamdan her gün birki gysym alyp gitmeli! Ýöne beýdäýmegem aňsat däldi. Bugdaýly meýdanlardan oba gidýän ýeke-täk ýol bardy. Şol ýoluň başynda-da Mämmet agsak atynyň jylawyndan tutup durandyr. Ol seniň bakyşyňdan näme küý-köçäň baryny aňar! Özem oslanmadyk wagt bir ýerden çykardy-da, näme sepiň bolsa duýaýardy. Çep aýagynyň sag aýagyndan kelteligi mese-mälim bildirip duran, möle gözleri öküziň gözlerine çalym edip duran bu göhert ýaly adamy men diýseň ýigrenerdim. Onuň sowuk nazarlaryna bakmajak bolup, deňime geläende-de, ünsümi başga zada sowmaga çalşardym. Men bu zatlar hakda pikir etsem-de, hyýalymdan el çekmedim. Agşamara, öe gaýtjak wagtym bir goşawuç ýaly bugdaý hoşasyny tahýama saldym-da, köýnegimiň içinden goltugymyň aşagyna bukdum. Ony elim bilen bek tutubam, ýola şaýlandym. Atyzyň gyrasynda Mämmet agsak duran eken. Men gözlerimi tegeläp, dodaklarymy berk gysdym-da, sesimi çykarmanam, gabadyndan geçibermekçi boldum. Ol nämäniň-nämedigini aňdy öýdýän. Men aljyradym. Goltugymdaky tahýa patlap ýere gaçdy-da, hoşalar döküldi. —Bu näme etdigiň boldy?!—diýip, Mämmet agsak maňa seretdi.—Kolhozda näçe adam bar! Her kimem günde şeýdip daşap dursa, döwlete näme bermeli bor?! Plany nädip dolmaly?! Kolhozyň bereni bilen oňňut etjek bolarlar-a! Mämmet agsak sesini goýan badyna töwerege imi-salalyk aralaşdy. Hemmeler dymýardy. Meniň ýaňaklarymdan iki sany hünjüjik togalanyp gaýtdy. Ýüregim gürsüldäp, kükregimi ýaraýaýyn diýýärdi. Şol wagt hem märekden saýlanyp, Sona sygan orta çykdy. Ol ellerini biline tutdy-da, owadan gözlerine gahar çaýyp, Mämmet agsagyň alkymyna dykylyp bardy. —Oň azap bilen ýygnan hoşajygyny nätdirdiň? Mämmet agsak hem Sonanyň özüne soragly ýüzlendi: —Bu gün muňa zat diýmän goýbersem, ertir baryňyzam şeýdersiňiz siziň! Sona sygan maňa şeýle bir naýynjar nazar bilen seretdi welin, ol bakyşda onuň ene ýüreginiň gynanjy mese-mälim duýulýardy. Ol maňa sekuntlarça tiňkesini dikenden soň, Mämmet agsagyň eginlerinden ýapyşdy. —Oň ejesi, seň kolhozçyň Ogulgurbanyň ýakynda çagajygy boldy, başlyk! Gaty gahar etme sen. Ýaş çaga bilen gowy iýmäsä, bala-da heläk bolyr, Ogulgurban-da. Ber sen bu bala her gün azajyk bugdaý. Ejesi ýahşy bolinçä äkitsin. —Bu wagt ýaramaýanam, her gün bugdaý äkitmäge bahana tapjagam her öýde tapdyrar—diýip, Mämmet agsak ýan bermedi.—Düzgün hemmeler üçin deňdir. Çykyp bolmaz şondan. Kolhozyň berýäni bilen oňjak boluň! Gündeki ýygnalýan galladan ýekeje däne-de beýläk çekilmeli däldir! —E-e... Başlyk! Gepe düşmirsiň sen!—diýip, Sona sygan gaharlandy.—Gaýrat et-dä birki gün. Soň işläp berer ejesi bugdaý ýerine. Künjora iýse, Ogulgurbanyň süýdem ajy bolyr, balasy-da ölir. Mämmet agsak dergazap bolup gygyrdy: —Seň takalyň gerek däl maňa! Men her öe bermeli dänämi berýän. Ondan artyk berip, düzgüni bozup bilmen. —Oň bilen oňup bolanok-da! —Oňman, tansam edersiň. —Başlyk!—diýip, Sona sygan birden şadyýan gygyrdy.—Garnymyzy doýur, tans etmegi başararam men! Ine, seret! Ol Mämmet agsagyň ellerini daldaladyp, nämedir bir zatlar diýjek bolýanyna-da üns bermedi. Başyndaky köneje öýmesini batly çekip, eline aldy. Gysgajyk saçlary eginleriniň üstüne seçelenip gitdi. Ellerini iki ýana serip, ortada ýuwaşjadan pyrlanyp ugrandan, köýneginiň giň etekleri tolkun atdy. Sona sygan ilki: —Hy-y!—Edip, töweregi ýaňlandyryp, sesiniň ýetdiginden gygyryp goýberdi. Soň bolsa eginlerini silkip, kellesini iki ýana ýaýkap, şeýle bir tans etmäge başlady welin, barymyz doňup galaýdyk. Mämmet agsak hem ondan beýle zatlara garaşmady öýdýän, gözlerini tegeläp, doňup durdy. Ol gitjegini-de, Sona sygana haý-küş etjegini-de bilmän, aljyraňňylyga düşdi. Bir Sona, birem töweregine nazar saldy-da, soňam tansa seredip, butnaman durdy. Sona sygan ýogynraga-da owadan sesini süýndürip, aýdyma-da gygyryp başlady. Onuň aýdymy şeýle bir gaýgylydy welin, ýürekleri gyýyp barýardy. Misli Sona aýdym aýtman, gygyryp, nalaýan ýalydy, aglaýan ýalydy. Sözlerine düşmesegem, aýdym barymyzy daňdy goýdy. Sona bir zat-bir zatlar diýip gygyrýardy-da, kellesini aşak egip, eginlerini gysyp, dyzyna çökýärdi. Kellesini ýere degräýjek bolýardy. Şonda onuň saçlary-da ýüzüni bütinleý ýapýardy. Birdenem silkinip turup, pyr-pyr aýlanýardy. Onuň aýdymy meniň göz öňümde agyzjygyny çalaja açyp, haslap ýatan jigimi, gözi ýaşly ejemi janlandyrdy. Göz owama ýaşlar ýygnanyp, bokurdagym doldy. Möňňüräýmekden zordan saklanýardym. Sona ahyry tansyny gutardy. Men ol şol gaýgyly aýdymyny aýdyp bolandan soň, möňňürip aglarmyka öýtdüm. Ýöne meniň pikirim tersine boldy. Sona sygan ýyrşarylyp, öýmesini başyna bogdy-da, doňdurylan ýaly bolup duran başlygyň ýanyna bardy. Ellerini biline tutup towlanjyrady. —Neneň, başlyk?!—diýip, keýpikök gepledi.—Meň tans edişim-de seň gamçyň tans etdirişiçeräk barmydyr, hä?! Başlyk jogap berenokdy. Ol şol bir durşuna aňk bolup durdy. Özem Sona şeýle bir üýtgeşik nazar bilen seredýärdi welin, onuň gözlerinde hälkije gahar-gazapdan nam-nyşan-da galmandy. Hemmeler dymýardy. Töwerek dym-dyrslykdy. Oba tarapdan aňňyrýan eşekleriň, üýrüşýän itleriň sesi gelýärdi. Dymyşlygy Sona sygan bozdy. —Başlyk, eger tansym göwnüňe ýaran bolsa, men-ä saňa her gün şeýdip tans edip bereýin—diýip, ol degişmä salyp aýtdy. Kellesi bilen meni ümledi.—Sen bolsa, bujagaz gyza tä ejesi gutulýança, günde bir gysym bugdaý ber. Hepdede bir muňa düşýän paý olara juda az bolýar-a. Mämmet agsak Sona sygana jogap gaýtarmady. Agras ädimläp, meniň ýanyma geldi. Men eginlerimi gysyp, yza çekildim. Başlyk çommalyp oturdy-da, meniň eginlerimden tutup, özüne bakdyrdy. Ýuwaşja gepledi: —Gaty görme menden, jigi! Uruş ahyry! Şeýle diýibem, ol pytran hoşalary tahýama atdy-da, elime tutdurdy. Özi bolsa başyny salyp barşyna atynyň ýanyna ugrady. EÝere özüni atansoň, bizden arany açmak bilen boldy. Nämüçindir, diňe şundan soň meniň gözýaşlarymyň böwedi açyldy. Başlygyň yzyndan seredip durşuma möňňürip goýberdim. Meniň sesime beýleki aýallaram ses goşdular... Agşam öýümize Sona sygan geldi. Ol un getiren eken. Ejem almajak bolsa-da: —Men näme-de bolsa oňaryn. Çaga emdiremok. Saňa welin gerek. Almasaň, gaty görerin—diýip, zordan goýup gitdi. Şol günden soň başlyk ýaramaýan adamsy bar öýlere ýörite aýlanyp, bellik edip çykypdy. Goşmaça däne bermegi ýola goýupdy. Şondan soň menem işden soň hoşa alyp gaýtjak bolup durmadym. Sona syganam tans etmeli bolmady... Sona sygan uruş tamamlanmanka, biziň obamyzdan gitdi. Soň-soňlar, eşidip otursam, ol adamsynyň wepat bolanlygy hakdaky habary alansoň, öz göçüniň gözlegine giden eken. Uruşdan kakam sag-aman dolandy. Men oňa bu wakany başdan-aýak gürrüň berdim. Ýaz aýlary, syganlaryň göçleriniň obamyzyň ilersindäki ýaýlada düşlän wagtlary kakam bilen ençe sapar Sonanyň gözlegine-de gitdik. Ony myhmançylyga çagyrmak, kynçylykly günlerimiz hakda iç döküşmek isleýärdik. Şonda biz jigim Döwranjygam ýanymyz bilen alardyk. Näçe gözlesegem, Sonadan derk tapyp bilmedik. Meniň özümem ony ençeme sapar sygan göçlerinden soragladym. Ýöne biziň Sonamyzdan derek bolmady... ...Ine, häzirem men ýaşyl ýaýlada mesgen tutan sygan göçüni synlap otyryn. Ol göç meniň pikirlerimi ummana alyp gidýär. Ýürek göçüň ýanyna telwas edýär. Sonany tapyp, öten-geçenler hakda bir ýürek döküşesim gelýär... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||