01:17 Garakündügiñ başdan geçirenleri: 6. Duşman bilen ýüzbe-ýüz | |
6. DUŞMAN BILEN ÝÜZBE-ÝÜZ
Powestler
Uzakly gününi ýatyp geçirýän Garakündük hemmelerden ir oýandy. Ol turup gerinjiredi. Peşehanadan çykmagy, agaç sekiden düşmegi ol heniz başarjak däldi. Şonuň üçin öý eýelerini oýarmak gerekdi. —Mýaw! Mýaw!—edip, Garakündük nalynjyrady. Onuň sesine Mekan bilen ejesi oýandy. —Bi eýýäm turaýypdyr—diýip, Mekan käse ýalyjak pişigi gujagyna alyp, sypalady.—Ýat-da entek, pişim. Heniz ir. Günem doganok. —Ol daşaryk çykjak bolýandyr, oglum. Ony peşehanadan çykar-da, sekiden düşür. Goý, birneme aýlanyp, aýagyny ýazsyn. Ol turan bolsa, indi ýatmaz—diýip, ejesi Mekana tabşyrdy.—Uzakly günlerini ýatyp geçirýän bolsalar-da, pişikler ir oýanýarlar. Daň agarandan turýa olar. Mekan peşehanadan ýarpy göwresini çykaryp, pişijegi emaý bilen ýere goýberdi. Pişik ýere düşenden, gybyrdyklap, mellegiň çetine bardy-da, gumak ýeri ysgaşdyrdy. Soň ol ýerde çommalyp oturdy. Yzyna dolanjak wagty oturan ýerine elleri bilen peşäp-peşäp, gum sürdi. Soň gum süren ýerini ysgaşdyrdy. Ýene gum sürdi. Pişijegiň bolşuny peşehananyň içinden synlap oturşyna, Mekan hikirdäp güldi: —Ol nädýär-aý, eje? Ejesem ýylgyrdy: —Pişik gaty arassa haýwan. Görýäňmi, özüniň oturan-turan ýerinde ys galmaz ýaly, gum sürşüni. Pişijek yzyna gaýdyp gelip, ýene ýuwunmaga oturdy. Ejesidir Mekanyň hüňürdisine Emir oýandy. —Nämä hüňürdeşýäňiz?—diýip, ol gaharly gygyrdy.—Ýatara goýmadyňyz. Ýa ýene şol pişik iş berýämi? Düýnem şol sebäpli ýatyrmadyňyz. —Ýuwaş. Ýuwaşrak geple—diýip, ejesi Emire tabşyrdy.—Häzir ataň dagynam oýarýaň. —Men entek ukymy alyp bolaýyn. Ol pişigi gaýdyp şu ýere gelmez ýaly ederin—diýip, Emir ukysynyň bozulanyna birsyhly pişigi günäläp gepledi. Birdenem, pişigi görmek üçin diklenip oturdy. Töweregine garanjaklady.—Hany ol? —Hana, jaýyň düýbünde ýuwnup otyr—diýip, Mekan Emire pişijegiň oturan ýerini salgy berdi. —Gün dogmanka-da bir turmak bormy, ýuwunmak bormy—diýip, Emir birsyhly iňirdedi. Akylsyz pişik. —Ýatasyň gelýän bolsa, ýatybersene, oglum—diýip, ejesi Emire nesihat etdi.—Ejiz jandar bilen ne işiň bar! Emir kellesini ýassyga goýdy. Gözlerini süzüp, ýene uklamak isledi. Uklap barşyna-da hüňürdedi: —Ol meni ýatmaga goýanog-a. Emiriň sözüni makullaýan ýaly, Garakündük ýuwnup boldy-da, ýene mawlamaga durdy: —Mýaw! Mýaw! Emir atylyp ýerinden turdy: —Bela! Merez saňa! Seni bir häzir mawlamaz ýaly edeýin! Şeý diýdi-de, Emir pişigi nirädir bir ýerik oklap gelmek üçin peşehanadan çykyp, agaç sekiden düşdi. Ýöne ol köwşüni geýmänkä, Mekan ondan öňürdip, aýakýalaňaç halda ylgap baryp, pişijegi gujagyna aldy. Ony Emirden goraglady. —Degmersiň!—diýibem, Emire gazap bilen seretdi. Soňra ejesine ýüzlendi.—Eje, bu ajygýan bolaýmasyn. Süýt beräý-dä. —Äber bärik—diýdi-de, Emir pişigi Mekandan almaga synanyşdy.—Men oňa gowuja süýt bereýin! Mekan Emirden gaçyp, pişigi barha bagryna basdy: —Eje, ogluňa seret! Pişigi ýene zyňjak bolýa. Ejesi hem peşehanadan çykdy. Kellesinden gaçan gyňajyny tertipledi. Soňra agşam ilgençekden asyp goýan bedresini aşak düşürip, pişigiň käsesine süýt guýdy. —Süýdüni içensoň, ol sesini çykarmaz. Bar, oglum, sen indi arkaýyn ýatyber, ýatasyň gelýän bolsa—diýip, ejesi Emiriň eginderinden sypady.—Ol ajygyp aglaýandyr. Ejiz jandara degip näme etjek. Günä bolar-a. Emir her zadam bolsa, ejesiniň gaňyrşyna gaýdyp durmady. Ýerine geçip ýatdy. Soň hem: —Ýene ýekeje sapar sesini çykaraýsa, gaty görmesin!—diýip, ýatan ýerinden pişijege haýbat atdy. Garakündük hezil edip süýt içdi. Süýdüni içip bolansoň, ýene ýalanmaga oturdy. —Ýöne ýuwnup dur-laý—diýip, Mekan pişigiň bolşuny geňläp, ejesine gep goşdy.—Ýaltananogam. —Onuň ganynda bar ýuwunmak—diýip, ejesi Mekana düşündirdi.—Görýäňmi, oňa hiç kim öwredenogam welin, özi ýuwunýa, oturýan ýerleriniň üstüne gum sürýä. Şeý diýip, ejesi gazojakda çaý oturtdy-da, bedresini alyp, sygyr sagmaga gitdi. Mekan hem pişijegi gujagyna alyp, ýene ýerine geçdi. —Gel, pişim, indi ikimizem ýataly. Garnyňy doýran bolsaň, indi aglamarsyň-a sen—diýibem, pessaý gepläp, pişigine gep goşdy. Pişik welin gaýdyp ýatmady. Ol ullakanja gözlerini tegeläp, Mekanyň ýüzüne seretdi oturdy. —Ýat-da!—diýip, pyşyrdady-da, Mekan onuň kellesini aşak basdy. Pişik ýene kellesini galdyrdy. Ol şeýle bir eýjejik bolup, gözlerini ýyldyradyp bakýardy welin, Mekanyň onuň bolşuna gülküsi tutdy. Emire eşitdirmejek bolup, ýuwaş sesi bilen gülýärdi. —Ýatmajak bolsaň, oturyber şeýt-de—diýip, pyşyrdady-da, Mekan pişiginden ünsüni sowup, ýorganyny başyna çekdi. Garakündük esli salym oturdy. Soň bolsa Mekanyň üstüne mündi. Ýorganyň güllerini dyrmalap gördi. Soň Mekanyň üstünden düşüp, Emiriň üstüne mündi. Onuň-da ýorganyny dyrmalap oýnady. Eginlerinde bir gybyrdynyň baryny duýandan, Emir oýandy. Öz üstüne çykyp, oýnap oturan Garakündügi görende, onuň ýene myrryhy tutdy. —Sen ýene ýatyp bileňokmy?—diýip, dişleriniň arasyndan syzdyryp, gahar bilen aýtdy-da, pişijegi gazap bilen eline aldy. Atylyp, peşehanadan çykdy. Köwşünem geýmän, mellegiň çetine bardy-da, pişigi ýorunjalygyň içine tarap oklap goýberdi.—Ýene geläýseň, ýaba taşlaryn! Eşidýäňmi!—diýibem, haýbat atyp gygyrdy. Gür ýorunjalyga düşensoň, Garakündügiň hiç ýeri agyrmady. Ol kiçijigem bolsa, dört aýagynyň üstüne düşüp bilipdi. Ýöne zyňylmadan diýseň gorkdy. Gorkusyndan aglamaga durdy: —Mýaw! Mýaw! Emiriň gohuna ýorgandan çykan Mekan pişige tarap kömege ylgady. —Entek seniň kitaplaryňy edişime seret!—diýibem, gidip barşyna Emire haýbat atdy. Soňam pişigi çagyrdy—Piş-piş-piş! Sen nirede Garakündük? Ýorunjalaryň yrgyldysyndan biläýmeseň, bitgin ýorunjalykda pişijegiň boýy saýgararly däldi. —Me, piş-piş-piş!—diýip, Mekan Garakündügi birsyhly çagyrdy.—Sen nirede, pişim? —Mýaw! Mýaw!—edip, aglap barýan Garakündük ýorunjaly pelleriň sygyr dölä direnip duran ýerinden çykdy. Birdenem, ala sygry güžžüldedip sagyp oturan Mekanyň ejesine gözi düşüp, sesini goýdy. Bir çetde çommalyp oturdy-da, sygyr saglyşyna syn etdi. Garakündügi Mekanyň ejesi gördi. Onuň çommalyp, akyllyja bolup oturyşyna gülküsi tutdy. —Hä, Garakündük, nämä aglaýaň?—diýip, pişijege bakyp ýylgyrdy-da, oňa gep goşdy.—Bu ýerlerde näme işläp ýörsüň? Ýa seni ýene meniň gaharjaň oglum mellegiň içine okladymy? «Adamlar hemme zada düşünýärler. Hemme zady bilip durlar» diýip, Garakündük içini gepletdi.«Olara hiç zady aýtmagam gerek däl. Ýüzüňe seredenlerinden, näme bolanyny bilýärler.» Mekanyň ejesi ýene Garakündüge gep goşmasyny dowam etdi: —Meniň sygyr sagşyma seredýäňmi? Biziň ala sygrymyzyň süýdi ýaradymy saňa, hä, Garakündük? Bu sözler Garakündügiň ýadyna ejesini saldy. Ol ahmyr bilen dem aldy.«Ala sygryň süýdi erbet däl eken. Ýöne meniň üçin öz ejemiň süýdi has tagamlydy» diýip, Mekanyň ejesine jogap gaýtarmak isledi.«Men bu zatlary oňa nädip aýdaýyn? Biz adamlaryň gepine düşünsegem, adamlar biziň dilimize düşünenoklar-da» diýip, Garakündük birsyhly içini gepletdi.«Ýöne men munuň üçin gynanyp durmaýyn. Häzir meniň näme diýmek isleýänimi Mekanyň ejesiniň özi biler.» Garakündügiň pikir edişi ýaly boldy. Mekanyň ejesi onuň içki pikirlerini diline getirdi: —Süýtleriň hemmesi gowudyr, Garakündük. Ýöne her kim üçin iň tagamly süýt öz ejesiniň süýdüdir, şeýle gerek? Garakündük Mekanyň ejesine owadanja gara gözlerini gyrpman seretdi. Onuň sözlerini gözleri bilen makullady. —Sen meniň gepime düşünýäň, Garakündük—diýip, Mekanyň ejesi ýene Garakündüge ýüzlendi.—Sen akyllyja pişik. Onýança bu ýere Mekan hem ýetip geldi. Ol käse ýalyjak pişijegiň gymyldaman, sygyr saglyşyna seredip oturyşyny görüp, keýpikök güldi. Emiriň üstünden arz etmegem unudyp, pişijegini eline aldy: —Ejemiň sygyr sagşyna seredýäňmi, hä, pişim? —Hawa—diýip, Mekana ejesi jogap berdi.—Hakyt, gymyldaman oturyp, meniň sygyr sagşyma seredýä-dä seň dostuň, Mekan! —Eje, muny ýene Emir ýorunjanyň içine oklady—diýip, pişijegi bagryna basansoň, Mekan ejesine pişigiň bu ýere gelmesiniň sebäbini aýdyp berdi.—Ahyr bir gün el-aýagyny döwýär-ow ol munuň! Ejesi sygry sagyp bolup, ýerinden turdy. Soň bolsa: —Emiriň bolşuny men hökman kakaňa aýdaryn—diýdi.—Hany, ýörüň, indi gapa baralyň. Bular gapa gelen çagy Emir öz ýerinde uklap ýatyrdy. Mekan pişigi tekiz ýere goýberdi. Ejesi süýdi gazana guýup, gazojakda goýdy. Soňra çaý demledi. Mekanyň atasy, enesi, kakasy dagy hem turdy. Agaç sekide Emiriň ýatanlygy sebäpli, olar ýere keçe atyp, çaý içdiler. Mekan enesidir atasy daga bu gün ir bilen özlerini Garakündügiň turuzyşyny, Emiriň ony ýorunjalygyň içine oklaýşyny gürrüň berdi. —Emir şu janaweri ýene bir ýerik oklaýsa, men onuň gulagyny keserin—diýip, atasy Mekana söz berdi. Çaý içilip bolansoň, Mekanyň atasy mydamakylary ýaly, eşegini alyp, ota gitdi. Kakasy bolsa işine gitdi. Mekan hem çagalar bilen oýnamak üçin köçä çykdy. Enesi ýüň daragyny alyp, ýüň daramaga oturdy. Ejesi bolsa ýene syrym-süpürim, biş-düş bilen meşgullanmaga başlady. Garakündügiň bir özi galdy. Ol ilki Mekanyň enesiniň gapdalynda çommalyp oturdy-da, onuň ýüň daraýşyna syn etdi. Ýakynraga süýşüp, üýşüp duran ýüňleri eli bilen eýläk-beýläk itip gördi. —Sen ýüňleri elleme, Garakündük. Çaşyrarsyň. Bar, iň gowusy, git-de, ýat sen—diýip, Mekanyň enesi Garakündüge gep goşdy. Garakündük ýüňlerden elini çekdi. Eýläk-beýläk ýöredi. Entek onuň ýatasy gelenokdy. Guran ýapraklary itişdirip, oýnap gördi. Birden olardan gaçan boldy. Şeýdip ýörşüne ol gapysy açyk duran aşhana girdi. Mekanyň ejesi aşhanany tertipläp goýupdy. Birden Garakündügiň gözi aşhananyň çüňkünde gybyrdap ýören, biri çaganyň ýumrugy ýaly, biri bolsa has kiçijik syçanlara düşdi. Syçanlar Garakündügi görenden, doňan ýaly bolup galdylar. Olaryň nokat ýalyjak gözleri ýyldyr-ýyldyr edip, gorkuly oýnaklaýardy. —Jyk-jyk edip, kiçijik syçanjyk aglamaga durdy.—Eje, hana pişik. Ol indi bizi iýer. Men gorkýan. Aşhana pişigiň ysy ornandan, ene syçan hem gorkupdy. Ýöne ol birbada Garakündüge gözlerini çüýjerdip seretse-de, soňra birneme özüni tutdy. Hatda jykyrdap güldem. —Jyk-jyk-jyk...Jyk-jyk-jyk... Nämä gorkýaň, balam. Ol pişigiň göwresi biziňkiden sähelçe uly. Bu wagt ol bizi tutubam bilmeýä, iýibem—diýip, ol çagasyny köşeşdirdi.—Sen arkaýyn ýokaryk dyrmaş-da, islän zadyňy gemriber. Agaç tabagy iýesiň gelse, agaç tabagy iý, çemçe gemresiň gelse, çemçe gemir. Çörejik iýesiň gelse-de, saçagy deş-de, iýiber arkaýyn. Bar, oguljygym. «Äh-ä, meniň gabadymda duran bu zatlar syçan diýilýän jandarlar bolsa gerek.» diýip, Garakündük içini gepletdi. Ol syçanlara-da ilkinji gezek duşup görýärdi.«Ejem bulara adamlaryň iň ýaman duşmany diýýädi. Diýmezçe däl eken. Bular adamlaryň çemçe-çanagyna çenli iýýän eken.» —Eý, siz syçanlarmy?—diýip, Garakündük döşüni gaýşardyp, ene syçana ýüzlendi. —Hawa—diýip, ene syçan murtuny jaýtartdy.—Bolanymyzda näme! Şeý diýensoň, ene syçan çagasyna gep goşdy.—Gördüňmi, akyllyjam, men pişik bilen nähili mert gepleşýän! —Eger siz syçan bolsaňyz, men sizi iýmeli—diýip, Garakündük gepini dowam etdi. —Jyk-jyk-jyk...Jyk-jyk-jyk—edip, ýene ene syçan Garakündügiň gepine güldi.—Senmi bizi iýjek? Hany, gel, iý-dä gaýratyň bolsa! —Entek men kiçijik-dä—diýip, Garakündük ene syçana jogap berdi.—Ulalaýyn, onsoň, siziň baryňyzy iýerin! —Waý, eje, gorkýan! Ol bizi iýjek diýýär-ä!—diýip, syçanjyk ýene aglamaga durdy.—Jyk-jyk...Gideli bu ýerden. —Ýok, gitmeris!—diýip, ene syçan hondanbärisiredi.—Özüňem gorkma. Pişigiň ýanynda ejizleme. Ol bizi iýip bilmeýä. Görýäňmi onuň kiçijikdigini! Ulalýança bolsa, görübiýris. Belki, bärden gideris. —Tagamyňyz-a erbet bolmaly däl—diýdi-de, Garakündük syçanlara tarap ýöräp ugrady.—Meniň burnuma iýen etlerimden-de tagamly ys urýa. Hany, men sizi ýakynrakdan-da ysgap göreýin. Garakündük kiçijigem bolsa, syçanlaryň ikisem ondan gaçdy. Öz ýeňijisini görende kim eýmenmeýä! Syçanlar gaçsalar-da, gaçdylar welin, bir ýerlerde gizlenip, Garakündügiň üstünden gülüp başladylar: —Syçanlar! Serediň, bu öýe pişik gelipdir! —Pişik bolaýşyny oň! Göwres-ä biziň göwrämizden sähel tapawut edýä! —Oňa bir betnyşan adam dakypdyrlar. —Garakündük! —Garakündük! Garakündük! Çopanlaryň oda garalyp giden gara kündügi! —Jyk-jyk-jyk...Jyk-jyk-jyk... —Jykyrdaşyberiň!—diýip, Garakündük öz üstünden gülýän syçanlara tarap gygyrdy.—Ine bir gün men ulalaryn hem-de sizi jykyrdaşmaz ýaly ederin! Dowamy bar... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |