GARRY ENEM SYRKAWLANDA
Garry enem dokuz onlukdan esli arany açan hem bolsa tüweleme, heniz gollary berdaşly, akyl-huşy ýerindedi. Özi-de ownuk-uşak işler bilen zol aýak üstünde gyrmyldar ýörerdi, başarmajak işini welin „eýdiň“,“beýdiň“ diýip bize buýurardy. Biz onuň bir aýdanyny iki gaýtalatmazdyk. Onuň bilen halys öwrenişipdik.
Bir gün welin garry enem nähoşlady oturyberdi. Men o mahallar heniz mekdebe-de gatnamadyk oglanjykdym. Şonda biziň hemmämiz onuň töwereginden aýrylmadyk.
Garry enemiň gyzgyny barha artýardy. Kakam gyssanýardy, şol gyssanjy bilenem töweregine garanjaklady:
-- Gyssagly Annamuhammet doktory çagyrmaly.
Men garry eneme seretdim.Ol gözlerini ýumup durşuna uludan agras dem alýardy, adaja iňňildeýärdi.
-- Kaka, doktory men çagyraýynmy?—diýdim.
--Wah, oglum sen heniz ýaş bolýaň-da, meniň diýýän doktorym örän uzakda, baryp oba giriläýen ýerde ýaşaýar. Sen ony tapmarsyň?
--Taparyn.
--Aslynda sen Annamuhammet doktor diýlen adamy görüpmidiň?
--Hawa, görüpdim. Onuň özem, aýalam doktor dälmi?
--Berekella, sen olaryň öýünem tapýaňmy?
--Hawa.
--Onda bar oglum, eglenme, gyssagly gelip gitsin.“Garry enem syrkawlapdyr, gyzgyny bar. Sanjym etmeli“ diý. Bolmasa, ýanyňa dostuň Wellegi alyp git.
Men derhal köwşümi geýip, daşaryk çykdym. Agşamaralardy.Wellegem diýip durmadym, beýlekem. Tas ýarym sagat diýen ýaly ýol ýörändirin. Özümem bu ýoly ýöräp däl, ylgap diýen ýaly geçdim. Bilýäňizmi, men munuň üçin näçe köçäni kesip geçmeli boldum. Üstesine, ýolda-yzda ullakan-ullakan itlerem gabat geldi, örä goýberilen sygyrlardyr oba klubyna kino gidýän adamlaram öňümden çykdy. Ýöne hiç kesiň meniň bilen işi bolmady. Deňimden maşyndyr motoskletli adamlardan hem geçip gidenleri boldy. Garaz, men ýeke däldim. „Gaýdyşynam görübirin. Belki men hem doktoryň ulagy bilen gaýdaryn“ diýip içimden pikir ýüwürtdim.
Daş işikge baryp-barmankam gazygyna baglanan itleri uly ses etdi.Itiň sesine içerden bir garry aýal daş çykdy-da:
--Kimsiň?Näme gerek?--diýip gygyrdy.
--Men Batyr. Kakam iberdi.
-- Sen kimiň ogly?
--Kakamyň ogly.
--Kakaň ogludygyňy bilýän, kakaň ady näme?
--Bilemok.
--Ejeň adyny-ha bilýänsiň?
--Onam bilemok.
--Kakaň adyny bilmeseň, ejeň adyny bilmeseň. Onda kakaň nirede işleýänini aýt?
--Kakammy, kakam mekdepde işleýär. Agşam gidip, ir ertirden hem gelýär.
--Hä, tanadym. Sähet garawulyň ogly diýsene. Ýeri, onsoň näme habar bilen geldiň?
--Garry enem syrkawlapdyr. Meni kakam iberdi. Doktor sanjyp gaýtsa, gowy boljak diýdi.
--Wah, guzym, Annamuhammet jan gelnini alyp şähere gidipdi-dä! Obaň başga-da doktorlary bardyr-a.
Men işimiň bitmänligine ökündim, „Doktor öýde ýok“ diýip bada-bat aýdaýmaly-da, gury „Kakaň kim? Ejeň kim? Kimiň ogly?“ diýip sowal baryny berip başymy agyrtdy. Aýyň ýagtysy bilen derhal ýola düşdüm.Ýollar tekiz däldi, golaýda gelen sil suwunyň yzlary çukur-çala bolup, birentek ýerlerden aýlanyp geçmelidi. Soňa-baka gorkmanam durmadym. Töwerek çolady. Yns-jyns ýokdy. Mahal-mahal yzyma gaňrylyp seredýärdim. Göwnüme kimdir biri söbügime basyp gelýän ýalydy.Ýoluň ýarpysyny külterläpdim. Meniň gaýgym bahymrak daýhan birleşiginiň bakjaçylyk meýdanyndan geçýän inçemik ýoldan aşmakdy. Bu ýeriň „jynly meýdan“ diýibem ady bardy. Biz ozallar hem bu ýerlerde bolanymyzda gündiziň günortalarynda hem tilkidir şagallar, oklukirpiler meýdan alakalarynyň, dürli görnüşli ýylan-içýanlara gabat gelerdik. Daýhan birleşigi bu ýerlere gawun-garpyz ekipdi. Häzir hem bu ýere ekilen gawun-garpyzlar mazaly ýetişipdi. Garry enem hemişe „Gawunyň ýagşysyn şagal iýer“ diýerdi. Bu söz meniň aňymda galypdy. Belki häzirem şagal gawunlary saýlapjyk iýip oturandyr. Uzak bir ýerlerden-ä şagal-möjekleriň uwwuldyşly seslerem eşidildi. Men o tarapa seretjegem bolmadym.
Ine, birdenem bakjanyň gyrasynda başy telpekli ellerini galgadyp oturan adama gözüm düşdi. Men tas wägiripdim. Soňam oňa gawun sakçysydyr öýdüp, „Salam daýy!“ diýdim. Içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, salamymy hem almady. Gaýta menden „Gawun ogurlygyna geldiňmi?“ diýip sorasa, men oňa näme jogap bererin. Sorasa sorabersin. Doktoryň yzyndan baranymy aýdaryn. Kimiň ogly diýse mekdebiň garawuly Sähediň ogly diýerin“. Emma ondan ses-seda çykmady. Belki onuň özi-de gawun ogurlamaga gelen adamdyr. Özüni tanatmajak bolubam salamymy alan däldir. Ýogsa-da, arwah-jyn diýilýäni şu bolaýmasyn?! Men öýe bakan ýazzyny berdim. Birhaýukdan yzyma gaňrylyp seredemde-de, ol adam şol bir hereketi bilen ellerini galgap dur eken.
Men näçe wagtlap eglenenimi bilemok. Ýöne öýmüz adamly eken. Garry enemiň turup oturanyny, onuň Atageldi doktoryň eden sanjymlaryndan soň gyzgyny peselip, öňünde goýlan süýtli aşdan kem-küm edip durandygyny görüp begendim. Şol gün-ä maňa üns berenem bolmady. Ertesi agzym uçgunaklap, birneme gyzdyrybam ýatypdyryn. Şonda kakam:
--Oglum, men seni Annamuhammet doktoryňka nähak ugradypdyryn. Sen giden dessiňe Atageldi doktoryň özi aýlanyp geläýdi. Oduň-külüň üstünden geçensiň, belki nämedir bir zatlardan gorkansyň.
--Kaka, men bakjalykda bir adam gördüm. Salam bersem-de, salamymy almady. Dogrusy, birneme gorkmanam durmadym, derhal ol ýerden ökjäni götermek bilen boldum.
--Oglum, Batyr jan, sen meni agşamky adama duşan ýeriň salgysyny berip bilermiň?
--Hawa, bilerin. Bakjalygyň bäri başynda gördüm.
--Bakjalygyň bäri başynda diýsene.-- Kakam adaja ýylgyrdy.—Seniň gören adamyň başy telpeklimi?
--Hawa.
-- Egnem eşiklimi?
--Hawa.
--Ýagşam bir gorkunç adama duşupsyň. Seniň gören zadyň sakçam däl, ogram. Ol gawun sakçysynyň oýlap tapan zady, adam göwresine meňzedip, agaçdan ýasap oturdan ýöne bir garantgasy bolmaly.
Men oňa düşünmedim. Şonuň üçinem şol gün öýlänler ýaltanman ýöriteläp baraga-da, ol ýeri synlap gaýtdym. Kakamyň aýdýany dogry eken. Meniň gören zadym hakykatdan-da mal-gara, guş-gumry gelmezlik ücin sakçynyň ekiniň içinde adam keşbinde oturdan garantgasy bolup çykdy. Hakyt kellesinde köneje telpegem bar, egnine geýdirilen ýyrtyk eşikleriniň bolsa häzirem şemalyň ugruna şol bir galgap durşy.
Men ondan nähak gorkupdyryn.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty