08:07 Garyplyk | |
GARYPLYK
Goşgular
Günde müň gussam bar ýüz elem bilen, Derdimiň baryndan beter garyplyk. Soragy men boldum, gaýgy-gam bilen, Gelip düşer hatar-hatar garyplyk. Pany dünýä zynat bilen harç bilen, Ŷüregim maddadyr, bagrym berç bilen, Wadasyz şum ölüm, bergi-borç bilen Ŷylba-ýyldan gaýym tutar garyplyk. Iýmesem, içmesem hem günüm otmez, Bürenip ýatmaga myradym ýetmez, Günde müň kowlasam, baý ýere gitmez, Goş basyp, dulumda ýatar garyplyk. Tapypdyr her ýerde ýeke-ikini, Çekipdir byline gaýyş çekini, Alypdyr eline daşly sokyny, Ŷadaman, depämden urar garyplyk. Ŷylba-ýyldan meniň müflisim çykar, Garybyň ýüzüne kim gülüp bakar? Ŷörişsem, ýaryşsam, göreşsem—ýykar, Oýnasam, oýnumda utar garyplyk. Seýr etmedim sähralarda, çöllerde, Mestana gezmedim uly illerde, Bir bilbildim, saýramadym güllerde, Çag zeýnimi garar-gatar garyplyk. Kemine diýr, geler bir gün şum ölüm, Kimsäge—toý-baýram, kimsäge—zulum, Gyýylma, ynjama, sabr eýle, köňlüm! Gelipdir, bir zaman öter garyplyk. ___________________________ 1. Elem—gaýgy, gam-gussa. 2. Pany—hemişelik däl, geçip barýan. 3. Zynat—bezeg. 4. Müflis—garyp düşen, eleşan, ezenegi agan. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |