17:49 Keminäniñ şorta sözleri | |
KEMINÄNIÑ ŞORTA SÖZLERI
Degişmeler
■ Eşek bilen aram bir garyş Kemine bir gün köpçüligiñ üýşen ýerinde gazal aýdyp otyr eken. Bir baý hem munuñ sal-sal eşiklerine gözi düşüp, oña göwni ýetmän, ýañsylap başlaýar. - Ýeri, haw, molla Kemine, bu günler eşek bilen arañ neneñdir? - diýýär. Kemune hem baý bilen arasyny garyşlaýar-da: - Eşek bilen-ä aram bir garyş eken - diýýär. ■ Gömlen garyplyk Kemine özüniñ şol gadymy içmeginiñ egne alarlygy galmansoñ, ahyrda ony Maryda Porsugala diýlen ýerde gömüpdir. Ol soñ bir märekä gelip: - Ahaw, adamlar, men ähli garyplygy Porsugalada gömendirin welin, şol ýerini Garaýusuplar agtaraýmasyn - diýip tabşyrypdyr. ■ Git-de içmegiñi ýamat Kemjne gelne degişmek üçin "Zülpüñ" goşgusyndan: - Saçyñ her taryna ýüz müñ tümen isteseñ, Nagt bereýin pullaryñ, bir-birden sana zülpüñ - diýipdir. Gelin hem oña: - Beýle puluñ köp bolsa, git-de içmegiñi ýamat - diýip jogap beripdir. ■ Size atalyk goşandam barmydy? Bir gün bir baý dünýäden ötüpdir. Onuñ hossarlary: - Işan gelsin, zadyny tereke edip bersin - diýip, adam iberenler. Işan ýoldaş bolmaga bir amatly adam bolmandygy üçin Keminä "Ýoldaş boluñ" diýýär. Kemine: - Bolýar, tagsyr, ýoldaş bolarys - diýýär. Olar baýyñ öýüne barýarlar. Ony jynaza okap; ugradýarlar, bar malyny tereke edip, paýlamaga oturýarlar. Zady paýlansoñ, piriñ özi hem ölen baýyñ oglanlarynyñ birine düşýän ýaly zady "paýlanyma derek düşýän hakym" diýip, almakçy bolýar. Şol wagt Kemine: - Işan aga, bu baýyñ size atalyk goşandam barmydy?! - diýen. ■ Mollasynyñ toklusy ýok Kemine bilen köneden tanyş, onuñ şahandazlygyna belet käbir adamlar käte onuñ bilen degişme sözleri aýdyşyp, ýomak aýdyşar ekenler. Ine, günleriñ birinde iki sany dost biri-birine: - Gel, şu Kemine dostumyza salama gideli - diýip, şahyryñ ýanyna ugranlar. Olar Keminäniñ öýüne baran mahaly, iki sany adam molla Kemineden sapak alyp, ders okap oturan ekeni. Saglyk-amanlykdan soñ, ýañky iki dost Keminäniñ şägirtlerine garap: - Ýeri ýigitler, näme işläp otyrsyñyz? - diýip soranlar. Olar: - Keimeb halypadan ders alýarys - diýenler. Onda bu iki dost: - Bu gurap oturan, kepäp duran köne arydanam bir ders çykarmy?! Munuñ endamynda öl bara meñzeş däl-le - diýenler. Şahyryñ şägirtleri: - Biz-ä şunuñ bilýän ylmyna eýe bolubilsek, müñ kerem razy diýenler. Iki dost ýene ýeñ bermän: - Keminede ylym näme işlesin, asla "toklynyñ" mollasy bolmaz. Kemine-de "tokly däldirin" diýebilmez ahyry - diýipdirler. Şägirtler Keminäniñ ýüzüne seredişipdirler. Şol wagt Kemine bulara: - Hany, ylym öwrenjegiñiz çyn bolsa bularyñ jogabyny özüñiz beriñ - diýen. Onsoñ bular ýañky iki dosta garap: - Ýok, siz bileñzok: toklynyñ mollasy bar-da, mollanyñ toklusy ýok - diýip, jogap berenler. Degişme gürrüñçilige gelen iki dost bu söze näme diýjeklerini bilmän, kanagatlanyp, yzlaryna gaýdanlar. ■ Aşyñy aja ber Günlerde bir gün Kemine özünin tanalmaýan bir obasyna baran eken. Şol obada biri toý edýär ekeni. Kemine-de: "Gel-aý, şu obanyñam toýuny göreýin-le" diýip, märekäniñ gyrasyndan barýar. Çanak çekilip başlanýar. Geýnüwli, ýüpek gyzyl donly adamlary öñürti naharlaýarlar. Gyrada oturan garyp-pukaralara onçakly üns berýänem ýok. Kemine hem şolaryñ arasynda ekeni. Soñ Kemine ýuwaşlyk bilen turup, obanyñ başga bir çetine baryp, öý eýesinden gyrmyzy don alyp, geýnip, bezenip-beslenip, ýene ýañky toý ýere gelýär. Hälki toý ýeri derrew munuñ eşegini tutup, dañşyp, özüni-de töre geçirýärler. Kemine hem donunyñ sag syýyny çanagyñ erñegine eltip: "Iý, donum, iý" diýýär. Adamlaryñ birnäçesi onuñ bu bolşuna gülşüp: - Bu ýaşuly nähili adamkan?! - diýişýärler. Soñra oña: - Heý-de donam bir nahar iýerimi, seniñ akylyñ bir ýerindemi? - diýenler. Onda Kemine: - Ýap-ýañy öz köne-küşül egin-eşigim bilen ho-ol garyp-gasarlaryñ arasynda oturdym welin, hiç kimiñ gözüne ilmedi. Ynha, gyzyl don geýip geldim welin, başga ýagdaý. Hawa, adamlar, bu nahary maña däl, egnimdäki dona getirdiler. Onsoñ iýmelem şol bolýar-da - diýip, ol ýene sözüni dowam eden. - Asla, iýdirilmeli zatlar garyp-pukaralara paýdyr. Garyp barka, baýa sadaka degişlem däldir. Hawa, adamlar, "Aşyñy aja ber, gyzyñy aşyga" diýleniniñ biri şüdür. ■ Jüýje çybygyndan oña-da bagyşlaýaryn Günleriñ bir gününde Kemine Hywadan göçüp gelýärkä, bir tanyş obasyna düşüpdir. Demini-dynjyny alansoñ, jüýjelerini iýmlemäge başlapdyr. Jüýjeler bolsa berlen iým-däneleriniñ üstünde urşup ugrapdyrlar. Kemine hem eline bir çybyk alyp, ýañky uruşýan jüýjeleri saýgylamaga başlapdyr. Ol wagt bu obanyñ mollasy gelip: - A-a-ý, sakgaldaş! Jüýjeleriñ günäkärini tanap urgun - diýipdir. Ozalam göç-gondan jany ýangynly Kemine: - A molla kişi, size kim diýerler? - diýen. Molla: - Bize "molla behişdi" diýerler - diýip, jogap beripdir. Onda Kemine: - Eý, molla behuşdi, eger seni behiştde görsem, sesimi-üýnümi çykarmaryn, ýöne dowzahda görsem, geñ etmerin - diýen. Bu söze ýañky mollanyñ girre gahaty gelip, Keminä topulypdyr. Adamlar muny tutup: - Aý mollamyz, bu adama molla Kemine diýerler. Munuñ aýdan sözlerine ýylgyryp durmalydyr. Munuñky akyldyr. Bu adamynyñ sözi mähek daşy ýalydyr... - diýip, ony saklapdyrlar. Kemine hem adamlara garap: - Şol mollany saklap, görgi görip durmañ. Gaty gitse, jüýje çybygyndan oña-da bagyşlaýaryn - diýipdir. ■ Dänäñi saçawergin, Kemine ata! Alymlar üýşmeleñinde Kemineden: - Aý, halypa, şahyrlarda kim ýiti, kim ökde? - diýip sorapdyrlar. Onda Kemine: - Magtymguly Pyragydyr - diýipdir. - Hany, seniñ goşgularyñam-a oñat ýaly-la. Biziñ üçin-ä örän täsirli. Kemine: - Sözüñ oragyny Magtymguly orandyr. Biziñki onuñ hoşasyny çöplemekdir - diýen. Alymlar: - Hoşañ dänesi niçik bolar? - diýenler. Kemine: - Hoşany çöpläp üýşürip bolsa, dänesi dok bolar, samany ugursyz bolar - diýen. Onda olar: - Torgaýy düwündirip duran däne seçip bilseñ, Kemine ata, seniñki hem oñat ýer tutar. Dänäñi saçawergin - diýipdirler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |