12:42

Mämeleriñ

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 1311 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mämmetweli Kemine | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Baýrak / Goşgular - 30.09.2024
Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024
Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024
Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024
Köňülge boldy ajaýyp bela / Goşgular - 19.08.2024
Serhetçi jigime / Goşgular - 29.11.2024
Goşgular / Goşgular - 20.07.2024
Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024
Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024
Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024

Teswirleriň ählisi: 221 2 »
0
1 Gurban  
24
Haýasyz goşgy. Şu goşgyny Kemine ýa ýazandyr ýa-da başga biri ýazyp Keminäň adyndan ýazandyr. Yslam dini bilen garaňda şu goşgy haram. Okamagam, ýaýratmagam haram diýip düşünýän.

1
2 Azat_Nurgeldi  
283
Türkmen teleýaýlymlarynda we radioda elbetde nähili goşgylaryň okalýandygyny biz bilýäris. Ýöne halk aýdymlarynyň köpüsi, şol sanda nusgawy şahyrlarymyz Mämmetweli Keminäniň, Mollannepesiň ,Garajaoglanyň ...sözlerine döräp halk içine ýaýran aýdymlaryň halk içinde nähili kabul edilip, nähili söýgi bilen diňlenýänliginem bilýäs. Halky azgynlyga getiýän zatlary başga sebäplerden gözlemelimyka diýýärin. Ol şahyrlar baryp iki asyra golaý öň ýaşap, ýazyp geçipdirler, gelip gelip şu günki gün azgynçylyga getirjek şolaryň goşgylary diýip düşünmek ýalňyşlyk bolaýmasa.

0
3 Hаwеrаn  
245
GARAJAOGLANDAN:

"On iki ýaşynda gözel söwmeýen,
Dünýäde haýwandan doglan ýalydyr".
"Çözüp düwmelerin, göwüs açajak
Hintden bezirgenim gelen ýalydyr"
("Ýalydyr")
"Sabanyñ säheri ak göwsüñ açar,
Sanarsyñ gün dogmuş jahana, dilber"
("Dilber")
"Garajaoglan, gyz söýmüş,
Ak göwsi göwsüne degmiş..."
("Türkmen gyzy")
"Ak göwüsiñ görünmeýär düwmeden..."
("Güldür-de ýöre")
"Düwme bezedeýin, göwsüñ ak ise,
Çar tarapyñ mor sünbülli bag ise..."
("Ar degil")
"Men bakjañdan tirsem gunça-gülüñi..."
("Tiz gel")
"Atlas köýnegiñi atdyñ bilekden,
Kümüş kibi parlar gola, söwdügim".
"Zülpleriñe ASYLSAM men dar diýip,
Gunça güle EL UZADAM, har diýip,
Goýnuñda BIR JÜP TOMURJAL bar diýip,
Gomdurdym bilbili güle, söwdügim".
("Söwdügim")
"Bir ýar söýdîm bu älemde birinji,
Goýnunda saklamyş AÝWA, TURUNJY..."
("Şol Gözele baglydyr")
"Sabadan ugradym ýaryñ SESINE,
Saçlary dökülmiş AK SYNASYNA..."
"Turunç bilen bäslär ýar mämesini,
Ölini direlder, sagy ýandyrar".
"Garajaoglan diýer, säher çagynda,
Nazarym çoh galdy GÖWSÜÑ AGYNDA,
SEÝRANDAN gelýärkä Mejnun DAGYNDA,
ÝOLUNY ÝITIRER, DAGY ÝANDYRAR".
("Dagy ýandyrar")
"Sap kümüşden akdyr seniñ bilegiñ..."
"Elmydam al-ýaşyl geýinip gezer,
ARY GONAR, AK GERDENDEN BAL ALAR"
("Gül alar")
"Beýle mynasyplar gelmez jahana,
EL GÖWÜSDE HYZMAT EDER ikisi"
("Gezer ikisi")
"Bir meñi bar göz hem gaş arasynda,
Bir meñi-de ak gerdeni bent etmiş"
("Bent etmiş")
"Miwe bermez serwi ile söwüdi...
Elleri GOÝNUNA GEZEN ýigidi..."
("Dag olmaz")
"Küýze alyp, çeşmä ol suwa gelmiş,
Terlenmiş mämeler ýañy görülmiş..."
"Terlenmiş mämeli bir ýar söýeniñ,
Ýüregi dos-doly köz, gara gözlim".
"Ir ertir säherde mundan geçersiñ,
Ýörelgedir ak göwsüñi AÇARSYÑ,
Bir gün bolar, gollaryma düşersiñ,
AHMYRYM ALARYN, gyz, gara gözlim"
("Gara gözlim")
"Akdagyñ etegi bir ýaşyl ÖRI,
Örüdir-ä, meñli dilber, örüdir".
"Barar bir näkese deger ETEGI,
Gaýra dur-a, meñli dilber, gaýra dur!"
("Meñli dilber")
"Ap-ak gerdeniñ üstüne,
Ýara bir meñ gerek, bir meñ".
("Meñli")
"Ak göwsüni germiş saýa,
Çalar gider peşlerini"
("Ýaryñ helal gaşlaryny")
"Ara balyn bermiş, belasyn bermiş,
Ary aglar, maña balymdan boldy"
("Dilimden boldy")
"SARALAÝYN inçe bile,
Bilbil saz etdigi zaman"
("Saz etdigi zaman")
"Galk, söwdügim, geýin, guşan,
TOPUGYÑY örter saçyñ"
("Saçyñ")
"Gunça gülüñi TIRMÄÝIN,
Ölinçäm söýmesem seni"
("Söýmesem seni")
"Ak göwsüñ üstünde myhman boldugym,
Ol-da bir gün boldy, geçdi, neýläýin?"
("Düşdi, neýläýin")

0
4 Hаwеrаn  
245
"Ýaýlanyñ garyndan akjadyr döşüñ,
UZANYP ÜSTÜÑDE ÖLESIM GELDI"
"Goýnunda beslenen nary, aýwany,
ÇÖZÜP DÜWMELERI, TIRESIM GELDI"
("Göresim geldi")
"Bir gözel islärin jeren bakyşly,
GERDENI BIR GARYŞ meñli-nagyşly,
Hünji dişli bolsun hem gara gaşly,
BOÝNUNA ÇOLAŞYP ýatmak islärin"
("Diýmek islärin")
"Gara gözlim al asmanda uçarmyş
Il, gara zülpüne gullae boldugym"
("Gullar boldugym")
"AÇYP AK GERDENI, durma gaşymda,
Ajalymdan owal öldürme meni".
"Bir gije mysapyr eýle goýnuña,
Saba boldy diýip galdyrma meni"
("Öldürme meni")
"Ala gözleriñi söýdügim, dilber,
Görkez jemalyñy, görmäge geldim.
Şetdalynu derde derman diýdiler,
Çynmydyr, söwdügim, SORMAGA geldim".
"Göwsüñ jennet, goýnuñ uçmah diýdiler,
Hak nesip edenin görmäge geldim"
"Aşyk bolup seniñ husnuñ bagyna,
Gyrmyzy gülleriñ tirmäge geldim"
"Sözläýin men saña, sözüñ dogrusy,
Söýünip, goýnuña girmäge geldim"
("Görmäge geldim")
"Webalym boýnuña, häzir men öldüm,
MAZARYM GÖWSÜÑE GAZ, KEREM EÝLE!"
("Kerem eýle")
"Inçe bil üstüne jowahyr kemer,
Şeýle bir guşalsyn, bil ynjamasyn".
"Aşyk-magşuk bir-birine ÇYRMAŞSA,
Ýorgan azar berip, gol ynjamasyn".
"Galdyr nikabyñy, bir öpüşeli,
Dodak azar çekip, dil ynjamasyn".
("Gül ynjamasyn")
"Jennete ogşamyş göwsüniñ agy,
Synama basdyñ-la ataşdan dagy..."
("Gül bilen oýnar")
"Ak göwsüñ üstüne kümüş düwmesin,
Dakan dilber meni mejnun eýledi"
"Ak-gyzylly almam egip dalyny,
Hak nesip eýlese, tirsem gülüni..."
("Mejnun eýledi")
"AK GÖWSÜÑDEN EMSEM, maña azykdyr..."
("Doýabilmenem")
"Dostuñ bakjasyna ýat iller girmiş,
Giriban gülünden bir dalyn gyrmyş,
Çykarnyp, goýnuna ýat iller barmyş,
Öpmäge dözmedik - gyýamadygym"
("Gyýamadygym")
"Yranaýyn sallançagyñ içinde,
Görüneýin gözelleriñ göçünde,
Ir-iýmişli gara baglar içinde,
Gyrmyzy öñlükli ýar istär köñül".
"Garly-garly daglaryndan aşdygym,
Sowuk-sowuk suwlaryndan içdigim,
Elwan-elwan düwmelerin çöşdügim,
Onçe bilde şindi zer istär köñül".
"Garajaoglan diýer, men-de akaýyn,
Akaýyn-da ýar bendini ýykaýyn..."
("Ýar istär köñül")
"Bir gije goýnuñda myhman bolmadym,
Indi gol degmedik naryñ galmandyr"
("Nuruñ galmandyr")
"Ýöre, kemeriñ çözüldi,
Biliñden habaryñ barmy?"
"Nowça turunjyñ düşirler,
Goýnuñdan habaryñ barmy?"
("Habaryñ barmy?")
"Saralyp ýatajak çagda,
Näziñe gurban boldugym"
("Gurban boldugym")
"Bakjasynyñ bardyr demir gapysy,
Açsam öldürerler, açmasam ölem"
("Söýmesem ölem")
"Mämesi tözlenen gyzmy islegiñ..."
("Derdiñi çekmenem, könül")

1
5 Hаwеrаn  
245
Özem şu getirilen sitatalar Garajaoglanyñ goşgular kitabyna (Aşgabat, "Miras" 2006 ý) ilkinji ýüz sahypasyndan ýüzugra göz gezdirilende alynan sitatalar. Ikinji ýüz sahypasyndan almagyñ hajatam ýok hasap edýän. Ýöne beýleki klassyklarymyzdanam şular ýaly mysallary goýjak teswirde. ))
Halala-da haram, harama-da haram diýip aklynyñ çatmadyk zadyna kesgitleme berýänler hemişe-de bolupdyr, hazirem bar, ýene-de bolar... maslahatymy alsañ şolar ýaly dinçisireýän şarlatanlaryñ aklyna uýma, Gurban.
Başarsañ musulman bol, yslamçy bolma.

0
6 Hаwеrаn  
245
"GÖROGLY" EPOSYNDAN:

"Çatmadan ýakymly ses çykyberensoñ, özüñize belli, Reýhan Arap: "Ana, aty nätseñ, şony et" diýip, atdan düşüp, aty goýdy-da çatma ötägitdi.
At - daşarda, Arap - içerde. Mes at. Deme gelen baýtal. Röwşen aty baýtalyna üç mertebe aşyrdy. Içerde näme bolanynyñ bellisi ýok..."
("Göroglynyñ döreýşi")

"Pah, hemmäni öýden çykardylar. Işige temmäni urdular. Agaýunus peri dokuz gabat çymylgan taşlap, başujuna dokuz tekýe, aýak uja bäş tekýe, üstüne-de bir ýukarak ýorganu taşlap ýatyberdi..."
("Göroglynyñ öýlenişi")

"...Harmandäli Göroglyny ýerde goýup, iki bykynyndan şapba gujaklap, başyndan aýlap-aýlap rast urdy sypanyñ üstüne, özem iner çöken ýaly, üstünde OÝKANYP OTYR...
"...özüne göwni ýetip ýören ýigit, rast güýç-gaýratyny toplap, gyzyñ aşagynda ýatan ýerinden üç ýaşar öküz ýaly müñzäberdi..."
"Ýar synañda goşa-goşa,
Gol degmedik bar görüner".
"Almadym ýaryñ pendini,
Emeýdim lebniñ gandyny,
Çaprazly ýakañ bendini,
Açsam, goşa nar görüner".
"Harmandäli bular ýaly ýakalaşmany hiç ýerde görmändir. Semiz gyz bolansoñ, derläp, derem gaýdyp, ýüpek köýnegi endamyna syrjaşyp ýapyşypdyr welin, pesi - pes, belendi - belent, hemme ýeri mälim bolup dur. Köýnegi o ýana, bu ýana gozganmansoñ, altynly düwme-de ýakasyndan gopup, köýnegi iki çigninden aşak düşüpdir. DÖŞÜNIÑ ÜSTÜNDE MÄMELERI OÝNAP DUR. Göroglynyñ ýüregi üýtgäp göwni gidip: "ŞUNUÑ MÄMELERINDEN BIR TUTAÝYN-LA!" diýip, bürgüt ýalu urdy çaññaly, gyz elinden sypyp, towsup honda düşdi..."
"Görogly ýene gyzyñ mämesinden tutjak boldy, BUDUNDAN ÇÜMMÜKLEDI, şol ondan-mundan tutup barmaşa, gyzyñ HEMME ÝERINE eli degdi. On alty, on ýedi ýaşaýança endamyndan büre-de çakmadyk gyzyñ birden endmay byjyk-byjyk edip jümşülledi..."
"Ýar lebiñden bir posa ber,
Emsem lebiñ gana-gana!".
"Ýar, synaña elim degdi?
Goýnuñ jennetdir gümana".
"Ermegine-ermegine,
Elim degip... (çermegine),
Otlar saldy şirin jana".
"Dutar üçin goşa naryñ,
Pirim gelse, uşlaşar men".
"Ak mämäni bizden gizlär,
Pirim gelse, gözleşer men".
"Men geçmişem bu gün namys-arymdan,
Gorkman seniñ gazabyñdan, daryñdan,
Ak göwsüñde biten goşa naryñdan,
Tutsam öldürer sen, tutmasam - ölem"
"...Iñ soñunda "ölem" diýmäge salym bermän, Harmandäli Keremiñ boýnundan elini dolap aldy-da, ýañagyny agzyna saldy. Bu-da kellesini sypdyryp aljak bolýar. Emma Harmandäli ony ýazdyrar ýaly däl, beýleki ýañagyna-da urdy agzyny. Harmandäliniñ nebsi karar tapyp, el-aýagy sowaşdy..."
("Harmandäli")

0
7 Hаwеrаn  
245
"Göroglydan" getirilen mysallaram el ujy mysallar. Aslynda eposda bular ýaly mysallar sanardan kän. Şübhelenýänler, haremhanaly epizodlara üns berip göräysin.

0
8 Hаwеrаn  
245
"Pygamberimiz wagtly-wagtynda gatnaşardy, bize-de şony ündeýärdi. Ol: «Meniň göwnüme siziň dünýäňizden üç zat ýarady. Ol aýallar, ähli ýagşy zatlar we gözümiň guwanjy na-mazdyr» diýipdir. Ýene bir hadysda: «Maňa siziň dünýäňizden üç zady söýmeklige rugsat berildi. Olar ...» diýlip, ýokardaky üç zat agzalýar"...
http://www.kitapcy.ga/news....05-8020
Sitata üns beriñ, eger Pygamberimiz (s.a.w) är-aýallyk gatnaşygyny namaz bilen deñ derejede goýan (gowy gören) bolsa, Osman Ödäniñ gahrymanynyñ dili bilen aýdylan söz näme üçin 100 % ýalñyş bolmalymyş, näme üçin Garajaoglan, Kemine, Mollanepes ýaly şahyrlarymyz özleri bilen bir düşege giren jenanlarynyñ waspyny ýetirmeli däl?
Ýa indi Pygamberimizi-de (s.a.w) bir ýassyga baş goýan adamyñ bilen oýnaşmagy (ilki sypañ-sermeñ edişmegi) ündändigi üçin, (sypañ-sermeñi mämeden tutman kim edip bilerkä?) Oña-da şyltak atjaklar, bolaýarmyka? (Toba!)
Aslynda bular ýaly çüyrûk düşunjeler aýal-gyzy adam hasap etmeyan, mal hasabyna göryän, hatda zenan bilen gatnaşygynda-da aşagynda yatany itçe görmeyan wagşylaryñ yayradyan pikiri. Gynansak-da, gaýry dinli bilen kapyryñ, araplar bilen yslamyñ, bir zatdyr öýdülip, bulaşyk pikirleri döredişleri ýaly, hylwat işinden söz açylanda hem är-aýallyk işi bilen zynany bir zatdyr öýdüp (dogrusy bu, bilgeşleýin) ýalñyş pikirleri ýaýradyp adamlary nadanlyk toruna iltejek bolýanlar bar.

0
9 Bagabat  
43
Bäh, erbet bolsa erbet boljak eken-ow! Mämmetweli halypamyz-a öz döredijiligi barada ýazylan zatlary okasa geň-ä galardy! fool

0
10 Bagabat  
43
Obýektiw durmuşy nukdaýnazardan nämäniň azgynçylykdygyny, nämäniň pornogrfiýadygyny kanun kesgitleýär. Edebi döredijilikde bolsa...Käbir tanyş döredijilerim, umumylaşdyryp alanyňda: "ýazanyňda ilki bilen okyja ýallaklap, onuň göwnüni tapmak üçin däl-de, özüň üçin, göwün küýsäniňi ýazmaly" diýene çalymdaş pikiri öňe sürýärler. Meniň pikirimç-ä, ýazanyňda-da, umuman ýaşanyňda-da: "Мера всех вещей человек" diýilýän ýörelgeden ugur almalymyka diýýärin. Adamlara ýaramajak, olary gyzyklandyrmajak, okalmajak zady ýazyp näme etjek?! Zenan gözelligini belli bir derejede aç-açan wasp etmek meselesine hem şu nukdaýnazardan çemeleşmeseň bolmaýar. Pyragy aýdýar: "Dünýe sözi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin-gyz hem bolmasa"...
Ýa-da munam Gylyç Mülli aýtdymyka?! wink
Ýöne elbetde herki zadyň çägi-ölçegi ýagşy. Meniň özüm-ä şu goşgyny takmynan 30 ýyl mundan ozal mekdepde, edebiýat sapagynda Mämmetweli Keminäniň goşgusy diýip okapdym. Bilemok, ondan soň, has düýpli barlaglar geçirilip ýa-da haýsydyr bir güýçli medium spiritiki seans geçirip, ol goşgyny hem Gylyç Mülliniň ýazandygyny anyklan bolmagy ahmal.
Onsoňam, her bir pikiriňi beýan edeniňde-de: "Gahar-kapyr" diýlenini unutmaly däl. Mysal üçin, meniň özüm-ä öwrenmek üçin göwnüme ýaramasa-da özüme zor salyp, andegraund, absurd žanrlarynda ýazylan hekaýalary okaýaryn. Ýöne olara gaharlanjak bolup ýörmeýärin. Sebäp diýseň, her bir zada gaharlanyp ýörjek bolsaň, olam tükener-de, halys zerur ýerinde gaharlanmaga gaharyňam galmazmyka diýýärin.

0
11 Bagabat  
43
Garajaoglan bolsa orta asyrlarda halkymyzyň Kazanowasy bolan bolmaly. Ýazan şygyrlaryny okasaň-a... Ýa-da onuňkam öňem biriniň aýdyşy ýaly: "Bar güýji dile berendir"-mikä?... cool

0
12 Bagabat  
43
Oh-how, ana gördüňmi?! Gör onuň diýýän zadyny! Öňem biriniň: "Men işlemäni halamok, men işleýänleri synlamany halaýan" diýşi ýaly, meniňem kän bir şygyr sungaty bilen aram ýok. Ýazyp bilmämsoň, diňe ýazýanlaryňkyny okamagy halaýan. Onam kyssa okaýşym ýaly, öwrenmek üçin çintgäp däl-de, diňe tolgunyp, gyzyklandyryp okamagy gowy görýän. Beýdip okanyňda bolsa, aňyňda kän zat galmaýar. Garajaoglandan bolsa kellede esasy galan setirler: "Aý gelin maňa gara diýme! Gara diýeniň gazan dälmi? Içinde ballar gaýnaýar. Aý gelin özüňe ak diýme. Ak diýeniň ak gar dälmi? Üstünde itler oýnaýar" bolaýmasa...Hatda, şu setirleriňem kanoniki tekste dogry gelmeýänine düşünýärin. wacko

0
13 Bagabat  
43
Pikirleriň çapraz gelýänine bolsa, gaharlanmaly dälmikä diýýärin. Jedelde hakykat döreýär diýlipdir. Hiç hili pikir bolmasa şol erbet. Birek-birege öz nukdaýnazaryňy düşündirjek bolnanda-da getirilýän delilleri öz mellegiňe atylan daş hökmünde kabul etmek, beýnidäki çyzyklaryň heniz reproduktiw stadiýada gezip ýörendiginden alamat. Ýöne bu çekişme örän gyzykly bolupdyr. Birnäçe täze maglumatlar öwrenmek bolýar.

0
14 Azat_Nurgeldi  
283
Hawa, bu goşgy çekeleşikli gosgy boldy. Meniň göwnüme düýn dörän goşga teswir ýazan ýaly edenler bar. Ýöne olardanam geň görmeli däl. Olar başga idealogiýada terbiýelennen çagalar, men edebiýat babatynda aýdýaryn. Meniñ "Utanma, gyz utanma. "Goşgymda hiç hili mämäde agzalmaýardy, pynhan ýerde duşuşmagam. Ýöne şeýle bir tankyda duçar bolupdy. Men Gurban agadan gaty göremok, sebäbi ol bu eşretlerden Alla tarapyn mahrym.
Belki şonuň üçindir onuň bu zatlara negatiw garaýanlygy. Gurban, jigim, sen mendenem, şu temada teswirwir ýazan agzalardanam gaty görme. Ýöne, ýalňyş düşünjeleriň ýaşamaga päsgelçilik döredýänligine düşünmegiňi isleýärin. Her kim öz pikirimde galsyn. Pikirleriň, düşünjeleriň dürliligi ýaşamaga, öz pikiriňi ykrar etmäge itergi bolýanlygyny unutma. Alla kuwwat bersin, jigim. Ýöne hpmme kişini öz hörpüňden goýpurmak aňsat däldir, başartmazam. Şonuň üçin käwagt töwwregiňdäki adamlaryňam pikirini diňlemäni, analiz bermäni öwren. Men seniň göwnüňe degmek niýet bilen ýazmadygymada düşünersiň diýen umydym bar.

0
15 Azat_Nurgeldi  
283
Öz hörpüňden gopdurmak *

1-15 16-22
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]