12:25 Garyp | |
GARYP
Goşgular
Ýalbaryr men «baý aga!» diýp, göýä ak mumdan beter, Baýlaryň basgançagy boldum — gysym gumdan beter, «Ber hakym!» diýp gyssasa, çişer otyr humdan beter, Ogry şum, orramsy şum hem, belki, ol şumdan beter, Bir hudanyň urgany, hiç ýerde sansyzdyr garyp. Ýyl başyndan galla sorap, işi gapy kakmak bolar, Ýer çilim — ýanýoldaşy, ýanynda bir çakmak bolar, Tiz çeker gussa bilen, öz gursagyn ýakmak bolar, Geplese, bolman gepi hem özi bir «akmak» bolar, Il göçer, galar ýurtda, diri çüýrändir garyp, Baýlar-a behbidin arar, pukara — hupbul-watan, Gark bolar diýrler şoňa, kim iki gämini tutan, Göze görnen gyzy bolsa, hantamadyr her ýeten, Hem garyplykdan Keminäň içleri otly tütün, Il göçer, galar ýurtda, diri çüýrändir garyp. Mämmetweli KEMINE. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||||
| |||||||