GAÝRATLY GERÇEK
■ Gajar türkmenleriniň döwletinde döredilen «Emir Arslan» dessany hakynda taryhy-edebi söhbet
Muhammet Hasan han tarapyndan düýbi tutylan Gajar türkmenleriniň döwleti (1779-1925) türkmen taryhynda uly yz galdyrypdyr. Aga Muhammet şanyň (1779-1797) dolandyran döwründe bütin Eýran birikdirilip, kuwwatly döwlet kemala gelýär, türkmen obasy Tähran bolsa Gajar döwletiniň paýtagtyna öwrülýär. Emma Fataly şanyň (1797-1834), Muhammet şanyň (1834-1848), aýratyn hem Nasyreddin şanyň (1848-1896) dolandyran ýyllarynda Gajar urkmenleriniň döwleti gowşapdyr. Nasyreddin şa Gajar döwletiniň halkara abraýyny dikeltmek maksady bilen Günorta Türkmenistanda ýaşaýan garyndaşlaryna garşy 1858-1861-nji ýyllarda uly ýörişleri geçirýär. Bu ýörişlerde onuň goşunlary erkana türkmenler tarapyndan derbi-dagyn edilip, Gajar döwletiniň halkara abraýy öňküsindenem pese düşüpdir.
Ganybir garyndaşlary bolan türkmenleriň ýadynda ýakymsyz ýatlamalary galdyrsalar-da, gajarlaryň türkmendigi taryhy hakykat. Bar bolan oňşuksyzlyklara garamazdan, gajarlar türkmen taýpalary bilen garyndaşlyk gatnaşyklary saklapdyrlar. Ýeri gelende aýtsak, Nasyreddin şanyň mirasdüşeri Muzapbareddin şanyň (1896-1907) aýaly, Muhammet Aly şanyň (1907-1909) bolsa ejesi türkmenleriň ýomut taýpasyndan bolupdyr.
Beýleki köpsanly türkmen döwletlerinde bolşy ýaly, Gajar türkmenleriniň döwründe-de ep-esli edebi miras döredilipdir. Şol edebi mirasy bezeýän we onuň ajaýyp nusgalaraynyň biri-de «Emir Arslan» dessanydyr. Bu dessan Nasyreddin şanyň gyzy Fahreddöwle Hanym tarapyndan ýazylypdyr.
Dessanyň baş gahrymany Emir Arslanyň mysalynda meşhur seljukly hökümdary Alp Arslanyň (1064-1072) edermenlikleri janlandyrylýar. Ýöne, bir tapawudy, dessanda Mälik şa Alp Arslanyň ogly däl-de, tersine, Alp Arslan Mälik şanyň ogly edilip görkezilýär. Akademik J. Dorri «Dessanyň gahrymanynyň ady seljukly hökümdary Jelal ad-Döwle Mälik şanyň (1072-1092), batyrlygy we edermenlikleri bilen şöhratlanyp, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan ogly Alp Arslany ýada salýar» diýip ýazypdyr.
«Emir Arslan» dessany Gajarlaryň ýurdunda döredilse-de, onda ençeme asyr mundan öň türkmenleriň seljukly, zeňňi, eýýuby, osmanly nesilleriniň Wizantiýa we ýewropaly haç göterijiler bilen alyp baran uruşlarynyň yzlaryny görmek bolýar. Emir Arslanyň mysalynda türkmen taryhynyň dürli döwürlerinde ýaşap, ebedi şöhrata eýe bolan Alp Arslanyň, Mälik şanyň, Imadeddin Zeňňiniň (1127-1146), soltan Salaheddiniň (1171-1194), Gylyç Arslan II (1156-1188), Muhammet II Fatyh soltanyň (1144-1446, 1451-1481) edermenlikleri beýan edilýär. Dessan Alp Arslanyň edermenliklerine bagyşlansa-da, ol söýgi hakyndaky eser. Eserde Mälik şanyň ogly şazada Arslan bilen ýewropaly melike Apak Ferruh Lekäniň päk söýgüsi beýan edilýär.
Bu dessan Gajarlaryň döwründe-de, Pehlewiler nesilşalygynyň döwründe-de (1925-1979) halkyň içinde giň meşhurlyga eýe bolupdyr. Şonuň üçin hem Eýranda bu dessanyň esasynda «Meşhur Emir Arslan» («Amir Arslan namdar») atly çeper kinofilm surata düşürilipdir, 1966-njy ýylda bolsa ol Tähranyň drama teatrynda sahnalaşdyrylypdyr. Eser Eýranda ýeke-täk ekranlaşdyrylan hem-de sahnalaşdyrylan dessandyr.
…Geň-enaýy wakalary, täsin hekaýatlary aýdyjy rawylar, şirin-şeker sözleri seçýän süýji dilli totylar, söz meýdanynyň hoşa çöpleýjileri, toslamalar bazarynyň serraplary dilewarlyk bedewini çeper sözleriň meýdanyna kowup, şeýle gürrüň beripdirler. Müsür şährinde ýaşy altmyşdan geçip ugran, ykbalyň ajy hem-de süýji günlerinden mazaly dadan Hoja Numan atly bir täjir bar eken. Hoja Numan pal atmakdan, täleý garamakdan, asman ýyldyzlarynyň syrlaryndan gowy baş cykarypdyr, şonuň üçin hem geçmişi düşündirip, gelejegi öňünden aýdyp bilýär eken. Günlerde bir gün ol Hindistana söwda gitmegi ýüregine düwýär. Täjir pal atyp, gurra taşlapdyr we özüne ummasyz peýda, uly baýlyk geljekdigini görüpdir.
Hoja Numan Gulzumyň kenaryna gelip, gurat gämileriň birini hakyna tutýar. Gäminiň emiraly2 ýelkenleri galdyrypdyr we gämi suw tolkunlarynyň ýüzünden misli peýkam ýaly Hindistan sary rowana bolupdyr. On günläp ýüzülenden soň gämi bir adanyň ýanyna gelip labyryny taşlaýar. Adanyň içinde gezim edip ýörkä, Hoja Numan bir uly daragtyň düýbünde göz ýaş edip, hünibirýan aglap oturan bir gyza gözi düşýär. Hoja Numanyň gyza ýüregi gyýlyp: «Eý peri-peýker, sen näme üçin aglaýaň? Seniň gözýaşyň Zeýenderud derýasynyň suwlary bolan bolsa, bu wagta çenli ol eýýäm gurardy. Seniň gözleriň umman däl ahyryn, başyňa düşen hasrat barada maňa gürrüň ber, belki saňa kömegim deger» diýipdir.
- Eý Hoja, men Rum soltany Mälik şanyň haremhanasynyň hany-soltanydym. Mälik şa mensiz bir pursadam oňup bilmezdi. Segsen sany hyzmatkär, keniz maňa gulluk ederdi – diýip, gyz başdan geçiren wakalaryny birin-birin gürrüň bermäge başlapdyr. – Günlerde bir gün hyzmatkärlerimiň biri gelip, pereňli patyşanyň gämileriniň otuz müňlük goşun bilen Rumustana çozup gelendigini aýtdy. Soň yene-de bir hyzmatkärim gelip: «Hanym siz näme üçin otyrsyňyz? Sam han Pereňli köşge girdi, Mälik şa, emirler, wezir-wekiller öldürildi, ine häzirem olar haremhana girerler» diýip aýtdy. Men ýupek lybaslarymy çykaryp, tanamazlar ýaly köne-küşül eşikleri geýdim, üstüme-de kül sepdim. Sam han haremhana girip ähli kenizleri, gyrnaklary ýesir alyp, olaryň ellerine gandal baglap, öz hökümdary Petros şa Pereňliniňkä ugratdy. Men beýleki gyrnaklaryň, kenizleriň arasyndadym, meni hiç kim tanamady. Haçanda biz şu ada ýetenimizde, hemme ýesirleri adada düşürdiler. Men hiç kime bildirtmän gizlenip galdym. Ondan bäri kyrk gün geçdi. Her gün Hudaýdan müň ýola ölüm dileýän, ýöne näme üçindir ajal gelenok. «Bu zatlar Allanyň işidir Hanym: Mälik şa öldürilipdir, meni bolsa seniň ýanyňa ykbal getiripdir, ýör meniň bilen» diýip, Hoja Numan Hanymy hiç kime görkezmän gämä mündürýär. Söwdagär otagyna baryp pal atýar, görse oňa Hindistana barýan ýolda uly betbagtçylyk garaşýarmyşyn. Hoja Numan emiralyň ýanyna baryp, «Men Petros şa Pereňliniň goşunlarynyň Ruma çozandygyny eşitdim. Häzir deňizlerde diňe pereňliler hojaýynçylyk edýärler» diýipdir we oňa gämini yza öwürmegi buýurýar.
Täjiriň yzyna dolanyp gelendigi baradaky gürrüňler, Mälik şanyň wepat bolandygy hakyndaky şum habar, seljuklaryň ýapjasy Müsür hökümdaryna ýetipdir. Hökümdar Hoja Numany ýanyna çagyryp:«Hoja, seniň bu habary getireniň gowy boldy, eger-de pereňliler Ruma çozan bolsalar, olar hökman Müsüre-de gelerler» diýip aydypdyr
Bu wakalardan birnäçe gün geçenden soň, Hoja Numan Hanyma öýlenmek isleýändigini syzdyrypdyr. Gyz aýal bolmaga garşy däldigini, ýöne bir haýyşynyň bardygyny aýdypdyr. Söwdagär gyzyň haýyşy bilen gyzyklanypdyr. Hanym oňa «Hoja Numan, sen meniň ýas tutýandygymy bilýänsiň. Men adamymy, Mälik şa Rumyny ýitirdim, men iň bolmanda kyrk gün ýas tutmaly, üstesine-de göwrämde soltanyň perzendini göterip ýörin. Belki bir aýdan, belki-de kyrk günden ol dünýä inmeli. Sen biraz garaş, meniň senden aýrylyp gitjek ýerim ýok» diýip düşündiripdir. Hanymyň göwrelidigini eşidip, Hoja Numan uçursyz begenipdir. Ol «Hanym, sen meniň öýümde arkaýyn ýaşaber, ýöne burgyň tutup ugranda, maňa hökman duýdurgyn» diýip sargapdyr.
Bir gün hyzmatkärleriň biri gelip Hoja Numana Hanymyň burgusynyň tutup ugrandygyny habar beripdir. Söwdagär haýal etmän ýyldyzlara seredip, pal atmaga, doguljak çaganyň täleýine garamaga başlapdyr. Täleýnama doguljak çaga Ýer ýüzündäki hiç bir soltanyň ýetip bilmedik bagtyna eýe boljakdygyny habar beripdir. Hoja Numan begenjinden: «Eý Alla jan, çagajyk edil häzir, hut şu bagtly mütdetde dogulsady» diýip arzuw edipdir. Hyzmatkärler ylgaşyp gelip, Hanymyň ogul dograndygyny buşlapdyrlar. Hoja Numan guş bolup uçupdyr we ýene-de bir gezek ýyldyzlara seredipdir, bagtly mütdetiň entäk gutarmandygyny, oglanjygyň ýyldyzynyň al asmanda parlap durandygyny, oňa çäksiç üstünlikleriň hemra boljakdygyny görüpdir. Hanymyň ýatan otagyna gelip, ol oglanjygy eline alyp ýokary galdyrypdyr. Täze doglan çagajygyň maňlaýyndan öpüp, onuň Rüstemiň ogly Suhrap ýaly görmegeýdigine, Turanyň hökümdary Afrasiýap ýaly merdemsidigine guwanypdyr. Ýedi günden soň, Hoja Numan şäheriň abraýly täjirlerini öýüne çagyryp, ogluna mynasyp at dakmak isleýändigini aýdypdyr Her kim bir zat diýipdir. Biri «Hoja Hasan» diýse, ýene biri «Hoja Şemsi», üçünji biri bolsa «Hoja Masut» diýip gygyrypdyr. Emma bu atlaryň hiç birem Hoja Numanyň göwnüne ýaramandyr. Täjir içinden «bu çaga hökümdarlaryň neslinden ahyryn» diýipdir, soňam adamlara ýüzlenip: «Oglanjyga soltanlara mynasyp at dakmak gerek, siziň aýdan atlaryňyzyň birem oňa laýyk gelenok. Eger-de, Hudaý maňa altmyş ýaşdan soň ogul beren bolsa, onuň adam üýtgeşik bolmaly. Men oňa Arslan diýip at goýjak» diýipdir. Oturanlaryň hersi öz ýanyndan: «Hoja Numan bir töwra adam-ay, ol patyşalaryň ady ahyryn» diýşipdirler.
Ýyllar kerwen gurap geçipdir. Arslan iki ýaşandan soň ony Hoja Numanyň özi terbiýeläp ugrapdyr. Ýedi ýaşa ýetende oglanjygy mugallyma berýärler. On ýaşyna ýetende ol eýýäm ylmyň islendik ugry boýunça Müsüriň iň güýçli alymlary bilen jedelleşip bilipdir. Soň Hoja Numan ogluny pereňli mugallyma beripdir we Arslan üç ýyllap pereň dillerini we ylymlaryny öwrenipdir. Şeýdip ol Pereňistanyň ýedi dilini suwara öwrenipdir. Bir gün Arslan kakasynyň ýanyna gelip, edep bilen salamlaşypdyr. Hoja Numan ogluny mähir bilen bagryna basypdyr. Görse oglunyň ýüzi salyk «Gara başym gurban bolsun jan ogul, sen nämä gamlanýarsyň?» diýip, Hoja Numan aladalanypdyr. Arslan kakasynyň ýüzüne naýynjar garap: «Atam jan, men näme üçin gamlanmaýyn, ylymlar halys ýüregime düşüpdir. Eger meni ahun edip ýetişdirmek islemeýän bolsaň, munça ylym meniň nämäme gerek? Men ähli ylymlary öwrendim ahyryn. Eger-de, ýene-de öwrenmeli dil ýa-da ylym bar bolsa aýt, olaram öwreneýin. Ýöne, meni beýle kösemek nämä gerek» diýipdir. «Ylymlar ýüregiňe düşen bolsa, okamaý oglum. Men häziriň özünde seň üçin bazarda bir dükan açmagy buýraýyn, oturda söwda ediber» diýip, Hoja Numan ogluny ugruna kowmak isläpdir. Muňa Arslanyň öňküdenem beter keýpi gaçypdyr. Teý ahyr bolmanyndan soň, täjir oglundan näme isleýändigini sorapdyr. Ýetginjegiň gözlerinden uçgun syçrap gidipdir. Arslan kakasyna pert-pert jogap beripdir:«Maňa bedew at, gylyç, naýza, ok-ýay, sagdak, gama alyp ber, özümem bir batyr esgere terbiýelemäge ber. Meniň at çapyp, ýaý atasym, elimde gylyç oýnasym gelýär». «Ah, sen ýeser oglanjyk, görle munuň diýýänini. Mundan söwdagär çykasy ýok-la. Aý hawa-da, gany ata-babasyna çekip durandyr-da» diýip, Hajy Numan bir dem oýa batypdyr.
- Gelse jahan içre arslan ýurek bir kişi,
Beslener şan-şöhrata, bolar şowuna işi.
Hoja Numan ogluny ýene bir ýola bagryna basyp: «Oglum, at çapyp, gylyç syrmak şazadalaryň, emirleriň pişesi. Ol täjir ogullarynyň etjek işi däl. Saňa buýrulan zat dükanda oturyp, haýyr görmekdir» diýýär. Arslan gözýaş edip ugrapdyr. Hoja Numan halys bolmanyndan soň, «Eý, akmak adam. Sen haçana çenli patyşanyň ogluny beýdip kösäp gezjek. Bu syr iru-giç açylar ahyryn»diýip, içinden öz-özüne igenipdir. «Bor oglum, aglama, men saňa gerek zatlaryň hemmesini alyp bererin» diýip, Hoja Numan Arslany köşeşdiripdir. Täjir bir batyr esgeri hakyna tutup, oňa ogluna tälim öwretmegi tabşyrýar.
Iki ýyl geçenden soň, Arslanyň bir özi ýüz ýigide taý gelipdir. Müsürde, Halapda, Damaskda, Antiýohiýada Arslan bilen ýekme-ýek söweşip biljek bir pälwanam tapylmandyr. Günlerde bir gün Arslan awa gidýär. Awa gümra bolup şäherden ep-esli arany açypdyr. Agşama golaý ol tokaýyň etegine ýetip, atdan düşýär. Birki ädim ädip ätmaňkä, eýmenç arryldy eşidilýär. Arslan ses gelen tarapa okdurylypdyr. Görse, tüýleri seçelenip duran äpet ýolbars arlap, bir ýabyny gemrip dur. Kimdir biri «Akmak ýigit, gaç çaltrak ol ýerden» diýip gygyrypdyr. Emma Arslan ýolbarsa tarap ylgamagyny dowam etdiripdir. Ýolbarsam awuny taşlap, Arslana tarap eňipdir. Arslan arlap gelen ýolbarsy gylyjy bilen bir uranda ikä bölýär. Arslan ýene-de adam sesini eşidýär: «Eý ýigit, kuwwatly gollaryň gurbany bolaýyn». Ol başyny galdyryp ýokaryk seretse, agajyň üstünde gorkusyndan ýüzi ak tam, bir geýnüwli adam titräp otyr. Ol adam Müsüriň hökümdary bolup çykypdyr. Hökümdaryň gorkujyklaryna dyr-pytrak bolan nökerleri hem biraz wagtdan hersi bir ýerden ýygnanyşypdyrlar. Müsürli hökümdaryň Arslana göwni ýetipdir we ertir köşge gelmegi tabşyrýar.
Arslan giçlik öýlerine gelip, ata-enesine bolan wakany gürrüň berýär. Hoja Numanam, ejesem begenişipdirler. Ýöne, Hoja Numan Arslan bilen baglanyşykly syryň açylmagyndan gorkup, uzakly gije ýatyp bilmändir. Dessanda aýdylyşy ýaly, «Hoja Numan haçan-da gün misli täze gelen gelin kibi, nika ýatyşhanasynyň tutylaryny serpip, tagtyna geçip oturandan soň uka gidipdir».
Ertesi gün Hoja Numan Arslan bilen tirkeşip hökümdaryň köşgüne barýarlar. Hökümdar batyrlygy üçin Arslana emir derejesini beripdir. Köşkde özara gürrüňdeşlik wagty hökümdaryň gullukçylary gelip, Pereňistandan ilçileriň gelendigini habar beýärler. Pereň hökümdary Petros şanyň ilçisi Almaz han Müsür hökümdarynyň huzuryna gelipdir. Arslan pereňli ilçi Almaz hanyň berdaşlydan gelen, gorkunç kaddy-kamatyna geň galyp seredipdir. Almaz hanyň hem Arslana gözi düşüp, ondan uzak wagtlap gözüni aýyryp bilmändir.
Almaz han hökümdary Petros şanyň adyndan hat getiren eken. Gelen haty müsürli hökümdaryň weziri okap başlaýar: «Ýeke-täk Ýaradyjynyň, hökümdarlaryň hökümdarynyň, Hudaýyň ogly Isanyň ady bilen, men Petros şa Pereňli, Müsüriň hökümdary saňa doganlyk salamy bilen ýüzlenýärin. Goý, saňa mälim bolsun, ýagny men on sekiz ýyl mundan ozal Rumystanyň paýtagty Stambula Sam hanyň baştutanlygynda goşun iberipdim. Ol goşundaky esgerleriň sany asmandaky ýyldyzlaryň sanyndan hem köpdi. Meniň serkerdäm Rumuň hökümdary Mälik şany öldürdi, maşgalasyny ýesir edip, ýurdunam aldy. Mälik şanyň aýallaryny ol gämä mündürip meniň huzuryma iberipdir. Ýolda gämi bir adanyň kenarynda labyr taşlapdyr. Emma goýnunda Mälik şanyň zürýadyny göterip ýören hanyma adada gizlenmek başardypdyr. Kyrk günden soň seniň söwdagäriň Hoja Numan adada tötänleýin düşleýär. Hoja Numan Mälik şanyň haremhanasynyň soltany bolan hanyma duşup, ony Müsüre getirýär. Hanym Mälik şadan ogul dogurypdyr. Hoja Numan oňa Arslan diýip at goýdy we ony terbiýelemäge aldy. Häzir ol on sekiz ýaşynda. Eger-de, sen Müsürde asudalyk bolsun diýseň, meniňem seniň içki işiňe goşulmazlygymy isleýän bolsaň, Hoja Numanyň, Hanymyň we Mälik şanyň ogly Arslanyň elini-aýagyny gandallap, meniň garyndaşym hem-de wekilim Almaz hanyň eline berip goýber. Eger-de, edil meniň ýazyşym ýaly etmeseň, Merýemiň ogly Isanyň adyndan ant içyän, bilip goý: senem Mälik şadan güýçli dälsiň – men seniň ýurduňa goşun sürüp, Müsüri weýran ederin.»
Hatyň mazmuny köp ýyllar bäri pynhan saklanylyp gelnen syry açypdyr. Hat okalandan soň Müsüriň hökümdaram, wezir-wekillerem, aýratyn hem Arslan geň galypdyr. Haty ikinji gezek hem okaýarlar. Hökümdar Hoja Numany gyssap ugrapdyr. Täjir ep-esli wagt hakykaty aýtmandyr. Hökümdar Almaz hana Müsürde Hoja Numanyň oglundan başga Arslanyň ýokdugyny aýdýar. Emma Almaz han «maňa hut Hoja Numanyň ogly Arslan gerek-dä. Mümkin bolsa ony maňa diri beriň, ýogsa men onuň kellesini alyp gitmeli bolaryn» diýipdir. Häliden bäri Almaz hanyň gopbamsylygyna gahary gelip duran Arslan «Seniň alyp gitmek isleýän Arslanyň men, özümem Hoja Numanyň ogly. Ýöne, sen meniň Mälik şanyň ogludygymy nireden bilýärsiň?» diýip, gaharly sorapdyr. Pereňli ilçi Arslana, onuň doglan gününden bäri her gün, her aý Pereňistana özi barada maglumatlaryň hem-de suratynyň gelip durandygyny aýdypdyr. Almaž han ýanyndan Arslanyň golaýda kendiriň ýüzüne çekilen suratyny hem çykaryp görkezipdir. Şundan soň hemmeleriň nazary täjire gönügipdir.
- Eý patyşahym! – diýip Hoja Numan zaryn seslenipdir.
- Dymmak gerekmi indi: mis kersenim gaçdy heý.
Sesi dolup bazara, ähli syrym açdy heý.
- Gurbanyň bolaýyn patyşahy älem, hatda ýazylan zatlaryň ählisi dogry. Arslan meniň oglum däl, ol Mälik şanyň ogly.
Bu sözleri eşidip Arslanyň ýüregini gazap, kalbyny buýsanç gaplap alýar.
Gyzardy ýüzi gazapdan lowlap,
Çabran dek günüň howry alowlap.
Hökümdaryň wezir-wekilleri Arslany, Hoja Numany we Hanymy Almaz hanyň eline bermeli diýip karar edýärler. Emma Hoja Numan Hanymyň pereňlileriň eline berlip goýberilmegine razy bolmandyr. Bu barada Almaz hanyň özünden soraýarlar. Pereňli ilçi özüne öňi bilen Hanymyň gerekdigini, eger-de, Petros şanyň buýrugyna boýun bolmasalar, talap edilýän adamlary Müsürden masgara edip alyp gitjekdigini aýdýar. Bu sözleri eşidenden, Arslan gahar-gazaba münüp, Almaz hana herrelýar. Almaz han ýigdekçäniň hereketine ör-gökden gelip: «Eger-de seniň eliňe gandal salyp, ejeňem pereňlileriň ýurdundaky köçelerden, bazarlardan başy açyk kowalamasam, meniňem erkek bolmadygym» diýip, gylyjyny syryp Arslanyň üstüne topulýar. Arslan duşmanyň öz üstüne topulyp gelýändigine garamazdan, ýerinden butnaman oturypdyr. Emma Almaz hanyň jöwher gylyjy depesinde peýda bolanda, onuň gylyçly eliniň goşaryndan mäkäm gysyp, kuwwatly goluny towlapdyr. Päliýamanyň gysylan eliniň barmaklary «misli terje hyýar ýaly gös-göni bolupdyr». Almaz hanyň elinden gylyjy gaçypdyr. Müsüriň hökümdary «Oglan, seniň edýäniň näme?» diýýänçä, Arslanyň ýalow ýaly ýiti gylyjy pereňli ilçini ikä bölýär.
Bolan işe hökümdaram, wezir-wekillerem öler ýaly gorkupdyrlar. Olar Petros şanyň zabun gazabyna duçar bolarys öýdýärdiler. Emma Hoja Numan köşk adamlaryny köşeşdiripdir. Ol asman ýyldyzlaryna seredip, Arslana şowly işleriň garaşýandygyny, eger-de müsürli hökümdar goşun jemläp berse, Arslanyň pereňlileri derbi-dagyn etjekdigini we kakasy Mälik şanyň köýüp ýatan aryny alyp, Rum ülkesini gaýtaryp aljakdygyny aýdypdyr. Täjiriň aýdanlary hökümdaram, wezir-wekillerem köşeşdiripdir. Őýlerine gelenden soň Arslan ejesine igenip ugrapdyr. Hanyma bolan işleri gürrüň bermekden başga çäre galmandyr. Ejesi saçynyň içinden iki sany altyn bilezik çykarypdyr. Bilezikleriň her biriniň ýüzünde agramy ýedi mysgala1 barabar üç sany ýakut daşy hem bar eken. «Bu bilezikleri maňa sen heniz göwrämdekäň kakaň pahyr sowgat beripdi. Ol maňa haçan sen ýigit çykanyňdan soň, bilezikleri seniň goşarlaryňa dakmagymy nesihat edipdi» diýip, Hanym gözýaşyny süpürip, bilezikleri ogluna beripdir. Arslan bilezikleri uly guwanç bilen eline alypdyr we «bilezikleriň ýüzünde kakasy Mälik şanyň we atasynyň atlary ýzylan haty görüp çäksiz buýsanypdyr»
Müsürli hökümdaryň buýrugy bilen Arslana otuz müňlük goşun jemläp beripdirler. Sähetli gün ähli ýygynlar sap-sap bolup Rumustana tarap ýola düşüpdir. Rumustanyň ilaty Mälik şanyň ogly Arslanyň goşun çekip gelýändigini, parahat ilata degmeýändigini eşidip, oňa meýletinlik bilen boýun egýärdiler. Kyrkylanjy gün Arslanyň goşunlary Stambula üç günlük ýol galanda saklanypdyr.
Bu döwürler Petros şa Pereňlniň dikmesi Sam han Pereňli Rum tagtynda on ýedi ýyl bäri bikanun oturýardy. Sam hanyň jansyzlary hökümdarlaryna Mälik şanyň on sekiz ýaşly ogly Emir Arslanyň kakasynyň aryny hem-de tagtyny almak üçin gelýändigini habar berýärler. Mälik şanyň Sam hanyň elinde mejbury gulluk edip ýören wezir-wekilleri «Hudaýa şükür, nesilşalyk bes etmändir, Mälik şanyň ogly bar eken. Ol duşmanlaryndan atasynyň ganyny hökman alar» diýşip begenişipdirler. Olar Sam hanyň Emir Arslandan ýeňiljekdigini öňünden bilip, ony bilgeşleýin Arslan bilen urşa küşgüripdirler. Arslan ary köýüp ýatan duşmanyny doly derbi-dagyn edýär. Şeýdip, Arslan Mälik şanyň Stambuldaky köşgüne baryp tagta geçýär we ata-babalaryndan miras galan altyn jygany başyna geýýär. Arslan şa Hoja Numany baş wezir edip belleýär. Köçelerde surnaý, deprek çalnyp görülmedik dabaralar başlaýar, täze patyşanyň adyndan teňňe zikgelenip, onuň adyna hutba okalýar.
Hoja Numan Arslanyň howul-hara tagta geçmeginden nägile bolupdyr. Ol «Men seniň ýyldyzyňa seretdim hökümdar. Ýyldyz gaty öçüksi görünýär, şonuň üçin hem täç geýmäge howlykmaly däldiň. Ýyldyzyň üstünden şowsuzlygyň kölegesi sowulýança garaşaýmalydyň» diýip aýdypdyr. Emma Arslan «Atam, mirasdüşerlik däpleri boýunça, bu ýurt maňa degişli, üstesine-de, ata-babalarymyň täjini hem-de tagtyny men duşmanlarymdan ýeňip aldym» diýip, onuň aýdanlaryna ähmiýet bermändir. Täze patyşanyň ýurda aýagy düşüpdir. Arslan şa ýurt abadançylygynyň hatyrasyna adyl hökümdarlygygyň ynsanperwer syýasatyndan nyşan hökmünde raýatlary üç ýyllap salgyt borçlaryndan boşadypdyr.
Bir gün Arslan şa wezir-wekilleri bilen awa gitmegi, göwün açmagy karar edýär. Emma şäher derwezesiniň ýanynda ol depesi asmana ýetip duran täsin bir ymarat görýär. Geňeşdarlar «Hökümdar, bu pereňlileriň ybadathanasy» diýip jogap beripdirler. Arslan ybadathananyň içine girip görmegi karar edýär. Ybadathanany synlap ýörkä, ol gerilgi tutynyň ýanynda saklanýar. Arslan tutyny serpmegi buýrupdyr.Tuty serpilen badyna, ýaş hökümdaryň gözüniň öňünde görülmedik görmekli, näzenin bir gyzyň suraty peýda bolýar. Dessanda aýdylyşy ýaly «Gün nurunyň düşýän ýerinde tebigat şindi beýle gözelligi döretmändi. Gyzyň kaddy-kamatyna, burum-burum saçlaryna, ýaňagyndaky meňine, gözlerine, gaşlaryna, dodaklaryna, ýylgyryşyna, gunduz ýaly boýnyna, gelşikli burnyna, inçe biline deňär ýaly ýer ýüzünde taý ýokdy.»
Asmandan inen peri, haýrana goýdy bizi,
Dolan aý dek owadan, görkli görmegeý ýüzi.
Dahany gandu-şeker, badadaky bal deýin,
Ýyly demi bark urýar – hoşboý ysly gül deýin.
Dodaklary gyrmyzy - ýakuda, nara meňzär,
Serwi boýly şemşat gyz, näzenin ýara meňzär.
Towlam-towlam zülpleri, örüm saçyn çöşüp dur,
Käkilleri misli mar, topugyna düşüp dur.
Emir Arslan gyzyň suratyny gören badyna aşyk bolup aklyny, ýüregini hem-de kalbyny müdümilik aldyrýar.
Mejnun bolar müdümi, ýeke gezek görenler,
Bendi bolar gözellige, akyl-huşun berenler.
Aşyk ýigit gyzyň kimligi bilen gyzyklanyp Rumustanyň Papasyndan sorapdyr. Papa suratdaky gyzyň üçünji Pereň döwletiniň1 patyşasy Petros şanyň ýalňyz zürýady, şa tagtynyň mirasdüşeri melike Apakdygyny (Ferruh Leke) aýdypdyr. Awa gitmegi ýuregine düwen Emir Arslan melike Apagyň suratyny alyp köşgüne dolanyp gelýär. Söýgi hasratyna sezewar bolan juwan hökümdar janyna aram tapmandyr, döwlet işlerini ýatdan çykaryp, gije-gündüz pereňli melikäniň pikirini edip gezipdir. Baş wezir Hoja Numan hökümdary köşeşdirmäge, oňa her-hili maslahatlary bermäge çalşypdyr. Emma Arslan şa şol bir diýenini gaýtalap durupdyr.
- Aşyk oglana, nesihat bermäň
Etmez pitiwa, kösenip ýörmäň.
Arslan goşun ýygnap, Petros şanyň ýurduna ýöriş etmegi ýüregine düwýär. Pereňistana ýörüş geçirmese, barybir, Petros şa öldürilen serkerdeleriniň, gyrlan goşunynyň aryny almak üçin Rumustana leşger tartyp geler öýdüpdir. Hoja Numan pal atyp, täleý garaýar. Goja täjiriň ýüzi duw ak bolupdyr. «Sen adatça meniň täleýime garanyňda, gözleriňde şatlyk uçgunlary görünýärdi» diýip, Arslan geň galypdyr. Baş wezir «Eý oglum! Petros şanyň ýurduna bütin dünýäniň goşunlaryny sürseňem ýeňiş gazanyp bileňok, seniň bir esgeriňem yzyna diri dolanyp gelenok. Ýöne, Petros şa hem seniň ýurduňa goşun sürse, ol hem edil seniň günüňe sataşýar» diýip jogap beripdir. Emma Arslan köşeşmändir. Ol Petros şanyň ýurduna bir özi gitmegi ýüregine düwýär. Hoja Numany, wezir-wekillerini aldamak üçin, ýeke özüniň deňizde ýüzüp, göwün açmak isleýändigini aýdýar. Hökümdaryň islegine hemmeler garşy bolupdyrlar. Emma Arslan ýanynyň dört sany hyzmatkäri bilen Stambuldan Ak deňze çykyp Pereňistana tarap ýola düşýär.
Dessanyň şundan soňky wakalary Pereňistan yklymynda ýerleşýän üçünji Pereň döwletinde bolup geçýär. Petros şanyň paýtagty Petrosiýe şäherinde ýerleşýärdi. Onuň iki sany weziri bar eken. Olaryň birini Şems wezir, beýlekisini bolsa Kamar wezir diýip atlandyrypdyrlar. Wezirleriň ikisine-de pal atmakda, täleý garap, asman syrlaryndan baş çykarmakda bütin dünýäde taý bolmandyr. Kamar wezir hilegär, jadygöý hem bolupdyr. Ol pursat arap, öz bäsdeşi Şems weziri ýok etmegiň hyýalynda gezipdir. Şems wezir ynsanperwer adam bolup, isaýy ýurdunda ýaşasa-da, kalbynda özüni musulman hasap edipdir. Kamar wezir bäsdeşiniň bu syryny bilýär eken we assyranlyk bilen pursata garaşypdyr.
Günlerde bir gün Petros şanyň huzuruna Almas hanyň, Sam hanyň ýigitleriniň diri galanlary, Rumustanyň Papasy gelip, ýurdy Mälik şanyň ogly Arslanyň eýeländigini, ähli goşunlaryň, serkerdeleriň heläk bolandygyny aýdýarlar. Papa hökümdaryna Arslanyň tagta çykan wagty çekilen täze suratyny hem görkezýär. Petros şa surata aňk bolup seredipdir. Bir bahana bilen suraty şa gyzy Apak hem görýär we oňa aşyk bolýar. Şundan soň melike Apak Ferruh Leke üçin hem söýgüniň ejirli günleri başlaýar.
Ýüregim ýaraly meniň, barmy onuň dermany?
Ýanyp hijran oduna men, çekmelimi armany?
Arzuwlarym, pikirlem sen hakynda söýgülim,
Diňe seni küýseýar meniň pynhan duýgulam.
Baky ýaşar kalbymda saňa bolan päk söýgüm.
Aýralygyň oduna ne jan dözýär, ne duýgym.
Sensiz maňa bu jahanda - arkaýynlyk, aram ýok.
Agyr ýüküň astynda men, aýralyga çäräm ýok.
Meniň üçin parhy ýok, dostummy ýa duşmanym,
Bir dilegim ýalňyz goýma, eý meniň jan-jananym.
Hilegär hem mekir Kamar wezir gurra taşlap, pal atyp Pereňistana Arslan şanyň ýeke özüniň gaýdandygyny anyklaýar. Petros şanyň buýrugy bilen Petrosiýe şäheriniň ähli derwezelerinden Arslanyň suratyny asyp goýýarlar we her derwezede elli-altmyş esger goýup, olara şähere girýän erkek adamlaryň ählisini barlamaklyk tabşyrylýar.
On günläp deňizde ýüzeninden soň Arslan üçünji Pereň döwletiniň kenaryna ýetýär. Arslan ýoldaşlary bilen hoşlaşyp, kenarda düşýär we bir pereňliniň öýüne myhman bolýar. Pereňli bu nätanyş ýigidiň görk-görmegine, pälwansypat kaddyna haýran galyp, onuň kimligi bilen gyzyklanypdyr. Arslan adynyň Ylýas Pereňlidigini, aslynyň bolsa bäşinji Pereň döwletindendigini aýdýar.
Arslan pereňliniň öýünde myhmançylykda bolandan soň Petrosiýe şäherine tarap ugraýar. Şäher derwezesinden girjek bolanda, Arslanyň gözi derwezäniň depesinden asylyp goýlan suratyna düşýär. Derwezeden içeri ätläp-ätlemänkä, kimdir biri ony güpbasdy edip alyp gidýär. Gije onuň ýatan öýüne bir garry goja girip «Eý Mälik şanyň ogly Arslan şa, bu ýat illerde näme işläp ýörsüň?» diýip alada bilen soraýar. Arslan adynyň Ylýas Pereňlidigini, Malik şanam, Arslan şanam tanamaýandygyny aýdýar. Emma goja ýigidiň dogrusyny aýtmagy kes-kelläm islemeýändine garamazdan, özüniň musulmandygyny, Arslana diňe ýagşylyk etmek isleýändigini ynandyrmagy başarýar.
Gojanyň ady Hoja Tawus bolup, onuň Hoja Kowus atly dogany hem bar eken. Musulmandyklaryny isaýylara bildirtmän ýaşap ýören iki dogan, tä dessandaky wakalar tamamlanýança Arslana hemişe kömek edýärler. Hoja Tawus bilen bolsa Arslan ataly-ogul hem bolýar. Doganlar Arslanyň näme maksat bilen üçünji Pereň döwletine gelendigine-de göz ýetirýärler we onuň Apak bilen duşuşmagyna her hili ýollar bilen ýardam edyärler.
Hoja Tawus bilen Hoja Kowusyň tomaşahanasy1 bar eken. Arslan doganlara tomaşahananyň işlerinde kömek berip geziberipdir. Emma Arslanyň Petrosiýä gelendigini hilegär Kamar wezir, akylly Şems wezir hem bilýär. Kamar wezir Arslany ýaman güne sataşdyrmaga, Şems wezir bolsa ýagşylyk etmäge çalyşýarlar. Wezirler gezekli gezegine Hoga Tawusyň tomaşahanasyna gelip, hersi bir maksat bilen «Hoja Tawusyň çaýçy ogly Ylýas Pereňliniň», Mälik şanyň ogly Emir Arslandygyny boýnuna goýmaga çalşypdyrlar. Emma her gezek Arslan özüniň Hoja Tawusyň ogly Ylýasdygyny aydýar eken.
Petrosiýä gelenine iki aý geçenden soň, şähere dördünji Pereň döwletiniň patyşasy Papas şanyň ogly Emir Hüşeň Petros şanyň gyzy Apaga gudaçylyga gelýär. Kamar wezir Arslana, eger-de, Emir Arslandygyny boýnuna alsa, Apaga öýlenmäge kömek etjekdigini aýdýar. Emma Arslan barybyr özüniň kimdigini aýtmaýar. Kamar wezir bilen Şems wezir Arslana köşge girmäge we Emir Hüşeňiň gelmegi bilen baglanyşykly dabarany görmäge kömek edýärler.
Emir Hüşeň hem Arslan ýaly görmegeý hem batyr ýigit bolupdyr. Ol Petros şanyň öňünde baş egip, geljekki gaýynatasyny magtap ugraýar:
- Eý şahym, säherler arzylap sizi,
Gelýär Maşyrykdan hut Günüň özi
Gelýär Hakan hem Isgender,
Dergähiňde olar toprak öpendir.
Saňa tagzym edýär Hysrow hem Anuşirwan,
Hem gaýyp öten soltan Sanjar hökmürowan.
Emir Hüşeň kakasy Papas şanyň adyndan, Petros şa hat gowşurýar. Papas şa, Petros şadan gyzy Apak Ferruh Lekäni, ogly Emir Hüşeňe gelin edip bermegini sorapdyr. Petros şa bir bada jogap bermändir. Ol wezirlerini çagyryp maslahat edýär. Şems wezir melike Apagy Mälik şanyň ogly Arslana bermegi maslahat berýär. Petros şa ör-gökden gelipdir. Emma Şems wezir Apagyň Arslanyň maňlaýyna ýazylandygyny, eger-de, ony Emir Hüşeňe berse uly betbagtçylyklaryň boljakdygyny duýdurýar. Petros şa Kamar weziriň pikirini soraýar. Hilegär wezir öňden bäri Apaga aşyk bolup, oňa öýlenesi gelýär eken, şonuň üçin hem ol Şems wezire töhmet atýar. Mekir wezir bäsdeşiniň ýalan sözleýändigini, onuň musulmandygyny we şol sebäpden hem melikäniň Arslana berilmegini isleýändigini aýdypdyr. Gazaba münen Petros şa Şems weziriň kellesini almagy buýrupdyr. Emma şanyň üç ýüz sany wezir-wekilleriniň ählisi «Size otuz ýyllap hyzmat eden wezir dönük bolýan bolsa, biziň hem başymyzy kesiň» diýşip, Petrosyň öňünde kellelerini ýalaňaçlap, dyza çökýärler. Şundan soň Petros şa birneme köşeşýär we Şems weziri zyndana taşlamagy buýurýar.
Bu wakadan birki gün geçen soň tomaşahana Petros şa, Emir Hüşeň we Kamar wezir dagy gelýärler. Petros şanyň Arslany gören badyna göwni ýetipdir we onuň şerap daşap, hyzmat edip ýörşine gynanypdyr. Tomaşahanada Apagyň hyzmatkäri Hoja Ýakut hem bar eken. Köşk adamlary tomaşahanadan gelenlerinden soň Apak Hoja Ýakutdan gören–eşiden zatlary barada sorapdyr. Hoja Ýakut tomaşahanada bolan gürrüňler, aýratyn hem görmegeý ýigit Ylýas Pereňli barada gürrüň beripdir. Apagyň ýuregi bir zady syzýar. Ol hyzmatkärinden «Emir Hüşeň owadanmy ýa-da Ylýas Pereňli?» diýip sorapdyr. Hoja Ýakut çynyny aýdypdyr «Dogrymy aýtsam, melikäm Emir Hüşeň ol ýigide hyzmatkär bolmaga-da mynasyp däl» diýip jogap beripdir.
Ylýas Pereňli hakyndaky gürrüňler Apagy gyzyklandyrypdyr we tomaşahana gidip, yigidi göresi gelipdir. Kenizleri bilen tomaşahana gelen Apagy Arslan gören badyna tanaýar.
Gözel girdi çadyra, serpildi kilim,
Gije gün dogdy, ýagtyldy älem.
Gamzalary dolup yşkyň - hasratyndan jebrinden,
Direler ölüler görse, çykar olar gabryndan.
A gyz, seniň gara zülpüň, gara daşyň kömrümi?
Gerek bolsa zülpüň üçin berermen är ömrümi.
Gözellik dükanynda, seň jemalyň ýanynda,
Harytlaryň bahasy ýok, islegleriň käninde.
Apak hem onuň Ylýas Pereňli däl-de, söýgülisi Arslandygyny gören badyna tanaýar.
- Eremniň bagy deý päkize roýly
Kamaty syrdam, şemşat deý boýly
Şir penjesindäki Jeren mysaly,
Kirpikmen gözleri gussadan doly.
Bakyşy ötgür, peýkamy deý Rüstemiň,
Gaşlary egrelip dur, hanjary deý Samyň.
Görki üçin geçilen deý günäsi,
Ýüzünde bar keramatyň senasy.
Şeýdip aşyklar birinji gezek duşuşýarlar.
Petros şa gyzyny Emir Hüşeňe bermek üçin toý sähedini belläp toý tutýar. Emma Arslan bildirtmän köşge girýär. Apak ykbalyndan nalap köşgüň içindäki buthanada awy içjek bolup oturan eken. Aşyk-magşuklar ýene-de tapyşýarlar. Şol pursat gelinliginiň ýanyna Emir Hüşeň hem gelýär. Apak bilen Arslanyň duşuşyp duranyny görüp, pereňli şazada gabanjaňlygyna bäs gelip bilmän, gylyjyny syryp Arslana topulýar. Arslan çaltlyk bilen urgynyň öňünden sowlup, Emir Hüşeňi gylyjy bilen bir uranda iki bölýär. Arslan näme etjegini bilmän duran melikä «Köşgüňe gitde ýat, ertir bolan zatlar barada sorasalar «men hiç zat bilemok» diýde, göz ýaş döken bol-da oturyber» diýip öwredýär.
Petros şa Emir Hüşeňiň öldürilmeginde Kamar weziri günäkärleýär we ony ölüme höküm edýär. Emma hilegär wezir sapalak atyp, peşşabyň aýpaltasynyň aşagyndan sypmagy başarýar. Kamar wezir pereňli şazadany öldüreni tapmagy wada edýär. Munuň üçin ol aňtawçylykda, pälwanlykda üçinji Pereň döwletinde özüne taý tapylmaýan Almaz han Darugany1 getirýär. Almaz han gije–gündiz hars urup Emir Hüşeňi öldüreni gözleýär. Ussat aňtawçy Almaz han Arslana, Hoja Tawusa we Hoja Kowusa müňkürlik edýär we olary Petros şanyň huzuryna getirýär. Emma bildirilýän günäni olar hötjetlik bilen ret edipdirler.
Bu wakadan soň Arslan bildirtmän köşge girip, Apak bilen ýene-de iki gezek duşuşýar. Ikinji gezekde Almaz han Daruga ony tussag etmäge synanyşyk edýär. Emma Arslan onuňam, nökerleriniňem köpüsiniň janyny jähenneme iberýär. Bu işde Arslanyň kimdigine doly göz ýetirmek üçin Kamar wezir kömek edýär we şeýdip onuň ynamyna girmegi başarýar. Arslan söýgülisiniň berk haýyş edýändigine garamazdan, ahyr Kamar wezire özüniň Mälik şanyň ogly, Rumuň hökümdary Arslan şadygyny boýun alýar, şeýdibem öz janynam, Apagyň janynam, iň esasy bolsa söýgüsini howp astyna goýýar. Kamar wezir Arslany aldawa salýar we jadygöýligiň güýji bilen Apagyň janyna kast edýär. Arslan, Petros şa, wezir-wekiller agyr hasrata sezewar bolýarlar. Wezir-wekilleriň ýadyna zyndanda ýatan Şems wezir düşýär. Haýal etmän ony Petros şanyň huzuryna getirýärler. Şems wezir hökümdara Apagy Arslana bermäge razy bolsa, ony direltmegi wada edýär. Şundan soň melike Apagy direltmek ugrunda Şems wezir bilen Kamar weziriň arasynda ýiti bäsleşik başlaýar. Arslan iki weziriň arasynda bolup geçýän geň-enaýy wakalaryň ählisine gatnaşýar. Söýgülisini Kamar weziriň gurnaýan hile-allaryndan, jadylaryndan halas etmek üçin Arslan köp-köp wakalary başyndan geçirýär. Arslan Kamar weziriň hakykatdan hem özüniň hem-de Apagyň duşmanydygyna göz ýetirenden soň, ony ýok etmäge synanyşýar. Emma synanyşyklarynyň ählisi şowsuz gutarýar. Kamar wezir jadygöýläp Apagy howaýy ýurtlara alyp gaçýar. Apagyň gözleginde Arslan Fuladzereh atly döwüň hem-de daşa dönen adamlaryň ýaşaýan Daşgala ýurduna, soň ýagşyň ýerine jyglym ýagýan Daşýagmyr ýurduna, ondan soň perileriň ýaşaýan Laglgala ýurduna barýar. Laglgalada ony jezalandyryp öldürjek bolýarlar, ýöne, uçýan periler Arslany asmana göterip Deştisaba ýurduna alyp gidýärler. Bu ýurtda hem diňe periler ýaşaýarmyşlar. Deştisabanyň patyşasyna Mälik Ykbal şa, wezirine bolsa Asaf wezir diýýär ekenler. Soň görlüp oturylsa, Asaf wezir, Kamar bilen Şemsiň halypasy eken. Asaf wezir Arslana Şemis we Kamar barada ähli zady gürrüň berýär. Asaf weziriň gürrüň bermegine görä, Kamar wezir Apaga aşyk bolupdyr. Emma Petros şa oňa gyzyny bermäge göwnemändir.
Arslan Ykbal şanyň ogly şazada Firuza gelinligi Göwher Täje gowuşmaga kömek edýär. Üstesine-de, ol Fuladzereh döwüň zümerret gylyjy bilen ýaralanan Firuzyň sagalmagyna-da kömek edýär. Dessanda aýdylyşyna görä, Fuladzereh dünýäde iň ýowuz döw bolup, ony diňe öz zümerret gylyjy bilen ýeňip bolýar eken. Emma zümerret gylyjy döw hiç haçan ýanyndan aýyrmandyr. Fuladzereh döw soňra Apagy Kamar weziriň hem elinden alypdyr.
Şundan soň Arslan Ykbal şanyň wezir-wekilleri bilen Fuladzerehiň üstüne gidýärler. Başabaş söweşlerde Fuladzereh döw Ykbal şanyň köp pälwanlaryny öldürýär. Ahyr döw bilen Arslan tutluşyp, Fuladzereh öldürilýär. Arslan Kamar wezirem ýok edýär. Söýgülisiniň gözleginde Arslan soň hem her hili täsin wakalary başdan geçirýär, göräýmäge baş alyp çykyp bolmajak kynçylyklara sezewar bolýar, döwleriň, jadygöýleriň elinde ejir çekýän köp sanly aşyk-magşuklara kömek edýär. Olaram öz gezeginde Arslana kömek edýärler. Şeýdip Arslan köp kynçylyklary başdan geçirip, söýgülisi Apagy ähli zäherleriň dermany saklanýan Zähergaýtarmyş galasyndaky bendilikden boşadyp, ahyr oňa gowuşýar. Iki juwan biri-birine gowşanyna begenip, uzakly gijäni söýgi ummanynda gulaçlap ýüzüpdirler.
Eý Allahym gizlesene, açaryny säheriň,
Seýil edeýin bu gije aýşy-eşret şäherin.
Eý daň säheri, butnaman durda,
Gijäň sapasyny uzaldyp berdä.
Aşyk-magşuklar uly baýlyklar bilen üçünji Pereň döwletine dolanyp gelýärler. Petros şa begenjine gyzyny Arslana bermäge razy bolýar. Arslan Petros şa, Şems wezire, Hoja Tawusa, Hoja Kowusa minnetdarlyk bildirip, görülmedik baýlyklary gämilere ýükläp, Apak gyzy hem ýanyna alyp Rumustana ugraýar. On günlük ýüzüşden soň, Apak bilen Arslan Stambula dolanyp gelýärler we toýlar tutulyp, aşyk-magşuklar myrat-maksatlaryna ýetýärler.
Arslan bilen Apak köp-köp ýyllar bagtly durmuşda ýaşapdyrlar. Olaryň päk söýgüsinden şir ýürekli ogullar, peri ýaly gyzlar dünýä inipdir. Ahyrýat güni olar şu ajaýyp dessanda özleri barada ýakymly ýatlamalar galdyryp, ýalançy dünýäden bakyýet köşgüne tarap rowana bolupdyrlar. Şeýdip, Apak bilen Arslanyň hyjuwly söýgüsine bagyşlanan, dünýä ýaýran türkmen edebiýatynyň ajaýyp nusgasy bolan «Emir Arslan» dessanyndaky wakalar hem tamamlanýar.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Edebiýaty öwreniş