GAÝYP NEPES HAKDA SÖZ
■ Terjimehalyndan: – Gaýyp Nepesow, 1941-nji ýyldan TK(b)P-niň agzasy, partbiletiniň nomeri №3763443, 1907-nji ýylda Hywa hanlygynyň Köneürgenç begliginiň Rejepbagşy obasynda batragyň maşgalasynda dünýä inipdir.
1929-njy ýylyň dekabrynda 1934-nji ýylyň iýunyna çenli BK(b)P-niň agzalygyna kandidat bolupdyr. Şu döwürde ol birnäçe partiýa käýinjini alypdyr. 1931-nji ýylyň 19-njy fewralynda TK(b)P-niň partkollegiýasy tarapyndan Daşhowuz ýokary sudunyň hemişelik sessiýasynyň başlygy Gaýyp Nepese rewolýusion kanunçylyga we synpy ugra zyýan berenligi üçin käýinç yglan edilipdir.
1933-nji ýylyň 16-17-nji ýanwarynda Merw raýkomynyň kontrol komissiýasynyň partiýa üçlügi tarapyndan 18-nji uçastogyň halk sudýasy Gaýyp Nepese sud syýasatyny ýoýanlygy we prokuror gözegçiligini äsgermezlik edenligi üçin berk käýinç berlipdir. Şol ýylyň 21-nji awgustynda TK(b)P MKK-nyň partkollegiýasy ony tassyklapdyr.
1934-nji ýylyň 27-nji iýunynda BK(b)P MK-nyň partiýa kontrollygy komitetiniň ýanyndaky Türkmenistan partkollegiýasynyň karary bilen Merw şäherinde halk sudýasy bolup işleýän Gaýyp Nepesow agzalyga kandidatlykdan öçürilýär.
Şol partkollegiýasynyň mejlisiniň protokolynda bolsa ol hakda şeýle ýazyldy:
«Diňlenildi: G. Nepesowyň işi hakynda.
Nepesow Gaýyp 1933-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Ýustisiýa halk komissarlygynyň buýrugy esasynda Soýuz MIK-niň otuz ikinji ýylyň 7-nji awgustyndaky kanunyny zähmetkeşlere adatdan daşary sud repressiýasyny ulanandygy üçin işinden boşadyldy.
Mysal üçin, Taranowyň işinde jenaýat bolmasa-da ol geleňsizlikde aýyplanyp, 5 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir, Pankratow bolsa 147 manat üçin 5 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir, kolhozçy Ylýasow bolsa 27 sany sümmül ogurlandygy üçin 5 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. Başga-da mysallar bar».G. Nepesow 1940-njy ýylyň 31-nji ýanwarynda Aşgabat pedinstitutynyň partiýa guramasy tarapyndan BK(b)P-niň agzalygyna kandidatlyga, ýene-de şol gurama tarapyndan 1941-nji ýylyň 10-njy fewralynda agzalyga kabul edilipdir.
1951-nji ýylyň ortalarynda Gaýyp Nepesiň üstüne gara bulut sürünýär. Has takygy, onuň durmuşynda köp ýyllardan bäri haýhatly döwürler, yzarlanmalar, kemsidilmeler dowam edýärdi.
1951-nji ýylyň 13-nji iýulynda TK(b)P MK-nyň býurosy «G. Nepesowyň «Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döreýşi we ösüşi» atly makalasy hakdaky» meselä garaýar. Şonda MK-nyň býurosy «ýoldaş Nepesow «Woprosy istorii» (1950 ý. №2) žurnalynda çap edilen «Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döreýşi we ösüşi» atly makalasynda edebi plagiatlyga ýüz urupdyr. Ol W.Ýa.Nepomininiň 1949-njy ýylyň 18-nji noýabrynda «Prawda Wostoka» gazetinde çap edilen «W.I.Lenin bilen I.W.Stalin Özbegistan Sowet döwletini esaslandyryjylardyr» makalasyndan tutuş sahypany we abzaslary bolşy-bolşy ýaly göçüripdir» diýip belleýär.
Býuro şu mynasybetli kararynda «Ýoldaş Nepesowyň hereketi has berk temmi berilmäge mynasyp, ýöne onuň özüniň çyn ýürekden boýun alanlygy göz öňünde tutulyp, oňa duýduryş bermeli we şunuň ýaly ýagdaý ikilenç gaýtalansa, onda pugta çäre görüljekdigini oňa aýtmaly» diýlip ýazylýar.
Soň ony öz anketlerinde we terjimehallarynda 1923-nji ýylda Jüneýit hanyň ýanynda bolanlygyny görkezmeýänligi üçinem günäkärläpdirler. Ol 1947-nji ýyldan başlap ýazan anketlerinde we terjimehallarynda bu hakda ýazsa-da, 1942-nji ýylda muny öz anketinde görkezmändir. Bu bolsa ony garalamakçy bolýan adamlara örän uly tutaryk bolup hyzmat edipdir. Ýogsam ol bu hakda «Men 1923-nji ýylda alty aýlap Garagum çölünde Jüneýit hanyň bandasynda ýesirlikde boldum. Soň men Gyzyl Goşun bölümleri tarapyndan azat edildim» diýip, anketinde görkezipdirem.
Şeýle hem ol partiýa kandidatlyga we agzalyga girjek döwürleri ýazan terjimehalynda «Jüneýit hanyň bandasynda ýesirlikde bolanda öz ýanynda agasy Gylyjyň hem bolandygyny görkezipdir». Soňky terjimehallarynda bu fakt hakda hiç ýerde «dil ýaranok» diýip, G.Nepese ige sürtülýär.
G.Nepesow «Demirgazyk Türkmenistanda sowet gurluşynyň ýeňşi (1917-1936)» atly kitap ýazýar. Şu mynasybetli onuň kärdeşleriniň we alymlarynyň birnäçesi tarapyndan ýazylan «ýiti signallar» gowşup başlaýar. Olar G. Nepesiň öz kitabynda «gaty uly ýalňyşlyklar goýberendigini» habar berýärler.
1951-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda TK(b)P MK-nyň býurosynda G.Nepesiň «Uly ýalňyşlyklaryna» garalýar. Emma býuroda ol kitaba edilen bellikleriň köpüsi bilen ylalaşmaýandygyny aýdýar, «hötjetlik edýär». Şu sebäpli hem býuro bu kitap dogrusynda çykyş etmegi TK(b)P MK-nyň sekretary bilen Çugaýewe tabşyrýar. Çugaýew «Bolşewik» žurnalynyň işgäri bolmaly.
Gaýyp Nepesiň kitabyny bir zarbada kül-peýekun ediji makala 1951-nji ýylyň dekabr sanynda (№23) «Bolşewik» žurnalynda çap edilýär. Makala «Taryh meseleleri şöhlelendirilende ýüze çykýan milletçilige garşy» diýlip örän haý-haýly we demikdiriji at berlipdir.
Ýörite zakaz bilen ýazdyrylan bu makalanyň awtorlarynyň belleýşine görä, G.Nepesowyň kitaby Türkmenistanyň taryhyny öwrenmekde marksistik talaby ödemändir. Ol buržuaz-milletçilikli nazarъetden ýazylyp, türkmen halkynyň taryhyny galplaşdyrypdyr. Buržuaz milletçileriň garaýyşlaryny dowam edip, awtor feodal begleri ideallaşdyrypdyr, basmaçylyga ýalňyş häsiýetnama beripdir, türkmen halkynyň taryhy ösüşinde Beýik Oktýabryň we Sowet häkimiýetiniň roluny peseldipdir. Awtorlaryň pikiriçe, kitapda türkmen hanlarynyň, tire-taýpa serdarlarynyň, bandit şaýkalarynyň ençemesi ak perişde edilip görkezilýär.
Şammy keliň 1912-1918-nji ýyllarda hywaly zähmetkeşleriň baştutany we guramaçysy edilip görkezilmegi muňa mysal edilip getirilýär. Kitapda Şammy keliň «Halkyň arzuw-islegini beýan ediji, edermen gahryman we at-abraýly taryhy şahsyýet hökmünde suratlandyrylmagy tankyt edilýär. Awtor tarapyndan 1916-njy ýylyň ýanwar-fewral wakalaryny Şammy keliň ýolbaşçylygynda geçirilen rewolýusion göreş derejesine çenli göterilýär. «G. Nepesow tarapyndan Hywa zähmetkeşleriniň serdary edilip görkezilýän Şammy kel hakdaky galp wersiýasynyň tersine Şammy keliň hem Jüneýit han ýaly feodal-taýpa serdary bolandygyna, onuň bilen ýakyn gatnaşykdadygyna güwä geçýän dokumental faktlar az däl.Özüniň ylma garşy we milletçilikli konsepsiýasyna ygrarly G. Nepesow 1918-1931-nji ýyllaryň wekillerini birinji planda görkezýär. Indi Şammy keliň deregine başga taýpa serdarlary bolan Goçmämmet han bilen Gulamaly hany öňe sürýär. Goçmämmet hany ol Şammy keliň soýuzdaşlarynyň arasynda iň görnüklisi hasap edip, ony partizan otrýadynyň ýolbaşçysy, Hywa halk rewolýusiýasyny goldaýan we onuň ýolbaşçysy we türkmen zähmetkeşleriniň milli we sosial bähbidini goraýan adam hökmünde häsiýetlendirýär. Awtor Gulamaly hany Sowet häkimiýetiniň tarapdary, partizan hökmünde, dogrusy ony ikirjiňlenýän we durnuksyz adam hökmünde görkezýär...»
Awtorlar öz makalalarynda G. Nepesowy nämelerde günäkärlemeýärler? Ony Demirgazyk Türkmenistanda sowet gurluşynyň taryhyny ýalňyş nukdaýnazardan beýan etmekde, bu regionda sowetleşdirmek işiniň mejbury ýagdaýda geçirilendigini ýazandygy üçinem günäkärlenýärdi.
Gaýyp Nepesow şol makala çap edilenden soň «Bolşewik» žurnalynyň baş redaktory S.M. Abaliniň adyna hat ýazýar. Ol öz hatynda kitapda goýberilen säwlikleriň nähili ýagdaýda dörändigi barada aýdyp, çap edilen synda awtorlaryň özüniň göz-görtele şahsyýetine degendiklerini, şonuň üçinem olaryň synlarynyň gymmatynyň mese- mälim öz ähmiýetiniň pese gaçandygy bilen düşündirýär.
1951-nji ýylyň 27-nji noýabrynda BK(b)P MK-nyň Baş sekretary I.W.Staliniň (kopiýasy TK(b)P MK-nyň sekretaryna) adyna ýazan hatynda «her bir islendik başlangyçda bolşy ýaly, öz kitabynda-da säwlikleriň bardygyny» inkär etmeýär. Ýöne ol «uly ýalňyşlyklaryň» döremeginiň sebäpleriniň biri hökmünde käbir ýoldaşlaryň özüne bolan gatnaşygyndan gelip çykandygyny ýazýar. Ýagny «Häzirki wagtda käbir ýoldaşlar (Ýu. Tarasow, Çugaýew – bular «Bolşewik» žurnalynyň redaksiýasyndan) gürrüňi edilýän kitabyň säwlikleri hakda gürrüň etmekçi bolýarlar. Men muny gutlaýaryn. Ýöne, göwnüme bolmasa, meniň kitabymyň daşynda başlanan tankyt (meniň ideýa-teoretiki we gelen syýasy netijelerimi, jemlemelerimi, meseläniň goýluşyny göz öňünde tutýaryn) birtaraplaýyn, ylmy däl, käte bolsa galypa salnan we esaslandyrylmadyk hem-de meniň kitabymyň many-mazmunyna gabat gelmeýär. Meselem, şu tankydyň başyny başlan Ýu.Tarasow (Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynyň kiçiylmy işgäri) «Woprosy istorii» (1951 ý. №9) žurnalynda çap etdiren «Türkmenistanda 1916-njy ýyl hereketiniň häsiýeti dogrusynda» atly makalasynda we aýratynam özüniň Aşgabatdaky çykyşlarynda meniň kitabym hakda aýdyp, meni buržuaz milletçilikde aýyplaýar. Çünki ol muny menden ar almak üçin şeýdýär. Sebäp diýeniňde men 1950-nji ýylda onuň kandidatlyk dissertasiýasy hakda (alymlar Sowetinde-de, metbugatda-da) otrisatel pikir aýtdym».
TKP MK-nyň 1951-nji ýylyň 28-29-njy dekabrynda bolup geçen VI plenumy «Respublikanyň partiýa guramasynda ideologiýa işleriniň ýagdaý we ony gowulandyrmak çäreleri hakyndaky» meselä garap geçýär. Şol plenumda hem G. Nepesow ýiti tankydyň astyna alynýar. Bu kitabyň zyýanlylygy dogrusynda plenumyň kararynda şeýle ýazylypdyr: «G.Nepesowyň 1950-nji ýylda neşir edilen «Demirgazyk Türkmenistanda sowet gurluşynyň ýeňşi (1917- 1936 ý.ý.)» atly kitaby marksizm-leninizme ýat, buržuaz milletçilikli nukdaýnazardan ýazylyp, türkmen halkynyň taryhyny ýoýup we galplaşdyryp görkezýär. SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň Prezidiumy ony neşir etmek bilen gödek ýalňyşypdyr. TSSR Ylymlar akademiýasynyň Prezidiumy bolsa G. Nepesowyň kitabyndaky ýalňyşlyklar dogrusyndaky signallara gulak gabartmandyr...»
1952-nji ýylyň 28-30-njy ýanwarynda Aşgabat şäher partiýa aktiwi bolup geçýär. Bu aktiwde G.Nepesow hem çykyş edýär. Ol öz işinde goýberen säwlikler hakda aýdyp, şeýle diýýär:
«... Dördünjiden, Jüneýit han we Gulamaly han hakda aýtmaly bolsa...
MK-nyň sekretary: – Beýlekisinem atlandyr.
Nepesow: – Häzir aýdaryn.
MK-nyň sekretary: – Aýtmagyň wagty geldi.
Nepesow: – Men olary halk duşmanlary hökmünde häsiýetlendirip, Jüneýidi «Çölüň şasy», onuň şägirdi Gulamaly hany bolsa «Hywa halk rewolýusiýasyna durnuksyz gatnaşyjy we ş.m.» diýip atlandyrdym. Bu zatlar meniň goýberen gödek ýalňyşlyklarym». G. Nepesow çykyşynyň ahyrynda: «Men öz goýberen säwliklerimi düzetjekdigimi partiýa aktiwini we merkezi Komiteti ynandyrýaryn...» diýip aýdýar.MK-nyň sekretary: – Barybir Şammy keliň kimligini aýtsaň gowy boljak?
Gaýyp Nepesow: – Meniň ýalňyşlyklarym dogrusynda aýdylan tankydyň meniň dogry ugry saýlap almagyma kömek etdi. Men o maglumatlara ýene täzeden ser salyp çykaryn.
MK-nyň sekretary: – Şammy keliň kimligini islendik kolhozçy bilýändigini biz saňa öwretmeli däl. Sen professor, Şammy keliň bolsa kimligini bileňok. Kolhozçynyň öz köýnegini galdyryp, arkasyny görkezip, Şammy kel hakda aýtjakdygyna söz ýok.
Gaýyp Nepesow: – Olaryň köýneklerini galdyryp, arkalaryny görkezmekleri meniň garyndaşdygymy aňlatmaýar...»
Partiýa aktiwiniň ýygnagynyň kararynda hem professor G.Nepesowyň Türkmenistanyň taryhyny beýan etmekdäki buržuaz-milletçilikli garaýşy tankyt edilýär.
Şondan soň G. Nepesowy TK(b)P MK-nyň býurosynda diňlemeli edilýär. Býuro üçin materiallar taýýarlanýan döwründe G.Nepesow hiç kimi habarly etmän Moskwa uçýar.
Muny bada-bat MK-nyň jogapkär ýolbaşçylaryna ýetirýärler. Bu habaryň olar tarapyndan nähili garşylanjakdygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.
Gaýyp Nepes kähalatlarda öz janyny howpdan alyp galmak maksady bilen Göroglynyň «gaçyşym bar, kowuşyma bermenem» diýen pähiminden ugur almaly bolýar.
Ol 1952-nji ýylyň 4-nji fewralynda TK(b)P MK-nyň sekretarynyň adyna arza ýazypdyr:
«Meniň nädogry ýazylan kitabym bilen baglanyşykly
Arza
1951-nji ýylyň 23-nji dekabrynda «Bolşewik» žurnalynyň baş redaktorynyň we Siziň adyňyza iberen hatlarymy kanagatlanarsyz, hatda käbir mesele dogrusynda ýalňyşdygy üçin şo hatyň deregine TK(b)P MK-nyň býurosynda meniň şu arzama garamagyňyzy haýyş edýärin».
Soňra G.Nepesow öz arzasynda şeýle ýazypdyr: «TK(b)P MK-nyň býurosynyň agzalarynyň gymmatly bellikleri, şeýle hem 1951-nji ýylyň dekabrynyň başynda «Bolşewik» žurnalynyň redkollegiýasynyň agzasy bilen ýoldaşlyk gürrüňdeşlik, soňra «Bolşewik» žurnalynda çap edilen plenumda eden dokladyny, 1952-nji ýylyň 29-30‑njy ýanwarynda Aşgabat şäher partiýa aktiwinde birnäçe ýoldaşlaryň tankydy çykyşlarynyň, galyberse-de özümiň arhiw materiallaryny täzeden göz gezdirmegimiň netijesinde 1916-1936-njy ýyllar aralygynda türkmen halkynyň taryhyny beýan edenimde gödek ýalňyşlyklara we milletçilige meýil berendigime ymykly göz ýetirip, bu ýokarda ady agzalan kitaby çap etdirip, özümiň mähriban bolşewikler partiýasynyň we Sowet halkynyň öňünde jenaýat edipdirin. Ol özüniň hywa türkmenleriniň feodal begleriniň aýry-aýry wekilleriniň öz aralaryndaky örän çylşyrymly gatnaşyklaryny doly öwrenmän, buržuaz milletçiligi nukdaýnazaryndan olary ideallaşdyrmak ýoluna düşendigini, ýöne muny özüniň hem duýmandygyny ýazýar.
Emma 1952-nji ýylyň 6-njy fewralynda BK(b) MK-nyň sekretary M.A.Suslowyň adyna ýazan hatynda bolsa öz goýberen säwlikleriniň käbirini boýun alyp, umuman, käbir adamlaryň özüni halamaýandygy üçin tankyt astyna alynýandygyny habar berýär. Goçmämmet han meselesinde özüniň nädogry tankyt edilýändigi barada şeýle ýazýar: «Beýleki tankydy bellikler, has takygy, olaryň dogrlugyna (ol Goçmämmet han dogrusyndaky bellige hem degişli) ýa-da dogry däldigine entek göz ýetiremok. Bulary men uly üns bilen öwrenip, ol bellikler hakda başga bir gezek çykyş ederin...»
G.Nepesow batyrgaý pikirleri üçin partiýa hataryndan öçürilýär. Onuň alymlyk derejeleri we atlary ýatyrylýar. Hiç ýerde haraý tapmadyk, gol doly maşgalanyň eýesi, özem maýyp Gaýyp Nepesow kynlyk bilen radiokomitete terjimeçi bolup işe ýerleşipdir.
Men şu ýerde ellinji ýyllaryň başynda Gaýyp Nepes bilen baglanyşykly wakalara belet Ýusup Öwezowa söz bermekçi. Ol 1952‑nji ýylda TK(b)P MK-nyň sekretary bolup işleýän eken. Ýusup aga saglyk ýagdaýy sebäpli bu wezipede köp işlemändir. Ol ine, şeýle gürrüň berýär:
– 1952-nji ýylda Gaýyp Nepesiň işine dört gezek dagy MK-nyň býurosynda seredildi.Biz oňa taryhy bolşy ýaly görkez diýdik. Men Daşhowuzda köp gezek upolnomoçennyý bolupdym. Şonuň üçinem halkyň ol hanlary nähili atlandyrýandyklaryny gowy bilýärdim. Şol wagtlar oňa özi düşünmän, ýalňyşyny özi düzetsin diýip kän zat diýilmedi.
Goçmämmet hany iň soňky býuroda boýun aldy. Ondan öň Gulamaly hany, Şammy keli boýun alypdy. Gaýybyň kakasy Goçmämmet hanyň seýisi bolan. Gowy seýis. Gaýybyň özi hanyň ogly bilen bile tirkeşipdir. Sowady zadam ol hanyň oglundan öwrenipdir. Kakasy ýogalansoň seýisligi özi edipdir.
Bir gün ol seýisläp ýören atlarynyň birini münýär, birinem yzyna tirkäp, Köneürgençden Bedirkende gaýdýar. Daňdan gelýär. Gelip, Jüneýit hana: «Men Goçmämmet hanyň atlaryny getirdim. Yzymdan kowgy gelýär. Olar bu ýerik gelerler» diýýär.
Bu onuň býuroda aýdan öz sözi.
Jüneýit oňa «Hiç kim saňa degmez» diýýär. Şeýdip Gaýyp Jüneýidiň ygtyýarynda galyberýär.
Gaýyp ýigriminji ýyllarda Bäherden bilen Gazanjyk aralygynda, gum içinde eşekli gezipdir. Elinde-de dutar. Jüneýidi wasp edipdir. Özem goşgy düzýän eken. Ýeri gelende aýtsam, Gaýybyň goşgularyna düzülen aýdymlaryň köpüsini şo döwürlerde mekdeplerde, internatlarda aýdýardylar. Bu ýerleri bilemok weli, biziň taraplarda aýdylýardy.
Jüneýit han 1927-nji ýyllarda Eýrana geçýär. «Jüneýidiň içalysymydyň?» diýip, oňa býuroda sowal berdiler. Ol muny boýun almady. «Şo aralykda gezýänim çyn, ýöne oňa içalylyk edemokdym» diýip, Gaýyp jogap berdi. Onuň özem kitabynda Jüneýidi duşman edip görkezýärdi.
Goçmämmet hanam, Şammy kelem... bary öň Jüneýidiň ozalky nökerleri. Ýöne olaryň hersi bir obanyň hany. Gaýyp bolsa olary aklajak bolýardy.
Eşidişime görä soň altmyşynjy ýyllaryň başlarynda bir gezek Karl Marks ploşşadynda bir sene bilen baglanyşykly miting bolupdyr. Ilkinji sözi akademik bolany üçin Gaýyp Nepese beripdirler. Gaýybam ýene şol öňki heňine tutupdyr. TKP MK-nyň şol wagtky birinji sekretary oňa: «Sen düzeljek adam däl-ow» diýipdir. Gaýybam «Men öz pikirimde galýan» diýýär. TKP MK-da onuň meselesine garalýar. Şondan birki gün geçendir-dä, men şäher ispolkomynyň ýanjagazyndaky bagyň içinden geçip barýardym. Görsem, oturgyçlaryň birinde Gaýyp oturan eken. Menem onuň ýanynda on-on bäş minut oturdym. Hal- ahwal soraşdyk. Özi bolan ýagdaýy gürrüň berdi. «Siziň döwrüňizde näme, obsudit edildi, zat edildi. Indi, sekretaryň adyny tutup, ähli zatdan sypyrdy» diýdi. «Indi näme etmekçi» diýip sorasam, ol: «Garagalpaga gitjek» diýdi. Şu taýda ýarym aý, bir aý boljak, soň gitjek diýdi.
Dogrudanam ol soň Garagalpagystana giden eken...
Häzir türkmeniň taryhyny synpy nazarъetden däl-de, dogruçyl ýazmak barada çynlakaý gürrüň edilýär. Nurberdi han, Gowşut han, Magtymguly han, Jüneýit han, Eziz han we beýleki tire-taýpa serdarlary, görnükli din wekilleri... dogrusynda hakykaty ýazmak geçen we geljek nesliň öňünde ak ýürekden borjuny ýerine ýetirdigiň bolardy.
Bu babatda türkmen taryhçylarynyň häzirki ösdürimlerine akademik Gaýyp Nepes ýaly adamlaryň işlerini ýaňadan öwrenmek zerurъetdir. Ol türkmeniň taryhyny doly öwrenip, halka dogry düşünje bermek maksady bilen öz maýyplygyna garamazdan, eşekli obama- oba aýlanyp çykypdyr. Ýaşuly adamlaryň dillerinden ygtybarly maglumatlary ýazyp alypdyr. Öňki soýuzyň arhiwlerinde oturyp, köp-köp taryhy materiallary ilkinji gezek ylmy dolanşyga girizipdir.
Uzak ýyllaryň dowamynda akademik Gaýyp Nepesow hakda dymylyp gezildi. Bu dymyşlygy ilkinji bolup professor, ýurdumyzyň uly taryhçy alymy Kakajan Muhammetberdiýew bozdy. Ýeri gelende aýtsak, K.Muhammetberdiýew hem Gaýyp Nepes ýaly, kemsidilmelere we yzarlanmalara sezewar edilipdi. Agyr horluklary başdan geçirmeli bolupdy.
Entek Gaýyp Nepesiň bitiren hyzmatlary dogrusynda ýene-de köp gürrüňler ediler. Ýöne biz makalamyzy K. Muhammetberdiýewiň «Gaýyp Nepesow belent adamdy, uly alymdy – HAKYKY AKADEMIKDI» diýen sözleri bilen tamamlamagy makul bildik.
1993 ý. fewral.
Taryhy şahslar