01:43 Geçdigiçe geň göremok | |
GEÇDIGIÇE GEŇ GÖREMOK
Goşgular
Geçdigiçe geň göremok, Adamlaryň haýrany kän. Tagam dadyp ýalanlardan, Sakgyç edip çeýnäni kän. Gury ýerden iş bitenok, Hantamadyr kömek eden. Bir gün meni taşlar diýip, Gorkup ýörün kölegeden. Kelleleriň poslany hiç, Batgalykda düşünjeler. Iki juwan gürrüňinde, Üç müň sözde müň ejeler. Gülkinç görnen haýranlarma, Durmuş meni iterip ýör. G:aljak bolup, çöp göwrede, Daýawlary göterip ýör. "Söýdüm" diýlen "nobatçy söz", Bu günki gün afişada. Mollasypat, "akyl öýi" - Içi heňlän hapysa-da. Kiçi dilden "tüweleme" bar, Görüplik bar ençe kalpda. Ynam indi gözlenip ýör, "Ynam" atly dörtje harpdan. Bolmajaklaram bolup dur, Tapawut ýok ertekiden. Garny doklaň, gözleri aç Kanagat ýok bir, ikiden. Aýdylana geň görmäňem, Aýdylmadyk zatlar köpdür... Hakykaty aýtmasaň bor, Senden gowy adam ýokdur... Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |